Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn we tagamly nygmatlar SAGDYN WE TAGAMLY NYGMATLAR
( 18 Ses Berme )

Adamyň durmuşynda edil dem almagyň, hereket etmegiň möhüm bolşy ýaly, peýdaly we tagamly iýmiti kabul etmek hem wajyp, hem lezzetli bolup durýandyr.

Uly höwes we söýgi bilen täze, ter, peýdaly önümlerden taýynlanan nahar bedenimizi kuwwatlylyk çeşmesi bilen üpjün edýär, hemme fiziologiki hadysalaryň kadaly geçmegine ýardam berýär, biziň keýpimizi çag edip, zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Akyldar Sokrat diýmişleýin, "Iýmek üçin ýaşamaly däl-de, ýaşamak üçin iýmeli".

Edil şol maksat bilen, biziň "Sagdyn we tagamly nygmatlar" bölümimizde ussat aşpez tarapyndan hödürlenýän dürli näz-nygmatlaryň taýynlanyş usullary Siz we maşgalaňyz üçin peýdaly we tagamly bolup, göwnüňizden turar diýip tama edýäris.

Hemde okyjylary öz halaýan, sagdyn we tagamly nygmatlarynyň taýynlanyş usuly bilen saýtda paýlaşmaklaryna çagyrýarys.

Nygmatlaryň taýynlanşy barada maglumaty This e-mail address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it iberiň!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Güljan. 2015-02-16 01:04
Adamyň durmuşy köp taraply. Lezzetli naharlar bilen iýmitlenmek, elbetde ony hem başarsaň, durmuşyň gerek bolan aýrylmaz bir bölegi. Ol naharlary nähili iýýärsiň, haçan we näçe möçberde iýýärsiň, ana ol esas çözgüt bolup durýar. Bulara düşünýän adam üçin saýtda naharlaryň taýýarlanyşy hakynda maglumatlar örän peýdaly diýip düşünýärin.
Sitata
 
 
#2 Talyp. 2015-02-06 00:19
Okyjynyň tesbirini okadym. Onuň öz pikirini aýtmaga haky bar. Men ol zatlary dannap duramok. Aýtjak zadym ol hem Siz gowy maglumatlary berseňiz esasy zat olary okap, biziň Size bolan hoşallygymyz.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-02-01 01:12
Häzirki döwürde köpümiz iýmek üçin ýaşaýan ýaly. Sagdyn iýmitlenme sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslarynyň biri bolup durýar. Keselleriň köpüsi iş stolunyň ýa-da naharly stoluň (saçagyň) başyndan gözbaşyny alyp gaýdýar. Şonuň üçin kada laýyk iýmitlenmegimiz her birimiziň saglygymyz üçin wajyp. Özüňi sagdyn saklamak, garrylykda keseller bilen göreşip geçmejek bolsaň hökman.
Hormatly saýtyň lukmanlary!Saýtda täze girizen sagdyn we tagamly nygmatlar baradaky maglymatlaryňyz ýerlikli, taýýarlanyşy ýaşlara mekdep. Ýöne meniň pikirimçe onuň baş sahypada keselleriň arasynda ýerleşdirilmegi Saglyk saýtynyň görküni bozýar, manysyna ýaramaz täsir edýär. Tagamly nygmatlar taýýarlanyp iýilende hem işdämen iýiler öýdemok. Sebäbi töweregindäki kesellere her adamyň öz garaýşy bolýar. Her kim bir hili kabul edýär. Şonuň üçin taýýarlanan tagamly nygmatlar işdäli iýlip, lezzet alynar ýaly başgaçarak ýerleşdirseňiz gowy bolardy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele