Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi? Umumy SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDAKY HALKARA WE MILLI KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARYNYŇ SANAWY
( 20 Ses Berme )
  1. HALKARA NAMALAR
    1. ADAM HUKUKLARYNYŇ ÄHLUMUMY JARNAMASY (1948-nji ýylyň 10-njy dekabryndan)
      Bu Jarnamada BMG-niň agzasy bolan ähli döwletleriň we halklaryň ýerine ýetirmäge ymtylmaly wezipeleri beýan edilýär. Şeýle-de olar milli we halkara öňdebaryjy çäreleriň üsti bilen has erkin ýaşamak, birek-biregi hormatlamak, adam hukuklaryny berjaý etmek şertlerinde sosial öňe gidişligi we ýaşaýşyň hilini gowulandyrmaga ýardam bermelidirler.
    2. Mejlisiň Kararlaryna laýyklykda 1996-njy ýylyň 20-nji dekabryndan Türkmenistan aşakdaky namalara goşuldy:
      1. RAÝATLYK WE SYÝASY HUKUKLAR HAKYNDAKY HALKARA PAKTY (1966-njy ýylyň 16-njy dekabryndan);
      2. YKDYSADY, DURMUŞ WE MEDENI HUKUKLAR HAKYNDAKY HALKARA PAKTY (1996-njy ýylyň 16-njy dekabryndan)
        Şu namalara gatnaşýan döwletler Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyna laýyklykda nusgalyk erkin şahsyýetiň diňe her bir adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän zerur şertleriň döredilen ýagdaýynda döräp biler diýip ykrar edýärler.
    3. ÇAGANYŇ HUKUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝA / ÇAGANYŇ HUKUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝA (1989-nji ýylyň 20-nji noýabryndan). Turkmenistan bu Konwensiýa 1993-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda goşuldy.
      Bu Konwensiýa gatnaşýan döwletler BMG-niň Düzgünnamasy we Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy tarapyndan yglan edilen ýörelgelere laýyklykda çagalaryň aýratyn goralmagynyň ähmiýetlidigini tassyklaýarlar.
    4. AÝALLAR BABATDA ÄHLI KEMSITMELERIŇ SOŇUNA ÇYKMAK HAKYNDAKY KONWENSIÝA (1979-njy ýylyň 18-nji dekabryndan). Türkmenistan bu Konwensiýa 1996-njy ýylyň 20 dekabryndan goşuldy.
      Bu Konwensiýa gatnaşýan döwletler BMG-niň Düzgünnamasy we Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy tarapyndan yglan edilen ýörelgelere laýyklykda jemgyýetde, maşgalada aýallaryň we erkekleriň deňliginiň wajyplygyny tassyklaýarlar we aýallar babatdaky kemsitmäniň ähli görnüşleriniň soňuna çykmak maksady bilen zerur çäreleriň kabul edilmegini jar edýärler.
    5. MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HUKUKLARY HAKYNDAKY KONWENSIÝA (2006-njy ýylyň 13-nji dekabryndan). Türkmenistan bu Konwensiýa 2008-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda goşuldy.
      Bu Konwensiýa gatnaşýan döwletler BMG-niň Düzgünnamasy we Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy tarapyndan yglan edilen ýörelgelere laýyklykda her bir adamyň halkara namalarynda göz öňünde tutulan hukuklara we azatlyklara eýedigini makullaýarlar, adamlaryň ähli hukuklarynyň we esasy azatlyklarynyň umumylygyny, bitewüligini, arabaglanyşygyny, şeýle hem maýyp adamlaryň olardan kemsidilmesiz peýdalanmagyny kepillendirmegiň zerurdygyny ykrar edýärler.
    6. NEŞE SERIŞDELERI HAKYNDAKY BITEWI KONWENSIÝA (1961-nji ýylyň 30-njy martyndan). Türkmenistan bu Konwensiýa 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda goşuldy.
      Bu Konwensiýanyň agzasy bolan döwletler adamzat saglygy we abadanlygy barada aladalanyp, neşe serişdeleriniň lukmançylykda agyryny we ejir çekmegi ýeňletmek üçin ulanylmagynyň zerurlygyny we bu maksatlar üçin gerek bolan neşe serişdelerini üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmelidigini belleýärler. Şeýle hem neşekeşligiň aýry-aýry adamlar üçin hatarlydygyny, bütin adamzat üçin sosial we ykdysady taýdan howpludygyny makullap, neşekeşligiň öňüni almak we onuň bilen göreşmek babatdaky borçlary öz üstüne alýar.
    7. BMG-niň MÜŇÝYLLYK JARNAMASY (2000-nji ýylyň 8-nji sentýabryndan)
      2000-nji ýylda BMG-niň müňýyllyk Sammitinde 180-den gowrak ýurduň baştutanlary, şol sanda Türkmenistan hem, BMG-niň Müňýyllyk Jarnamasyny kabul etdiler. Döwlet baştutanlary dünýädäki ähli adamlaryň maddy hal-ýagdaýlaryny gowulandyrmaga gönükdirilen müňýyllygyň ösüş Maksatlaryny kesgitlediler. Bu şertnamanyň esasy aýratynlygy 8 maksadyň takyk kesgitlenilmeginden we olaryň 2015-nji ýyla çenli amala aşyrylmagyndan ybaratdyr.

      Müňýyllygyň ösüş maksatlary:
      • Garyplygy we açlygy ýok etmek
      • Umumy başlangyç bilimi üpjün etmek
      • Aýallaryň we erkekleriň deňligini gazanmak we aýallaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini artdyrmak
      • Çaga ölümçiligini azaltmak
      • Eneligiň goralmagyny gowulandyrmak
      • AIDS/AIW, gyzzyrma we beýleki kesellere garşy göreşmek
      • Ekologik durnuklygy üpjün etmek
      • Ösüş maksady bilen global hyzmatdaşlygy ýola goýmak
      Türkmenistan şu maksatlara laýyklykda özi üçin iň ähmiýetli durmuş-ykdysady meseleleri kesgitledi. 2009-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň hökümetiniň we BMG-niň arasynda 2010-2015 ýyllarda Türkmenistanyň ösüşine yardam bermek boýunça BMG-niň çarçuwa maksatnamasyna gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň hökümetiniň BMG-niň agentlikleri bilen özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär we milli bähbitleri, wajyp meseleleri nazara alyp, ýurduň durnukly ösüşine şeýle hem müňýyllygyň global ösüş babatdaky meseleleriniň çözülmegine gönükdirilendir.
  2. MILLI KADALAŞDYRYJY HUKUK NAMALARY
    1. TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY (2008-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan)
      Türkmenistanyň Konstitusiýasy Türkmenistanyň gatnaşýan ähli konwensiýalarynyň we halkara ylalaşyklarynyň amala aşyrylmagyny kepillendirýär. Konstitusiýada mynasyp ýaşaýyş derejesine, bilime we saglygy goraýşa, zähmete we dynç alşa, öz pikirini erkin beýan etmäge we habarly bolmaga, namysynyň we mertebesiniň goralmagyna, ýaşaýşa we ösüşe bolan hukuklary ýaly hukuklar berkidilendir.
    2. KODEKSLER
      1. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLAR KODEKSI (1999-njy ýylyň 1-nji martyndan)
        Raýat-hukuk gatnaşyklaryny, raýat hukuklarynyň we borçlarynyň döremegini, olaryň amala aşyrylmagyny we goralmagyny düzgünleşdirýär. Fiziki şahs diýen düşünjäni, onuň işe ukyplylygyny, hukuk ukyplylygyny, ýaşaýan ýerini, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy kesgitleýär.
      2. "DURMUŞ ÜPJÜNÇILIGI HAKYNDA" TÜRKMENISTANYŇ BITEWI KANUNY (2007-nji ýylyň 1-nji iýulyndan)
        Durmuş üpjünçiliginiň, çagalaryň we eneleriň, maýyplaryň we beýleki raýatlaryň bähbitlerini goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
      3. TÜRKMENISTANYŇ MAŞGALA KODEKSI (2012-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan)
        Maşgala Kodeksi 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girdi. Maşgala-nika gatnaşyklaryny, maşgala meselelerini, eneligi we çagalygy, atalygy sosial gatnaşyklar bilen utgaşykda goramagy kadalaşdyrýar.
      4. TÜRKMENISTANYŇ ZÄHMET KODEKSI (2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan)
        Zähmet Kodeksi eýeçiligiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda, guramalarda işleýän adamlaryň, şol sanda şertnama baglanyşma şertlerinde işleýän adamlaryň zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar.
      5. TÜRKMENISTANYŇ SANITARIÝA KODEKSI (2010-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan)
        Türkmenistanyň Sanitariýa Kodeksi ilatyň sanitar-epidemiologik abadançylygynyň hukuk, ykdysady we durmuş şertlerini üpjün edýär, raýatlaryň oňaýly daşky gurşawa bolan hukuklarynyň goralmagyny we amala aşyrylmagyny kesgitleýär.
  3. KANUNLAR
    1. "Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny (2002-nji ýylyň 5-nji iýulyndan)
      Bu Kanun çaganyň hukuk derejesini kesgitleýär, onuň hukuklarynyň we bähbitleriniň kepilliklerini belleýär.
    2. "Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan (Türkmenistanyň kanuny tarapyndan üýtgeşmeler we goşmaçalar girizilen täze çapdan çykma -18.04.2009 №32-IV ))
      Bu Kanun saglygy goraýyş ulgamyndaky gatnaşyklaryň reglamentini belleýär, raýatlaryň saglygy goraýşa bolan konstitusiýa hukuklaryny, şeýle hem lukmanlaryň hukuklaryny we borçlaryny üpjün etmäge gönükdirilendir.
    3. "Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2009-njy ýylyň 18-nji aprelinden)
      Bu Kanun çagalaryň saglygynyň aýratyn goralmagyna, şeýle hem ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň wagyz edilmegine, ýokumly we howpsuz iýmit bilen üpjünçilige gönükdirilendir.
    4. "Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2009-njy ýylyň 18 aprelinden)
      Bu Kanun raýatlaryň saglygyny goramaga, ilaty ýokary hilli we howpsuz iýmit önümleri bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.
    5. "Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2007-nji ýylyň 14-nji dekabryndan)
      Bu Kanun aýallaryň hukuklaryny we azatlyklaryny jyns deňliginiň esasynda syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlarda üpjün etmäge gönükdirilendir.
    6. "Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2004-nji ýylyň 9-nji oktýabryndan (TK tarapyndan18.04.2008 ý. №192-Ш we 18. 04.2009 ý.№32-IV girizilen üýtgeşmeler we goşmaçalar bilen))
      Bu Kanun ilatyň saglygyny, döwlet we jemgyýetçilik howpsuzlygyny goramaga, neşe serişdeleriň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň dolanyşygyny reglamintirlemäge gönükdirilendir.
    7. "Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2002-nji ýylyň 5-nji iýulyndan (TK tarapyndan 18.04.2009ý. №32-IV girizilen üýtgeşmeler we goşmaçalar bilen))
      Bu Kanun melhemçilik işini reglamentirlemäge we Türkmenistanyň ilatyny derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.
    8. "Psihiatriki kömek hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (1993-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan (TK tarapyndan 18.04.2009ý.№32-IV girizilen üýtgeşmeler we goşmaçalar bilen))
      Bu Kanun Türkmenistanyň ilatyna psihiatriki kömeginiň berilmegini we onuň hukuk taraplarynyň reglamintirlenilmegini kepillendirýär.
    9. "Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2001-nji ýylyň 7-nji iýulyndan)
      Bu Kanun ilatyň saglygy goraýyş ulgamyndaky hukuk esaslaryny, AIW-iň we AIDS-iň öňüniň alynmagyny, anyklanylmagyny we bejerilmegini kesgitleýär.

      Türkmenistanyň beýleki kanunlary

    10. "Iýmit howpsuzlygy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    11. "Agyz suwy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    12. "Ätiýaçlandyrma hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    13. "Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    14. "Radiasiya howpsuzlygy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    15. "Himiki howpsuzlyk hakynda" Türkmenistanyň Kanuny (2011-nji ýylyň 25-nji martyndan)
    16. "Atmosfer howany goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    17. "Azon gatlagyny goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    18. "Standartlaşdyrma we metrologiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    19. "Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    20. "Raýat goranyşy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    21. "Wetirinar işi hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    22. "Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    23. "Bedenterbiýe we sport hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    24. "Bilim hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
    25. "Syýahatçylyk hakynda" Türkmenistanyň Kanuny
  4. DÜZGÜNNAMALAR
    1. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet meýletin lukmançylyk ätiýaçlandyrma şertnamalaryny baglaşmagynyň tertibi barada düzgün.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...