Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit ET, SEN NIRELERDE ÖNÜP-ÖSDÜŇ?
( 35 Ses Berme )


Köpümize mälim bolşy ýaly, maly gysga wagtda ulaltmak we semretmek maksady bilen daşary ýurtlarda onuň iýmitine ösüş gormonlaryny we başga-da şonuň ýaly derman serişdelerini goşýarlar. Daşary ýurtlardan getirilen (importirlenen) etiň bahasynyň, elin, ýerli et bilen deňeşdirlende arzan bolýandygy hemmämize hem bellidir. Eýsem, daşary ýurtdan getirilen et adamyň saglygyna nähili howp salyp bilýär?

Daşary ýurtly etiň "alamatlary"

► Gormonal dermanlary bilen ösdürilen malyň etiniň reňki ýiti gyzyl bolýar.

Ýerli etiň gaplanylşy bilen deňeşdirlende, daşynyň gaby gaty tämiz görnüşde bolýar.

Weterinar gullugynyň güwä geçýän şahadatnamasy, delilnamasy bolmaýar. Siz etiň getirilen ýurduny we saglygyňyz uçin möhüm bolan başga-da maglumatlary anyklamak uçin bu delilnamalary satyjydan talap etmeli.

Import edilen et daşyndan owadan görünýär, ýone bişirlende gury, tagamsyz bolýar.

Bahasy gaty pes bolýar. Şu sebäpli, arada durup alyp satýan adamlar uçin şunuň ýaly söwdä bahbitli bolup durýar.

Antibiotikler

Ösen (we käbir ösüp barýan) ýurtlaryň fermalarynda mallary, guşlary hapa, sanitariýa kadalaryna laýyk gelmeýan şertlerde saklaýalar. Saklanýan ýataklarda mallaryň sany bolmalysyndan gaty ýokary bolýar. Semretmek maksady bilen mallaryň iýmitine kadaly ýagdaýda antibiotikleriň pes mukdary goşulup berilýär. Şunuň esasy maksady, mallaryň kesellemeginiň önüni alyp we gysga wagtyň içinde olary ýetişdirip, girdeji almak bolup durýandyr. Ulanylýan antibiotikler adamyň saglygyna we daşky gurşawyň ýagdaýyna çynlakaý howp salýar. Antibiotik serişdeleriň bimaksat we görkezmesiz ulanylmagynyň netijesinde, adamlarda antibiotiklere durnukly keselleriň döremeginiň töwekgelçiligi artýandyr.

2009-nji ýylda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda (ABŞ) hemme satylan antibiotikleriň 80%-i mallary we guşlary ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylan bolsa, galan 20%-i adamlary bejermek uçin ulanylypdyr (U.S. Food and Drug Administration).

Gormonlar we toksinler

Maldarçylykda ulanylýan sintetik gormonlaryň galyndysy adamyň saglygyna uly howp salýar. Meselem, adamlarda düwnük (rak) keselleriniň, haýwanlarda bolsa dürli ýokançly keselleriň döremeginiň töwekgelçiligini artdyrýar.

1999-nji ýylda, Ýewropaly alymlar mal we guş ösdürmekde ulanylýan gormonlaryň, esasan hem ABŞ-da ulanylýan gormonlaryň ýaramaz täsiri barada çynlakaý aladalanma bildirdiler. 1999-nji ýylda, Ýewropa Bileleşiginiň weterinariýa we adam saglygy boýunça komiteti öz metbugat hasabatynda, köp ulanylýan alty sany gormonlaryň süýt mäzlerinde, erkeklik jyns mäzinde we içegede rak keseleriniň döremeginiň töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny bellediler. Etde we et önümlerinde tapylýan gormonlaryň ujypsyz mukdarlary hem adamyň saglygyna howply bolup durýalar. Ýewropa Birleşigi ylmy barlaglara esaslanyp Amerikadan iberilýän sygyr etiniň importyny gadagan etdi. Ýöne ABŞ Dünýä söwda guramasynyň usti bilen bu gadagançylygy ýatyrdy.

Daşky gurşawdaky toksinler mallaryň we guşlaryň dokumasynda toplanýarlar. Zaherleýji maddalar esasan hem mallaryň ýagynda toplanýar. Toksinler adamyň onelgelilik ulgamynyň bozulmalarynyň, ýürek keselleriniň, süýji keseliniň we düwnügiň döremeginiň sebabi bolup bilýärler.

Az bolsun, howpsuz bolsun...

Et satyn alanyňyzda gyssanmaň. Etiň diňe bahasy bilen gyzyklanman, onuň nireden getirilendigini, malyň haýsy şertlerde önüp-ösdürlendigi barada maglumaty biljek boluň. Elin eti satyn almana çalşyň. Hazirki döwürde lukmanlar etiň az iýilmeginiň peýdalydygyny we gaty uly muktarda iýilmeginiň (meselem, her gün) zerurlygynyň ýokdugyny nygtap geçýärler.

Ulanylan çeşme.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#14 Pikirli 2014-03-04 02:30
Düşünýärin, köp pikir edýärin, gynanýaryn. Iýilýän ete seredenimde ýaş çagalara näme garaşýandygyny ýatlamakdan hem gorkýaryn.
Sitata
 
 
#13 Matlap 2014-03-03 15:39
Eti az iýmeli diýip, ondan tutuş ýüz öwrüp bolmaza. Hudaý adamy şeýle ýaradypdyr, "Hudaýa ynansaň ynan weli, biliňi berk guşa" diýilşi ýaly iýýän zadyňa kynam bolsa üns bermeli.
Sitata
 
 
#12 Arzuw 2014-03-02 15:41
Döwletiň esasy borjy ilatyny daşary duşmanlardan goramak bolsa, menä aýdyp biljek ol döwletiň ikinji borjy öz halkyny daşardan gelýän iýmitlik etden goramaly.
Sitata
 
 
#11 Okyjy 2014-02-11 15:55
Bizde antibiotikleriň 80%-den köpüsini adamlar özlrini "bejermek" üçin gerek bolsa-bolmasa ulanýarlar. Üstesinede daşary ýurtlardan antibiotik bilen özdürilen mallaryň, guşlaryň etini iýseň, bedenimize nähili zyýan ýetýändigini göz öňüne getireliň: bedeniň ýokary allergiýa uçramasyna, aşgazan-içege ulgamynyň disbakteriozi netijesinde iýmit alyş çalşygynyň düzedip bolmajak bozulmalaryna... getirýär. Umuman durmuş çykgynsyz tegelek, eýtseň hem keselleýäris, beýtseň hem keselleýäris. Hemme iýýän zatlarymyz derman bilen ösdürilen. Tebigy zat ýok. Soňy nähili bolarka!?
Sitata
 
 
#10 Et 2014-02-07 11:44
BIz etleriň nirelerden gelýänimizi hiç biriňiz bilmersiňiz, kä birimiz ýurt aşyp, uzak-uzak ýerlerden gelýäris.Ýazgymyzy okaýmasaňyz, ýüzümize seredip nirelidigimizi bilen bolmaz. Biziň "aslymyzy" bir Hudaý bilýär.
Sitata
 
 
#9 Sahy 2014-02-06 00:14
Saglyk üçin ýaramly, örän gerek bolan önümi gazanç çeşmesine öwrüp ýörkäler nirede bu alymlaryň aýgytly sözleri?
Sitata
 
 
#8 Kerwen 2014-02-05 12:44
Atsyz türkmeni ýepbeklemeli bolsa iki paý berilen ýaly, näme türkmenler iýmeýändir öýdýärmiň ýokarda atlary tutulan naharlary, gök önümleri, Hudaýa şükür gök önümler, miwelwr-ä hili gowy bolmasa-da gyşyn-ýazyn puluň bolsa bar. Pullularyň saçagy dürli-dümen. Ýöne et gemirlip oturlandyr öýtmäň.Etli naharyň hem öz ýeri bar...
Sitata
 
 
#7 Gaýgyly 2014-02-05 12:33
Et köp adamlaryň iýmiti. Mallaryň ösmegine akylly tebigy äheňde garalmasa geljekki nesil gözgyny ýagdaýa düşäýmese...
Sitata
 
 
#6 Atsyz 2014-02-05 01:38
Quoting Kerwen:
Atsyz hany iýesiň gelmeýän iýmiti iýjek bolup gör! Aşgazanyňy göwün isleýän iýmitiňden "doldurmasaň" eliň işe-de baranok. Türkmen etli nahar bolmasa oňup bilmez. Iýseň iýersiň, ýöne göwnüň hoş bolmaz.


Gök önümlerini Türkmenlere çagalykdan iýmäne owretmeli. Ýone häzirki zamanda olar kola içýärler, gowrylan kartoşka iýärler. Ine Söwet döwründe biz iýadigä "orsuň" naharyny, kaşa diýdi, greçka, kelem, ysmanak, pyure...indi näme bolupmyş? Bular Türkmeniň naharlary dälmiş...Näme "türkmençilik" diýlende hepdede ýedi gezek ýagly et iýmelimi?
Sitata
 
 
#5 Kerwen 2014-02-04 12:33
Atsyz hany iýesiň gelmeýän iýmiti iýjek bolup gör! Aşgazanyňy göwün isleýän iýmitiňden "doldurmasaň" eliň işe-de baranok. Türkmen etli nahar bolmasa oňup bilmez. Iýseň iýersiň, ýöne göwnüň hoş bolmaz.
Sitata
 
 
#4 Atsyz 2014-02-04 01:59
Quoting Kerwen:
Eti-hä iýer ýaly etmänsiňiz. Onda etiň ýerine näme iýjek? Et iýmeseň bolmaza!


Türkmene mahsus bolmadyk, ony kemsidýan gök önumlerini iýmeli. Halys palow, gowrulan etli zat iýyp ýitip gitjek halk.
Sitata
 
 
#3 Kerwen 2014-02-03 11:22
Eti-hä iýer ýaly etmänsiňiz. Onda etiň ýerine näme iýjek? Et iýmeseň bolmaza!
Sitata
 
 
#2 Öý hojalykçy 2014-02-02 01:49
Saýlap iýere mümkinçilik ýok. Şonuň üçin hem nähili et tapsak, ol hem arzan bolsa şony alyp iýýäris. Şondandyr-da keselden gözümiz açylanok. Iýmeseň hem bolanok.
Sitata
 
 
#1 Gartaşan 2014-02-02 01:11
Adamzat öz nebsi üçin aýlyganç zatlara baş goşýar. Eti iýmäni goýaýmasaň başga alaç ýok. Etiň öndürilşine okap göz ýetirseň bialaçlyk ýigrençlik döreýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele