Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek ÝANYKLARDA ÇAGALARA BERILÝÄN ILKINJI KÖMEK
( 8 Ses Berme )

Çagalaryň bilesigelijiligi, hereketjeňligi käwagt olaryň ýanyklara uçramagyna sebäp bolýar. Muňa gündeki durmuşdan ençeme mysallary getirmek bolaýar. Mysal üçin, otluçöpi oýnamazlyk, ýanyp duran oda, gaýnap duran gazana, çäýnege golaýlaşmazlyk, tomus döwründe günortan daşarda oýnamazlyk we beýleki ençeme duýduryşlaryň berilýändigine garamazdan, çagalar ýanyklara örän köp uçraýarlar.   

Çagalaryň arasynda giňden ýaýaran ýanyklaryň biri — gaýnag suw, tok enjamlaryny oýnama, ýanyp duran ojaga golaýlaşma zerarly döreýän ýanyklardyr. Kiçi ýaşly çagalara näçe göz-gulak bolunsa-da, olar käwagt gyzgyn çäýnegi, gaýnap duran suwy üstlerine dökenlerini özleri-de duýman galýarlar. Olar bilesigelijiligi sebäpli işläp duran tok enjamlaryna, ýanyp duran oda gorkman golaýlaşýarlar. Şeýle ýagdaýlarda çagalaryň ýanyga uçrama howpy döreýär. Haýsydyr bir ýeri ýanan çaga çirkin  gygyrýar. Şonda ulular çaganyň çirkin sesinden ýaňa ilkibada aljyrap, näme etjeklerini bilmän, ikiýana ylgaýarlar. Ýöne iň esasy zat — aljyraman, dürs hereketleri etmelidir. Ýanyklarda ilkinji kömegi edýän adam üçin şu aşakdaky maslahatlar peýdalydyr.

Kiçi ýanyklarda edilmeli ilkinji kömek:

  • Çaganyň derisine gyzgyny bilen täsir edýän ojaklary (gyzgyn çäýnegi, gaýnag suwy we ş.m.) aýryň.
  • Çaganyň ýanan ýerini derrew sowuk suwa salyň ýa-da akyp duran suwuň aşagynda 10-15 min saklaň. Ýöne buz ýaly sowuk suwa salmak maslahat berilmeýär. Ýanan ýere sowuk gatygy hem çalyp bolýar.
  • Ýanyk ýeri arassaja ýumşak esgi bilen emaýja guradyň-da, oňa arassa hasany usullyk bilen ýapyň. Bu ýara hapa dümeginiň öňüni alar. Hasany derä basmaň-da, ýüzleý goýuň.
  • Lukman bilen maslahatlaşanyňyzdan soň,  çaganyň ýanan ýerine ýanyklarda ulanylýan ýörite melhemleri çalyň.

Güýçli ýanyklarda edilýän ilkinji kömek:

  • Kiçi ýanyklarda edilişi ýaly, ýanan ýeri 10-15 min sowuk suwa salyň.
  • Sowuk suwa tutulandan soň ýanyk ýeri usullyk bilen guradyp, oňa arassa hasany ýapyň.
  • Ýanyk ýerinde zynjyrjyk, alajaýüp, bagjyk we ş.m zatlar bar bolsa, olary usullyk bilen aýryň.
  • Güýçli ýanyklarda çaganyň eşikleriniň onuň derisine ýapyşýan ýagdaýlary hem duş gelýär. Şeýle ýagdaýlarda çagalaryň eşigini seresaply çykaryň. Eger çaganyň eşigi onuň derisine ýelmeşen bolsa, ony sypyrmaň, çekmäň! Gaýçy alyň-da, eşiklerini usullyk bilen kesip aýryň.
  • Çaga suwsap, suw dilese-de, mümkin boldugyndan suw bermejek boluň. Şeýle ýagdaýlarda çaganyň dodaklaryny suw bilen nemlendirmek maslahat berilýär.
  • Eger çaga huşuny ýitiren bolsa, onuň dem alşyny we ýüreginiň işleýşine gözegçilik ediň. Çaganyň dem almasy galsa, oňa derrew agyzdan-agza emeli usulda dem beriň, ýüregini göni däl usulynda owkalaň. (Agyzdan-agza emeli usulda dem bermek we ýüregi owkalamak usuly saýtymyzda ýerleşdirilen „Dem alşyň we gan aýlanyşygyň duýdansyz kesilen ýagdaýynda berilmeli ilkinji kömegiň aýratynlyklary” atly makalada jikme-jik beýan edilýär.)
  • Tiz lukmançylyk kömegini çagyryň.
  • Çaganyň ýüregi bulanyp gaýtarsa, onuň kellesini gapdalyna öwrüň. Bu onuň dem alyş ýollaryna gusugyň dolmagyndan gorar.
  • Çaganyň derisi güýçli ýanyga uçran bolsa, ony ýatyranyňyzda ýanyk ýerini mümkin boldugyndan dartdyryp goyuň. Bu ýanyklaryň dyz astyna, barmaklaryň arasyna, tirsegiň iç ýüzüne düşen ýagdaýlaryna degişlidir. Şeýle edilmedik ýagdaýynda soňra deriniň birleşip, gelejekde çaganyň hereketleriniň çäklendirilmegi ahmal. Ýöne çagany gaty awundyrmakdan saklanyň. Oňa haýsydyr bir agyrysyzlandyryjy derman serişdesini içiriň ýa-da sanjymyny ediň.
  • Eger çaganyň eşigine ot düşen bolsa, ony derrew sypyryň. Eger sypyrmak başartmasa, ony derrew elastynda bolan haýsydyr bir zada (galyň mata, ýorgan, halyça we ş.m) dolaň. Bu oda howanyň barmagyny kesip, onuň sönmegine ýardam berer. Şeýle ýagdaýlarda derrew tiz lukmançylyk kömegini çagyryň. Tiz lukmançylyk kömegi ýetip gelýänçä, çaganyň dem alşyna we ýürek urşuna gözegçilik ediň. Oňa agyrysyzlandyryjy derman serişdesini beriň. 

Ýanyklarda edilmeli däl zatlar:

  • Eger ýanyk ýerinde gabarçaklar emele gelen bolsa, olary ýarmaň. Gabarçaklaryň ýarylan ýagdaýynda olaryň içine hapa düşüp, ýaranyň azmagy ahmal.
  • Ýanyk ýeri arassalamak üçin haýsydyr bir ýaglary çalmak maslahat berilmeýär.
  • Ýanyk ýere plastyrlary ýa-da beýleki ýapyşgyçlary ýelmemek gadagandyr. Sebäbi olar aýrylanda, çagany örän awudyrýandyrlar.

Hormatly ene-atalar! Öz çagaňyzy ýanyk ojaklaryndan goramaga çalşyň. Geleňszilik edilen ýagdaýynda çaganyň öz bilesigelijiliginden ýaňa dürli ýanyklara uçrap bilýändigi ýadyňyzda bolsun!

Ulanylan WEB Salgy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Romantic 2011-08-22 19:38
Oran peydaly makala. Hususanda ene-atalara! Sag bolun!
Sitata
 
 
#3 merjen 2011-08-14 00:13
Dushundim. Kop kop sagbolun.
Sitata
 
 
#2 Lukman. 2011-08-09 15:06
Hormatly Merjen!
Belki-de Siz öý şertlerinde ýanygyň ýeňil derejesine duçar bolýansyňyz. Deriniň ýüzleý ýanyp, gyzarmagy we awuşamagy l-derejeli ýanykda ýüze çykýar. Bu ýagdaýlarda tizden-tiz gatyk, gaýmak ýaly sowuk önümleri çalmak ýa-da ýer almasyny (kartoşkany) bölüp, ýanan ýere goýmak maslahat berilýär. Ýer almasynyň düzümindäki krahmal hem ýanygyň aşaky gatlaklara ýaýramagynyň öňüni alýar. Lukmançylyk jähtinden, ýanyklarda günebakar ýagyny ulanmak hiç hili bejeriş peýdalylygyny bermeýär. Ýöne ýeňil derejeli ýanyklarda hiç hili zyýan hem bermez. Orta we agyr (ll-lll-lV) derejeli ýanyklarda ýagyň özboluşly "gatlagy" emele getirip, ýanan ýeriň bitmegini kynlaşdyryp biler. Onuň ýaly ýagdaýlarda bejergini hirurg lukmany bellemelidir.
Sitata
 
 
#1 merjen 2011-08-08 00:48
Salam. Yag chalmak bolanok diyilipdir. Men kichi wagtymdan bari oz bedenimde kichi-uly yanyklarda, yanan badyna gundelik ulanyan gunebakar yagymyzdan chalyan. Shonda ertesi gun hichhili agyry duymayan. Zyyany na derejede ulyka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele