Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit "IŞDÄŇIZ AÇYK BOLSUN!" ÝA-DA ONUŇ ÜÇIN BERJAÝ ETMELI 9 DÜZGÜN
( 19 Ses Berme )

Iýmitiň dogry kabul edilmeginiň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy köpümize mälimdir. Iýmit kabul edilende önümiň diňe bir hiline, terligine, ýokumlylygyna üns berilmän, eýsem onuň kabul ediliş tertibine hem üns bermelidir. Iýmitiň tagamly bolma şertini berjaý etmekden başga-da, ony kabul etmegiň aşakda beýan edilen esasy düzgünlerine eýerme, iýmit siňdiriş agzalaryň işiniň kadaly ýagdaýda saklanmagyna hem-de iýmitiň doly özleşmegine kömek edip biler.

1. Bedene fiziki agram salnandan soň (agyr iş, fiziki maşklar ýerine ýetirlenden soň), üşäp ýa-da yssylap öýe giren badyňyza ýa-da dartgynly emosional ýagdaýlardan soň birden iýip-içmek beden üçin zyýanly bolup biler. Şeýle dartgynly ýagdaýa sezewar bolan bedende iýmit siňdiriş şiresiniň bölünip çykmagy kynlaşýar. Şol sebäpli hem,dartgynlylyk ýatyşandan ýarym sagat soň naharlanmak maslahat berilýär.

2. Nahar iýmek üçin ýazyljak saçagy arassa, göze ýakymly, naharlanma üçin ykjam edip ýazmaga çalşyň. Naharlanma üçin ulanylýan gap-gaçlaryň amatlysyny, owadanyny saýlama, olarda tagamlaryň rejeli guýulmagy hem-de ýerleşdirilmegi hem naharyň işdäli iýilmegi üçin şert döredip biler.

3. Naharlanmazdan öň ter miwe we bakja önümlerini iýiň, olardan işdäaçarlary taýynlaň. Ajygan wagtyňyz ir-iýmiş iýseňiz, iýmit siňdiriş mäzleri, aşgazan-içege ulgamynyň hereketjeňligi işjeňleşýär, içege boşlugynda ýaşaýan bakteriýalaryň düzümi kadalaşýar. Alma, kelemiň dürli görnüşleri, käşir, hyýar, pomidor, süýji tagamly bolgar burçy örän peýdalydyr. Duza ýatyrylan (basylan) kelemiň düzüminde-de ter kelemiň düzümindäki peýdaly maddalaryň ählisi saklanyp galýar.

4. Gyzgyn nahardan soň ýa-da onuň ýany bilen ir-iýmişleri iýmek maslahat berilmeýär. Olar bedene düşen iýmitiň kadaly özleşmegine päsgel berip, içegede turşama hadysalarynyň güýjemegine getirip bilerler. Desert (nahardan soň iýilýän süýji tagam) höküminde hem ter miweleri iýmek örän zyýanlydyr.

5. Iýmiti mazaly çeýnemeli. Oňat çeýnelen iýmit iýmit siňdiriş ulgamynda aňsatlyk bilen özleşýär. Iýmit çeýnelen wagtynda, diňe mehaniki ownutma amala aşyrylman, eýsem agyz boşlugyndaky tüýküligiň düzümindäki fermentleriň täsiri bilen uglewodlaryň we beloklaryň käbir görnüşleri dargaýar.

6. Howlukman iýip-içiň! Saçaga alnyp berilýän tagamlaryň arasynda 5-10 minut arakesme ediň. Ertirlik we agşamlyk azyndan ýarym sagat, günortanlyk bolsa 40 minut gowrak dowam etmelidir. Nahar iýýän wagtyňyz gepleşmeden, telefonda jogap bermeden, dürli sebäpler bilen naharyň başyndan turup gidip, soň ýene nahar iýmegi dowam etdirmekden gaça duruň. Şeýle hereketler aşgazan şiresiniň kadaly bölünip çykmagyna päsgel berip, iýmitiň ýeňil özleşmegine bökdençlik döredip biler.

7. Naharlanmagyň öň ýany, naharlanýan wagtyňyz we nahar iýip bolaýan badyňyza suw ýa-da beýleki içgileri kabul etmekden saklanyň. Iýýän tagamyňyz has gurak bolaýan ýagdaýynda hem, suwy az-azdan owurtlaň. Suw we beýleki içgiler agyz boşlugyndaky tüýküligiň mukdaryny azaldýar, aşgazan şiresini suwuklandyrýar. Bu bolsa iýmitiň özleşdirilmegini kynlaşdyrýar. Suw we beýleki içgileri nahardan ýarym sagat öň ýa-da bir sagat soň içmek maslahat berilýär.

8. Iýmit we içgi aşa sowuk ýa-da aşa gyzgyn bolmaly däl. Has sowuk we has gyzgyn tagamlary garyp iýmek hem zyýanlydyr.

9. Naharlananyňyzdan soň biraz dynç alyň. Ýöne geçip ýatmaň-da, biraz gezelenç ediň. Arakesme azyndan 15 minut dowam etmelidir. Agyr işde işleýänler ýarym sagat, sport bilen meşgullanýanlar bolsa bir sagat dynç almalydyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Okyjy. 2015-06-18 01:03
Dogry belläpsiňiz tesbirçi Synçy. Ýüregim bola.
Sitata
 
 
#6 Synçy. 2015-03-02 01:19
Her birimiz üçin gerekli maslahatlar. Biziň hiç birimiz ýokardaky düzgünlere eýerip naharlanýandyrys öýdemok. Gyssanyp iýme, garyp-gatma köpümize mahsus. Soňundan hem aşgazan-içege ulgamyndaky näsazlyklary, döreýän biynjalyklygy nämeden görjegimizi bilemizok. Nahar iýenimizden soň dermanyň gözleginde.Sebäbini öz biparlygymyzdan görmän iýmitiň hiline çenli ýazgarýarys.
Sitata
 
 
#5 Akga. 2014-04-11 00:36
Iýeniňde özüňi çäklendirip bilseň, iýeniňden soň garnyň üstüne ýatman hereket etseň, gök önümleri we miweleri terligine iýseň, nahar wagty degnaňy rahat saklap, keýpihon iýseň, duranja bir saglygyň gözbaşy.
Sitata
 
 
#4 Aba. 2014-04-09 01:27
Saýtda ýazylanlar örän wajyp. Olary ýerine ýetirmek ondan hem wajyp. Ýöne ony bilibem biperwaýlyk edýäniň iýmit siňdiriş agzalarynyň dat gününe.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2014-04-07 01:21
Iýmek medeniýeti hem ylmy medeniýetiň bir görnüşi diýjek men-ä.
Sitata
 
 
#2 Padar. 2014-04-05 01:38
"Görk agyzdan" diýip gören zadyny iýip ýören adam et üçin semredilýän mal kysymly.
Sitata
 
 
#1 ayka 2013-07-26 12:43
Salam. Men nadip horlanmaly ?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele