Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi? Umumy AÝALLAR WE HUKUK: JYNSY TAÝDAN ERJEŞME NÄME?
( 40 Ses Berme )

Aýallara zulum edilmegine garşy göreşmegiň Halkara güni 1981-nji ýylyň 25-nji noýabrynda syýasy işjeň zenanlar tarapyndan bellenilip başlandy we 1999-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan Halkara güni diýlip yglan edildi. Bu bellenilýän Halkara günüň dowamynda BMG-nyň Baş Assambleýasy halkara guramalara we hökümetlere degişli bolmadyk guramalara aýallara zulum edilmegine garşy göreş babatda iş çärelerini geçirmegi teklip etdi. Şeýle bolsa-da, käbir alymlaryň geçiren derňemeleriniň esasynda, dünýäde aýallara garşy zorluk edilmesi, maşgalada erkek bilen aýalyň arasyndaky deňsizlik, aýallary jynsy gatnaşyklara mejbur edýän zorluk, erkek oglanlar tarapyndan jynsy gatnaşyk etmek maksady bilen edilýän hereketler we kemsitmeler ýyllaryň geçmegi bilen käbir ýurtlarda kemelsede, käbir ýurtlarda artýar.

IŞ ÝERINDE ÝÜZE ÇYKÝAN KEMSITMELER

Adatça iş ýerinde ýüze çykýan kemsitmeleriň pidalary gelin-gyzlar bolup durýarlar. Emma kähalatlarda oglanlaram bu kemsitmelere öz başlyklary tarapyndan sezewar edilip bilnerler. Size gönükdirilen gödek degişmeler, edepsiz şorta sözleri aýdyp bermeler, uzak wagtlap gözüni aýyrman seretmeler ýa-da siz tarapa aýratyn üns bermeler kemsitme höküminde kesgitlenilýär. Gynansakda, heniz Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynda bu kesgitlemä garşy degişli jogapkärçiligiň bellenmändigi sebäpli, iş ýerinde bolup geçýän kemsitmeler adama ahlaklylyk tarapdan zelel ýetirip, adamynyň ruhy dünýäsine zyýan ýetirip biler. Şonuň üçin hem, iş bilen üpjün edýän ýolbaşçynyň kompaniýadaky we gol astyndaky işgärleriň özüni alyp barşyna üns bermegi we olardan düzgün-tertip babatda jogapkärçiligi talap etmegi hökmanydyr. Aýal-gyzlar iş ýerlerinde bolgusyz suwjuk kemsitmeler bilen ýüzbe-ýüz bolsalar, hökmany ýagdaýda ýolbaşçylara habar bermelidir we olaryň mertebesini peseldýän hereketlere garşy çäre görmeklerini talap etmelidir.

JYNSY TAÝDAN ERJEŞME NÄME?

Gorkuzma, masgaralama ýa-da jynsy hereketlere mejbur etme, şonuň ýaly hem, sylag-wadalaryň ýerine jynsy hyzmatlary talap etmek, kähalatda dilden ýa-da fiziki hereketleri amala aşyrma:gujaklama, sypalama, ilteşme, zorlama maksady bilen hüjüm etme – jynsy erjeşme häsiýetli yzarlamalardyr. Aýal-gyzlar bu hereketlere ýa-da kemsitmelere, köplenç iş ýerlerinde kärdeşleri, başlyklary we müşderleri tarapyndan we jemgyýetçilik awtoulaglarynda nätanyş erkekler tarapyndan duçar bolýarlar. Kähalatlarda, käbir gelin gyzlar öz öýlerinde daşgyn garyndaşlary ýa-da goňşylary tarapyndan hem bu kemsitmelere sezewar edilýärler.

Jynsy erjeşmelik köplenç aýal maşgalada gorky döredip, uzak wagtlyk psihologiki sarsgynlylygy galdyryp biler. Gynansakda, käbir gelin-gyzlar iş ýerinde ýa-da öýde bolup geçen kemsitmelere garşy öz arza-şikaýatlaryny başlyklaryna bermeýärler. Olaryň köpüsi özlerini günäkär hasap edip utansalar we mälim bolmakdan çekinseler, birnäçeleri kärdeşleriniň ýa-da ýolbaşçylarynyň olara ynanmazlyklaryndan we özleriniň ýazgarylmagyndan heder edýärler.

JYNSY TAÝDAN ERJEŞMÄNI NÄHILI MÄLIM ETMELI?

► Bolup geçen ähli hadysalary, maglumatlary ýazyp belläň. Haçan we nähili bolup geçendigini, kimiň gatnaşandygyny, kimiň näme diýendigi ýa-da edendigi barada ýazyp belläň.

Her bir bolup geçen fiziki we emosional çaknyşyk barada ýolbaşçylara hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň wekillerine habar beriň we habar berendigiňiz baradaky ýazmaça delilnama olaryň gol çekmeklerini talap ediň.

Iş ýerinde aýal maşgalanyň sezewar bolan kemsidilmeleri we jynsy taýdan erjeşmeler jenaýatçylygy baradaky ýazan arzasy.

Eger-de jynsy erjeşmelik zorluga öwrülýän bolsa, onda siziň indiki etmeli zerur hereketleriňiz :

Hukuk goraýjy edaralara we lukmançylyk derňewi üçin arzany bermegiň düzgünleri:

1. Polisiýa baryp arzaňyzy kabul etmeklerini talap ediň. Eger-de polisiýa işgärleri siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirmekden boýun gaçyrsalar, onda olaryň ýolbaşçylaryna ýüz tutuň.

2. Hukukçyň maslahatyny almaga çalşyň, has dogrusy, öz hukuklaryňyzy bilmek üçin ýanyňyz bilen aklawjyňyzy (adwokat) alyp baryň.

3. Eger-de siziň meseläňiz polisiýada çözülmese, onda prokuratura ýüz tutuň.

4. Zerur ýagdaýda lukmançylyk derňewini geçirmek üçin aýal lukmanyna (ginekologa) ýüz tutuň we beriljek netijede hemme maglumatlary ýazdyryň. Ondan başga-da, jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokanç kesellerine özüňizi barladyň.

5. Jynsy zorluga sezewar bolanyňyzdan soň hiç zady arassalamaň, ýuwunmaň ýa-da eşikleriňizi çalyşmaň. Sebäbi jebir çekeniň eşiginde ýa-da endamynda gerekli bolan delilleri tapyp bolýar.

6. Polisiýa ýa-da lukmanlara ýüzlenmezden öň iýip-içmäň, sebäbi şunuň bilen gerekli delilleri ýitirip bilersiňiz.

7. Eger-de jenaýatyň günäkäri sizi gorkuzýan bolsa ýa-da arzaňyzyň yzyna alynmagy üçin pul hödürleýän bolsa, onda bada-bat polisiýa ýüz tutuň. Başarsaňyz bolýan gürrüňi diktofona ýa-da wideomagnitofona ýazyp alyň.

8. Ynamdar adamyňyzdan siz bilen kazyýete bile gitmegini haýyş ediň we prokurordan derňewleriň gizlin saklanmagyny talap ediň.

JYNSY TAÝDAN ERJEŞILMEGIŇ NETIJELERINDEN ÜSTÜN ÇYKMAK

Jebir çekenleriň köpüsi howsala düşüp bialaçlyk, gaharjaňlyk we ýekelik ýaly duýgulary başdan geçirýärler. Hadysadan soň jebir çekenleň köpüsi gozgan jenaýat işlerini ýapjak bolýarlar, çünki olar hemmelere mälim bolmakdan we öz işlerini ýitirmekden gorkýarlar. Olaryň köpüsi gamgynlylyk ýagdaýyna düçar bolup, özlerini günäkärlemäge başlaýarlar. SAKLANYŇ! Bu hadysanyň siziň bilen bolup geçenliginde siziň hiç hili günäňiz ýok. Şonuň üçin ýörite şeýle ýagdaýa düşen adamlar bilen işleme tejribesi bolan psihologlara kömek üçin ýüz tutuň.

JYNSY ERJEŞMELERDEN GAÇA DURMAK ÜÇIN ÖZÜŇI NÄHILI ALYP BARMALY?

Eger-de siz erkek adam bolsaňyz, onda aýal ýa-da gyz maşgala degmekden ýa-da eginlerine bigünä kakmadan, uzak durup el gysyşmagyň çäginden çykmaň. Elbetde şularyň hemmesi siziň gepleýiş äheňiňize hem degişlidir. Siziň işleýän edaraňyzdaky adamlaryň dürli milletleriň wekilidigi sebäpli, olaryň özlerini alyp barmak medeniýetiniň hem dürli-dürlidigini ýatdan çykarmaň.

Eger-de siz aýal ýa-da gyz maşgala bolsaňyz, onda geýinýän eşikleriňize, özüňizi alyp barşyňyza ýa-da gepleýşiňize üns berip, jynsy taýdan erjeşmeler bilen bagly hadysalardan gaça durup bilersiňiz. Eger-de siz işgärleriň arasynda biriniň eden ýa-da diýen jynsy erjeşmelerine garşy çäre görmän geçiren bolsaňyz, onda siziň geljekde hem şolar ýaly garaýşa duçar bolmagyňyz mümkindir. Esasy bilmeli zadyňyz, daş-töweregiňizdäki, esasan hem ýakyndan gatnaşýan adamlaryňyzyň özlerini kollektiwde nädip alyp barýandyklaryna üns bermelidir. Birden bir jynsy erjeşmeler bilen bagly waka düçar bolsaňyz, özüňiziň günäkär däldigiňizi subut etmek kyn düşer. Il arasynda "Ýigidi dostundan tana" ýa-da "Dosty dostundan tanarlar" diýen nakyllaryň bardygyny ýatda saklaň.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#18 Toýly. 2015-02-23 02:03
Öz ykdysady durmuşy ýa-da wezipesi üçin özüne erjeşme döredýän aýallara aýal diýip bolarmy? Olary diňe kanun ýazgarmaly.
Sitata
 
 
#17 Weli. 2015-02-10 14:19
Sütemä ret edýän, ýöne erjeşmeseň aýal-gyz utançlygyny aňsat aradan aýyrmarsyň. Bu tebigatyň düzgünimikä diýýärin.
Sitata
 
 
#16 Şeker. 2015-01-22 00:32
Aýal-gyzlaryň utanjaňlygam bir gowy zat, bolmasa köp erkekler paş bolunmak "keseline" ýolugardylar.
Sitata
 
 
#15 Bapba. 2015-01-10 00:40
Menä durmuşymdan aýtsam köp ýagdaýda aýallara piççiň atyp, erjeşseň özüni gereklenýärmikä diýip hondan bärsi bolýarlar Olaram dürli dürlidä.
Sitata
 
 
#14 Atsyz. 2014-12-31 01:44
Tesbirçi Ryba! Siz Musulman diýip hasap edýän adamlaryňyzyň hemmesi ahlak taýdan arassa diýip hasap edýärsiňizmi? Menä başga pikirde. Olar Musulmançylygy "baýdak" edinip etjeklerini edip ýörler. Köp Musulman ýerlerde dawa-jeň. Musulman bolsalar Hudaýy ýatlap dawa-jeňleri ýatyrsynlarda! Gaýtam tutaşdyrýarlar. Ahlak taýdanam bozgaklygam şolardan çykýar. Bu makalada täze ahlak açyşlygy ýok, biziň hiç birimiz ahlak açyşy edip hem bilmeris. Bu ýerde erjeşilenleriň özüni goramagyň ugurlary görkezilen.
Sitata
 
 
#13 ryba 2014-12-30 07:22
Bu sowalara meniň garaýşym Musulman bolmaly onyň şertlerine laýyklykda ýaşamaly we amal edip hak dini wagz etmeli bolany bes;Täze bir ahlak taýdan açyş edjek bolmak bidereklik
Sitata
 
 
#12 Mähri. 2014-12-29 23:21
Ýaramaz terbiýe we kanunlar gowşak ýerinde aýal-gyzlara bolan zorluk hasam artýar.
Sitata
 
 
#11 Nunna 2014-12-22 01:12
Hormatly Maral! Seniň meniň tesbirime ýazan pikiriň üçin sag bol diýýärin. Ýaş oglanyň gyza, gyzyň näz bilen oglana, uly erkek adamynyň oňat gören aýalyna, aýalyň näz-kereşme bilen erkege söýgüni bildirmegi erjeşme däl-de tebigatyň adama eçilen ajaýyp duýgusyny bildirmegi ahyryn. Oňat söýgüli aýaly bolan erkek ýa-da diýeli wepaly äri bolan aýala kadaly durmuşda mahsus däl. Meniň şu aýdanlarymyň bozulan ýagdaýy diňe haýwanlara we haýwan gylygynda ýaşaýan adamlara mahsusmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#10 Maral 2014-12-21 23:24
Quoting Nunna:
Oglan wagtynda öýlenmese, gyz öz wagtynda äre çykmasa erjeşme artar barar. Tebigatyň kanunlaryny äsgermelidä!


Nunna!Geliň bütün halk bolup bir fakty kabul edeli. Biz islesek islemesek şu döwürde türkmen ýaşlary öýlenmän, durmuşa çykmazdan jynsy gatnaşyklary başlaýarlar. "Men oýlenmedim, jemgyýetim maňa jynsy gatnaşyklary başlap bileňok diýär şonuň uçin men indi her bir gören aýala, gyza erjeşjek" diýmek bikanunçylyk!
Sitata
 
 
#9 Nunna 2014-12-21 00:20
Oglan wagtynda öýlenmese, gyz öz wagtynda äre çykmasa erjeşme artar barar. Tebigatyň kanunlaryny äsgermelidä!
Sitata
 
 
#8 yomut 2014-12-19 10:25
Dine yas oglanlar dal,uly yaslhly erkekler ahlaksyz esasanam. Ozunin gyzy yashyndaka habar gatyanlaram kan. Yash oglanlardan genem gorlup barlanok inda.
Sitata
 
 
#7 Ýigit 2014-12-11 08:16
“Ganjyk guýrugyny galdyrmasa, köpek yzyna eýermez” diýilsede käbir ýagdaýda erkekler erjeşen bolup galaýýar.
Sitata
 
 
#6 Pürli 2014-12-06 15:06
Her bir jemgyýetiň medeniýeti onuň aýallara bolan gatnaşygy bilen ölçenilýär. Emma biz türkmenlerde nebsimiz agyrsa-da köp babatda aýallara ikinji sortdaky adamlar ýaly seredilýär.
Sitata
 
 
#5 Gyz 2014-11-30 22:06
Oglanlar gyzlar bilen samsyk, suwjyk gürrüňleri etmäň, samsyk degişmaň! Her bir gyz, aýal bilen seksual gatnaşyklar bolup bilmez.Sizden haýyş etýärin!
Sitata
 
 
#4 okyjy 2014-11-26 08:06
Ýaş gelin-gyzlar şeýle kemsidýän sözlere, hereketlere köçeden barýarkalar, jemgyýetçilik ulaglarynyň üstünde, kä halatlarda iş ýerlerinde häli-şindi duçar bolýarlar. Ýöne ona köpleri bolmaly zat ýaly garaýarlar. Ay, "erkek eşekdirdä", "it üýrer, kerwen geçer" edýärler. Kä biri paýyş söwünç bilen jogabyny berýär.
Sitata
 
 
#3 Gyz 2014-11-25 23:39
Ýene bir gynandyrýan zat biziň uly ýaşly erkeklerimiz bu barada hiç hili düşünjeleri ÝOK. Olar edilmeli dal zatlaryň, hemmesini işlerinde, ofisda etýärler. Erkek oglanlar gören aýal gyzlaryňyzy eldejik bolup ýörmaň! Esasanam ofislerde...
Sitata
 
 
#2 Gyz 2014-11-25 23:35
Bu tema barada şeýle bir kän zat aýdylmaly. Medeniýetli oglan gyzy synlanda gyz bu barada duýonok, seksual objekt ýaly özçni duýanok. Bizde bolsa nejis, nejis sredýarler.
Sitata
 
 
#1 atsyz 2014-11-25 20:08
Beh, bizde şunuö ýaly zatlar barada açyk ýazylýandygy meni begendiýär. Ýone aýallarymyz elmydama özlerini günäkär duýarlar. Özleri hiç zat etmeselerem.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele