Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi? Umumy LUKMANLARYŇ HUKUKLARY. WAJYP SORAGLARA JOGAPLAR.
( 42 Ses Berme )

"...Bir gezek men saglyk öýünde maşgala lukmanyň kabul edişligine nobata garaşyp otyrkam, ýaramaz wakanyň şaýady boldum. Meniň pikirimçe, ol waka lukmanyň mertebesini peseldýän waka.

Bolup geçen zat şeýleräkdi: biziň maşgala lukmanymyzyň iş otagynyň gapysy birden zarply açyldy we ol ýerden gykylyklap, haýbat atyp bir aýal çykdy. Ol özüniň örän gowy tanyşlarynyň bardygyny, her hili ýagdaý bolsa hem tassyknamany hökman aljakdygyny, maşgala lukmanyň bolsa işden boşadyljakdygyny gygyryp aýdýardy.

Nobatym gelip iş otagyna girenimde, biziň maşgala lukmanymyzyň özüni ýitirip, aglap oturanyny gördüm. Men öz maşgala lukmanymyzy mähirli we päk ýürekli adam hökmünde tananymdan soň, biziň şeýle ýagdaýa duçar bolýan ak ýektaýly hünärmenlerimize ýürekden gynanýaryn. Galp netijeleri ýazyp bermekleri üçin olara zor salynýar, eger-de beýle etmekden ýüz döndürseler bolsa, özüne "men" diýip gaýşarýanlar olary kemsidýärler we göwünlerine degýärler.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda näme etmeli? Biziň maşgala lukmanymyza kömek edip bolarmyka? Biziň gödeklige gaýtawul berip bilmedik maşgala lukmanymyz diňe bir gowy adam bolman, eýsem ol köp ýyl işläp tejribe toplan ýokary derejeli hünärmen".

Selbi

Soňky döwürlerde biziň jemgyýetimizde gymmatlyklar we garaýyşlar täzeden düýpli derňelip başlanýar. Adamlaryň köpüsi "Näme gowy we näme ýaramaz?" diýen soraglardan baş çykaryp bilmeýärler. Elbetde, adamyň düşen ýagdaýyna duýgur Selbiniň (oňa uly sag bolsun aýtmak gerek), "özüne göwni ýetýän daýzanyň" özüni şeýle alyp barşyny beýan edýän wakasy diňe ýazgarylman, eýsem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jeza berilýän ýagdaýdyr. Geliň, "Lukmanyň hukuklary barmy?", eger-de "hawa" diýip jogap bersek, "onda nähili hukuklary bar?" diýen soraga jogap bereliň.

Elbetde, öz döwletiniň raýatlary hökmünde saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň Konstitusiýada, kanunlarda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryş-hukuk namalarynda berkidilen hukuklary bar. Olar lukmanlaryň hukuklaryny, meselem, ýaşaýşa, bilime... we başga hukuklaryny kepillendirýär. Lukman – ol hem adam!

Emma lukmanlaryň hukuklary, olaryň hünärmenlik borçlary ýaly hem, aýratyndyr: lukmançylyk ýeňil bolmadyk we peýdaly, käbir ýagdaýda gahrymançylykly kärdir. Biz ak ýektaýly adamlara diňe öz saglygymyzy däl, eýsem öz ýakynlarymyzyň saglygyny, käbir ýagdaýlarda ömrümizi ynanýarys. Gerek bolan ýagdaýda, olar hemme töwekgelçiliklere we howplulyklara garamazdan, özlerine zyýan bolsa-da, öz lukmançylyk borçlaryny ýerine ýetitýärler. Muňa garamazdan, biziň jemgyýetimizde soňky döwürde şu käriň mertebesi peseldilýär. Biz köplenç pes düşünjeli adamlaryň: "lukman etmeli", "lukman borçly" diýen pikirini eşidýäris we görýäris, şunuň bilen birlikde "Hemme ýagdaýda we hemişe lukman etmelimi we borçlumy?" diýen soragyň üstünde pikirlenýäris. Näsagyň lukmandan onuň iş wagtyndan ýa-da belet bolmadyk meselesinden daşary bir zady talap etmekligi dogrumyka? Dogrusyny aýtsam, lukman iş ýüzünde hemişe kişi göwnüni görýän (altruist) adam bolmaly bolýar. Meselem, maşgala lukmanlary (6 ýyl okanyndan soň, ortaça 1 500 manat aýlykly) saglygy goraýyş ulgamynda ilata lukmançylyk kömegini berýän esasy we köp sanly topardyr. Köplenç ýagdaýda özüňe berkidilen meýdançanyň näsaglaryna, çagalara, ýaşululara iş wagty tamamlanandan soň hem, gijäniň ýaryna çenli kömek edýär. Käwagt baýramçylyk ýa-da dynç alyş güni näsaglar diňe jaň edip, telefonda maslahat soraman, eýsem lukmanyň öýüne gelip lukmançylyk kömegini soraýarlar. Ine şeýle ýagdaý, meselem, maşgala lukmany Jamal Satlykowanyň hem tejribesinde gabat gelýär.

"Men lukmançylyk institutyny tamamlap, on ýyldan gowrak maşgala lukmany bolup işleýärin we köplenç ýagdaýda häli-şindi saglyk goraýyş işgärlerine öz näsaglary tarapyndan ýeterlikli derejede adalatsyz, käbir ýagdaýlarda özlerini haýasyz alyp barýandyklaryny görýärin. Ine, mysal üçin, soňky waka: dynç alyş güni agşamara meniň ýoldaşymyň doglan gününi belläp otyrkak, agşamyň iň gyzgalaňly wagtynda meniň gözegçilik edýän meýdançamdan bir näsagym öýüme gelip, onuň garnynyň agyrýanlygy sebäpli, oňa seretmekligi talap etdi. Sorag-jogap geçirilenden we oňa seredilenden hem-de ertesi gün saglyk öýünde degerli barlaglaryň netijesi alnandan soň, gorkuly zadyň ýokdugy ýüze çykaryldy. Bu ýagdaý şu näsag we başga näsaglar bilen birinji gezek bolup geçmändi. Men olara saglyk öýünde kabul edişligiň tertibiniň bardygyny, şeýle ýagdaý ýüze çykanda tiz kömek gullugynyň işleýändigini we oňa ýüz tutup bolýandygyny düşündirjek boldum, emma olar öz diýenini edýärler we arza-şikaýat ýazjakdyklary bilen gorkuzjak bolýarlar. Men birnäçe gezek öz ýolbaşçylaryma ýüz tutdum, emma olar gykylyk-galmagaldan çekinip, menden we başga lukmanlardan şol näsaglaryň haýyşlaryny kanagatlandyrmagy soraýarlar. Men, elbetde, şeýle ýagdaýyň adamyň saglygy bilen baglydygyna düşünjek bolýaryn, ýöne esassyz zat üçin edilende, hiç bir adam oňa çydamaýar. Meniň adamym ýeterlik dereje rehimli adam, emma şol wakadan soň, biziň maşgalamyzda, şol sanda çagalarymyň arasynda hem aragatnaşygymyz biraz çat açdy. Häzirki ýagdaýda maňa çagalarymyň we “lukman-näsag” gatnaşyklaryny öz içine alýan işiň arasynda zerur bolan deňagramlylygy tapmak örän kyn..."

Özüne göwni ýetýän daýzanyň lukmanyň göwnüne degen we mertebesini peselden wakasyna gaýdyp gelenimizde, Türkmenistanyň kanunçylygy saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň namysyny we mertebesini goraýar, olaryň hünärmenlik we durmuş hukuklary kanun tarapyndan goralýar. Eger-de ýokarda gürrüň edilen wakany göz öňünde tutsak, lukman öz ýolbaşçysyna ýüzlenip, iň azyndan onuň göwnüne degen şahsdan ötünç soramaklygyny talap edip we şol adama hyzmat etmeklikden boýun gaçyryp biler. Ondan başga-da, lukman şeýle ýagdaýda ruhy taýdan zyýan we kemsitmeleri ýetiren, şeýle hem kanuny däl resminamany (biziň wakamyzda bu tassyknama) bermeklige mejbur edýän adamyny (günälini) administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekip biler.

Lukmanyň näsaga seretmeklikden boýun gaçyrmak hukugy barmy?

Türkmenistanyň kanunçylygynda bu lukmanyň aýratyn hukugy hökmünde ýazylmandyr. Emma etika we deontologiýa kadalara görä, eger-de lukman özüniň ýeterlik derejede başy çykmaýan meselesi, biliminiň we ukybynyň ýetmeýänligine ynanýan, şeýle hem lukman bilen näsagyň arasynda zerur bolan özara ynam bolmasa, bu Lukmanyň Kasamyna garşy bolmaýandygy sebäpli, ol näsaga kömek etmekden boýun gaçyrsa bolýar. Mysal üçin, 30 ýyl bir kemsiz işlän diş lukmany Tawus Baýramowanyň ýagdaýyndaky ýaly.

"Men işimi örän söýýärin, şunça ýylyň dowamynda ýekeje näsag hem maňa minnetdarlyk sözlerini aýtman giden ýeri ýok. Ynha, meniň tejribämbe şeýle bir waka boldy: men näsaga kömek etmekden boýun gaçyrmaga mejbur boldum, men häzire çenli hem ýüregim gyýylýar. Bir gezek iş wagtynda Stomatologik merkeze, meniň kabul edýän otagyma bir näsag geldi, öň ol meniň ene-atamyň goňşusydy, meniň enem-atam bilen onuň arasynda gapma-garşylykly ýagdaýy bolup geçipdi. Şonda şu erkek adam meniň kakamy urupdy we meniň enem-atam kazyýetiň üsti bilen öz hukuklaryny goramaly bolupdylar. Haçanda men ol adamyny görenimde, oňa bolan ýigrenç hem-de kakamy şeýle ýagdaýa salanlygy zerarly, mende galan kine öz lukmançylyk borjumy ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermedi.

Men näsaga lukmançylyk kömegini bermezlik kararyna geldim we müdürime ýüz tutup, bolan ýagdaýyň hemmesini düşündirdim. Müdürimiz meniň haýyşymy kanagatlandyrdy..."

Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky" kanunda aşakdakylar göz öňünde tutulan: "Bejeriji lukman öz görkezmeleriniň ýa-da bejeriş-öňüni alyş edarasynyň içerki düzgün-tertip kadalarynyň näsag tarapyndan birnäçe sapar berjaý edilmeýän halatlarynda, eger-de bu näsagyň janyna we daş-töweregindäkilere howp salmaýan bolsa, bejeriş öňüni alyş edarasynyň degişli wezipeli adamy bilen ylalaşyp, näsaga gözegçilik etmekden we bejermekden boýun gaçyryp biler". (58-nji madda)

Saglygy goraýyş babatynda gatnaşyklary tertipleşdirýän kadalaşdyryş-hukuk namalaryň arasyndakylaryň içinde esasy Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak" hakynda Kanunyna laýyklykda saglygy goraýyş işgärleri gaýry hukuklarynyň arasynda:

► zähmeti goramagyň talaplaryna laýyklykda olaryň iş şertlerini üpjün etmek;

hünäriniň kämillik derejelerini almak;

hünär bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek;

iş berijileriň hasabyna hünär taýýarlygyny (gaýtadan taýýarlygy) geçmek;

öz hünärmenlik borçlarynyň wyždansyz (harsal) ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly bolmadyk hünär ýalňyşlygy netijesinde raýatyň saglygyna zyýan ýa-da zeper ýetirilende hünär ýalňyşyny ätiýaçlandyrmak.

Şu hukuklar saglygy goraýyş işgärlerine zähmet şertlerine laýyk gelýän kadalaryny we standartlaryny, şol sanda dynç almaga, zähmet tölegine bolan hukugy kepillendirýär, şeýle hem başga kadalaşdyryş-hukuk namalarynda, hususan Zähmet hakynda Kodeksinde we başgalarda berkidilen soňraky hünärmenlik ösüşi hem berkidilen.

Belli bir ýagdaýlarda lukmanlar öz hukuklaryny goramak kepillerini talap etmeli. Bir gezek şeýle bir ýagdaý boldy. Öýe çagyrylan lukman garaňky, çyrasy ýanmaýan podýezde girende, neşekeşlere gabat geýär. Olar ony urup, elindäki dermanly torbasyny alyp gaçýarlar. Netijede, lukmany öýe çagyrma ýalan bolup çykdy, lukmanyň özi zyýan çekdi, derman gözläp ýören, günäli neşekeşleri bolsa tapmadylar. Şeýle ýagdaýlarda lukmanlar öz hukuklarynyň kepillendirilmegini we ýitirilen zyýanyň öwezini dolmaklygy, şeýle hem saglygy goraýyş edarasynyň ýolbaşçylary bilen ýerli häkimiýetden podýezdleriň ýagty, yşyklandyryjylaryň işledilmegini, ýollaryň howpsuz bolmagyny talap etmeli.

Ýogsa-da, şeýle ýagdaýlarda jemgyýeti, kärdeşler arkalaşyklary işe çekmek gerek. Şuňa-da lukmanlaryň hukugy bar: "...saglygy goraýyş işgärleri öz hukuklaryny goramak, saglygy goraýyş we melhemçilik tejribesini ösdürmek, ylmy barlaglara ýardam etmek hem-de gaýry meseleleri çözmek üçin meýletin esasda hünärmen birleşiklerini döretmäge hukuklydyrlar". (Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" Kanuny, 63-nji madda)

Adaty bolmadyk ýagdaýlarda, tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin saglygy goraýyş işgärleriniň syrkawy ýakynda ýerleşýän bejeriş-öňüni alyş edarasyna getirmek üçin kärhanalara, guramalara, şeýle hem raýatlara degişli aragatnaşyk serişdelerini, islendik görnüşdäki ulagy päsgelçiliksiz peýdalanmaga hukugy bardyr.

Çagasy bolandan soň biziň näsagymyzyň ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşýardy, oba saglyk öýümiziň feldşeri näsagy ýokary derejeli kömegi bermek üçin şähere hassahana äkitmeklik kararyny kabul edýär. Biz näsagy öz tiz kömek maşynymyza mündürip, şähere ugradyk. Bu ýagdaý güýzde bolupdy. Ýollary suw alypdy, näme-de bolsa bize gara ýola çykmak başartdy. Emma şol wagt biziň awtoulagymyz durdy, el telefonymyz işlemedi (hyzmat ediş çäginden daşarydy). Bizi gorky gurşap aldy, näme etjegimizi bilmedik. Men awtoulagy bejerjek bolup jan etdim, ýöne edip bilmedim. Soňra näsagy äkitmek üçin başga ulagy saklajak bolduk. Feldşer ikimiz elimizden gelenini etdik, muňa garamazdan näsagy halas etmek başartmady. Sebäbi hiç kum maşynyny saklamady... Biz ony hassahana äkidip ýetişmedik...

Sürüji Baýram, 42 ýaş

Şonuň üçin eger-de siz ýol-ulag hadysasynyň (YUH) ýa-da başga adaty bolmadyk ýagdaýyň gatnaşyjysy ýa-da şaýady bolsaňyz we sizden saglygy goraýyş işgäri ýardam etmegiňizi haýyş etse, "ýok" diýip jogap bermäkäňiz, meseläniň ýuridik tarapy, elbetde, ýönekeý duýgudaşlyk we rehimlilik barada pikirleniň. Biz köp halatlarda ýolda sürüjileriň yşyklandyryjy ýa-da ses signally gelýän tiz kömek maşynlaryny geçirmeýändikleriniň şaýady bolýarys. Käwaht ÝUH-niň gatnaşyjysy tiz kömek maşynlary hem bolýar, sebäbi gödek sürüjiler tiz kömek maşynyny goýbermeýärler ýa-da öňüni "kesýärler"! "Ýörite belgili tiz saglygy goraýyş kömeginiň gullugynyň awtoulagy hereket etmegiň Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenilen artykmaçlyklaryndan peýdalanýar". (Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" Kanuny, 36-njy madda)

Lukmanyň näsagyň razylygy bolmazdan saglygy goraýyş kömegini bermäge hukugy barmy?

Hawa, Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" Kanunyna laýyklykda "...raýatlaryň (kanuny wekilleriň) razylygy bolmazdan saglygy goraýyş kömegini bermäge töweregindäkiler üçin howp döredýän kesellerden ejir çekýän, agyr ruhy bozulmalardan ejir çekýän adamlara, şeýle hem jemgyýetçilik howply etmişleri eden adamlara" kömek bermäge ýol berilýär. (28-nji madda)

Elbetde, biziň jemgyýetimizde özüni gowy görýän, diňe özi hakynda pikir edýän, tiz kömege çagyrlanda gijä galýan ýa-da iş wagtynda gybata gyzyp, wagtynda näsaga seretmäge ýetişmeýän lukmanlara hem gabat gelinýär. Ondan başga-da "telekeçi" lukmanlar hem gabat gelip, olar öz maddy peýdasyny ýatdan çykarmaýarlar... Şeýle hem bu hünärde örän agyr netijelere getirýän lukman ýalňyşlyklary hem bolýar. Başga hünärlerde hem şunuň ýaly hünärmenlik ýalňyşlyklary duş gelýär. Mysal üçin, taksi sürüjisi müşderiň islegini ýerine ýetirip, maşyny ýokary tizlikde sürýär we ÝUH düşýär. Şu ýalňyş edilen hereket üçin şol müşderiniň özi agyr ýagdaýa düşýär. Ýene bir mysal. Suw geçiriji ussa arzan, hili pes suw garyşdyryjyny goýýar we onuň ulanylmagy müşderiň endamynyň gyzgyn suwa ýanmagyna getirýär... Halkda aýdylyşy ýaly, bu durmuş, islendik hünärde-de şunuň ýaly meseleler ýüze çykýar.

Muňa garamazdan, saglygy goraýyş ulgamynda hünär derejesi pes bolanlaryň sany ujypsyzdyr, emma näsaga lukmançylyk kömegi ýaramaz berilse, onuň ýolunda hünär derejesi pes bolan lukman gabat gelse, näsagyň ýokary hilli lukmançylyk kömegini almagy üçin öz hukugyny gorap bilmegi gerek. Hünärinden başy çykmaýan we näsaga zyýan ýetiren ýa-da özüni gödek, utançsyz alyp baran lukmana temmi berilmelidir. Onuň üçin ýokarda duran edaralara we şol meselede kömek edip biljek hukuk goraýjy edaralara ýuz tutmalydyr we geljekde şeýle ýagdaýdan özüňi we başga adamlary goramalydyr.

Şol bir wagtyň özünde saglygy goraýyş işgärini hormatlamaly we olaryň ýeňil bolmadyk we adamlara zerur bolan zähmetine düşünmeli. Bu demokratik jemgyýetiniň kanuny – ÖZ HUKUGYŇY GORAMAK ÜÇIN, BAŞGALARYŇ, şol sanda LUKMANLARYŇ HUKUGYNY HEM HORMATLAMALYDYR!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Tekeli. 2016-06-23 00:27
Lukmanlaryň saglyk üçin edýän aladalaryna, näsaglara bolan alada höküminde garamagy ýola goýmaly. Adamlarda ösüp barýan merkantil düşünjeler bir hili bu zatlary bulaşdyryp barýar.
Sitata
 
 
#9 Şirin. 2016-01-14 23:32
Lukmançylygy halk üçin mugt ýa-da elýeterli etmeseň, ýagdaýlar oňat tarapa üýtgemez. Şonuň üçin esasy uly döwlet aladasy gerek.
Sitata
 
 
#8 Okyjy. 2015-11-01 23:52
Lukmançylyk okuwlary örän ýaramaz, pes alynyp barylýar. Şeýlelikde gowy lukmanlara garaşyp bolarmy. Hemme zadyň hasaby içinde ahyryn.
Sitata
 
 
#7 Ýalkap. 2015-09-04 00:07
Lukmanlar bilen hususy kärhanada ýa-da döwlet hassahanasynda işleýän bolsun, wagtal-wagtal lukmançylyk deontologiýasy hakynda degerli, düşünjeli gürrüňler geçirmeli. Sebäbi käbir şepagat uýalary we lukmanlar ýüz tutan näsaglary "gassaplar" ýaly garşylaýarlar.
Sitata
 
 
#6 Goja lukman. 2015-08-05 00:15
Men pensiýada ýaşaýan lukman. Işiňde dogrymy aýtsam, az bolsada iki aýakly haýwanlara duşmaly bolýar. Olara kömek etmek seniň saýlan käriň boýunça borjuň. Sebäbi sen sagat ýa-da telewizor ussasy däl ahyryn.
Sitata
 
 
#5 Okyjy. 2015-06-18 21:18
Bizde iki ýagdaýda bir hili deň gözde garalýar. Ýol hereketinde göz görtele pyýada günäkär bolsada sürüji günäkär edilýär. Lukmançylykda hem näsag sözi we hereketi bilen kemsidiji bolsada köplenç lukman ýazgarylýar. Bular örän oňuşyksyz ýagdaýlarda.
Sitata
 
 
#4 ogulgurban 2015-06-02 16:13
Lukmancylyk karinin abrayy elbetde sonky dowur pese gacdy. Yone munun esasy sebapkarlerinin biri lukmanlaryn ozleri. Su dowurde hemme lukmana janyny ynanasyn hem gelenok.
Yone hemmesini birayakdan surmeli hem dal. Öran seyrek hem bolsa oz isini bilyan, eli yenil adamkarcilikli lukmanlar bar. Solar yaly lukmanlaryn sany kopelewersin.
Sitata
 
 
#3 Gulam. 2015-05-30 01:13
Köp ýyllardan bäri lukmançylygyň tölegli bolmagy iki tarapdan, ýagny kemsidilýän lukmanlaryň sanyny hemde az gazançly olara hormaty bolmadyk adamlaryň sanyny artdyrdy
Sitata
 
 
#2 Amanly. 2015-05-24 23:05
Adamzat üçin iň gerekli we jgapkärli hünäriň eýeleri bolan lukmanlar gadym zamanlardan bäri uly hormata mynasyp bolupdyrlar. Soňky döwürlerde olaryň haýsyda bolsa bir sebäplere görä kemsidilmekleri olaryň öz kärlerini alyp barmakda gowşaklygy, şonuň bilen adamlaryň olara bolan hormatynyň peselmegi bilen düşündirse bolar. Nebsimiz agyrsada öz kärine ezber lumanlaryň az dädigine garamazdan olaryň hannaslar tarapyndan kemsidilýändigi lapyňy keç edýär.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-05-23 02:31
Başga ýurtlarda lukmançylyk käri iň abraýly kärleriň biri hasaplanýar. Edil häzirä bizde lukmançylyk käriniň abraýy gaty aşak gaçdy.Sebäbi hem lukmanlaryň düzgüne görä işläp bilmezligi. Emeldarlaryň ýokardan basyş arkaly talap edýän galp işlerini položitel çözdürilýänligi. Abraýy dikeltjek bolsaň adamkärçilikli, öz käriniň ussady, ýokary derejeli hünärmen bolumak bilen, basyşsyz düzgün boýunça işlemek diýip hasaplaýaryn.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele