Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn we tagamly nygmatlar SAGDYN WE TAGAMLY NYGMATLAR - ÝAŞYL SOGANLY GYZYL BALYK
( 11 Ses Berme )

 

Söýgüliňizi haýrana galdyrjak resept.

Egerde wagtyňyz az bolup, işden yadap gelen bolsaňyz, ýöne oňa garamazdan, söýgüliňizi begendirmek isleýän bolsaňyz, onda bu resept siziň üçindir. Bu az ýagly, pes kaloriýaly we taýýarlamasy aňsat reseptdir.

 

 

 

Kaloriýa çyzgyjy (1 adamlyk)

1 file, 198 gr gyzylbalyk eti ~ 412 kal.

1 iri ýaşyl sogan 89 gr ~ 54 kal.

Umumy kaloriýa = 466 kal.

Taýýarlamak üçin gerek wagt

15 minut.

Naharyň sagdynlyk çyzgyjy

Gyzylbalyk öz içinde vitamin A (göz üçin peýdaly), C, B6, Kalsiý we Magniý ýaly peýdaly minerallary we vitaminleri saklaýar.

Iri Ýaşyl sogan bolsa vitamin A, C, D, B6, B12we demir ýaly gerekli minerallara we vitaminlere baýdyr. Mundan başgada ýaşyl sogan adamyň içegesindäki soguljanlara garşy göreşmekde uly peýdasy bardyr.

Zeýtun ýagy bolsa naharyň tagamyny has hem gowulandyrýandyr.

Gerekli önümler (1 adamlyk)

► 198 gr. gyzyl balygyň gylçyksyz, arassa eti (file). Gyzylbalyk tapyp bilmeseňiz onyň ýerine som balygyny ýa-da lakga balygy ulanyp bilersiňiz. (Dykkat! Balyk file görnüşinde we gyljyksyz bolmaly). Gyzylbalyk supermarketlerde doňdurylan görnüşde satylýar.

2 sany iri ýaşyl sogan.

10 ml zeýtun ýagy, zeýtin ýagy bolmasa günebakar ýa-da mekgejöwen ýagyny ulanyp bilersiňiz.

Öz islegiňiz boýunça pesto batyrmasy ýa-da owadanlyk üçin ýaşyl sogan.

Taýýarlanyş usuly:

Filelenen gyzylbalygy iki çümmük duz we burç bilen sepelemeli. Ilki burçlasaňyz, soňundan saja atjak wagtyňyz duzlasaňyz, gyzylbalygyň tagamy has süýji bolýar. Sebäbi duz balygy guradyp goýup, iýlen wagty balygyň bar tagamyny alýar.

Iri ýaşyl sogany ýuwmaly we onuň ak ýerini ulanmaly. Ýaşyl soganyň ak ýerini uzynlygyna kesmeli. Pessejik otda, azajyk zeýtun ýagyny aşagy galyň saçda gyzdyryp, ýaşyl sogany 5 minut bişirmeli. Bişiren wagtyňyzda duz bilen burçy atmaly. Ýaşyl sogan yumşan wagtynda sajyn aşagyny öçürmeli we aýratyn gapda ýylylygyna goýmaly.

Ýaşyl sogany bişiren sajyňyza azajyk zeýtun ýagyny gyzdyryň. Duzlanan we burçlanan gyzyl balygy orta otda her tarapyny 5 minut bişiriň. Haçanda balygyň daşy altynsow ýa-da pyrtykal renke eýe bolanda, balygyňyzyň taýyn boldugydyr.

Ilki bişirilen ýaşyl sogany, onson üstüne gyzyl balygy suratdaky ýaly goýuň. Gyzylbalygyň üstüne islegiňiz boýunça pesto batyrmasyny guýup bilersiňiz. Pesto batyrmasy supermarketlerde taýýar görnüşinde satylýar. Eger-de pesto tapmasaňyz, onyň ýerine owadanlyk üçin bişiren ýaşyl soganyňyzdan alyp, taýyn tagamy owadanlap bilersiňiz.

IŞDÄŇIZ AÇYK BOLSUN!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Talyp gyz. 2015-02-26 00:05
Ýörüte balyk alyp, ýokarda görkezilen taýýarlaýyş usuly bilen taýýarladym. Edil "gulagyňy kesseňem duýmarsyň" diýilişi ýaly örän tagamly bolupdyr, lezzet alyp gyzlar bilen üýşüp iýdik.
Sitata
 
 
#1 Zenan. 2015-01-31 00:45
Sizä gaty gowy etdiňiz. Her naharyň berýän kaloriýasyny görkezýärsiňiz. Bula horlanmak üçin düşnükli boldy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele