Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek GARK BOLMALAR: GÖRNÜŞLERI, SEBÄPLERI WE OLARDA BERILÝÄN ILKINJI KÖMEK
( 6 Ses Berme )

Tomus döwrüniň yssy howasy adamlary deňiz ýakasynda, derýalaryň, kölleriň kenarlarynda dynç almaga höweslendirýär. Deňziň sergin howasy, suwuň ýakymly täsiri adamlary özüne maýyl edýär. Şeýle ýagdaýlarda adamlar käwagt ätiýajy elden berip, gynansak-da, gark bolmalara uçraýarlar.

Gark bolma – suwuň dem alyş ýollaryna düşmeginiň ýa-da sowuk suwda ýüregiň reflektor togtamasy zerarly adamyň öýkeninde gaz alyş-çalşygynyň peselip, dem almasynyň kesilmeginiň netijesinde döreýän ölümiň öňüsyrasyndaky ýa-da ölüme getirýän ýagdaýdyr.

Gark bolma ýagdaýy, beden ulgamlarynda bozulma häsiýetiniň  döreýşine baglylykda birnäçe görnüşde ýüze çykyp biler:

  • hakyky ("aspirasion" ýa-da "öl" diýip hem atlandyrylýar);
  • hakyky däl ("asfikstiki, gury, spastiki" diýip hem atlandyrylýar);
  • reflektor ("sinkopal" diýip hem atlandyrylýar);
  • başga sebäplere görä döreýän gark bolmalar.

Hakyky gark bolma

Adamyň öýkenine köp mukdarda suwuklygyň aralaşan ýagdaýynda hakyky gark bolma ýüze çykýar. Bu adatça soňky demine çenli halas bolmaga dyrjaşan adamlarda duş gelýär. Hakyky gark bolmanyň 3 kliniki tapgyry bolýar:

  1. Başlangyç tapgyry. Heläkçilige uçran adam huşunda bolup, suwuň aşagyna gaýtadan gidende demini saklamaga çalyşýar. Halas edilýänler öz düşen ýagdaýlaryna dürli garaýar: käbirleri örän sustupes görünse, käbirleriniň hereketi göçgünliräk bolýar. Olaryň derileri gögümtil bolýar. Olar ýygy-ýygydan we uludan dem alýarlar, üsgürýärler. Olaryň ilkibada ýüregi çalt urup, gan basyşy ýokarlanan bolsa-da, kem-kemden ýürek urgulary haýallap, gan basyşy peselýär. Suwuň köp mukdarda ýuwdulmagynyň netijesinde garynlarynyň ýokarky bölegi uly bolýar. Şeýle ýagdaýlarda gaýtarmalaryň ýüze çykmagy ahmal. Gark bolmanyň ýiti kliniki alamatlary çalt aýrylyp, adamyň hereketleri kadalaşsa-da, ol birnäçe günläp ysgynsyz bolýar, kellesi agyrýar, üsgürýär. 
  2. Ölüm halyndaky tapgyry. Suwa gark bolan adam huşuny ýitirýär, ýöne damar urmasy duýulýar, ol dem alýar. Ýürek ýygrylmalary gowşak bolup, çalaja eşidilýär. Şeýle adamyň damar urmasy boýnundaky uky ýa-da budundaky uly but damarlaryndan duýulýar. Onuň derisi gögümtil we sowuk bolýar. Agzyndan we burnundan gülgüne reňkli köpürjikler peýda bolýar.
  3. Kliniki ölüm tapgyry. Suwa gark bolanyň keşbi ölüm halyndaky tapgyrdaky ýaly bolýar. Ýöne onuň damar urmasy bolmaýar, ol dem almaýar. Onuň göreçleri ulalyp, ýagtylygyň täsirini duýmaýar. Şeýle tapgyrda berilýän ilkinji kömek köplenç peýda bermeýär.

Gury gark bolma

Gury gark bolmalarda adamyň ses yşy gysylansoň, suw onuň öýkenine aralaşmaýar. Şeýle gark bolma uçranlaryň köpüsinde merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmeleriniň ýüze çykanlygy, alkogol içgileriň täsiri astynda bolandygy, suwdaky adamyň ýüzüne suwuň urlandygy ýa-da uly tolkunyň zarbyna sezewar bolandygy anyklanylýar. Olar ölüm halynda bolup, damar urmalary kynlyk bilen saýgarylýar. Olaryň dem alyş ýollarynyň arassadygyna garamazdan, kynlyk bilen dem alýarlar. Olaryň gan aýlanyşygy bozulyp, kliniki ölüme duçar bolýarlar. Gury gark bolmalardaky kliniki ölüm 4-6 minut dowam edýär. Şeýle gark bolmalarda berilýän ilkinji kömeklerde çeýneme myşsalaryň we bokurdagyň gysylmalaryny gowşatmak kyn bolýar.

Reflektor gark bolma

Gark bolmagyň bu görnüşinde ýüregiň we dem alşyň reflektor togtamasy ýüze çykyp, adam suwuň aşagyna gidýär. Şeýle gark bolma dem alyş ýollaryna hatda ujypsyz mukdardaky suwuň düşmeginde-de döräp bilýär. Reflektor gark bolmalarda kliniki ölüm ýagdaýy bada-bat ýüze çykyp, adamyň dem almasy kesilýär, damar urmasy duýulmaýar, onuň göreji ýagtylygyň täsirini duýmaýar. Onuň derisi solgun bolýar. 

Вaşga sebäplere görä gark bolma

Gark bolmanyň bu görnüşi gan aýlanyşyň we dem almanyň kesilmegi (ýürek myşsasynyň infarkty , tutgaýlar we ş.m) zerarly ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlarda adam kliniki ölüm halynda bolansoň, suw onuň öýkenine  bökdençsiz aralaşýar. 

Gark bolma nähili döreýär?

Derýalarda ýa-da köllerde gark bolnanda, suwuň öýkenden gan damarlaryna düşmeginiň netijesinde adamyň gany suwuklandyrylan ýagdaýa eýe bolýar. Adamyň ganynyň suw bilen garyşmagy netijesinde bolsa onuň bedeninde ganyň mukdary ep-esli artýar. Ýürek birdenkä köpelen ganyň mukdaryny eýgerip bilmänsoň, togtaýar.

Deňizlerde we şor suwly suw howdanlarynda bolsa, tersine, gark bolanyň gany goýalýar.

Gark bolmalar adatça şeýle bolup geçýär: suwda ýüzüp bilmeýän adam suwuň aşagyna düşende janhowluna uludan dem alýar. Munuň netijesinde onuň bedenine suwuň köp mukdary düşüp, ol huşuny ýitirýär. Adam suwuň aşagynda bolup, dem almasy dowam edýändigi zerarly onuň öýkeni kem-kemden suwdan dolýar. Şeýle pursatda bedeniň myşsalary dartylýar. Biraz salymdan bolsa onuň ýüregi togtaýar. Ýürek togtandan birnäçe minut geçenden soň adamyň beýni öýjüklerinde dikeldip bolmaýan özgerişlikler amala aşýar. Adamyň halas bolmagy üçin onuň bedeni kislorodyň köp mukdaryna mätäç bolýar. Kislorodyň ýetmezçilik eden ýagdaýynda gark bolan adam ölýär.

Sowuk suwda gark bolanlaryň, aýratyn hem çagalaryň beýnisiniň doly ýa-da bölekleýin dikeldilmesi gark bolnandan 10-15 soň hem bolup bilýär (!).

Gark bolma haýsy sebäplere görä bolýar?

Gark bolmalar dürli sebäplere görä bolup geçýär. Gark bolmalaryň aglaba bölegi adamlaryň seresaplylyk çärelerini (suwuň çuň ýerlerine aralaşmazlyk, serhoş ýagdaýda suwa düşmezlik, gaýly howada suwa düşmezlik we ş.m) inkär etmekleriniň netijesinde bolýar. Gark bolmalarda gorkynyň orny uludyr, sebäbi gark bolup barýan adam gorkusyna elini-aýagyny tagaşyksyz galgadyp, : "Kömek ediň, gark bolýaryn!" diýip gygyrýar-da, öýkenindäki howany daşyna çykaryp, suwuň aşagyna gidýär. Ýöne şeýle ýagdaýa uçran adam üçin uludan dem alyp, öýkeninde mümkin boldugyndan köp howany saklamagyň has wajypdygyny unutmaň!

Suwuň aşagynda ýüzmegi halaýanlar gark bolmalara has-da köp sezewar bolýandyrlar.

Gark bolanlary halas etmek

Gark bolan adamy ilkinji 3-6 minudyň dowamynda halas edip bolýandyr. Emma sowuk suwda gark bolma ýagdaýlarynda bu möhlet 20-30 minuda çenli uzap bilýär. Lukmançylygyň taryhynda gark bolan adamy ol suwda 20-30 minut bolandan soň halas edilen ýagdaýlary hem bar.  

Gark bolan adamy halas etmek üçin onuň yzyndan ýüzüp barmalydyr. Gark bolýan adamy arkasyna öwrüp, ony tizden-tiz kenara çykarmaly. Gark bolýan adam janhowluna ony halas etjek bolýanyň boýnundan aslyşyp, ony hem suwuň aşagyna çekip bilýändigini unutmaly däldir. Eger şeýle ýagdaý ýüze çykaýsa, hiç aljyraman, uludan dem alyp, suwa çümäýmelidir. Şonda gark boup barýan ilişmäge zat tapman, elini goýberer.

Gark bolan adam kenara çykarylandan soň oňa tizden-tiz ilkinji kömegi bermeli. Munuň üçin gark bolanyň damar urmasyny barlap, gark bolmanyň görnüşini anyklamaly.

Hakyky gark bolmalarda adamyň derisi gögümtil bolýar. Adamy halas etmek üçin, onuň öýkenindäki suwy daşyna çykarmaly. Munuň üçin gark bolany epilen dyzyňyzyň üstünde ýatyryň-da, onuň arkasyna kakyň. Soňra, eger damar urmasy ýiten bolsa, derrew ýüregiň göni däl owkalamasyna başlaň.

Gury ýa-da reflektor gark bolmalarda bada-bat reanimason çärelerini geçirip başlamaly.

Eger adam suwdan wagtynda çykarylyp, ol heniz huşundan gitmedik bolsa-da, tiz lukmançylyk kömegini çagyrmaly, sebäbi hemme zadyň oňatdygyna garamazdan, soňra gaýraüzülmeleriň döremegi ahmal.

Üns beriň! Gark bolma uçran her bir adamyny özüni oňat duýýandygyna garamazdan hökman lukmana görkezmelidir! Sebäbi öýken çişmesiniň ýa-da haýsydyr başga bir gaýraüzülmäniň döremek howpy ýokary bolýar. Gark bolmadan bir hepde geçenden soň gaýraüzülme ýagdaýlary döremese, adamyň saglygy howp astynda däl diýip aýtmak bolar.

Unutmaň! Gark bolýan adamyň öz-özüni halas edip bilýändir. Esasy zat aljyraman, kenara ýetmäge dyrjaşmaly. Eger ýadan bolsaňyz, arkaňyza ýatyp, bedeniňizi gowşadyň-da, demiňizi dürsäň. Eger suw girdabyna (suwuň towuna) düşen bolsaňyz, suwa çümüň, sebäbi suwuň aşagynda şeýle girdaplardan sypmak has aňsat bolýar. Eger üstüňize ullakan tolkunyň gelýänini görseňiz, onuň zarbyndan gutulmak üçin suwa çümüň.

Gark bolmalarda berilýän ilkinji kömek

Özüňize hiç zadyň howp salmaýandygyna göz ýetiriň. Gark bolany suwdan çykaryň. (Eger onuň oňurgasy döwlendir öýdýän bolsaňyz, gark bolany tagtanyň üstüne mündürip, suwdan çykaryň.

Dyzyňy epip, gark bolany ýüzin ýatyryň we onuň ýuwdan suwlarynyň daşyna akyp çykmagyna kömek ediň. Gark bolanyň dem alyş ýollarynyň arassalanmagyna ýardam beriň, agzyny, burnuny del zatlardan (nemden, gusukdan we ş.m.) arassalaň. Tiz lukmançlyk kömegini çagyryň.

Şulary anyklaň:

  • Gark bolanyň damar urmasy barmy?
  • Onuň göreji ýagtylygyň täsirini duýýarmy?
  • Ol özbaşdak dem alyp bilýärmi?

Еger onuň damar urmasy, dem almasy kesilen bolsa, göreçleri ýagtylygyň täsirini duýmaýan bolsa, derrew ýürek-öýken reanimasiýasyna başlaň. Bu çäreleri lukman gelip ýetýänçä ýa-da gark bolan dem alyp, ýüregi urup başlaýança dowam ediň.

Gark bolanyň dem almasy we ýüreginiň işi dikeldilenden soň, ony gapdalyna ýatyryň. Üstüne haýsydyr bir elýeter zady örtüp, ony ýyladyň, onuň ýagdýyna gözegçilik ediň!

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Bbbb 2013-03-13 05:25
Salam lukman mende seyle oz ozumden duwnigip howa yetman galyar koplenc gijelerine seyle yagday bolyar bu duwnukme ilkinji gezek kicirak wagtlarym yumurtganyn sarysynyn 3sini birden iymegim sebap bolupdy sondan son bu duwnukme galdy. Buny nahili usul bn bejerip bolar?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele