Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn we tagamly nygmatlar SAGDYN WE TAGAMLY NYGMATLAR - GOWRULAN SYGYR ETI WE PÝURE
( 16 Ses Berme )

Eti çorbanyň içinde iýmekden ýadan bolsaňyz, basylan ýer almasy (pýure) bilen  gowrulan etiň sazlaşygy bilen tanşyň. Lezzetli hem elýeterli.

Kaloriýa çyzgyjy (1 adamlyk)

300gr sygyr eti – 750 kaloriýa

200gr püre  - 176 kaloriýa

10gr sogan – 4 kaloriýa

Jemi : 930 kaloriýa

Taýýarlamak üçin gerek wagt: 1 sagat 15 minut

Naharyň sagdynlyk çyzgyjy:

Sygyryň eti  C, B15 vitaminlerine  we belokly süýümlere örän baýdyr. Mundan başga-da, sygyryň eti akyp bişende has hem tagamly bolýar. Käbir adamlar etiň doly bişmedik görnüşini halaýar, çünki doly bişmedik etde beloklaryň köp mukdary saklanýar. Emma ýokary hilli eti saýlama wajypdyr.Eti saýlap alanyňyzda reňkine üns beriň. Eger-de renki soluk bolsa, onda et könedir  we bişende gury bolup bişme ähtimallygy bardyr.

Ýer almasy özünde örän köp möçberde krahmaly we  B6vitamini, magniý mineralyny saklaýar. Ýer almasynda saklanýan  kaliý mineralynyň  möçberi bananyňkydan hem has köpdür.

Ýer almasyndaky kaliý adamyň ýokary gan basyşyny peseldýär. 

Soganyň ýakymsyz ysynyň   bardygy sebäpli ony köpler halaman hem biler, emma iň peýdaly witaminler we minerallar soganda saklanýandyr.Mundan başga-da, soganda diýetik süýümler bolup, olar horlanmak isleýän adamlar üçin örän peýdalydyr.

Gerekli  önümler:

1. - 270-300 gr. ýarym jylka we biraz ýagly sygyr eti;

2. - 2 sany orta ululykdaky  ýer almasy;

3. - 1 kiçi sogan;

4. - 2 el gysymy ukrop-petruşka oty;

5. - 3 diş sarymsak;

6. - Zeýtun ýagy;

7. - Eger bar bolsa süýji paprika oty (tapyp bilmeseňiz hökman däl);

8. - Gowurmak üçin plastik torbajyk (Supermarketlerde satylýar);

9. - Uksus - Sirke.

Taýýarlanyş usuly:

1. Sygyr etini inedördül şeklinde kesmeli.

2. 3 diş sarymsagy we 1 el gysymy ukrop bilen petruşkany ownuk kesiň we birazajyk zeýtun ýagy hem-de 3 çümmük duz bilen garyşdyryň. Süyji paprika otuny tapan bolsaňyz, ondan hem 3 çümmük garyndyň içine goşuň. (Bu garyndy etimizi marinowka etmek üçin ulanylýar)

3. Inedördül  şekilinde kesilen eti marinowka üçin taýýarlan garyndyň içinde garyşdyryň we 15 minut  saklaň.

4. Etiňiz marinowka bolýança 2 sany ýer almasyny ýuwup, daşyny arassalaň we kiçiräk böleklere bölüp ýumşaýança gaýnadyň .Ondan  pýure  görnüşini  taýýarlaň. Pýureniň içine birazajyk zeýtun ýagyny we islegiňiz boýunça duz goşuň. Pýureniň tagamyny has artdyrmak üçin birazajyk burç we ukrop-petruşka otuny  goşup bilersiňiz.

5. Etimiz bu wagta çenli gowy marinowka bolandyr. Plastik torbajygyň içine marinadly eti salyň we pakediň üstünde kiçiräk deşik açyň. Torbajykdaky eti duhowkada 1 sagada golaý bişiriň. Duhowkanyň temperaturasy  200-250 C. deň bolmaly. Gatyrak et iýmäne halaýanlar üçin eti 40-45 minut bişirmek ýeterlik.

6. Sogany inçe kesiň we 1 gysym kesilen ukrop hem-de petruşka bilen garyşdyryň. Tagamyny artdyrmak üçin birazajyk uksus (sirke) goşuň. 

7. Suratdaky ýaly başda püre, onsoň et we üstünden sogandan taýýarlan işdäaçarymyzdan  azyrak goýuň. Plastik paketdaky etden galan suwy bolsa naharyňyzyň üstüne sepeläň. 

IŞDÄŇIZ AÇYK BOLSUN!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Maýsa. 2015-02-02 01:09
Siziň maslahatyňyz boýunça bu tagamy taýýarladym. Maşgalamyz hezil edip işdäli iýdiler. Köp sag boluň.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-01-30 00:10
Batyr! Maslahatyňyza köp sag boluň.
Sitata
 
 
#2 Batyr 2015-01-24 02:58
Etiň möçberi adama görä üýtgeýär, eger-de 300 gr köp görýän bolsaňyz, 200-150 gr et hem ýeterlikdir.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-01-24 00:04
Gaty tagamly süýji nahar. Ýöne bir adama bir oturanda 300 gr. et iýmäge köp dälmi! Özümä hemmesini bir oturamda iýip biljek däl.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele