Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi? Umumy LUKMAN-NÄSAG GATNAŞYKLARY: NÄSAGYŇ HUKUKLARY
( 31 Ses Berme )

"...Meniň çagam syrkawlady. 5 ýaşly gyzymyň gyzgyny ýokarydy. Men näme etjegimi bilmän, maşgala lukmanyny çagyrmak üçin saglyk öýüne jaň etdim. Saglyk öýünden lukman çagyryşlaryň köplügi sebäpli, bu gün onuň baryp ýetişmejekdigini aýtdylar.

Çagany saglyk öýüne getirmeli boldy. Maşgala lukmany näsaglary kabul ediş wagtynda ýerinde ýokdy. Ýarawsyz çaga bilen lukmana garaşýan wagtymyzda, zalda tam süpüriji poly ýuwmak üçin birnäçe gezek aýagymyzy ýokary galdyrmagymyzy sorady.

Ahyrsoňy lukmanyň ýanyna bardyk, emma ony kosmetika serişdeleri has gyzyklandyrýardy (şol wagt onuň iş otagynda kosmetikany satýan aýal otyrdy). Kabul eden wagtynda ýarawsyz çaganyň biraz ynjyklyk edýändigi sebäpli lukman bize häli-şindi duýduryş berýärdi we çaga käýýeýärdi. Göwnüme bolmasa, lukmanyň bizden basymrak dynasy gelýärdimikä diýýärin, sebäbi bizi üns berip diňlemeýärdi, häli-şindi sözümizi bölýärdi. Lukman derman ýazyp bereninden soň biz öýe gaýdyp geldik.

Gije çaganyň özüni ýaramaz duýup başlandygy sebäpli biz "Tiz kömegi" çagyrmaly bolduk. Netijede, bizi öýken sowuklamasy, ýagny pnewmoniýa diýen kesel bilen hassahana iberdiler..."

Maral, 32 ýaş.

Şunuň ýaly ýagdaý biziň durmuşymyzda köp gabat gelýärmi? Eger siz saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan şeýle geleňsizlige we edepsizlige duçar bolan bolsaňyz näme edip bolarka? Köplenç biz saglygy goraýyş edaralaryna özümiziň we maşgala agzalarymyzyň, dogan-garyndaşlarymyzyň keselçiligi sebäpli ýüz tutup, aladalar bilen şeýle gatnaşyklary aňşyrmaga we seljerme bermäge hem ýetişemzok.

Näsag höküminde saglyk öýlerine we hassahanalara ýüz tutanymyzda, biziň nähili-de bolsa bir hukuklarymyz barmy we ol hukuklary nädip ulanyp bolýar? Hawa, bar! Türkmenistanda nasagyň saglygyny goramaga bolan hukugy milletine, aslyna, maddy we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy dünýägaraýşyna bagly bolmazdan döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

Haçan-da biz lukmançylyk kömegini sorap baranymyzda, lukmana ýa-da haýsy-da bolsa bir saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutan nasaga öwrülýäris. Özüňi dogry alyp barmak we sagalma ugrundaky çärelerde peýdaly netijeleri gazanmak üçin, her bir adamyň özüniň NÄSAG HUKUGYNY bilmegi hökmanydyr. Şeýle hem siziň ýüz tutan edaraňyzyň hususy ýa-da döwlet hassahanasydygyna garamazdan, NÄSAG HUKUGY saglygy goraýyş edarasynyň eýeçilik görnüşine bagly bolmazdan berjaý edilmelidir.

Şu makalanyň çäginde biz NÄSAG HUKUGYNYŇ göz öňüne tutýan umumy esasy ýörelgeleriniň üstünde durup geçesimiz gelýär. Şu ýörelgeler Bütündünýä Saglygy Goraýyş Assosiasiýasynyň lukmanlary tarapyndan 1980-nji ýylda hödürlenip, dünýaniň hemme ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlary tarapyndan ulanylýandyr. Şu düzgünleriň berjaý edilmegi adama daş-töwereginde we gös-göni özi bilen saglygy goraýyş edarasynyň arasyndaky gatnaşyga gözegçilik etmegiň binýat kepillerini berýändigi hemmeler tarapyndan makul edilendir.

Şeýlelikde, Türkmenistanda şu ýörelgeler "Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" Kanunda bellenen we olar öz içine şulary hem alýar:

► Saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan hormatly we ynsanperwerlikli garaýyş;

Bejerýän lukmany, şeýle hem anyklaýyş we bejeriş edarasyny saýlap almaga mümkinçilik bermek;

Barlag, bejerme we sanitariýa-arassaçylyk talaplaryna laýyk gelýän şertleri döretme;

Kesel sebäpli, lukmançylyk tarapyndan gatyşmaklyk netijesinde döreýän agyrylary ýeňilleşdirmek;

Türkmenistanyň daşynda barlag geçirmäge we özüni bejertmäge mümkinçilik bermek;

Lukmançylyk kömeginiň alynmagy, saglyk ýagdaýy, kesgitlenen kesel we gaýry maglumatlary gizlinlikde saklamak;

Lukmançylyk gatyşma erkin razylygyny bermek ýa-da ret etmek mümkinçiligini bermek.

Dini däp-dessurlary amal etmek üçin şert döretmek;

Nasagyň hukuklary we borçlary, onuň saglyk ýagdaýy hakynda maglumat bermek, näsagyň bähbidi üçin onuň saglygy barasyndaky maglumatyň berilmeli şahsyny saýlamak;

Näsagyň saglygyna zeper ýetirilen ýagdaýynda zyýanyň öwezini dolmak we başgalar.

Bize, näsag höküminde şu ýörelgeler näme berýärler? Birinji nobatda, olar saglyk öýündäki kiçi şepagat uýasyndan başlap, hassahananyň baş lukmanynyň eýermeli kadalaryny kesgitleýärler. Biz näsag höküminde, biziň hukuklarymyzyň berjaý edilmedik ýagdaýynda nämä garaşmalydygymyzy we nämäni talap etmelidigimizi bilmeli. Geliň, olaryň käbirleriniň üstünde jikme-jik durup geçeliň.

SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERI TARAPYNDAN HORMATLY WE YNSANPERWERLIKLI GARAÝYŞ.

Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri her näsaga şahs höküminde garap, onuň fiziki we psihologik taýdan gowşak ýerini aňlamalydygyny göz öňünde tutýar. Ynsanperwerlik näsagyň derdine, agyrysyna duýgudaşlyk bildirmekligi aňladýar.

Maralyň düşen ýagdaýynda onuň hukugy iki gezek – (1) kiçi şepagat uýasy tarapyndan, haçanda ol syrkaw çaga bilen oturan aýala azar berende we (2) lukman tarapyndan, näsagy kabul eden wagty ol kosmetika satyjy aýal bilen gürrüňleşip oturanda we häli-şindi syrkaw çaga duýduryş berende bozuldy.

BEJERÝÄN LUKMANY, ŞEÝLE HEM BEJERIŞ-ANYKLAÝYŞ EDARASYNY SAÝLAP ALMAGA MÜMKÜNÇILIK BERMEK.

Kanunçylyga laýyklykda bejerýän lukman näsagyň saýlamagy boýunça bellenilýär. Eger-de näsag bejeriji lukmany çalyşmaklygy talap edýän bolsa, bejeriş-öňüni alyş edarasynyň ýolbaşçysy başga lukmany saýlamakda ýardam bermelidir.

Maral bilen bolan waka gaýdyp geleliň. Ol öz çagasyny bejerýän lukmany çalşyp bilýärmi? Hawa, ol saglyk öýüniň ýolbaşçysyna şonuň ýaly haýyş bilen ýüz tutup, öz haýyşyny lukmanyň perwaýsyz garamagy ýa-da lukmanyň hünär derejesiniň pesligi sebäpli, netije berýän bejergini belläp bilmänligi bilen delillendirmelidir. Iş ýüzünde belli bir düzgünleriň bardygy hemmä aýan zat. Şolara laýyklykda bize ýaşaýan meýdançamyz boýunça bir lukmany belleýärler. Muňa garamazdan, bu ýagdaý bizi bejerýän lukmany saýlap almaga ýa-da çalyşmaga bolan mümkinçiligimizden mahrum etmeýär.

Geliň, näsagyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgäri bilen aragatnaşygynyň hukuk meselelerine degişli taraplaryny gowy düşünmek üçin biziň durmuşymyzdan bir wakany seljereliň.

...Goşun gulluga çagyrylmazdan öň, lukmançylyk barlagy döwründe lukmanlar Nuruda gepatit C keselini ýüze cykardylar. Nurynyň şol howply ýokanç keseliň nirede ýokuşandygyny yzarlap başlanlarynda, onuň öň hususy diş lukmanynda dişini bejerdendigini anykladylar. Barlaglar diş lukmanynyň ulanylan gurallary zyýansyzlandyrma düzgünlerini gödek bozandygyny aýan etdi.

Nuryny Mary şäheriniň hassahanasynda ýatyrdylar. Gije Nurynyň sag tarapynda güýçli agyrylar ýüze çykdy. Ol ýatyp bilmän şepagat uýasyndan agyrsyzlandyrýan sanjymy edip bermegini sorady. Şepagat uýasy syrkawa lukman tarapyndan bellenen dermanlaryň arasynda agyrsyzlandyryjy serişdeleriň ýokdugyny, nobatçy lukmanyň bolsa başga wajyp işler bilen meşgul bolýandygyny we hiç bir gorkuly zadyň ýokdugyny aýdyp, onuň biraz çydam etmegini sorady. Ertire çenli çydamaly boldy. Hassahanadaky bejergi netije bermänsoň, Nurynyň ene-atasy ony Aşgabada äkitmek barada hem pikir edip başladylar.

Bir aýdan soň bejerginiň degişli netijeleri bermändigi sebäpli, olar gaýtadan barlag geçmek we bejergi almak üçin daşary ýurtdaky hassahanalaryň birine gitmegi ýüregine düwdüler. Maşgala lukmany Nurynyň ýerli hassahanada bejergini dowam etdirmekligini gazanjak bolýardy...

Ýaş ýigidiň durmuş ýagdaýynda saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan haýsy baş ýörelgeler bozulypdy? Esasy ýöreldeler bozulyp, olar aşakdakylardyr.

BARLAG, BEJERME WE SANITARIÝA-ARASSAÇYLYK TALAPLARYNA LAÝYK GELÝÄN ŞERTLERI DÖRETME.

Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, hemme näsaglara sanitariýa-arassaçylyk talaplaryna, şol sanda zyýansyzlandyrylan gurallar, bir gezeklik ulanylýan şprişler we ş.m., hil taýdan laýyk gelýän lukmançylyk hyzmat etme kepillendirilen. Nurynyň dişini bejeren diş lukmany sanitariýa-arassaçylyk kadalaryny bozdy we özüne ýüz tutan näsagyň saglygy üçin howpsuz şertleri döretmegi başarmady. Her bir näsag lukmanlardan bir gezeklik peýdalanylýan şprişleri, zyýansyzlandyrylan serişdeleri we gurallary ulanmaklygy talap etmäge hukugy bardyr.

KESEL BILEN, LUKMANYŇ GATYŞMAGY NETIJESINDE DÖREÝÄN AGYRYLARY ÝEŇILLEŞDIRMEK.

Kesel bilen, lukmançylyk tarapyndan goşulmaklyk bilen bagly bolan agyrylary ýeňilleşdirmek hukugy ýiti agyrysy bolan näsagyň, şeýle hem ölüm ýagdaýynda bolan näsagyň ejir çekmelerini ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Nury bilen bolan wakada hassahananyň şepagat uýasy şu ýörelgäni bozdy. Nury ýa-da onuň garyndaşlary nobatçy lukmana, bölüm müdürine ýüz tutup, degişli kömegi talap edip bilerler. Hassahana bolsa degişli görkezmeler bolan ýagdaýynda, agyryny ýeňilleşdirmek hukugyny amala aşyrmak üçin näsaga kömek bermelidir.

TÜRKMENISTANYŇ DAŞYNDA BARLAG GEÇIRMÄGE WE ÖZÜNI BEJERTMÄGE MÜMKINÇILIK BERMEK.

Türkmenistanyň daşynda barlag geçirmäge we özüni bejertmäge mümkinçilik bermek tertibi Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenýär. Gerek bolan ýagdaýynda, Nurynyň garyndaşlary zerur bolan görkezmeleriň esasynda düşündiriş almak üçin Ministrlige ýüz tutup bilerler.

LUKMANÇYLYK KÖMEGINIŇ ALYNMAGY, SAGLYK ÝAGDAÝY, ANYKLANAN KESEL WE GAÝRY MAGLUMATLARY GIZLINLIKDE SAKLAMAK.

Kanunçylyga laýyklykda, näsagyň lukmançylyk kömegini almaga ýüz tutanlygy, saglyk ýagdaýy, anyklanan kesel we gaýry maglumatlar – bu lukmançylyk syrydyr. Raýata onuň saglygy barada berilýän maglumatyň gizlinlikde saklanmagy kepillendirilip, şular ýaly maglumatyň berilýän ýagdaýlary (meselem, ýokanç keselleriň ýaýramak howpy dörände, derňew edaralarynyň, prokuraturanyň, kazyýetiň sorag etmelerinden başga ýagdaýlar) çäklendirilendir.

Bir gezek men tötänden awtobusda iki aýalyň gürrüňiniň şaýady boldum. Aýallaryň biri ginekolog lukmany bolup işleýärdi. Gürrüňde lukman öz tanyşlarynyň atlaryny tutup, içinde durmuşa çykmadyk gyzlaryň çagasyny düşürendikleri, çatynjalaryň çagalarynyň bolmaýanlygy, onuň käbir näsaglarynyň sözenek keseli bilen keselländikleri barasynda gürrüň berýärdi.

Saglygy goraýyş işgärleriniň özlerini şeýle alyp barmagy, olaryň hünärmenlik we medeniýetlilik derejesiniň pesligini aňladyp, şeýle ýagdaýlar syryň paş edilmegine getirende, kanunçylyga laýyklykda administratiw we jenaýat temmisiniň berilmegi görkezilendir.

LUKMANÇYLYK GATYŞMA ERKIN RAZYLYGYNY BERMEK ÝA-DA RET ETMEK MÜMKINÇILIGINI BERMEK.

Diňe näsagyň ýagdaýy barada oňa maglumat berlenden we onuň erkin ýazmaça razylygy alnandan soň, lukmançylyk gatyşmasy geçirilip bilner. Eger-de raýatyň ýagdaýy öz islegini aýtmaga mümkinçiligi bermese, näsagyň ýagdaýy gaýragoýulmasyz kömegi talap edip, onuň geçirilmegi raýatyň bähbidine bolsa, onda ony lukmanlardan düzülen toparyň maslahaty (konsilium) çözýär. Konsiliumy ýygnamak mümkinçiligi bolmasa, ony gös-göni bejerýän (ýa-da nobatçy) lukman çözýär.

Raýat lukmançylyk gatyşmasyny ret etmäge ýa-da bes edilmegini talap etmäge, diňe näsagyň daş-töweregindäkilere howp döredýän keseli, agyr psihiki keselleri bolan ýagdaýyndan başga ýagdaýlarda hukugy bardyr. Lukmançlyk gatyşmasyny ret eden ýagdaýynda raýata soňundan bolup biläýjek netijeler düşündirilmelidir. Ret etmeklik lukmançylyk resminamalarynda ýazgy bilen resmileşdirilýär we raýat tarapyndan, şeýle hem saglygy goraýyş işgäri tarapyndan gol çekilýär.

Geçen aýda 6-njy synpyň okuwçysy Aýnany iýmit zäherlenmesine çaklama bilen (onuň içi agyrýardy, ol gaýtarýardy we onuň içi geçýärdi) tiz kömek ulagynda hassahana getirdiler. Barlagdan soň hirurg lukmany ýiti appendisitiň ýüze çykandygyny anyklap, enesinden operasiýa etmek üçin rugsat sorady (gyzyň ejesi iş saparyndady, kakasy bolsa ejesi bilen aýrylyşyp başga döwletde ýaşaýardy). Gyzyň enesi razylyk bermäge ýaýdandy we ejesiniň gelerine garaşdy. Ejesi gelende, Aýnanyň ýagdaýy örän agyrlaşdy, onuň ömri howp astyndady...

Gyzyň ejesi oňa wagtynda lukmançylyk kömegini bermändikleri üçin şikaýat bilen prokuratura ýüz tutdy.

Şu ýagdaýda näsagyň lukmançylyk gatyşmasyna razyçylyk bermeklik ýa-da ony ret etmeklik mümkinçiligine bolan hukugy bozuldymy? Lukman Aýnanyň enesiniň islegine (ol operasiýa etdirmeklikden boýun gaçyrýandygy barada ýazmaça görnüşinde dil haty beripdi) garşy durup operasiýa etmelimidi? Prokuratura öz kararyny çykarmady... Gynansakda, durmuşda hemme ýagdaýlar üçin taýýar çözgütler bolmaýar.

NÄSAGYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY, ONUŇ SAGLYK ÝAGDAÝY HAKYNDA MAGLUMAT BERMEK, NÄSAGYŇ BÄHBIDI ÜÇIN ONUŇ SAGLYGY BARADAKY MAGLUMATYŇ BERILMELI ŞAHSYNY SAÝLAMAK.

Raýatyň onuň saglyk ýagdaýy, şol sanda barlaglaryň netijeleri, keseliň barlygy, onuň kesgitlenilişi we çaklamalar, bejerilişiň töwekgelçilik bilen bagly bolan usullary, lukmançylyk gatyşmasynyň bolup biläýjek görnüşleri, olaryň netijeleri we geçirilen bejergileriň netijeleri barada maglumat almaga hukugy bar.

Keseliň ösüşiniň ýaramaz çaklamalary bolan ýagdaýynda, ol baradaky maglumat raýata (kanuny wekile), eger-de raýata şol barada aýtmaga gadagan edilmedik ýa-da şol maglumatyň berilmeli şahsy bellenilmedik bolsa, onda onuň özüne sypaýçylykly görnüşde aýdylýar.

Lukman barlagdan soň inçekeseli güman edensoň, Maýa etrap hassahanasynda goşmaça barlagy geçýärdi. Maýa barlagyň netijelerini almaga gelende, olary tapyp bilmediler. Soňra irden işleýän şepagat uýasynyň Maýanyň barlaglarynyň netijelerini onuň gaýyn enesine berendigi ýüze çykdy. Gaýyn enesi bolsa şol keseliň kesgitlemesini garyndaşlaryň arasynda ara alyp maslahatlaşýardy. Ahyr soňunda kesgitleme tassyklanmady, ýöne şol wagt aralaygynda gaýyn enesi Maýanyň öýden gidip, başga ýerde ýaşamagyny talap etmäge ýetişdi...

Elbetde, Maýanyň gizlinlige bolan hukugy, şeýle hem onuň saglygy baradaky maglumatyň berilmeli şahsy saýlamak hukugy gödek bozuldy. Eger Maýa şepagat uýasyny onuň hukugyny gödek bozanlygy üçin jogapkärçilige çekäýende-de, onuň maşgalasyndaky gatnaşyklary indi ýola goýma aňsat düşmez.

NÄSAGYŇ SAGLYGYNA ZEPER ÝETIRILEN ÝAGDAÝYNDA ZYÝANYŇ ÖWEZINI DOLMAK.

Kanunçylyga laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine bagly bolmazdan edaralar, şeýle hem raýatyň ömrüne we saglygyna zyýan ýetiren günäli fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenen möçberde we tertipde zyýan çeken raýatlara ýetirilen – maddy hem-de moral – zyýany, şeýle hem soňra şunuň ýaly raýatlara lukmançylyk kömegini beren saglygy goraýyş edaralarynyň çeken çykdajylarynyň öwezini dolmalydyr.

Näsag höküminde biziň hukuklarymyz bozuldy diýip hasaplan ýagdaýymyzda biz näme etmeli? Ilkinji nobatda, öz pikirimizi we aladamyzy, biziň pikirimiz boýunça, hukugymyzy bozýan saglygy goraýyş edarasynyň işgärine düşündirjek bolmaly. Eger-de şol işgär biziň duýduryşymyza degişli derejede baş galdyrmasa, biziň:

→ bize lukmançylyk kömegini berýän bejeriş-öňüni alyş edarasynyň wezipeli adamsyna (bölüm müdürine, saglyk öýüniň müdürine, hassahananyň baş lukmanyna we ş.m.);

ýokarda duran edara (welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş müdirligine; Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine);

kazyýete, prokuratura şikaýat arzasy bilen ýüz tumaga hukugymyz bardyr.

Şu tapgyrlaryň her birinde arza bilen ýüz tutmaňy resmileşdirmelidir (ýazmaça ýüz tutmaňyzy resmileşdirmeli, atlary, seneleri, bolan zatlary jikme-jik beýan edip, gerek bolsa, jogap almak üçin gaýdyp gelmelidir).

Biz ýaşaýşymyzyň dowamynda saglygy goraýyş işgärleri bilen hemişe aragatnaşyk saklamaly bolýarys. Näsag höküminde öz hukugyňy bilmek, şu aragatnaşygy has kesgitli we netijeli edip, lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berer. Biz hem näsaglar höküminde, lukmançylyk hyzmatlaryň ýokary hilli we netijeli bolmagy üçin, şu çärelere jogapkärli çemeleşip, bellenen düzgünleri we maslahatlary dogry we özwagtynda berjaý etmelidir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Pikirli 2014-10-28 06:34
Tesbirçiler dogry belläpdirler. Saglyk ulgamyna özgertmeler girizmeli. Keselçilig-ä köpelmese azalmaz. Sebäbi adamlar hemme tarapdan bolçylygyň täsiri bilen ýaşaýarlar. Özlerini sagdyn saklamagyň aladasyny edenoklar: iýýärler, içýärler, çekýärler, aýygynyň aşagynda maşyn, az hereketliligiň saglyga zyýanlydygyny bilmedik bolýarlar. Umuman sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edýän az-az. Özünde köp keselleri toplansoň, lukmanlardan dalla gözleýärler. Her adamyň saglygyna özi jogapkärdigini ukrar edýän düzgün girizmeli. Goý, olar lukmanyň ýanyna keselläp gelmän, kesellemeçek bolup maslahata gelsinler.
Sitata
 
 
#11 gelmişek 2014-10-27 10:39
@Synçynyñ aýtýany dogry iñ gowysy şol. Täzelemeli sistemany. Universitete köpürak talyp almaly we täze lukmançylyk uniwersitleri açmaly. Hassahanalary köpeltmeli. We lukmanlary ýerinde oturar ýaly etmeli. Pol süpürýänlere gürleşmäni öwretmeli. Hemişe hassahanadan gelip durýan şol porsy ysy aýyrmaly, girenden alýañ ysyny, lukamnlar çärä azyrak gitmeli köpürak ýerinde oturmaly. Adam bilen gowy gürleşmeli
Sitata
 
 
#10 Aymyrat 2014-10-26 16:36
Iñ birinji zat. Oçurt köp. Şol garaşyp otyrşyña hökman pol süpürýänci gelip pol syryp gitýa. Ondon soñam Lukmanlar ýaman ulumsy. Nämä çişýä bilemok, ýogsam ped-i okan. Birem haçan lukman bilen gürleşip başlaýañ , başga bir lukman gelip ony gybata başlatýa. Iñ erbet tarapam haçan garaşyp garaşyp oçurt ýetiberenimizde çärä gitdim diýip eline gül alyp çykyp gitmegi(Aýratynam diş lukmamlarynda bolýa şu zat)
Sitata
 
 
#9 Synçy 2014-10-23 07:36
Biziň ýurdumyzda-da lukmançylyk hyzmatyna özgertmeler girizmeli. Döwür üýtgedi. Lukman näsag gatnaşyklaryny üýtgetmeli. Şol Sowet döwründen gelýän lukman näsagy gözlemeli şygar öňe sürülýär.OI iş ýüzünde ýerine ýetirlip hem baranok. Keselçilik köpelýär. lukman näsagy gözlemesin, näsag lukmany gözlesin. Şeýtseň adamlaryň saglygyna bolan garaýşy üýtgäp, jogapkärçiligi ýokarlanar.
Sitata
 
 
#8 Okyjy 2014-10-18 08:20
Lukmançylyk işgärleriniň, ýagny lukmanyň hukugyny goraýan kanunlar barmyka? Ötüşen keselli näsagyň ýagdaýy gowylanmasa näsagyň hossarlary hemişe lukmanlary günäkärleýärler. Oňa lukman günäkär däl-ä!
Sitata
 
 
#7 Keselli 2014-10-07 08:07
Tesbirçi Sabyr dogry aýdýarsyňyz. Hassahanalaryň haýsysyna barsaň hem eliňde ýakynda etdiren barlaglaryň netijesi bolsada, biziň barlagymyzdan geçmeli diýip eliňe bir topar ýollanma tutdyrýarlar. Baran ýeriň at gaýtarym oçerid. Aç-suwsyz bir günde geçseň-ä ne ýagşy... Lukmanyň kömegine ýetýänçäň, keseliňi beterleşdirip, baranyňa ahmyr edýärsiň. Şol ýagdaýlardan çykalga gözleýän ýokmyka? Ýa-da çykalga gözlenilýänede meňzänok ýaly.
Sitata
 
 
#6 salyr 2014-09-30 09:56
Shu hassahanalardaky "oçyram" bir zat edip ayyrmaly. Yaman kosenc eken ac garasyp birgunini barlaga sarp etmek
Sitata
 
 
#5 Tejribeli lukman. 2014-09-29 08:18
Durmuşdan alnan peýdaly makala. Hemme lukmanlary bir aýakdan sürüp otyrmaň. Olaryň içinde ezber işini yhlas bilen ýerine ýetirip, öz kärleriniň ussatlaty halkymyzyň içinde abraýly işläp ýörenleri az däl. Olara saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edýäris.
Lukman aga! Maral gelniň düşen ýagdaýynda onuň gyzgyny ýokarlan çagasyna lukmanyň çagyryşyny kabul edilmän, ony saglyk öýüne çagyrylmagynda onuň hukugy gaty bozulýar. Siz şondan başlan bolsaňyz gowy bolardy. Bu ýagdaýda Maral gelniň saglyk öýüniň işgärleri tarapyndan ýaramaz nowsanlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmazdy. Ýöne biziň kärimizde şonuň ýaly gaýragoýulmasyz kömek bermeli ýagdaýynda käbir saglyk işgärleriniň "hakyky ýüzüni" açyp görkezmäge mümkinçilik döredýär. Olar ýaly lukmanlarda duýgudaşlyk, ynsanperwerlik duýdusy ýok. Hemme döwürde-de, häzir hem lukmanyň çagyryşynyň köplügine garamazdan, gyzgynly näsaga onda-da çaga öýde seredilip, bejergi bellenilýär. Dümewiň epidemiýasy döwründe 30-40 gyzgynla öýde seredilerdi. Häzir-ä Hudaýa şükür onuň ýaly epidemiýa ýok.
Sitata
 
 
#4 Synçy. 2014-09-27 06:03
Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky görkezilen 10 punkt ýörelgeler bilen işlenilse nähili gowy boljak. Ýöne iş ýüzünde olaryň sanaýmalyjasy ýerine ýetirilýär. Olar hem ýüzleýje, ýürek bilen ýerine ýetirilmän, menden saňa barýança diýileni. Ýörelgeleriň içinde "ýatdan çykanlaryda" bar.
Sitata
 
 
#3 teswirçi 2014-09-26 11:10
Yakyn adamlarymyn öwüp salgy beren diş lukmanyna gidemde birnaçe adamy nobatsyz alandan son, muny halamayandygymy yanzytdym. ''Jigim, barde lukman men'' boldy welayat diş merkezindaki lukmanyn jogaby. Kabineta alandan sonra ilkinji soragy ''Kim iberdi?'' boldy. Bu 'tanyş' meselesini iş tertip düzgüninin gödek bozulmagyna sebap bolyar.

Emma haçan-da özüm gyssaga düşemde, paytagtdaky newrolog lukmanynyn yanyna nobatsyz giripdim 'el aklyk' bermek şerti bilen.

Halkymyz muna islegli, barde lukman birini yakyar, beylede kassir, yene bir yerde mugallym.

Makalanyz üçin sag bolun, elbet-de her yerde hukugumyzy bilsek, ony goramany hem başararys.
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2014-09-26 08:41
Gyzykly, peýdaly makala. Bir zady belläsim gelýär. Döwlet tarapyndan ýaşaýyş durmuşyň hemme ugyrlaryndan ýaramly kanunlar, ýörelgeler kepillendirilýär. Ýöne esasy zat şol kanunlar, düzgünler durmuşda ýerine ýetirilýärmi? Gepem şonda. Sen öz hukuklaryňy bilýärsiňem-dä! Eger-de sen öz hukuguňy talap edip şoňa degişli edara barsaň, seni dawagär, buzatýor hasap edip saňa gyýa bakýarlar. Saglyk edaralarynda hem şeýle ýagdaý. Öz hususy we maşgalaňyň saglygy barada aladalanyp, ýokarda görkezilen näsaga degişli ýörelgeleriniň ýerine ýetirilşinden nägile bolup, jogapkär adamlara arz etseň, saglyk edarasy bolansoň, seni ruhy keselli hasap edýärler. Degna ulgamy berk, çydamly näsaglar hukugyny talap edip soňky netijesine çenli gidişýär. Taýagyň ujy iki dişilşi ýaly ýene seniň arzyňy ýerine ýetirip, degerli netije çykarmak seniň nägile hünärmeniň eline gelýär. Netijesiniň nähili boljakdygy özüňe belli... Kanagatly adamlar hem aý, bolýarda diýip, häsagyň hukugy bardyr hem öýdenok. Aý Hudaýjan kömek eder diýip,ykbalyna kaýyl bolup ýör.
Sitata
 
 
#1 Lekar 2014-09-25 21:39
Hakykatdanam kop lukmanlar,shepagat uyalary etika-dientologiýany bozýarlar.Yone Hoş sozli ishgarler hem kan.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele