Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit ŞEKERIM ŞEKER... NÄÇE IÝSEM AMAN GALARKAM?
( 16 Ses Berme )

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) gündelik kabul edilýän gandymyzyň mukdarynyň iki esse azaldylmagyna çagyrýär. BSGG-nyň täze tekliplerine görä, adamyň her gün umumy kabul edýan kaloriýalarynyň diňe 5%-i goşulan gantdan ybarat bolmalydyr. Bu san aýallar üçin şekeriň 5-6 çaý çemçesiniň (25 g), erkekler üçin 7-8 çaý çemçesiniň (35 g) kadaly mukdar bolup durýandygyny aňladýar. Adamlaryň aglaba bölegi kesgitlenen gandyň kada hasaplanýan mukdaryndan azyndan iki esse kän kabul edýärler. Gazlandyrylan şekerli içgileriň bir gabynda dokuz çaý çemçesine (!) golaý gant saklanýar.

Bu çäklendirme diňe iýmitlere goşulýan gandy içine alman, adaty ýagdaýda duş gelýän (gant goşulmadyk) önümleri hem içine alýar: bal, siroplar, miwely şireler.

BSGG-sy bu düzgünleri gandyň adam saglygyna ýetirýan täsiriniň ylmy delillerine esaslanyp öňe sürýär. Gandyň adamyň saglygyna ýetirýan ýaramaz täsirleri dişleriň çüýremegi, semizlik, süýji keseli we rak (düwnük) keselleri bilen ýüze çykyp bilýändir.

Köpsanly geçirlen barlaglara görä, şekerli içgileriň kabul edilmegi adamlaryň semiremegine getirýär. Gant adamyň "doýgunluk" duýgusyna böwet bolup durýar we adam gandyň boş kaloriýalaryndan doýman artyk iýmitlenýär.

Gandyň görnüşleri

Gant iki görnüşde bolýar: meselem, süýdüň (laktoza), miweleriň (fruktoza) düzüminde adaty ýagdaýda bolýan we çaýymyza, şireli içgilere, miwe şirelerine goşýan sukroz görnüşindäki gandymyz. Bu görnüş "goşundy" ýagny "tebigy ýagdaýda önümlerde bolmaýan" gant diýip atlandyrylýar.

Keýpiňi köklendiriji şekeriň ýaramaz täsiri

Şeker keýpiňi göterýär, bedeniňe düşende edil neşe serişdesi höküminde täsir edýär. Şonuň üçin durmuşymyzda bir zada begenemizde, gynanamyzda gantdan dalda gözlemäne çalyşýarys. Aramyzda şekeri halamaýanlar hem, islemeýänler hem bilmezlikden, ony bolmalysyndan kän iýmekleri mümkindir. Ýarym taýar, taýar naharlarda meselem çorbalar, irden iýilýän gury şüleler, çorek, gaplardaky ýapylan batyrmalar ýaly önümleriň düzüminde gandyň möçberi ýokary bolup durýar.

Dürli ýurtlardaky alymlar berhizimizde gandyň aşa köp bolmagynyň biziň saglygymyza zyýanly täsir edip, ony azaltmalydygyna güýçli delillendirmeler, esaslar bar diýip belleýärler. Alymlar gündelik kabul edýän gandymyz bilen semizligiň, süýji keseliň, rak keselleriň, dişleriň çüýremeginiň gönümel, anyk arabaglanşygynyň bardygyny belleýärler. Alymlar adamlara, häkimiýetlere bu babatda pikir etmäge çagyryş edýärler. Iýýän, içýän tagamlarymyza täzeden göz aýlamalydygy barada nygtaýarlar.

Azajyk iýsem bolarmyka?

Ýokumlylygy ýokary bolýän iýmitleri kabul edýän adamlar üçin, aslynda hem biziň aglaba bölegimize gandy kabul etmek zerurlyk bolman durýar. Şu döwürde biziň bedenimiz gandyň berýan boş kaloriýalaryna mätäçlik çekmeýär. Aglaba bölegimiz açlykdan ejir çekmän, ofis işleri bilen meşgul bolýarys.

Gant – ýokumlylygy, peýdasy bolmadyk boş kaloriýalardyr. Ondan başga-da, gant goşulan önümleriň düzüminde ýagyň mukdary hem ýokary bolup durýandyr. Näçe kän kaloriýälary, iýmitleri kabul etsek, şonça-da semizlige bolan töwekgelligimiz artýar we gant köp keselleriň, adam ölümçiliginiň esasy sebäbine öwrülýär.

Näme etmeli?

Alymlar, lukmanlar gündelik kabul edýän gandymyzyň möçberini azaldyp, iýmitimize iri süýümli önümleriň (gök önümler, däneliler, ir-iýmişler) goşulmagynyň durmuşymyzyň uzak we sagdyn bolmagynyň töwekgelligini artdyrýandygyny belleýärler. Mümkin, ertirden bäşlap emeli ýasalan miwe şireleriniň ýerine miweleri saýlarsyňyz ýa-da çaýyňyza goşýan gandyňyzy azaldarsyňyz? Ya-da şekerli gazlandyrylan suwlardan ýuz öwürersiňiz? Uzak, sagdyn, agyrsyz, gantsyz durmuşy saýlap almak mümkindir.

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2 / 3

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 Pereňli. 2016-02-16 00:39
Geçen asyryň ikinji ýarymynda altmyşynjy ýyllardan soň, şekeriň iýmitde ulanylşy şeýle bir artdy weli, şonuň bilen birlikde kiçi çagalarda we ulularda diş çüýremesi (kariýes), süýji keseli, semizlik epidemiýa öwrülen ýaly bolaýdy. Şonuň üçin şekeri artykmaç ulanylanda nähili betbegtlyga getirýändigini halka düşündirmek lukmançylygyň esasy borçlarynyň biridir.
Sitata
 
 
#7 Dilaram 2015-11-19 01:12
Şekeri halamaýanlar hem az däl bolsa-da, ony halaýanlar birnäçe esse köp. Durmuşda häzirki döwürde taýýarlanylýan iýmitleriň artmagy bilen şekeriň ulanylşy birnäçe esse artdy. Olaryň ulanylşy şahsyýetiň özüne bagly diýäýmeseň, başga alaç ýok ýaly.
Sitata
 
 
#6 Borjak. 2015-09-26 00:41
Häzirki wagtda söwda ulgamynda içmek üçin satylýan her hili reňkli suwlar gandyň çeşmesine öwrüldi. Aýratyn hem ýylyň maýyl we yssy aýlarynda çagalaryň olary köp içmegi bedende her hili ýaramaz keselleriň döremegine getirmegi ikiuçsyzdyr.
Sitata
 
 
#5 Hünärment. 2015-08-23 23:16
Biziň dörümizde şekeriň iýmitde ulanylşyna pugta gözegçilik edilmese, adamlar gant zorlugyna ulaşyp köp betbegtlyk bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Sitata
 
 
#4 Ýigit. 2015-08-11 01:03
Süýji, şekeriň tagamyny duýmasam naharymy gury iýen ýaly hasap edýärin. Hormatly Maral!Siziň makalaňyzy okap bir hili üşendim. Neşe ýaly şekere öwrenişen ýagdaýymdan nähili halas boljagym meni uly iňkise goýdy. Dişlerimä abat weli şu süýji keselinden örän gorkýaryn.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-08-07 22:34
Mekdep naharhanalarynda çagalar üçin taýýarlanýan çörek önümlerine we içilýän suwlara goşulýan şekeri her günde iýýän, içýän çagalaryň nähili saglygynyň boljakdygyny göz öňüne getirmek onuň ýaly kyn hem däl. Olar hakynda naharhanalaryň işgärleriniň we mugallymlaryň üns bermekleri olaryň aladasy däl ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#2 Nobat. 2015-08-05 22:42
Şekeri gönüden-göni ulanmasaň hem şu wagt iýilýän iýmit önümlerinde beden üçin gerek bolan şeker artykmaç bolmasa kem dälmikä diýýärin. Ony gowy bilmek üçin lukmanlaryň maslahatyna gowy üns bermeli we lukmançylyk ulgamynda çykarylýan gazýet-zurnallary okap durmaly.
Sitata
 
 
#1 Guncha 2015-07-31 19:55
Türkmenler bir sheýle bir kän süýji köke, tortlar, ýagly naharlary iýärler!!! Shekerli içhgiler. Özem bu bir kada öwürüldi. Indi çölde ishleýän horja türkmenimiziň garny dizining ýanynda sallanyp dur. Aýal gyzlarymyz semiz, keselbent.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele