Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi? Umumy AÝALLARA GARŞY ZULUMÇYLYK WE "TÜRKMENÇILIK" – HUKUK ÝAGDAÝLARY
( 31 Ses Berme )

Bu eýýäm birinji gezek däldi. Urgulara çydap bilmän aglaýan Marala: "Näme üçin maňa durmuşa çykdyň? Meniň başga aýalym, çagalarym bar. Gözüm seni görmesin" diýip gaharly gygyrýan Myrada, hatda ejesi bilen kakasy hem garşylyk görkezmeýärdiler, garşylyk görkezjek hem bolmaýardylar. Myrat bilen Maralyň durmuş guranyna ýaňy bir ýyl bolupdy. Olaryň gyz bäbejigi hem doguldy. Emma bu bir ýyl Maral üçin dowzaha öwrüldi. Myrat ony günde diýen ýaly urýardy. "Äriň ikinji hudaýyňdyr" diýen düşünje bilen terbiýe alan Maral bolsa çydaýardy. Adamsynyň ony urýany barada hatda ene-atasyna hem aýtmaýardy. "Egerde Maralyň ejesi ony öýüne alyp gitmedik bolsa, bu öýden görgüliniň ölüsi çykardy" diýip, goňşulary habar berdiler.

Resmi däl maglumatlara görä, käbir maşgalalarda, ärleri aýallaryny urmakdan, kemsitmekden, gaýyn eneleri bolsa ýagdaýyny nazara almazdan göwreli gelinlerini işledip, hamylalyk dowründe gerekli ideg we alada bermän, zulum etmekden çekinenoklar. Aýallara garşy zulumyň bir näçe görnüşleri tapawutlandyrylýar. Bu makalada, maşgalada aýallara garşy zulum bildirilen halatynda näme çäreleriň görülmelidigi, haýsy edara-guramalara ýüz tutup, kömek soramalydygy we oňa degişli kanunçylyk hakynda gürrüň açylar.

Maşgalada aýallara garşy bildirilýän zulumyň görnüşleri:

► Fiziki zorluk – urgulardan, itmeden, bogmakdan, dişlemekden, saçyndan tutup süýremekden, ýakmakdan, beden şikeslenmeleri goýmakdan we ş.m. hereketlerden ybarat bolýar. Adatça bu ýagdaý, äri tarapyndan ejiz aýalynyň tenine ýetirilen şikeslenmeler bilen häsiýetlendirilýär. Netijede, döwülen süňkler, ýanyk, gözüň aşagynyň gan ýygnanyp gögermegi, açyk ýaralar, kellagyry, demgysma we ş.m. ýagdaýlar syn edilýär. Kähalatlarda, urgularyň maýyplyga, hatda ölüme getirip bilmegi hem mümkindir.

Söz bilen aýdylan zorluk – kemsitmelerden, gorkuzmakdan, özüni ýan ýoldaşyndan ýokary tutup haýbat atmakdan, mertebesini peseltmekden, äsgermezlikden we ş.m. ybarat bolýar. Netijede aýal maşgalanyň ruhy gamgynlykdan, ynamsyzlykdan, özüne we öz mümkinçiliklerine göwni ýetmezçilikden, ýekeçilikden, masgaraçylyk duýgusyndan, hemişe gorkuda ýaşamakdan ejir çekmegi mümkin.

Jynsy zorluk – aýalyň razyçylygy bolmazdan, jynsy gatnaşyklara zor bilen mejbur etmekden ybarat bolýar. Şeýle hadysany başdan geçiren aýal maşgalanyň ruhy gamgynlyga, geljekde jynsy gatnaşyklara bolan ýigrenje, islenilmedik göwrelilige, gorky we jynsy gatnaşyklar sebäpli geçýän kesellere sezewar bolmagy mümkin.

Psihologiki zorluk – özi aýratyn şekilde hem-de beýleki zorluklaryň netijeseinde emele gelýän zorlugyň görnüşi. Netijede hemişelik saklanýan gorky, özüni kemli duýmak, töwerek-daşdaky hadysalara dogry baha berip bilmezluk häsiýetleri döräp biler.

Ruhy zorluk – ruhy we ahlak islegleri gadagan etmek, medeni, dil bilen bagly, etniki we dini gymmatlyklaryň üstünden gülüp, äsgermezlik.

Ykdysady zorluk – aýaly ýaşaýyş üçin gerekli bolan çeşmelerinden, pul serişdelerinden mahrum etmekden ybaratdyr.

Aýallara garşy zulum hakynda kanunçylyk näme diýýär?

Maşgaladaky zorluga duçar bolýan pidalaryň zorluk edijilerini Jenaýat Kodeksindäki "Şahsyýete garşy jenaýatlar" atly umumy bölüminiň maddalary (statýa) boýunça jogapkärçilige çekip bolar (107, 108, 109, 111, 113, 116, 117, 119, 134, 136-njy maddalar). Netijede 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy göz öňüne tutulýar. Jeza ýetirilen şikesleriň derejesine görä kesgitlenilýär.

Gynansagam, jenaýat kodeksimizde aýallara garşy maşgaladaky zorlugy gadagan edýän aýratyn madda ýok. Bu barada aýratyn kanun hem ýok. Hatda Maşgala kodeksinde hem jenaýatyň bu görnüşi göz öňüne alynmandyr. Üstesine, "türkmençilige" mahsus bolan geçirimlilik we aýallara degişli edilýän "ahlak" kadalary, zorlugyň pidalaryna zorluk faktyny kabul etmäge we zorluk barada habar bermäge päsgel berýärler. Köplenç zorluk pidalary, ýagny aýallar, zorluk faktyny kabul edip, bu barada polisiýa habar bermekden çekinýärler. Olar jemgyýetçiligiň bu barada etjek gürrüňinden howatyr bolýarlar.

Aýallara garşy zulum/zorluk ýüze çykanda nirä ýüz tutmaly?

Egerde siz maşgalada zorluga ýa-da zuluma duçar bolan bolsaňyz, psihologlaryň we hukukçylaryň maslahatyny hem-de maddy we wagtlaýyn ýaşaýyş kömegini almak üçin Aşgabatda ýerleşýän "Keýik Okara" jemgyýetçilik guramasyna ýüz tutup bilersiňiz. Bu guramada gyssagly kömek berýän telefon hyzmaty işleýär (gynansagam, welaýatlarda entek şeýle guramalar ýok). Şeýle-de, goraglylyk we hukuk taýdan kömegi almak üçin ýerli polisiýa edaralaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Aýallara garşy zulum/zorluk ýüze çykanda näme etmeli?

Hünärmenleriň maslahat bermegine görä:

1. Ilki bilen zulum ýa-da zorluk ýetirýänden gaçyp gutulyň. Hammama ýa-da başga otaga geçip gapyny gulplaň. Eger çagalar bar bolsa, olary hem howpdan halas ediň. Eger gerek bolsa öýden çykyp gaçyň. Esasy maksat, zulum edýän adam köşeşip-sowaşýança ondan gaçyp gutulmakdyr.

2. Soňra polisiýa ýa-da aýallara kömek edýän jemgyýetçilik guramasyna ýüz tutuň. Olar ýagdaýa görä hukuk we psihologiki kömegi berýärler. Meselem, Aşgabatdaky "Keýik Okara" guramasynda ejir çeken aýallaryň ýaşamagy üçin ýörite gaçybatalgalar gurnalandyr.

3. Polisiýa ýüz tutulan halatynda, size garşy bildirilen zorluk barada ýörite arza ýazmak gerekdir. Polisiýada siziň arzaňyzy bellige alarlar. Gerek bolsa, ýetirilen şikesleriň derejesini kesgitlemek üçin lukmançylyk barlagy geçiriler. Egerde polisiýa birinji gezek arza ýazýan bolsaňyz, onda zulum edijä polisiýadan duýduryş ediler. Egerde zulum ediji size garşy ýene-de fiziki zorluk etse, onda oňa jerime salynar. Emmä üçünji arzadan soň, ol azatlykdan mahrum edilip bilner. Egerde zulum ediji arakhor ýa-da neşekeş bolsa, onda ony bejergi üçin ýöriteleşdirilen sagaldyş merkezlere ugradarlar.

4. Jemgyýetçilik guramalarynda psihologlar we hukukçylar kömek edýärler. Ýüze çykan ýagdaýa görä, hukukçy maslahat berip, degişli resminamalary taýýarlamakda kömek edip biler. Meselem, egerde aýaly adamsyndan aýrylmagy maksat edinen bolsa, emlägi bölmek boýunça, çagalara ideg, kömek puluny almak we ş.m. meseleler boýunça kanunçylyk esasynda maslahat berip biler. Psihologlar aýallary diňläp, olaryň ýagdaýyna görä, alan ruhy şikeslenmelerinden dynmaga we durmuşa bolan höweslenmäni täzeden döretmäge ýardam berip bilerler.

Türkmen gelin-gyzlary öz tebigaty boýunça mylaýym, geçirimli, takatly, ululara hormat goýýan, adamsyny sylaýan we ony alada bilen gurşap alyp, maşgala gymmatlyklaryny hemme zatdan ileri tutýan Zenanlardyr.

Eýsem, aýallara zulumyň bildirilmegi çagalara, maşgala ojagyna we maşgala bagtyna hyýanatçylyk edildigi dälmi näme?

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Güljan. 2015-04-15 02:29
Köp ýaş ata-eneler öz ogullaryny gopbamsy, lälik ösdürip, gelen geline ikinji derejeli adam höküminde garamaklary ýigit tarapyndan aýalyna bolan äsgermezçiligi döredýär. Soň "ýüp toýnakdan syrylyp" maşgalanyň dargamagyna getirýär.
Sitata
 
 
#6 Okyjy. 2015-04-04 00:00
Öňki döwürlerde diýip biljek däl, ýöne häzirki wagtda ýaş aýal gyzlaryň azatlygy öz peýdalaryna ulanyp bilmän azap çekip ýörmekleri uly mesele döredýär. Erkekleriň psihikasyna äsgermän, oňa düşünesi gelmeýän aýallar köp zorluga sezewar bolýarlar.
Sitata
 
 
#5 Zöhre. 2015-03-05 23:19
Zulum, zorlugy diňe söýgi ýeňip biler. Ol söýgi hem ikitaraplaýyn bolmaly. Ýeketaýly söýgi uzaga gitmän çagşamak bilen soňy nalajedeýin bolýar.
Sitata
 
 
#4 Okyjy. 2015-03-03 02:55
Aýallara zorluk jenaýat kodeksinde näçe maddalar ýazylan hem bolsa ol kagyz ýüzünde galýar. Türkmen aýallarynyň köpüsi "är aýalyň uruşy ýaz gününiň ýagyşy" diýen jümlä eýerip ýaşaýarlar. Türkmen aýallary çydamly, geçirimli, maşgalasynyň abraýy ugrunda çalyşýan öz guran "ojagyna" berilen hakyky Zenanlar. Olaryň köpüsi "erkek eşekdirdä" diýen prinsip bilen ýaşaýarlar.
Sitata
 
 
#3 Selim. 2015-02-24 02:04
Zorluk, zulum edibem aýal bilen ýaşap bolarmy. Öz durky we gany bilen sadist bolan erkekden sen nämä ýaraşýarsyň. Olar aýal-gyzlaryň betbagtlygy üçin şu dünýä gelen ýalylar.
Sitata
 
 
#2 Gerçek 2015-02-15 10:12
Şu meselede haýsy goh-galmagal ýa-da başga bir mesele bolanda hem erkekleriňkini dogry saýyp zenan maşgaladan günäni gözlemeklik indi biziň aňymyza ornaşypdyr ony üýtgedip bolarmyka?
Sitata
 
 
#1 Maksat. 2015-02-12 01:26
Aýal-gyzlara bolan zulum Adam bilen Ýewanyň arasynda bolmadyk bolaýmasa olardan soň ýüze çykan aýlyganç zat bolanlygyndan şu döwre çenli dowam edýär. Onuň esasy sebäbi erkekleriň ýaşlygyndan uly ýalňyşlyk bilen eldeki däl ýyrtyjy haýwan ýaly terbiýelenmegi diýip düşünäýmeli.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele