Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek BIZ ÇAGALARYMYZY KIMDEN GORAMALY?
( 17 Ses Berme )

Çagalar jemgyýetiň goraga mätäç gatlagy bolup, olary daş-töweregiň tebigy we sosial ýaramaz täsirlerinden goramak ata-eneleriň, terbiýeçileriň, sosial gullugyň işgärleriniň esasy borjy bolup durýandyr. Edepsiz ýoldaşlarynyň täsirinden goramak üçin biz gowy bilen erbediň tapawudyny aňladyp görkezsek, köçedäki howpsyzlyk üçin ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyryp, ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsyzlygynyň kadalaryny mälim edip bilýäris. Ýöne jemgyýetde çagalara adaty bolmadyk, ýaramaz söýgi bildirýän nähoş adamlardan biz çagalarymyzy nädip goramalyka?

Pedofiliýa name?

Pedofiliýa merkezi nerw ulgamynyň bozulmalary netijesinde dörän psihiki keseliň bir görnüşi bolup, 16 ýaşdan uly adamlaryň 11 ýaşdan kiçi bolan, ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalar bilen jynsy aragatnaşyk etmegi ýa-da olarda şol isleginiň bar bolmagy bilen häsiýetlendirilýändir. Pedofiliýa sözi grek sözünden gelip çykyp, ol "çaga ugrukdyrylan söygi", ýagny "çaga bilen jynsy aragatnaşyk etmäge meýilli bolmak" diýmekligi aňladýandyr. Ol kesel ilkinji gezek XIX asyrda kesgitlenip häsiýetlendirildi. Pedofiliýa diňe erkek adamlara däl-de, aýallara hem mahsus kesel bolsa-da, ol aýallarda, erkek adamlara garanyňda seýrek duş gelýändir. Pedofiliýa esasan hem günbatar döwletlerinde giňden ýaýran bolup, ol ýüze çykyşynda adamyň jynsyna, milletine, hünärine, sosial durmuşyna bagly bolmaýandyr. Häzire çenli lukmançylykda bu psihiki bozulmany bütinleý bejerýän bejergi usullary işlenip düzülmedik hem bolsa, adamyň ruhy ulgamyna täsir ediji usullar bilen bejergi geçirmek synanşyklary edilýändir.

Pedofiliýa keseline mahsus bolan şahsyýet alamatlary

Jemgyýetde pedofiliýadan ejir çekýän adamlary kesgitlemek ýa-da daşyndan tanamak aňsat däldir. Edil ýabany ýolbarsyň belli bir pasylda, belli bir ýerde awa çykyşy ýaly, pedofiller hem çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, klublaryň, seýil baglaryň ýanlarynda köp bolmaga ymtylýarlar. Olaryň esasy maksady, belli bir çaga bilen dostlukly aragatnaşyk edip, onuň ynamyna girmekdir. Pedofilleri esasan hem ýuwaş, köpçülige goşulmaýan, özbaşdak oýnamagy halaýan çagalar özlerine çekýärler. Beýle çagalar esasan hem pedofilleriň pidalary bolup bilýärler. Ilki bilen pedofiller şol häsiýetli çagalary saýlap alyp, olar bilen dostlaşmak, olaryň ynamyna berk girmek hem-de olaryň maşgala ýagdaýlaryny öwrenmek bilen meşgullanýarlar.

Pedofillere mahsus bolan alamatlar tapawutlandyrylýandyr:

Köplenç 30 ýaşdan geçen erkek adamlar, beýle adamlaryň ýaşytdaş dostlary örän az sanly bolýandyr.

Öýlenen adamlaryň öz aýallary bilen ýakyn jynsy aragatnaşygy, gündelik durmuşda agzybir maşgala aragatnaşyklary bolmaýar.

Olar esasan hem çagalaryň oýnaýan oýunlaryna we oýunjaklaryň görnüşlerine adatdan daşary gyzyklanma bildirýärler.

Pedofiller köplenç çagalaryň okaýan ýerlerinde meýletinçi, arassalaýjy we şuňa meňzeş işleri özlerine saýlap alýarlar.

Köp halatlarda pedofiller bir-iki çagasy bolan, ýanýoldaşy bolmadyk aýallar bilen dostlaşmak isleýärler.

Olaryň köpüsi Internet pornografiýasy, esasanda çaga pornografiýasy bilen gyzyklanýan adamlardyr

Pedofilýa jenaýat işimi?

Pedofiliýa dünýäniň köp ýurtlarynda ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalaryň zorlanmagy, ýagny olaryň doly ýaşyna ýeten adamlar bilen jyns aragatnaşygyny etmeklige mejbur edilmegi hökmünde garalýar we jenaýat işi hasaplanylýar. Oňa görä-de, her döwlet bu jenaýat işiniň jezasyny, döwletde kabul edilen kanunçylyga laýyklykda özi kesgitleýändir. Ondan başga-da, günbatar döwletleriniň köpüsinde, pedofillere çagalar baglarynyň we mekdepleriniň gapdalynda jaý satyn almak ýa-da ýaşamak gadagan edilýär. Mundan başga-da, olar ýerli hukuk edaralary tarapyndan hasaba alynýar. Eger bir köçede pedofil ýaşaýan bolsa, şol köçäniň ýaşaýjylaryna ýerli polisiýa edarasy tarapyndan duýduryş berilýär.

Ata enelere maslahat

Çagalaryňyzyň pedofilleriň pidasy bolmazlygy üçin, size şu aşakdaky düzgünleri bilmek peýdalydyr:

Gündelik durmuşda çagalaryňyzyň özlerini alyp baryşlaryna, olaryň deň-duşlary bilen edýän aragatnaşygyna üns beriň.

Çagalaryňyza nätanyş adamlar bilen gürleşmezligi ýa-da nätanyş adamlardan oýunjak we şüyji ýaly zatlary kabul etmezligi berk tabşyryň.

Eger çagalaryňyz okuwa pyýada gatnaýan bolsalar, olara okuwa barýarkalar we öýe gaýdýarkalar öz doganlaryndan, deň-duşlaryndan, goňşylardan yza galmazlygy ündäň.

Her gün çagalaryňyz bilen olaryň okuwda, çagalar baglarynda ýa-da klublarda eden işleri barada gürrüň etjek boluň: olaryň dostlary, synpdaşlary, joralary barada ýygy-ýygydan sorap maglumat alyň.

Mekdep bolsun, çagalar baglary bolsun, olaryň mugallymlary we terbiýeçileri bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, çagalaryňyzyň özlerini alyp baryşlary, olaryň deň-duşlary bilen aragatnaşyklary barada gyzyklanyň.

Ýokarda berlen maslahatlardan has hem netijeli peýdalanmak üçin, her ata-enäniň öz çagasy bilen ynamly aragatnaşygy bolmagy zerurdyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Gaýrat 2014-03-05 03:32
Pedafiliýa hakynda köp zatlary okanymdanmy, nämemi, şular ýaly kesellileri biçmeli diýýänlere goşulýaryn.Käbir ýurtlarda çydamsyz kesellerde ewtanaziýa edilýär ahyryn.
Sitata
 
 
#3 Dyzmaç 2014-03-03 15:59
Bizde döwlet derejesinde bu keseliň gürrüňi hem edinoklar. Bu baryp ýatan gabahatçylyk.
Sitata
 
 
#2 Merýem 2014-03-03 00:59
Her kesel hem örän erbetdir. Ýöne welin pedifiliýa gaty aýlyganç, sebäbi bu ýede günäsiz çagalara zarba urulýar ahyryn.
Sitata
 
 
#1 pikirli 2013-10-25 23:49
Ene atalara peýdaly maslahatlar! Gazetlarymyzda ine şunuň ýaly maslahatlar bolsada gowy bolardy. Pedofillary ýuze ýykarmaly, utanyp bizde pedfil ýok diýp ýörmän. 90nji ýyllarda mekdepde okaýakam ýalaňaç aýalanyp çagalary gorkuzup ýoren erkek adamalar bardy. Özem mekdepleriň ýanyda aýlanýardylar. Onda ene atalara aydýardylar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele