Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek ÄGÄ BOLUŇ! DÜMEW...
( 14 Ses Berme )

ÄGÄ BOLUŇ! DÜMEW...

ýa-da onuň bejergisinde göýberilýän 5 sany ýalňyşlyk.

Siz ähtimal "Eger dümew bejerilse ol bir hepdäniň içinde aýrylyp gider, bejerilmese 7 günüň içinde” diýen nakyly eşiden bolsaňyz gerek. Güýz aýlaryň gelmegi bilen ýüze çykýan we ýaýraýan dümewe, biziň köpümiz asla üns hem bermän tapan derman serişdelerimiz bilen bejermäge synanşyp, gaýraüzülmelere getirip biljek ençeme ýalňyşlyklary göýberýäris.

Birinji ýalňyşlyk düşekde ýatma düzgüninden boýun gaçyrma.

Bedeniň gyzgyny galyp, dümewiň alamatlary peýda boldymy ýyly ýorganyň aşagyna geçip, lukmany çagyrberiň! Zähmet çekmäne bolan hyjuwyňyzy wagtlaýyn ýatyryp, saglygyňyzyň aladasyny ediň. Eger bejergi wagtynda başlansa, onda 2-3 günüň dowamynda sagalmaga mümkinçilik döreýändir. Işe gidip gelmeler, öý işleri bilen meşgullanma bolsa keseliň has agyr we dowamly geçmegine getirip biler.

Ikinji ýalňyşlyk hemme dermanlar bilen bejergi geçirmek.

Dümewden dynmagyň aladasy bilen, biz öýde tapan hemme derman serişdelerimizi kabul etmäge ymtylýarys. Iki derman kabul edilende olaryň berýän garaşylmadyk ýaramaz täsiri ýüze çykyp, üçünji derman serişdesinden soň bu täsir has hem ýokarlanýandyr. Bu çäreler bilen sen keseliň alamatlaryny aýryp bilersiň, ýöne keseliň bejerilmegini gazanyp bilmersiň. Üstesine hem, dümew keseliniň ýany bilen aşgazan bozulmalarynyň ýa-da allergiki täsirliligiň alamatlaryny "peşgeş" alyp bilersiň.

Üçünji ýalňyşlyk derman serişdeleriniň dogry ulanylşyny berjaý etmezlik.

Iň bir howpsyz, öňden belli gerdejigi ýa-da suwuk görnüşdäki derman serişdesini kabul etmezden öň hem, onuň ýany bilen maglumat berýän kagyzy okamaga çalyşyň. Belki-de, ol saňa hiç hili zyýan hem ýetirmez, ýöne özüňi howp astyna salma nämä gerek? Käbir dermanlaryň ýörek bulanma, gaýtarma, deride döreýän örgünleriň peýda bolmagynyň sebäbi bolup, birnäçe aýdan soň bu dermanyň ulanylmagynyň allergiki şok ýagdaýyna getirendigi belli ýagdaýlar bolup durýandyr. Meselem, demigysmaly adamlara analgini hem-de aspirini ulanmak gadagandyr, çünki olar bronhlaryň gysylmagynyň sebäbi bolup biler. Şonuň ýaly-da, bagry ýaramaz adamlara parasetamoly kabul etmekden saklanma maslahat berilýär.

Dördünji ýalňyşlyk antibiotikleri ulanmak.

Dümew köp ýagdaýlarda antibiotik serişdelersiz bejerilýändir. Dümewi antibiotiklere duýgur bolmadyk wiruslar döredýär. Lukmanyň maslahatyny almazdan bu serişdeleri kabul etmek bilen, sen öz bedeniňi olara "öwrenişdirýärsiň". Egerde soň saňa bu antibiotikler bilen bejergi geçirme zerurlygy dörände, olar saňa kömek edip bilmez.

Dümew keseli basyk, bronhit, gaýmorit ýaly keseller bilen gaýraüzülende antibiotikleri ulanma zerurlygy ýüze çykyp biler. Ýöne üns beriň! bu netijäni diňe lukman ykrar etmelidir.

Bäşinji ýalňyşlyk öýde ulanylýan serişdelere zyýansyz bejergi höküminde garamak.

Dümew bilen keselläp sen agyrýan bokurdagyňy çopantelpegiň gaýnatmasy bilen çaýkasyň gelýärmi? Belki bu maksat üçin sary güli (kalendulany) taýynlansyň? Otlar peýdaly bolsa-da, diňe allergiki täsirlilikden ejir çekmeýän adamlar üçin peýdalydyr. Şeýle bolmadyk ýagdaýlarda, peýdaly otly gaýnatma bokurdakdaky agyrylary beterleşdirip biler. Şeýle ýagdaýlarda kabul edilýän malinaly, böwürslenli, bal garylan çaý hem allergiki täsirli adamlar üçin howply bolup bilýändir.

Dümew bilen näsaglan wagtyňyz özwagtynda, dogry we lukmanyň maslahatlaryny berjaý edip bejergi almaga çalşyň!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Gylyçly. 2016-01-14 21:02
Adamlar dümewi bejermek üçin öňki wagtlardan bäri köp seişdeleri undapdylar. Her hili halk bejergileri lukmançylyk dermanlary bolsa-da öz-özüni bejerjek bolup, bilmän her hilisini ulanyp ýörmek öz derdiňi agralatmakdyr. Lukmanyň maslahaty bejergi üçin uly goltgydyr.
Sitata
 
 
#4 Şepagat uýasy. 2015-11-01 00:41
Dümewde bedeniň üznüksiz zäherlenmesi dowam edýänligi sebäpli ondan arassalanmak esasy aladadyr. Onuň üçin çalt-çaltdan gyzgn suwuk ýyly nahary iýip, limonly gyzgyn çaýy içip durmak örän möhümdir. Kiçi çagalaryň ýüz öwürmegine garamazdan olara hem birsydyrgyn içirmeli.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-09-05 01:05
Dümew bilen ýa-da gripp bilen keselläniňde wagtynda bejergi bolmasa esasy gorkuly ýagdaý olaryň bedende "bukulyp" ýatan keselleri gozgamagydyr. Olary bejermek bolsa ikinji möhleti talap edýär.
Sitata
 
 
#2 Gulgeldi. 2015-08-09 00:52
Menä sowuklap, dümewlesem her günde bir-iki gezek türkmeniň gyzyl burçlyja unaşyny içsem elimden çekilen ýaly bolaýýaryn. Onuň şawram derletmesi bedenden derdi sykyp alýar. Dermana kän bir zerurlyk hem galmaýar.
Sitata
 
 
#1 Gartaşan. 2015-06-15 22:35
Köplenç äsgermezlik we gödeklik bilen dümewi aýak üstünde geçirmek esasy uly ýalňyşlyk bolup durýar. Birnäçe gün bedeniň rahatlygy we ýylyja ýorgan bejerginiň esasy bolup durýar. Olarsyz beýleki serişdeler onçakly peýda bermez.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele