Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn we tagamly nygmatlar IÇI ÜLJELI TOWUGYŇ TAÝYNLANŞY
( 11 Ses Berme )

Söýgülileriň gününde, öz ýakyn adamlaryňyzy haýran galdyrjak resept.

Kaloriýa çyzgyjy (1 adamlyk)

– 1 bölek towuk döşi ~ 145gr = 250 Kal.

50 gr guradylan ýa-da ýönekeý ülje ~ 25 Kal.

50 gr pýure görnüşinde ýer almasy ~ 44 Kal.

2 sany kiçi bankada ýapylan mekgejöwen – 1,2 Kal.

20 gr şampinýon kömelegi ~ 5,6 Kal

Jemi: 327 Kal. (kal hasaby takmynan alynandyr)

Taýýarlamak üçin gerekli wagt:

~30-35 minut

Naharyň sagdynlyk çyzgyjy:

Towuk Döşi öz içinde: witamin B6 40%-ni, witamin B12 8%-ni, witamin A 2%-ni saklaýar.

Ýer almasy öz içinde: kaliý we krahmal, witamin B6 30%-ni we magniniň 12%-ni saklaýar.

Şampinýon Kömelegi öz içinde witamin B6 5%-ni saklaýar we berhizli bolan adamlar üçin örän peýdalydyr.

Ülje C witamina örän baýdyr we işdäsi pes bolan adamlar üçin şypaly işdäaçar dermany höküminde peýda edýär.

Bankada satylýan kiçi mekgejöwen krahmala örän baýdyr. Nahary iýeniňizde mekgejöwenden başlap, towuk bilen gutarsaňyz ýerlikli bolar.

Naharyň üstündäki narpyz ýapraklary bolsa naharyňyza owadanlyk, hem reňk goşýar.

Gerekli önümler (1 adamlyk):

► 1 sany towuk döşi;

50 gr ülje ýa-da bankada şire görnüşi (supermarketlerde doňdurlan görnüşi hem satylýar);

2 sany kiçijik bankada satylýan mekgejöwen (tapyp bilmedik ýagdaýynyzda deregine hiç zat ullanmaň);

2-3 sany ýer almasy;

50 gr şampinýon kömelegi;

2 sany narpyz ýapragy;

Sapak;

Günebakar ýagy.

Taýýarlanyş usuly:

1. Towuk döşini almaly we suratdaky ýaly ortasyndan kesip iki tarapa açylar ýaly etmeli. (Towugyň döşüni doly ikä bölmeli däldir. Ýartysyndan gowragyny kesip iki tarapa açmalydyr.)

2. Towugy keseniňizden soň ony ýuwmaly we islegiňize görä duzlap burçlamaly.

3. Towugyň döşüniň açyk görnüşiniň içine 50 gr ülje goýup, towgy rulon görnüşinde togalapjyk düýrläň.

4. Towugy düýrläp bolandan soň, iki tarapyndan sapak bilen daňmaly, towuk bişenden soň sapagy aýyrmaly.

5. Duhowka peçiňizi 200-250 C derejä gyzdyryň. Towugy gabyň içine salyp 20 minut bişiriň. Towgyň daşynda pyrtykal reňkli öwüşgin emele gelende, towgyňyzyň bişdigidir.

6. Towgyňyz bişip durka, iki sany ýer almasynyň daşyny arassalaň we ýuwuň hem-de kiçi böleklere bölüp, ýumşaýanşa gaýnadyň.

7. Ýumşandan soň suwuň belli bir mukdaryny pýure bilen garar ýaly alyp goýuň we ýer almasyny ezeniňizde, suwundan çala guýup pýureňizi taýýarlaň. Pýureňiziň suwuk bolmagyndan ägä boluň. Pýureň içine islegiňiz boyunça duz we burç goşuň.

8. Kömelegi taýynlama gezegi hem gelip ýetdi. Kömelegi gowy ýuwuň we kiçeňräk böleklere kesiň.

9. Sajyňyza azajyk günebakar ýagyny guýup gyzdyryň. Kesen kömelegiňizi günebakar ýagda, pes otda 5-6 minut bişiriň. Islegiňiz boýunça duzlap burçlaň.

10. Towgymyz, pýuremiz we kömelegimiz taýýar bolandan soň, kiçi mekgejöwenleriň 2 sanysyny bankadan çykaryň we narpyzyn 2-3 yapragyny ýolup hem-de ýuwup goýuň.

11. Towugy duhowka pejinden çykaryp, suratdaky ýaly böleklere bölüň.

12. Kesen towgyňyzy owadanlap tarelkanyň bir tarapyna örüň. Onsoň pýureni we pýureň üstünde kömelekleri ýerleşdiriň.

13. Mekgejöweni hem owadanlap gabyň boş ýerlerine ýerleşdiriň. Mekgejöweni tapyp bilmedik bolsaňyz hökman dal.

14. Iň soňunda, nahary birnäçe narpyz ýaprajyklary bilen owadanlap, söýgüliňizi begendiriň.

IŞDÄŇIZ AÇYK BOLSUN!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Okyjy. 2015-02-22 02:22
Batyr! Soragymy jogaplandyranyňyza sag boluň.
Sitata
 
 
#4 Batyr 2015-02-22 00:50
@Talyp - Bu resept sag adamlar üçin taýýarlanandyr. Emma kömelegi çyglygyna iýilende adama zyýany bolup biler. Eýsem bu ingredientler örän ýokary hilli. Bilýän - käbir adamlar ýagda bişirilen nahary iýmeýärler. Ýöne şuny hem bilip goýmaly, her nahar adama ýaramaýar. Naharyň her wagt sagdynam bolsa käbir adamlara ýaraman bilýä. Bu fakty biz göz öňüňize tutuň.
Sitata
 
 
#3 Batyr 2015-02-22 00:44
Kaloriýa her wagt takmynan alynýa sebäbi diýeli käbir adamlar nahar bişirende ingrediýentleriň möçberini deňe deň edip ölçäp bişirmeýär. Şonuň üçin çürt-kesik kaloriýa möçberini aýtmak kyn. Ýöne 1-2 kalorýa artykmaç ýa-da az adamy howpa salmaz.
Sitata
 
 
#2 Talyp. 2015-02-20 01:09
Taýýarlanyşyny hödürleýän naharlaryňyz sag adamlara ýa-da keselli adamlara niýetlenenmi? Şeýle kömelek bilen taýýarlanan iýmit aşgazan-içege ulgamy keselli näsaglaryň keselini beterleşdirer.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-02-17 02:32
Hormatly Aşpez! Bizä önümleriň berýän kaloriýasyna gyzyklanyp, başardygymyzça olary taýýarlajak bolýarys. Kaloriýa hasabyny takmynan almaňda!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele