Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit
( 17 Ses Berme )

Biz şu makalada adamyň organizmi üçin örän peýdaly bolan bir gök önümi kädi barada, onuň saglyga peýdasy barada gürrrüň bermekçi.

Kädi bir ýyllyk ösümlikdir. Onuň baldagy 8 metre çenli uzalyp, köpsanly murtjagazlary bolýar. Kädi iýun-iýul aýlary gülleýär. Onuň gülleri iri we sary bolýar. Kädi sentyabr-oktýabr aýlary ýetişýär. Kädiniň örän köp görnüşleri bolup, onuň miwesi togalak, süýri, agramy 20 kilograma çenli bolup bilýär. Kädiniň eti ýumşak, köplenç mämişi reňkde bolýar. Kädiler maşgalasyna kabaçok, patisson, iri kädi, daş kädi dagylar degişlidir. Kädi gadymy ösümlik bolup, onuň watany Meksika hasaplanylýar. Kädini b.e. 3000 ýyl ozal ösdürip ýetişdirendikleri barada maglumatlar bardyr.

 
( 14 Ses Berme )

Hemmeler ýarmanyň (ýarma – kaşa)  diňe tagamly däl, eýsem peýdalydygyny bireýýam bilýärler. Ýarmalaryň islendigi kletçatka baý bolup, adamyň organizminden şlaklaryň, ýagny siňdirelen iýmitden galan galyndylaryň organizmden çykarylmagyna ýardam berýändir. Ýarmalaryň arasynda iň peýdalysy süle ýarmasydyr (gerkules kaşasy).

 
( 4 Ses Berme )
Diabet keseline uçramak
töwekgelliginiň artmagy üçin gaýtadan
işlenilen etiň 50 gramy ýeterlikdir.

Gaýtadan işlenilen etleriň, mysal üçin büzmeçeleriň iýilmegi ýürek-damar keselleriniň döremek ähtimallygyny artdyrýar. Alymlar gaýtadan işlenilmedik täze etiň zyýany büzmeçeleriň ýetirýän zyýanyndan azdygyny çaklaýarlar.

Garward uniwersitetiniň ylmy-barlag topary milliondan gowrak adamlaryň iýmitlenişini öwrenip, geçiren işleriniň netijelerini analiz etdiler.  Olar gaýtadan işlenilen etiň bary-ýogy 50 gramynyň diabet keseline uçramak töwekgelligini artdyrýandygyny ýüze çykardyrlar.

Emma gaýtadan işlenilmedik etiň: sygyr, goýun ýa doňuz etleriniň iki esse köp mukdary iýlende-de, diabet keseline uçramak töwekgelligi ýok. Ýogsa etleriň iki görnüşinde-de: gaýtadan işlenileniň-de, gaýtadan işlenilmedigiň-de düzümindäki ýag mukdarlary deňdir.

 
( 15 Ses Berme )

Dogry iýmitlenmäniň esasy ‎‎kadasy: çenden artyk iýmezlik.

Nahar iýlende sarp edilen kuwwatlylygyň öwezini dolar ýaly halda iýmelidir. Ýöne bedeniň gije-gündiziň dowamyndaky bioritmini hem unutmaly däldir. Mysal üçin giç ýatýan adamlar irden bir käse çaý ýa-da kofe bilen oňsa, ir ýatyp, ir turýan adamlar ertirligi oňat edinmegi halaýarlar. Işdäsiz iýlen naharyň peýdasynyň azdygy ýadyňyzda bolsun. Sebäbi işdä hem endik ýalydyr. Ony hökman hasaba almalydyr. Mysal üçin, ertirlik edinilende spirtli içgileri ýa-da agyr nahar iýmejek bolmaly, ýogsa bagra agramyň düşmegi mümkin. Emma gündiz sagat 15-de saçak başyna geçseňiz, nahardan uly lezzet alarsyňyz, sebäbi günüň şu wagtynda duýuş organlaryň, aýratyn hem ys we tagam biliş organlarynyň duýujylygy diýseň ýitelýändir.

Haçan naharlanmaly?

 
( 14 Ses Berme )

Çaga üçün ene süýdünden peýdaly we gymmatly önümiň ýoklugy bireýýäm subut edildi. Çagany ene süýdünden kesip, emeli süýt bermek – düýbünden ýalňyş  çemeleşmedir. Çaga niýetlenen emeli süýt önümleri, ýokary tehnologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän hem bolsa, hiç haçan düzümi boýunça ene süýdüne meňzäp bilmez. Çünki ene süýdi her çaganyň talaplaryna, ýaşyna görä düzümini üýtgedip durýandyr.Hiç bir emeli süýt garyndysy her bir çaganyň talaplaryna laýyklykda uýgunlaşyp bilmez.

Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalar ýokanç kesellerden, aşgazan-içege we dem alyş ulgamynyň kesellerinden goragly bolýar. Emeli iýmitlenýän çagalaryň arasynda, ölümçilik aşgazan-içege kesellerinde 14 esse, dem alyş ýollarynyň kesellerinde 3 esse ýokarydyr.

 
( 9 Ses Berme )

Täsin zehinli çaga ir çagalykdan şahsyýet bolmak bilen, öz deň-duşlaryndan ösüşi taýdan tapawutlanýar.  Ol ilkibaşdan adatdan daşary ajaýyp  ukyplaryny ýüze çykaryp, öz ýaşyna mahsus bolmadyk aň-bilimi görkezýär. Şular ýaly çagalar mekdebe barmankalar döredijilige,  oýlap tapyjylyga höwes bildirýärler. Maşgalada akylly çaganyň bolmagy onuň ene-atasyny diýseň begendirýär. Emma bu täsin zehinlilik diňe dogabitdi bolman, eýsem ony ösdürip-de bolýandyr. Çaganyň derejesini ösdürmekde onuň iýmitlendirilişi örän möhüm orny eýeleýändir. Muňa köpsanly ylmy-barlaglaryň netijeleri şaýatlyk edýär. Mysal üçin, ýaňy-ýakynda iňlis alymlary şu ylmy synagy geçirip gördüler. Bu ylmy synaga 5 ýaşly ekiz oglanjyklar gatnaşdyryldy. Olaryň biri öňküsi ýaly naharlanmagy dowam etdi. Beýlekisini bolsa sagdyn iýmit bilen naharlap başladylar. Birnäçe gün geçenden soň, sagdyn iýmit iýýän oglanjyk özüni has asuda alyp baryp, urşuganlygynyň, dawaçyllygynyň kemelendigi aýdyň boldy. Ylmy synag tamamlananda bolsa, sagdyn iýmit bilen naharlanan oglanjygyň okuwa ýetişiginiň öz doganyndan 15% ýokary bolandygy tassyklanyldy.

 

Çaganyň akyl ukyplarynyň ösmegi we bekemegi üçin ol haýsy iýmitleri iýmeli?