Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY WE BIZIŇ ENDIKLERIMIZ
( 19 Ses Berme )

Täze ýyl baýramçylygy (dogrusyny aýtsak, diňe bir bu baýramçylykda hem däl) biziň bedenimiz üçin çynlakaý synag bolup durýar. Onuň hem sebäbi – biz alkogol içgilersiz şatlanyp bilmeýäris. Alkogol içgiler bilen birlikde nädip saglygyňa zyýan ýetirmän we başgalaryň keýpini bozman bolarka?

Biziň hemmämiz alkogolly içgileriň saglyk üçin zyýanlydygyny bilýäris. Ýöne onuň seýrek we akylly-başly, çeni bilen kabul edilmegi onuň zäherleme täsirini peseldip biler.

Taýynlyk görýäris

Alkogol içgisinden soňky nähoşlugyň döremegi (rus. – pohmelnyý sindrom) – siziň öňýanyndaky gün alkogoly çendenaşa kabul edendigiňiziň alamaty bolup durýar. Ýöne bedeni taýynlap, geljekki "alkogol agramlylyga" döz gelip bolar.

► Oturylyşykdan iki gün öň, her günde 200 gr. mukdarda deňiz kelemini iýiň. Ol baýramçylyk güni we onuň ertesi alkogolyň täsirini peseltmäge kömek edip biler. Ýöne şeýle täsirlilik bir gezeklikçe ýüze çykyp, ol soňky günler kömege gelmeýär.

Baýramçylygyň öňýanyndaky gün mekgejöwen gulpagynyň demlemesini içiň. Onuň 1 nahat çemçesiniň üstüne 1 stakan gyzgyn suw guýup basyryň we 2 sagat saklaň. Ondan soň demlemäni süzüň. Mekgejöwen gulpagy ödüň çykmasyny kadalaşdyryp, şonuň bilen birlikde hem alkogol zäherleriniň bölünip çykmagyny çaltlandyrýar we aşgazanasty mäzi goramaga kömek edýär. Şeýle demlemäni birinji bulgury içmezden 2 sagat öň kabul etmäge çalşyň.

"Sanjym" edýäris

Bedeni garaşylýan "alkogol agramlylygyna" taýynlamak üçin, birinji bulgur galdyrmazdan 4 sagat öň alkogolyň "taýynlaýjy" mukdaryny kabul ediň. Ol bedeniň agramyna baglylykda 100-150 ml. alkogol içgisiniň mukdaryny düzüp, baýramçylyk güni kabul etjek umumy alkogolyň 1/10 böleginden köp bolmaly däldir. Ondan soň gowy naharlanma maslahat berilýär. Alkogolyň ilkibaşky mukdary alkogol zäherlerini dargadyjy fermentleriň işläp çykmagyna ýardam berip, sizi baýramçylygyň başlanmagyna taýynlaýar. Eger siz başga içgini kabul edýän bolsaňyz, onda "taýynlaýjy sanjymy" onuň bilen geçiriň. Meselem, 100 ml. aragyň we 320 ml. çakyryň täsirliligi deňdir.

Saçak başynda

→ Alkogol içgileri garyp içmekden saklanyň.

Alkogol içgileri gazlandyrylan içgiler bilen içmäň – bu ýagdaý serhoşlyga çalt getirýär.

Çakyrlaryň dürli görnüşleri içilende şu düzgünler zäherlenmäni azaltmaga kömek edip biler: açyk reňkli çakyrdan – dok reňkli çakyrlara, alkogoly pes gradusly çakyrdan – ýokary gradusly çakyra, gury çakyrdan – süýji çakyra.

Çeniňizi biliň! Bedeniň her 1 kilogrammyna aragyň 6-8 ml. mukdary – adam üçin alkogolyň howpsuz çägi hasaplanýar. Ondan köp mukdar bedene zyýan ýetirip bilýändir.

Ýatda saklaň! Alkogol içgilerden soň döreýän nähoşlugyň we alkogol bilen zäherlenmäniň iň agyr ýagdaýlary, uçujy, zäherli ýaglary saklaýan, pes hilli alkogol içgileri zerarly döreýändir. Şonuň üçin hem, içgileri diňe öňden bilýän dükanlaryňyzdan satyn almaga çalşyň.

Alkogol we naharlar

Alkogol içgileri bilen iýilýän naharlar mukdary boýunça ol diýen köp bolmaly däldir. Sebäbi iýmit bilen işine agram salnan bagra alkogol zäherlerini çykarma kyn bolup biler. Ýöne halk arasynda ýagly tagamlaryň çalt serhoş bolmakdan goraýandygy baradaky düşünje hem bar. Dogrudan hem, ýag aşgazanyň diwarlaryny gurşap alyp, alkogolyň çalt sorup alynmagynyň öňüni alýar. Ýöne bu ýagdaý serhoşlygyň döremegini diňe gijikdirýär, içmekden soňky nähoşlugy bolsa güýjedýär.

Alkogolyň ýany bilen şu önümler köp kabul edilmeli däldir: ýagly et, öý ördegi, noýba önümleri, büzmeçler. Şonuň ýaly-da, öý sirkesini, sogany, burçy, sarymsagy düzüminde saklaýan ýiti tagamlary aşa iýmekden saklanmalydyr. Olar alkogolyň okislenmegini haýalladýarlar.

Alkogol bilen iýilýän ýeňil önümler:şireli ir-iýmişler (esasan hem almalar we sitrus önümleri), alma we üzüm şireleri, bal.

Aslynda her içginiň ýanyndan berilmeli tagamlaryň aşakdaky görnüşleri maslahat berilýär:

Arak – alkogol içgileriň arasynda zäherlendirme täsirliligi boýunça iň gowşak içgidir. Bir demde, dem alma wagty içilýär. Duzlanan gök önümler, doňuz ýagy, balyk işbili, duzlanan balyk bilen ýer almasyndan taýynlanan tagamlar bilen;

Konýak – peýnir ýa-da limon bölekleri bilen;

Gyzyl çakyr – et, buga bişen guş eti, peýnir bilen;

Ak çakyr – deňiz önümleri, balyk, guş eti we ir-iýmişler bilen;

Şampan içgisi – deňiz önümleri, işbil, peýnir, ir-iýmişler we buzgaýmak bilen utgaşyklykda içilýär.

Çenden aşylan bolsa

Eger içmekden soňky nähoşluk ýüze çykan bolsa:

⇒ 2 sagadyň dowamynda gazsyz 1-1,5 l. çenli suw içiň. Şonuň ýaly-da, günüň dowamynda köp mukdarda suw we aşgarlanan mineral suwuny içiň;

Ýagdaýa görä, buşukdyryjy serişdäni ýa-da gök çaýy (nähoşluk agyr derejede bolmasa) içiň;

Duza ýatyrlan hyýaryň suwuny içiň ýa-da duzlanan kelemi, 5-6 sany guradylan erigi iýiň;

Mazaly ertirlik naharyny ediniň (süýt önümleri, ýer almasy, gök önümler);

Gyzgyn duş kabul ediň;

Dynç alyň, uklaň.

Her baýramçylykda, alkogol içgileri kabul etmezden öň, olaryň belli bir mukdarda kabul edilmeginiň we çäkden çykmazlygyň möhümdigini ýatda saklaň! Diňe şeýle bolanda siziň özüňiz hem, ýakynlaryňyz hem baýramçylygyň şatlygyny duýup, ondan lezzet alyp bilerler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Kerem 2016-12-21 00:00
Dogrymy aýtsam, toý saçagy gowydyram weli, nirede bolsaňam onuň başynda içginiň, iýmitiň zamuny bolmajak bolmaly. Ol hem näme tebigat tarapyndan berilmese, her saçagyň başynda näme garaşýandygy saňa iýmit siňdiriş agzalarynyň özi duýdyrarlaý.
Sitata
 
 
#5 Artyk. 2016-01-24 00:04
Hormatly Lukman! Menem birinji tesbirçi okyjy bilen pikirdeş. Siziň saçak başynda täze ýyl gijesinde alkogol içgilerini nähili içmelidigi hakynda ýazanyňyzy unaýan ýerim bolsada, bedeniň her bir kilogramyna 6-8gr. aragyň zyýanly däldigi hakynda görkezeniňizi oňlamaýaryn. Ony göz öňünde tutup arak içilse, ol gaty köp bolýar ahyryn. Ony içip ýörseň, duranja bir aýňalyp bilmän ýören serhoş bolaýmaly.
Sitata
 
 
#4 Ýaş ýigit. 2016-01-20 02:34
Arak içmek zyýanly dälmikä? Baýramlar köp-ä. Her oturanyňda şonça içseň, beden garaşly bolaýmasa! Makala çakyr zawodynyň buýrugy boýunça aragy mahabatlandyrmak (reklama) etmek üçin ýazylana meňzeýär.
Sitata
 
 
#3 Aýbölek. 2016-01-16 02:32
Täze ýyl baýramy ýylda bir gezek bize miýesser edýär. Bize mahsus bolan endikler bolsa günde-günaşa gaýtalanýar. Bir baýramçylykda mahsus bolan endiklerimizi gapdala goýmak her bir adama başardyp duranok. Ol baýama öz bedenini öňräkden özüni taýýarlap bilmek zyýandan özüni halas etmegiň peýdaly usulydyr.
Sitata
 
 
#2 Nedir. 2016-01-13 00:08
Adamy öwwrenişen endiklerinden başga bir ýagdaýa üýtgetmek aňsat bolanok, käbirlerde bolsa hiç bir netije getirmeýär. Bu bolsa täze ýyl baýramçylygynda has hem belli bolýar. Erki gowşak adamlar hakynda aýtmanyňda-da, erkli adamlar üçinem ol bir bada aňsat düşmeýär.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2016-01-10 02:07
Be-e-e! Arakhorlaryňa bagty gelipdir. Sebäp bolsa, bolmasa içer oturarlar. Siziň bu makalaňyz arakkeşligiň ýaýbaňlanmagyna itergi beräýmese. Bir oturaňda ýokarda görkezilen mukdarda içmegi nygtaýan bolsaňyz, basym biziň ýurdymyz alkaşlaryň ýurdyna "öwrüler". Alkogolyň bedene, galyberse-de bedeniň esasy agzalaryna ýetirýän zyýany ýokmyka? Bu döwrüň araklary zyýansyzlandyrylyp çykarylýarmyka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele