Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek ALKOGOL ZÄHERLENMESI: SEBÄPLERI, OŇA MAHSUS BOLAN ALAMATLAR WE BERILMELI ILKINJI KÖMEK
( 22 Ses Berme )

Köp halklaryň medeniýetinde alkogol içgileriň kadaly kabul edilmeginiň däp bolup galmagy, onuň täsiri bilen bedeniň zäherlenmesiniň has ýygy düş gelmeginiň sebäbi bolup durýandyr. Bu zäherlenmäniň saglyga ýaramaz täsir edip, ençeme dowamly gaýraüzülmelere getirip bilme howpy, oňa mahsus bolan alamatlary anyklamaga we ilkinji kömegiň berliş usullaryny bilmäge bolan talaby ýüze çykarýandyr.

Derman senagaty alkogol zäherlenmesiniň bejergisi üçin netijeli bolup biljek dermanlaryň dürli görnüşini öndürýär. Ýöne zerur bolan wagtynda olaryň elýeterli bolmazlygy hem mümkindir. Şonuň üçin, elýeterli serişdelerden we usullardan peýdalanyp, öý şertlerinde ilkinji kömegiň berlişini bilmek wajypdyr.

Alkogol zäherlenmesine mahsus bolan alamatlar

Alkogol zäjerlendiriji möçberde kabul edilenden soň, narkotik serişdesi höküminde döredýän keýpliligi düýma duýgusy çalt gecýär we zäherlenmäniň netijeleri ýüze çykyp başlaýar. Onuň birinji tapgyry şu aşakdaky alamatlar bilen kegitlenilýär:

Ele ýelmeşýän der;

Adamyň ýüzüniň we gözüniň gyzarmagy;

Gaýtarmak;

Arterial we kelle gan basyşynyň ýokarlanmagy.

Ýarawsyzyň ýagdaýy barha beterleşip:

Dem alşyn bozulmagy zerarly göz göreji giňelýär;

Kislorod yetmezçiliginiň alamaty höküminde dodaklaryň gögermegi ýüze çykýar;

Damar urgusy ýokarlanyp başlaýar;

Gan basyşy peselýär;

Ýüregiň işleýşiniň bozulmalary ýüze çykyp başlaýar;

Gaýtarma netijesinde iýmit galyndylaryň dem alyş ýollaryna düşmegi sebäpli, köplenç bogulma ýüze çykýp biler.

Dem alyşyň durmagy we ýüregiň işiniň bozulmagy zerarly, ölüm ýagdaýy ýüze çykyp biler.

Ilkinji kömegiň berliş aýratynlyklary

Lukmanlar gelmezden öň, alkogol bilen žaherlenen adamyň ýagdaýyny ýeňilleşdirmek maksady bilen, ilkinji kömege degişli edilýän ähli çäreleri geçirmek zerurdyr:

Ilkinji zerur geçirmeli çäre alkogolyň gana düşmegini duruzmakdyr. Onuň üçin adamyň gaýtarmagyny gazanmalydyr. Bu maksat üçin kaliý permanganatynyň erginini (margansowka) ulanyp bolar. Birnjiden, margansowka ergini aşgazanyň nemli bardasyna berkidiji täsirini ýetirse, ikinjiden, ol gaýtarmak refleksini ýüze çykarýandyr.

Alkogolyň galyndysyny aýyrmaga enterosorbentler, meselem, işjeňleşdirilen kömrüň ulanylmagy kömek edip biler. Kömür beden agramynyň her 10 kg-na 1000 mg. mukdarda berilýär. Öýdäki derman gutuda saklanmaga maslahat berilýän polifepan ýa-da polisorb has hem netijeli täsir edýär.

Aşgazan arassalanylandan son, 20-30 gram mukdarda natriniň sulfatyny kabul etmek hem peýdaly bolup biler.

Näsaga duz garylan suwy içmeklik maslahat berilýär. (1 litr suwa 4-6 çay çemçesi möçberde duz goşmaly).

Alkogol zäherlenmesiniň ýeňil görnüşlerinde kelle agyryny gowşadýan agyrsyzlandyryjy serişdelerden peýdalanyp bejergi bermek bolýar. (parasetamoldan peýdalanmak gadagan!)

Bedende madda çalşygyny güýçlendirmek üçin askorbin, limon ýa-da ýantar turşusyndan peýdalanylýar. Bu dermanlar, esasanda ýantar turşusy alkogol zäherlenmesiniň alamatlaryny çalt aýyrýandyr.

Alkogol zäherlenmesi netijesinde üşütmäniň ýüze çykmagy sebäpli, syrkawy ýylatmak üçin gerekli bolan çäreleri görmek zerurdyr. Onuň üçin syrkawy gyzgyn zada dolamaklykdan we grelkanyň (içi suwly rezin haltajyk) kömegi arkaly ýylatmakdan peýdalanylýar.

Dem alyşy we ýüregiň kadaly işini ýola goýmaklyk üçin zäherlenen adama içgileri beriň: goýy demlenen narpyz goşulan çaý ýa-da kofe, minerallaşdyrylan suw. Içgiler zeper ýeten adamyň bedeninde toplanan zäherleri çalt çykarmaga kömek eder.

Ýokarda häsiýetlendirilip geçilen howply ýagdaýdan başga-da, baýramçylyk günleriniň şagalaňly oturlyşyklaryndan soň, alkogol içgileriniň ýaramaz täsirini (halk arasynda bu ýagdaý "pohmelýe" diýip atlandyrylýar) başdan geçirmeýän ýok bolsa gerek. Bu ýagdaý spirtiň suwsuzlandyryjy täsiri bilen ýüze çykyp, ýürek bulanma, kellagyrylar, başyň aýlanmagy ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Bu ýagdaý bilen göreşmekligiň köp usullaryny maslahat berip bolar:

Gowy ukyňy alyp turma iň peýdaly usullaryň biridir. Ukydan turup, gyzgyn suwly duş kabul ediň we köpräk suw içiň. Nahar iýmäge, ylaýtada, gyzgyn çorbalary we gaýnatmalary kabul etmäge çalşyň.

Köplere oýandyryjy içgiler bolan kofe, goýy demlenen gara çaý, koka-kola içgisini içme ýaramly bolup biler. Şonuň ýaly-da, arassa bal bilen pyrtykalyň, tomatyň şiresini garma, duzlanan hyýar, yogurt, gatyk içme bu alamatlardan dynmaga kömek edip bilýändir.

Biraz duz sepip ter pomidory iýiň.

Bir çig ýumurtgany gowy edip garyň we oňa 1 çaý çemçe sirke, duz, burç goşup bir gezekde içiň.

Derman serişdelerinden, bu maksat üçin ýörite niýetlenen Alko-Zeltser, Antipohmelin, Alko-Prim serişdelerini kabul edip bolar. Bu alamatlardan dynmaga eredilýän aspirin, sitramon serişdeleri hem netijeli kömek edip bilýändir. Şagalaňly gijeden soň, kömrüň 6-8 gerdejigini, no-şpanyň 2 we aspiriniň 1 gerdejigini kabul etme size alkogolyň täsirinden dynmaga kömek eder. Bu maksat üçin Askofen, Kofisil-Plýus serişdeleri hem ulanylýandyr.

Agyzdan gelýän ysy aýyrmak üçin B6 witamininiň 2 ampulasyny ýarym stakan suwa garyp birden içmelidir.

Alkogolyň ýaramaz täsirini azaltmak we onuň bilen zäherlenme alamatlaryndan dynmak üçin birnäçe usullary sanap geçip bolar:

Öň bellenişi ýaly, kömrüň gerdejikleri alkogoly sorup alyp, onuň gana düşmeginiň öňüni alýarlar. Aragyň birinji bulguruny kabul etmezden 10-15 minut öň onuň 2-4 gerdejigini kabul ediň. Soňra her 1 sagatdan 2 gerdejigi kabul ediň. Almagel serişdesi hem edil şeýle täsirli bolup, ony alkogoly içmezden 15 minut öň, 2-3 çemçeden kabul etme maslahat berilýär. Bu mukdary her ýarym sagatdan içseňiz, siz asla serhoşlyk ýagdaýa uçuramaýarsyňyz.

Alkogol içgileri içmezden öň süýdüň 1 stakanyny kabul ediň.

Içgileri kabul etmezden ýarym-bir sagat öň ýarmaly, greçkaly, süleli bulamaklary iýseňiz, siz asla-da serhoş bolmarsyňyz.

Alkogol içgileriniň bedene ýetirýän ýaramaz täsirinden dynmagyň dürli usullary elýeterli bolsa-da, olary kabul etmekden saklanmagyň ýa-da belli bir çäkliligi saklamagyň möhümdigini belläsimiz gelýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 nuryjan 2016-11-23 00:22
Salam. Alkogol zäherlenmegi ýaly birem alkogol ýetmezligi(iňlisçesi alchohol withdrawal) hem howply ýagdaýdyr. Uzyn wagtlap alkogol alýan adam birdenkä alkogoly taşlamagy netijesinde orta çykýar.
{1 ampula diazem + 4 ampula(4*25mg) bemix compose damardan berilmeli}
Sitata
 
 
#6 garaja oglan 2013-10-01 08:32
Hormatly lukman. Alkagol icgilerini kabul etmezden on mineral suwlary yagny gazlabdyrlan suwlary icsen alkagolyn tasirini peseldyar diyilyar welin shol hem dogrymyka;
Sitata
 
 
#5 Lukman 2013-09-27 00:59
Hormatly Omar!
Parasetamolyň bagyr tarapdan özleşdirilmegi netijesinde emele gelýän himiki birleşmeler alkogol bilen utgaşanda, bagryň öýjüklerine zäherleýji täsir edýändir. Alkogol içgileriň kabul ediliş ýygylygyna baglylykda, bu dermanyň ýygy kabul edilmegi zäherleýji (toksiki)gepatitleriň döremeginiň sebäbi hem bolup biler.Şol sebäpden parasetamol bilen alkogoly utgaşdyrmadan gaça durmalydyr!
Sitata
 
 
#4 Kerki 2013-09-25 23:22
Meň pikirimçe her içgili adamyň öz tragediýasy bolýar. Köplenç olar gowy durmuşdan içip ýaplaryň gyrasynda yataslary gelenok. Gerçek dogry bellapsiň. Biz Sowet döwründe beýle rehimsiz däldik. Ýykylyp ýatan adamy jezalandyrmak näme netije berýakä?
Sitata
 
 
#3 omar 2013-09-25 16:22
Gowy maglumatlar! Sag boluñ wraçlar! Parasetamol atmak name ucin bolmayarka?
Sitata
 
 
#2 Gerçek 2013-09-25 16:01
Okyjy Kerki dogry belläpdir onuñ sebäbi içgili adamy kömege mätäç bolan ýagdaýynda hem ilkinji kömek bermegiñ deregine adamlarda şu derejä ýetýänçä içmek näme gerek öz çeniñi bilip içmeli ekeni, goý indi hem ejirini çeksin diýen pikir bolýar. Şonuň üçin hiç kesiñ içgili adama kömek beresi gelenok diýip hasaplaýaryn
Sitata
 
 
#1 Kerki 2013-09-24 00:00
Bizde serhos adamy gorseler gacyalar, gaty nebsim agyryar. Name ucin biz sheyle rehimsiz biri birimize garayars?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele