Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek ÝÜREGIŇ INFARKTY: ILKINJI KÖMEK
( 9 Ses Berme )

Ýüregiň adam ömrüniň dowamynda dyngysyz işleýänligi sebäpli, ol kislorodyň we ýokumly maddalaryň üznüksiz gelip durmagyna mätäçdir. Şonuň üçin hem ýüregiň ýörite öz damarlar ulgamy bolup, daşky görnüşi boýunça ol täji (rusça "korona") ýadyňa salýandyr. Şol sebäpden hem ýüregiň damarlaryny "koronar" ýa-da "täç görnüşli" diýip atlandyrýarlar.

Ýüregiň üznüksiz işi damarlardan ganyň hem üznüksiz hereketini talap edýändir.

Ýüregiň infarkty (miokardyň infarkty) ýürek gan aýlanyşygyň bozulmagy netijesinde döreýän ýürek keselleriniň iň howplusy bolup durýandyr.

Miokardyň infarkty – ýürek gan aýlanyşygynyň ýiti bozulmalary netijesinde ýürek myşsasynda emele gelýän nekroz (myşsa öýjükleriniň ölmegi) bilen häsiýetlendirilýän ýagdaýdyr.

Ýürek gan aýlanyşygynyň bozulmagy ýüregiň oňa bolan talaby bilen gan aýlanyşygy amala aşyrma mümkinçiligiň deň agramlylygy ýitirlende ýüze çykýandyr.

Soňky 20 ýylyň dowamynda erkek adamlaryň miokardyň infarktyndan ölümçiligi 60%-e barabar boldy. Häzirki wagtda bolsa bu kesel "ýaşaryp",  30-35 ýaşly adamlarda hem duş gelýändir.

Aýallar 50 ýaşa çenli (aýal gormonlary goraýarka) bu kesele ýolukmaýan bolsalar hem, aýbaşdan galma döwründe olaryň keselçiligi erkek adamlaryňky bilen deňleşýändir. Bu kesel maýyplyga getirýän esasy sebäpleriň biri bolup, kesellänleriň içinde ölümçilik 10-12%-e deňdir.

Miokardyň gan aýlanyşygynyň bozulmagyny, gan damarynyň gan lagtasy ýa-da aterosklerotiki ýaşmajyklar bilen ýapylmagy, ýürek myşsasynyň  üýtgemegi netijesinde 2-3 koronar damaryň içiniň daralmagy ýaly sebäpler döredip biler.

Miokardyň infarktynyň döreýşinde birnäçe tapgyry belleýärler:

1. Infarktyň öň ýanyndaky döwür – birnäçe minutdan 1,5 aýa çenli dowam edýär. Bu döwürde ýüregagyryly tutgaýlaryň güýji we dowamlylygy artýar. Bejergi özwagtynda başlananda, infarktyň öňüni alyp bolýar.

2. Iň ýiti döwri – köplenç duýdansyz ýüze çykýar. Bu döwürde infarktyň ýüze çykjak kliniki görnüşi aýyl-saýyl bolýandyr.

Ol aşakdaky görnüşlerde ýüze çykyp biler:

  • Agyryly görnüşi – ýüze çykan infarktlaryň 90%-i şu görnüşe eýe bolýandyr. Ýakýan, gyzýan, basýan ýiti, güýçli agyrylar döşde peýda bolýar. Agyry güýjäp, çep egne, ele, pilçä, ýaýjyk süňke, çep tarapdan aşaky äňe çenli ýaýraýandyr. Agyryly tutgaýlaryň dowamlylygy birnäçe minutdan 2-3 güne çenli dowam edýändir. Köplenç näsaglarda howsalaly ýagdaýyň (sowuk der inme, ýüzüň gyzarmagy ýa-da agarmagy) ýüze çykmagy mümkindir.
  • Demgysmaly (astmatiki) görnüşi – infarktyň demiň gysmagy, öýkeniň çişginliligi bilen emele gelýän görnüşidir. Bu görnüş köplenç gartaşan  ýa-da gaýtadan  infarkty başdan geçirýän adamlarda ýüze çykyp biler.
  • Garyn (abdominal) görnüşi – infarkt garyn boşlugynda agyrylaryň döremegi bilen başlanýar. Näsagda ýürek bulanma, gaýtarma, içiň ýellenmegi ýaly alamatlar bolup biler. Infarktyň bu görnüşi köplenç hirurgiki keseller bilen çalşylýar.
  • Ýürek urşuň bozulmagy bilen ýüze çykýan (aritmiki) görnüş – ýürek urmanyň çaltlaşmagy ýa-da seýreklemegi bilen ýüze çykyp, näsagyň huşuny ýitirmegine getirip biler.
  • Beýni (serebral) görnüşi – ýüregagyry ýüze çykanok, ýöne beýniň gan aýlanyşygynyň peselmegi netijesinde kellagyrylar, baş aýlanma, görüşiň bozulmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Köplenç el-aýagyň duýgurlylygynyň peselmegi ýa-da ysmazlyk ýüze çykyp biler.

3. Ýiti döwri – takmynan 10 gün dowam edýär. Bu  döwürde ýürek myşsasynyň ölen ýeri gutarnykly emele gelip, onuň ýerinde ýara yzy döreýär. Bu döwürde bedeniň gyzgyny ýokarlanyp biler.

4. Ýiti döwürden soňky döwür – 8 hepdä çenli dowam edip, onuň dowamynda yara yzy doly emele gelip dykyzlanýandyr.

5. Infarktdan soňky döwür – 6 aý dowam edýän bu döwürde näsagyň ýagdaýynyň kadalaşmagy bolup geçmelidir.

Bejergi çäreleri talaba laýyk alnyp barylmadyk ýagdaýynda infarktyň gaýtadan döremegi, ýüregagyry tutgaýlaryň ýa-da ýürek ýetmezçiliginiň döremegi mümkindir.

Miokardyň infarktyny üç alamat boýunça anyklamak mümkindir:

  • Özboluşly agyrylaryň döremegi;
  • EKG-de ýüze çykýan üýtgemeler;
  • Ganyň biohimiki görkezijileriniň üýtgemegi (fermentleriň hem-de fibrinogeniň ýokarlanmagy, leýkositleriň köpelmegi).

Miokardyň infarktynyň getirýän gaýraüzülmelerini irki we giçki toparlara bölüp bolar:

Irki gaýraüzülmeler: ýürek-damar ulgamynyň işiniň ýiti ýetmezçiligi, kardiogen şogy, ýürek urgularyň we geçirijiligiň bozulmagy, damarlarda gan lagtalarynyň emele gelip, damary dykmagy (tromboemboliki gaýraüzülmeler), perikardit.

Giçki gaýraüzülmeler: ýürek-damar ulgamynyň işiniň dowamly ýetmezçiligi, ýüregiň giňelmegi, tromboemboliki gaýraüzülmeler.

Miokardyň infarktynyň bejergisi näçe tiz başlansa, şonça-da näsag üçin onuň netijeliligi artýar.

Bejergi keselhananyň reanimasiýa bölüminde alnyp barylmalydyr.

Tiz lukmançylyk kömegi ýetip gelýänçä, näsagy ýatyrmalydyr we agyryny aýrar ýaly serişdeleri bermelidir. Bu maksat üçin nitrogliserin ulanylýar. Näsag nitrogliseriniň bir gerdejigini (0,5mg) ýa-da sepme (aerozol) görnüşini kabul edýär.

Eger agyryly tutgaýlar 5 minutdan gowşamasa serişdäni gaýtalaýarlar.

Tiz kömek gelýänçä agyrylar aýrylmasa, lukman narkotiki agyrysyzlandyryjylary ulanýar. 

Agyryny aýyrmak gaýragoýulmasyz kömegiň esasy çäresi bolup, onuň şok ýagdaýyna getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Näsagyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin aşakdaky çäreler geçirilýär:

  • Gan damarynda emele gelen gan lagtasyny eretmek – bu çäre näçe tiz geçirilse, şonça-da netijeler kanagatly bolýandyr. Gan lagtasynyň 6 sagatdan soň eremegi, zeperlenen ýürek myşsasynyň diňe 5%-e golaý bölegini halas etmäge mümkinçilik berýändir. Bu maksat üçin streptaza, kabikinaza ýaly serişdeler ulanylýar.
  • Ýürege düşýän agramy azaltmak – bu maksat üçin hereket edýän umumy ganyň mukdaryny azaldýan, gan basyşy peseldýän, ýürek urmalaryň ýygylygyny seýrekleşdirýän serişdeler ulanylýar. Bu çäreler  ýürek myşsasynyň kisloroda bolan talabyny azaldyp, zeperlenen myşsa öýjüklerine agramlylygy peseldýändir.
  • Miokardyň alyş-çalyş ýagdaýlaryny gowulandyrmak çäreleri (meselem, witamin E, preduktal).

Ýüregiň infarktynyň bejergisi diňe keselhanadaky çäreler bilen tamamlanman, keselden soň näsag 6 aýlyk dikeldiş döwrüni geçmelidir.

Infarktdan soň adam ýaşaýyş düzgünini üýtgetmelidir. Fiziki işjeňligi kem-kemden köpeltmelidir, zyýanly endiklerden (çilim çekmek, alkogol içgilerini içmek) saplanmalydyr.  

Lukmanyň bellän dermanlaryny hemişe kabul etmelidir.  

Gan basyşyň, gandaky holesteriniň, trigliseridleriň mukdaryna gözegçilik edip durmalydyr.

Lukmanyň gözegçiligi astynda näsag adaty ýaşaýyş düzgünlerini, iş endikleri bilen meşgullanmagy dowam edip biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Okyjy. 2014-01-27 00:48
Be!Döşüm agyrýar welin, ýürek agyry bolaýmasyn. Ertir dogtara baraýyn.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele