Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Siz öz hak-hukuklaryňyzy bilýäňizmi? Umumy GÜN HEMMELERE DEŇ ÝALKYM SALÝAR... HEMME ADAMLAR DEŇDIR!
( 25 Ses Berme )

Her ýylyň 3-nji dekabrynda dünýa birleşigi Maýyplaryň halkara gününi belleýär. Bu sene 1992-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edildi. Maýyplar ýa-da mümkinçilikleri çäkli adamlar, ýer ýüzüniň her bir adamsy ýaly, kemsidilmäniň islendik görnüşinden goralmalydyr, deň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolmalydyr.

Adam öz durmuşynda biygtyýar garaşylmadyk agyr ahwalatlara duçar bolup, döwlet tarapyndan, şeýle hem jemgyýet tarapyndan ahlak we maddy goldawa mätäçlik duýup biler. Köplenç, esasan agyr durmuş ýagdaýlarynda, adam gönüden-göni öz daş-töweregindäki adamlaryň kömegine mätäç bolýar.

Şunuň ýaly ýagdaýlar köplenç mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň ýa-da maýyplaryň durmuşynda gabat gelýär. Şu ýerde bir zady bellemek örän wajyp: maýyplar – bu biziň jemgyýetimizde biziň her birimiz ýaly doly hukukly, ýagny ähli hukuklary we borçlary bolan adamlardyr.

Häzirki zaman jemgyýetinde maýyplaryň kemçiligi barada pikir etmek we mümkinçiligi çäkli bolan adamlar kemis ýa-da gowşak adamlar diýip hasap etmeklik goldanmaýar. Şunuň ýaly adamlaryň uly üstünlikleri gazanýandyklarynyň we olaryň erkini we maksada okgunlylygyny görkezýän adamlaryň mysallaryny getirip bolar. Mysal üçin, paraolimpiýa oýunlaryna- maýyplar üçin gurnalýan halkara sport bäsleşiklerine gatnaşyjylary belläp geçip bolar. Şunuň ýaly sport çäreleriniň, aýdym-saz festiwallarynyň we maýyplaryň gatnaşýan dürli başga bäsleşikleriniň görkezişi ýaly, maýyplar durmuşa bolan yhlaslaryny ýitirmeýärler we biziň jemgyýetimiziň mynasyp, doly hukukly we işjeň agzalary bolmak isleýärler.

Elbetde, maýyplary durmuş taýdan goramaklyk boýunça ençeme işleriň edilendigini bellemek gerek, emma mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň durmuşynyň has mazmunly we doly bolmagyny gazanmak üçin edilmeli işleriň köpdügini ýatda saklamaly.

Şu makalanyň çaginde biz maýyplaryň döwlet tarapyndan maddy üpjünçiligi barasynda gürrüň edesimiz gelýär.

Kadalaşdyryjy – hukuk taýdan maýyplar üçin näme edildi?

Türkmenistanda maýyplaryň hukularynyň goragy barada gürrüň edilende, bir zady bellemek gerek, Türkmenistan 2008-nji ýylda Maýyplaryň hukuklary baradaky BMG-nyň Konwensiýasyna goşulyp, maýyplaryň hukuklaryny goramak we itergi bermek, şeýle hem olaryň kemsitmelerini ýok etmek boýunça borçnamalary öz üstüne aldy.

Türkmenistanyň kadalaşdyryş-hukuk binýady maýyplaryň durmuşa we zähmete degişli esasy kadalaryny üpjün edýär, şeýle hem olaryň saglygy goraýşa, bilime, şeýle hem hukuk goraýjy edaralara deň derejede baryp bilmeklige bolan hukuklaryny goraýar.

Milli kanunçylyk namalaryň arasynda aşakdakylary: Türkmenistanyň KONSTITUSIÝASYNY, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda KODEKSINI, RAÝATLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK HAKYNDA KANUNYNY we başgalary aýratyn belläp bolar.

Konstitusiýada – Türkmenistanyň esasy Kanunynda hemme raýatlaryň özleriniň statusyna, bilimine we başga tapawutlyklaryna bagly bolmazdan deň hukuklarynyň bardygy bellenilýär. Ilatyň durmuş goragy hakyndaky Kodeksinde we "Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda" Kanunynda goldawa mätäç raýatlaryň durmuş goragyna degişli esasy düşünjeler we ýörelgeler beýan edilýär.

Kim maýyp diýip ykrar edilýär?

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, maýyp – durnukly fiziki, ruhy, aň-düşünje ýa-da duýgurlyk bozulmalary zerarly jemgyýetiň durmuşyna doly we netijeli gatnaşmaga mümkinçiligi çäkli bolan adamdyr.

Maýyplara daýanç-hereketlendiriji, görüş, eşidiş we başga bozulmasy bar bolan adamlar degişli, sebäbi şol bozulmalar bilen baglylykda olaryň belli bolan mümkinçilikleri çäklendirilendir. Raýaty maýyp diýip ykrar etmek we maýyplyk görnüşini hem-de toparyny kesgitlemek üçin anyklaýjy topar tarapyndan berilýän netijenama zerurdyr. Maýyplyk oňa getiren kesellere we ýagdaýlara baglylykda I, II, III toparlara bölünýär.

Durmuş taýdan goramak diýmek nämedir?

Ilaty durmuş taýdan goramak Kodeksine laýyklykda "Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak – zähmete ukypsyz adamlara, maýyplara, çagaly maşgalalara we beýleki adamlara pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybarat".

Mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň döwlet tarapyndan maddy kömegi almaga hukugy barmy?

Mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar – maýyplar pensiýa ýa-da maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr.

Haýsy ýagdaýlarda maýyplyk boýunça pensiýa, haýsy ýagdaýda döwlet kömegi berilýär?

Bellenilen tertipde maýyp diýlip ykrar edilen, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk raýatlaryň maýyplyk boýunça pensiýa hukugy bardyr.

Başga halatlarda maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy ýüze çykýar. Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny almaga:

→ 16 ýaşa çenli maýyp çagalaryň;

çagalykdan maýyplaryň, şeýle hem hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk mayplaryň hukugy bardyr.

Maýyplyk boýunça pensiýa almaga hukugy bolan maýyplar aşakdaky toparlara bölünýärler:

Çagalykdan maýyplar. Çagalykda keseliň, şikes almagyň ýa-da kemis bolmagyň netijesinde ýüze çykan maýyplyk.

Umumy kesellemäniň netijesindäki maýyplyk. Haýsy-da bolsa bir keseliň, şol sanda iş bilen bagly bolmadyk şikesler, zähmet şikesiniň, hünär keseliniň netijesinde maýyp bolanlar.

Harby gullugyň maýyplary. Döwlet bähbitlerini goramakda ýa-da harby gullugyň beýleki borçlary ýerine ýetirilende düşen ýaranyň, seňselemegiň ýa-da şikes almagyň netijesinde; söweşde, şol sanda beýleki döwletleriň çäklerindäki söweşde bolmak ýa-da bolmazlyk bilen baglanşykly keseliň netijesinde; radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijelerini ýok etmek bilen baglanşykly işlerde kesellemegiň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiser düzüminiň işgärleri degişlidir.

Zähmet şikesini almagyň netijesinde maýyp bolanlara zähmet borçlary ýerine ýetirilende, şol sanda iş sapary döwründe, şeýle hem kärhananyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen hereketler amala aşyrlanda; işe barýarka ýa-da işden gaýdyp gelýärkä, raýatlyk borjuny ýerine ýetirende we başgalar degişlidir.

Ýerine ýetirilýän işiň aýratyn häsiýeti sebäpli ýüze çykan kesel bilen gös-göni baglanşykly maýyplyk hünär keseli netijesinde maýyplyk hasap edilýär.

Maýyplyk boýunça pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň bellenilmegi we hasaplanylmagy üçin nirä ýüz tutmaly?

Maýyplyk boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna arza bilen ýüz tutmaly.

Maýyplyk boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin aşakdaky resminamalar gerek:

• pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;

HMAT-yň güwänamasyndan göçürme;

maşgala agzalary barada güwänama;

16 ýaşy dolmadyk maşgala agzalarynyň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:

♦ döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;

HMAT-yň güwänamasyndan göçürme (şuňa 16 ýaşa çenli maýyp çagalar degişli däldir);

16 ýaşa çenli maýyp çagalar üçin saglygy barada netijenama;

maşgala agzalary barada güwänama;

çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maýyplyk boýunça pensiýa, şeýle hem döwlet kömek puly maýyplygy kesgitlemek gününden, ýagny raýatyň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna arza bilen ýüz tutulan gününe garamazdan bellenilýär, ýagny pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň bellenilmegi hakynda arzanyň garalýan möhleti – resminamalaryň tabşyrylyş gününden on kalendar günüň dowamynda.

Maýyplyk boýunça pensiýa we döwlet kömek puly nähili hasaplanýar?

Döwlet mümkinçilikleri çäkli adamlaryň pensiýalaryny ýa-da döwlet kömek puluny öz wagtynda, doly möçberde üpjün etmekligi we tölenilmegini kepillendirýär. Pensiýalaryň we döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna görä binýat ululygy ulanylýar.

Maýyplyk boýunça pensiýanyň möçberleri olaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberini garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanýar.

Maýyplara (şeýle hem harby gullugynyň maýyplaryna, söweş hereketlerine gatnaşyjylardan başga) maýyplyk boýunça bellenilýän pensiýanyň iň pes möçberi pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň

► I topar maýyplara – 155 göterimden;

II topar maýyplara – 135 göterimden;

III topar maýyplara – 115 göterimden

az bolmaly däldir. (2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 210 manady düzýär.)

I, II, III topar çagalykdan maýyplara maýyplyk boýunça bellenilýän pensiýanyň iň pes möçberi pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 190 göteriminden az bolmaly däldir.

Harby gullugyň maýyplaryna – başga döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp maýyp bolanlara bellenilýän pensiýanyň iň pes möçberi pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilýän binýatlyk ululygyň:

I topar maýyplara – 220 göterimden;

II topar maýyplara – 205 göterimden;

III topar maýyplara – 190 göterimden

az bolmaly däldir.

Öz eklenjinde kämillik ýäşyna ýetmedik çagalary bolan (şuňa döwlet kömek puluny ýa-da pensiýa alýan çaga degişli däldir), I we II topar maýyplarynyň pensiýasyna, olaryň her bir çagasy üçin iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.

Saglygy barada netijenamasy boýunça keseki kömegine mätäç bolan I topar we ýeke ýaşaýan görüşi boýunça II topar maýyplaryň pensiýasyna, olaryň her çagasy üçin pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.

Maýyplyk boýunça pensiýa diňe alyjynyň şahsy özüne tölenilýär.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululukdan (2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet kömek puluny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 200 manady düzýär.) göterim möçberinde bellenilýär we şu aşakdakylara:

→ 16 ýaşa çenli maýyp çagalara – 160 göterimine;

I, II, III topar çagalykdan maýyplara – 200 göterimine;

iş döwri (ätiýaçlandyrma döwri) bolmadyk maýyplara:

⇒ I topara – 160 göterimine;

II topara – 140 göterimine;

III topara – 120 göterimine deňdir.

Öz eklenjinde kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan, I we II topar maýyplaryň bellenilen döwlet kömek puluna, olaryň her bir çagasy üçin döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterim möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.

Saglygy barada netijenamasy boýunça keseki kömegine mätäç bolan I topar maýyplaryň döwlet kömek puluna, olara seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterim möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.

Gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda, mekdep internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarda hemişelik ýaşaýan doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlara, döwlet kömek pulunyň tölenilmegi bellenýän puluň 20 göterimi möçberinde geçirilýär, ýöne döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göteriminden az bolmaly däldir.

Pensiýa meseleleri boýunça jedelleriň çözülişi

Pensiýa meseleleri, şol sanda döwlet kömek puly we pensiýa, olaryň möçberiniň hasaplanylmagy we tölenilmegi boýunça jedeller ýüze çykanda ilki bilen Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralaryna ýüz tutmaly.

Ýerli edaranyň çözgüdi bilen ylalaşylmadyk halatynda, ondan ýokarda duran edara, zerur bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň çözgütleri kazyýetde şikaýat edilip bilner.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Atsyz 2016-12-15 22:37
Her bir kadaly durmuş akymy bilen edara edilýän döwletde maýyplar hakyndaky aladalar esasy durmuş ýörelgesi bolup durýar. Sebäbi olaryň gözgyny ýagdaýlary ol ýurtda ýaşaýan raýatlaryň gözgyny durmuşynyň bir bölegi dälmi näme?!
Sitata
 
 
#7 Bagtyýar 2016-08-10 07:14
Meniň pikirimçe ruhy maýyplyk we işsizligiň "maýyplygy" bedeniň maýyplygyndan kän bir pes bolmasa gerek. Şol iki maýyplyk durmuşyň üýtgemesi bilen bizde öz örülerini giňeldäýjek ýaly.
Sitata
 
 
#6 Nazarly. 2016-05-15 23:07
Maýyplary ýagdaýlaryna görä zähmete imrikdirmek döwlet üçinem we olaryň özlerinede peýdaly bolardy. Oňa garamazdan şol alada bir hili ýatdan çykarylan ýaly.
Sitata
 
 
#5 Hydyr. 2015-12-18 01:29
Maýyplaryň jemgyýetde sanlarynyň artmaklary köplenç adamlaryň parhsyzlygy bilen baglymyka diýýärin. Çaga dogurýan aýallaryň saglygy hakynda özwagtynda ýerlikli alada edilende we adamlaryň iş ýerlerinde howpsyzlyk çäreleri talaba laýyk berjaý edilende, belkäm maýyplylyk üzül-kesil azalardy. Onuň üçin bolsa degerli guramaçylyk we jogapkärçlik möhümdir. Soňkylar bolaýanda-da talaby güýçlendirip, her bir ýerne ýetirilen pişäniň netijesinini soramaly...
Sitata
 
 
#4 AkjaKepderi 2015-12-10 09:12
Quoting Söhbet.:
Sowetler döwründe hem maýyplara bolan aladalar bar bolan bolsada, häzirki wagtda olaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin birnäçe çäreler amala aşyryldy. Ýöne näme durmuş hem gymmatlap gidip otyr ahyryn.

Durmus gymmatlayar diyip mayyplary yatdan chikarsak bolaz, gaytam olaryn okuwi, sosial gosulmaklari, olaryn saglygy has wajyp bolup durmaly, hatda Kanadan gozlegi boyunca her yurt her yil mayiplary ayyratyn saklap, olary issiz salamak müñleyçe pul yitirmekde rejelenyar. Sunun bilen, mayyplarin durmusi yurdun ekonomiki yagyadyi pes diyilip yatdan chikarylsa, ya-da olari sosial tarpadan gosman saklasak bolmaz! Ynsaply bolmak mejbur! Her adamyn (olaryn fiziki caklenmekleri bolsa-da) deñ hak-hukugy bardyr!
Sitata
 
 
#3 AkjaKepderi 2015-12-10 09:05
Ay berekella, gowy makalalaryn biri bolup sayranyp duran mowzukdyr bul. Oran ceperi we ansat edip beyyan edilipdir. Berekella, mayiplar barada koprak yazsanyz gowi bolardy.
Sitata
 
 
#2 Okyjy 2015-12-08 02:04
Hormatly Lukman! Siziň bu makalaňyz Türkmenistanda maýyplar hakynda aladalaryň bardygyny örän aýdyň edip görkezýär. Şol aladalaryň soňky wagtlarda gowylandyrylmagy adam hakyndaky aladanyň degerli tarapy bolup durýar. Eger-de başga bir ýurtlerde hem ol kömekler hakynda bilsedik, onda deňeşdirmek üçin has düşnükli bolardy.
Sitata
 
 
#1 Söhbet. 2015-12-05 22:36
Sowetler döwründe hem maýyplara bolan aladalar bar bolan bolsada, häzirki wagtda olaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin birnäçe çäreler amala aşyryldy. Ýöne näme durmuş hem gymmatlap gidip otyr ahyryn.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele