Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek ELEKTRIK TOGUŇ URMAGY WE ELEKTRIK ŞIKESLENME: ALAMATLARY, ILKINJI KÖMEK
( 16 Ses Berme )

Elektrik togy bilen şikeslenme köplenç halatlarda, durmuşda ulanylýan elektrik togunyň ýokary güýçlenmesiniň (naprýaženiýe) ýa-da ýyldyrymyň adam bedeniniň dokumalaryna täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Işde elektrik enjamlary bilen işlenende iş howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmezlik hem elektrik togunyň urmagynyň giňden ýaýran sebäbi bolýar. Şundan başga-da, önümçilikde näsaz elektrik enjamy ýa-da durmuş maksatly islendik abzallar hem-de üzülen ýokary woltly liniýalar hem agyr elektrik şikeslenmeleriň çeşmesi bolup bilýändir. Elektrik togunyň täsir ediş derejesi gönüden-göni elektrik toguň güýjüne we onuň güýçlenmesine, şol sanda hem adamyň saglyk ýagdaýyna, elektrik toguň bedene degiş usulyna hem-de ilkinji kömegiň özwagtynda berilmegine baglydyr.

Elektrik togunyň urmagy bilen alnan şikeslenmelerde ilkinji kömegi bermekligiň yzygiderliligi:

1. Elektrik togunyň täsirinden adamyň bedenini boşatmak;

2. Ejir çekende ýüregiň we dem alşyň duran wagty ýüregiň owkalamasyny we emeli dem beriş çäreleri ýerine ýetirmek;

3. Bedeniň ýanan böleklerini bejermek we daňy goýmak.

Elektrik togy bilen şikeslenmäniň aýratynlygy

Elektrik togy adamyň bedeninden geçenden soň, dokumalary güýçli ýakýar, ol hem deri örtüginde elektrik ýanyklarynyň döremegine, şeýle hem töweregindäki dokumalaryň we beden agzalarynyň şikeslenmegine getirýär. Elektrik ýanyklary toguň "girýän" we "çykýan" ýerlerinde ýüze çykýarlar. Bu ýerler "elektriki toguň tagmalary" diýlip hem atlandyrylýarlar. Bu ýanyklar daşky görnüşi boýunça uly bolmasalar hem, adatça juda çuň bolýarlar we köp sanly myşsalary, süňkleri, şeýle hem içki agzalary zeperleýäler. Elektriki togy ýüregiň işiniň bozulmagyna, hatda onuň doly togtamagyna, şonuň ýaly-da dem alşyň durmagyna hem getirip biler.

Elektrik togy bilen şikeslenmäniň alamatlary

1. Ejir çekenden uzak bolmadyk ýerde açyk elektrik tok çeşmesiniň barlygy;

2. Ejir çekeniň huşsuz ýagdaýda bolmagy;

3. Onuň deri örtüginde ýanyklaryň bar bolmagy;

4. Dem alşyň bozulmagynyň ýa-da onuň düýbünden bolmazlygynyň anyklanylmagy;

5. Juda gowşak ýa-da sazlaşyksyz ýürek urma ýa-da onuň asla ýoklugy.

Elektrik togunyň giriş hem çykyş deşigi köp halatlarda elleriň aýalarynda ýa-da dabanda ýerleşýär. Elektriki tok bilen şikeslenmäniň birnäçe aýratynlyklarynyň bardygy sebäpli, onuň adama dowamsyz görnüşde täsir etmegi hem ýüregiň ýa-da demiň durmagyna getirip bilýär. Hut şonuň üçin hem ejir çekeniň ömri ilkinji kömegiň özwagtynda berilmegine we tizden-tiz lukmanlaryň çagyrylmagyna bagly bolup durýar.

Elektrik togy bilen şikeslenme alnanda, lukmanlar gelip ýetişýänçäler şu çäreleri geçirme wajypdyr!

► Bolup geçýän ýagdaýa baha bermeli. Ýagdaýa baha bermezden, ejir çekene eliňi degirmeli däl. Onuň heniz hem elektrik togunyň täsiriniň astynda bolmagy juda ähtimal. Siz oňa eliňizi degirseňiz, sizi hem elektrik togy urmagy mümkin. Eger mümkinçilik bar bolsa, jaýyň içindäki elektrik energiýasynyň çeşmesini öçüriň. Rubilnigi öçürmek ýa-da energiýa çeşmesinden wilkany çykarmak mümkin. Eger Siz şuny edip bilmeseňiz, onda ejir çekenden elektrik togunyň çeşmesini elektrik toguny geçirmeýän jisim bilen yza süýşüriň. Şunuň üçin agaç taýajygynyň ýa-da şahanyň gowy kömegi deger. Eger elektrik togy uran adamy elektriki siminden aýyrmaly bolan halatynda, onuň bedeniniň hem edil elektrik simi ýaly elektrik tok geçirýändigini ýadyňyzdan çykarmaň. Bu ýagdaýlaryň hiç birinde hem ejir çekeniň bedeniniň açyk ýerlerine elleriňizi degirmäň. Ony aýyrmak üçin, onuň geýminden, esasan hem geýminiň gury ýerinden ýapyşyň. Eger siz rezinden edilen ellikleri geýseňiz ýa-da eliňizi ýüpekden ýasalan gury serişde bilen sarasaňyz has hem howpsuz bolar.

Ejir çekene elekrtik togunyň täsir etmesi goýan badyna, onuň ýüreginiň urşuny barlaň we dem alşyna gözegçilik ediň. Soňra bolsa bedeniniň açyk ýerlerini barlamalydyr. Elektrik togy uran halatynda, siz elektrik togunyň girýän we çykýan ýerlerinde iki sany ýanyk tapmalysyňyz. Deriniň şikeslenen ýerlerini arassa hasa bilen örtmeli. Hiç bir ýagdaýda hem ýanan ýerini süpürgiç ýa-da ýorgan, şol sanda hem şikeslenen üste ýelmeşip biljek süýüm bilen örtmeli däl.

Ýüregiň has gowy işläp başlamagy üçin, ejir çekeniň aýaklaryny onuň bedeninden biraz ýokary galdyrmaly. Eger ejir çekende ýüregiň işiniň we dem alşyň togtamagy anyklanylsa, haýal etmän janlandyryş çärelerini geçirip başlamaly.

Ýüregiň göni däl owkalamasyny geçirmegiň düzgünleri

Elektrik tokdan ejir çeken adamy gaty, göni ýerde keseligine ýatyrmaly. Ol tagta, ýer ýa-da pol bolup biler. Ejir çekýäne kömek berýän adam onuň çep tarapynda durmaly. Aýamyzyň esasy bölegini döş süňkünden aşakda ýerleşer ýaly heläk bolanyň döşüne goýmaly. Bu aýamyzyň üstüne hem beýleki elimiziň aýasyny goýup, ynamly hereketler bilen döşüni itmäge başlamaly. Bir sekuntda bir gezek itmek gerekdir. Ýüregiň işiniň dikeldilendigini deri örtüginiň reňkiniň gülgüne bolup başlamagy, ýürek urgularynyň peýda bolmagy, pese düşen gan basyşynyň ýokarlanmagy, göreçleriň daralmagy ýaly alamatlar görkezýändir.

Emeli dem berişi geçirmekligiň düzgünleri

Emeli dem berşiň iň netijeli usullaryna agyzdan burna hem-de agyzdan agza dem bermek degişli edilýär.

Adamy arkan ýatyrmaly, onuň kellesini yza egmeli. Eger agzynda diş protezleri bar bolsa olary çykarmaly. El ýalygyny ýa-da hasa alyp, onuň bilen ejir çekeniň burnuny ýa-da agzyny örtmeli. Soňra bolsa ulydan demimizi alyp, dodaklarymyzy ejir çekeniň dodaklaryna ýakynlaşdyrýarys we alan howamyzy onuň agzyna göýberýäris. Şeýlelikde, onuň öýkenine howa berýäris. Howany göýberen wagtymyz adamyň burnuny gysmaly. Agyzdan burna dem berlen halatynda, howany onuň burun geçelgelerine göýberip, agyz boşlugyny pugta ýapmaly bolýar. Bir minudyň dowamynda 14-15 gezek dem göýbermeli. Eger ýüregiň göni dal owkalamasy emeli dem beriş bilen bilelikde geçirilýän bolsa, onda döş süňküne ýigrimi-otuz gezek basylandan soň howany göýbermelidir. Bu hilli reanimasion çäräniň dowamlylygy netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Edil emeli dem berme ýaly, ýüregiň owkalanmasy hem tiz kömek lukmanlary gelip ýetýänçä ýerine ýetirilmelidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Ýahýa 2016-12-24 00:19
Elektrik togynyň urmazlygy üçin onuň döremäkä sebäplerini ýoldan aýyrmaly. Onuň üçin elektrik ulgamynyň hünärmenleri we ol ulgamy ýiti gözegçilikde saklamaly. we azajyk şübhe bolan ýagdaýynda düzediş işlerini geçirmelidirler. Bu ýagdaýa sowuk sala seredilende soňky tüýkülik sakgal ezmez bomagy mümkin.
Sitata
 
 
#3 Taňryberdi 2016-08-22 09:05
Elektrik togunyň urmasy her ýagdaýda bolup geçmegi hem örän howplydyr weli, ýene giň ýalazy meýdandan barýan ýagtyň ýyldyrym çaksa, ursa ol adatdan daşary pajygaly ýagdaý. Ýyldyrym uranyň gara köýük bolýanyny gördümä!
Sitata
 
 
#2 Nurly. 2016-05-28 00:08
Beýleki betbagtçylykly ýagdaýlardan ötri elektrik urmasyna ýolugan adama kömek etmek uly tizligi talap edýär. Eger ol wagt çalt, gyssanman howlugyp, akylly başly hereket etmeseň seniň özüň ol adamyň betbagtlygyny başyňdan indermegiň mümkin.
Sitata
 
 
#1 Ýigit. 2016-05-26 23:16
Şu durmuşy elektrik toguny ulanmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Ýöne nebsimiz agyrsada ulular we çagalar, ýetginjekler tok uran adama kömek bermäniň esaslaryny bilmeýärler. Bizde ol hakynda mekdeplerde okadylyp, degerli maglumatlar berilse talaba laýyk bolardy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele