Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar TIZ kömek Özbaşdak TIZ kömek
( 3 Ses Berme )

Bir ýaşyna ýetmedik ýa-da ýörjen-ýörjen bolup başlan körpeleriň arasynda köp duş gelýän şikeslenmeleriň biri kelle-beýni şikeslenmesidir. Ol esassan hem körpeleriň ýykylmagy zerarly bolýar. Körpeler ýykylanlarynda, urgy adatça olaryň kellesine düşýär. Uly ýaşly adamyň kellesi onuň boýunyň 1/8 bölegi bolsa, körpeleriň kellesi boýunyň 1/4 bölegine barabardyr. Bu ýagdaý körpäniň kellesiniň has agramly bolup, ilki bilen şonuň urulmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da, uly ýaşly adam ýykylanda elini kellesiniň aşagyna goýup ýetirşýär. Körpeler bolsa şeýle edilmelidigine heniz düşünmeýärler.

Körpeleriň kelle-beýni şikeslenmeleriniň özboluşly aýratynlyklary bolýar. Körpe ýykylan badyna birnäçe sekuntlap gymyldamaýar, ol gözlerini agdaryp, dem alşy saklanýar. Şeýle ýagdaýda körpäniň derisi agarýar, gana kömürturşy gazynyň köp mukdary düşýär. Şondan soň körpe uludan dem alyp, gaty ses bilen aglap başlaýar. Käwagt gaýtarmalaryň bolmagy hem ahmal. Bu alamatlar çaganyň beýnisiniň sarsandygyny aňladýar.

 
( 14 Ses Berme )

Ýeriň üstünde gezýän zäherli jandarlaryň arasynda ýylan adam üçin has howplydyr. Esasan hem kepjebaşyň (rus dil. - kobra), alahöwreniň (rus dil. - gadýuka), göklorsyň (rus dil. -  gýurza), gömülgeniň (rus dil. - pesçannaýa efa) zäherleri uly howplylygy bilen tapawutlanýarlar.

Dürli ýylan maşgalalarynyň zäheriniň düzümi (belok, fermentler, organiki däl maddalar) meňzeş bolsa-da, aýry-aýry görnüşlerine aýratynlyklar mahsusdyr. Meselem, kepjebaşyň we deňiz ýylanlarynyň zäheriniň düzüminde neýrotoksinler bardyr. Olar myşsalara barýan nerw  geçirijiligi bozup, beden we dem alyş myşsalarynyň ysmazyna getirip biler. Zäherlenen adam we haýwan dem almanyň kesilmeginden ölýärler.

 
( 6 Ses Berme )

Bedeniň dürli ýerlerinden gan akmalar adamyň ömründe iň köp duş gelýän ýagdaýdyr. Dürli kesellerde, şikeslenmelerde gan damarlarynyň diwaryna zeper ýetme netijesinde, dürli häsiýetli gan akma ýüze çykyp biler.

Daşky gan akmalarda, gan daşyna akyp çykýar. Içki gan akmalarda, gan bedeniň içki boşluklaryna ýa-da agzanyň içinde ýygnanýar.

Gan akmalar netijesinde, bedende umumy aýlanýan ganyň mukdary peselip, ýürek-damar  ulgamynyň işi, agzalaryň (esasan hem beýni, bagyr we böwrek) kislorod bilen üpjünçiligi peselýändir. Uzak we gaty gan akmalar gan azlygyň (anemiýa) dürli derejelerine getirip biler. Gan ýitirmelere  uýgunlaşmasy pes bolan çagalarda we gartaşan adamlarda ýüze çykýan gan akma has hem howplydyr. Aýallara garanyňda, erkek adamlar gan akmany agyr geçirýändir.

 
( 4 Ses Berme )

Bedeniň haýsy hem bolsa bir agzasynyň sowuk almasy pes temperaturanyň täsiri netijesinde ýüze çykýar. Köplenç beden agzalarynyň sowuk almasy, gyş wagty,  -10 gr.C.we -20 gr.C. temperatura aralygynda ýüze çykýar.

Jaýyň daşynda uzak bolnanda, güýçli ýelli we çygly howada, sowuk alma ýaz we güýz aýlary noldan ýokary temperaturada hem bolup biler.

Meteorologiki faktorlardan başga-da, sowuk alma dar we çyg eşik ýa-da aýakgap, fiziki ýadawlylyk, açlyk, uzak wagt bir ýagdaýda oturma, bedeniň geçirilen kesellerden soň gurpdan gaçmagy, aýagyň derlemegi, çilimkeşlik, aýagyň damarlarynyň dowamly keselleri, gan akma bilen utgaşýan mehaniki şikeslenmeler, serhoşlyk getirip biler.

 
( 3 Ses Berme )

Pajygaly ýagdaýa düşüp, janyna howp abanýan adama kömek bermegi başarmak – jemgyýetiň ösenliginiň alamatydyr. Aslynda näsagyň ýanynda bolan her bir adam reanimasion (janlandyrma) çäreleri geçirmegi başarmalydyr.

Dem alyşyň we gan aýlanşygynyň duýdansyz kesilmegi ýüze çykanda, halas ediji çäreleri dogry we çalt geçirmelidir. Bu ýerde wagt sekuntlarda ölçelýändir. Teoretiki taýdan, adamyň ýüregi durandan soň, ony 4-5 minudyň dowamynda janlandyryp bolýar.