Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Sagdyn iýmit
( 36 Ses Berme )

Men näme üçin horkam, bedenimiň agramymy nädip ýokarlandyrsamkam? – diýen soragy berene, töweregindäki adamlaryň haýran galma bilen seretjegi düşnüklidir. Sebäbi mydama berhiz tutup, trenažor zallardan çykman beden agramyny kemeltmegi, biliniň bir santimetr hem bolsa inçelmegini arzuw edip,  horlanmagyň dürli çärelerini gözläp ýörenler bu soraga hiç wagt düşünmezler. 

Ýöne çensiz hor adamlarda semremek islegi diňe daş keşbine timar bermek üçin ýüze çykman, käbir ýagdaýlarda saglygy üçin zerur bolýar.

 
( 13 Ses Berme )

Et – örän tagamly we peýdaly önüm hasaplanylýar. Adam öz ömrüniň dowamynda dürli mallaryň we guşlarynyň etini gaýnadylan, gowrulan görnüşde, et önümleri görnüşinde kabul etmäge ymtylýar.  Emma her bir adama saglyk ýagdaýyna baglylykda nähili et iýmelidigine üns bermek peýdaly bolsa gerek. 

Wegetarianlar (et kabul etmäni ret edýänler) etiň zyýanlydygyny belleseler-de, onuň birgiden peýdaly taraplaryny aýdyp geçmek ýerliklidir.

 
( 46 Ses Berme )

Aýallaryň ählisi diýen ýaly görmegeý, hortap durkuny saklamak ýa-da horlanmak isleýär. Munuň üçin dürli berhizler tutulýar, işdäni peseltmegiň ýollary gözlenilýär, açlykdan ejir çekilýär we netijede stress ýagdaýlara sezewar bolunýar. Emma stress ýagdaýda kemeldilen kilogrammlar hökman iki esse bolup yzyna dolanýandygy subut edildi. Şol kilogrammlar bilen keýpsizlik, ynamsyzlyk, dünýädäki ähli zatlar biderek diýen pikir  dolanyp gelýär. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, näme etmeli? Gözelligi we syraty nerw ulgamyna zyýan ýetirmän nädip saklamaly? Işdäni nädip çäklendirmeli?

 
( 17 Ses Berme )

Dükana baryp şöhlatlaryň, konditer önümleriniň, çipsleriň ýa-da  batyrmalaryň daşyndaky etiketkalary okanymyzda, önümiň düzümine girýän birgiden düşnüksiz sözlere gabat gelýäris. Olar iýmit önümlerini däl-de, himiki zawodyň önümlerini ýatladýar. "E" belgili garyndy alyjyny has iňkise goýup, howatyrlanmaga mejbur edýär. Mysal üçin E 412, E 260 we şoňa meňzeş belgiler. "E" belgiler nämekä we olar şeýle howplumyka?

 
( 13 Ses Berme )

Hozlaryň we maňyzlaryň ähli görnüşleri mikroelementlere we witaminlere, beloklara we aminoturşulyklara örän baýdyr. Günde hoz ýa-da maňyz iýýän adamyň bedeninde zyýanly galyndy bolmaýar, onuň ýüregi we beýnisi has gowy işleýär.

Hoz

Hoz iň pedaly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bardyr. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar.

Hoz aterosklerozyň we ýokary gan basyşynyň öňüni almakda örän peýdalydyr. Ol immun ulgama oňaýly täsir edýär, nerw bozulmalarda we ukusyzlykda kömek edýär.

 
( 17 Ses Berme )

Adaty gök önüm bolan turp adamyň saglygyny berkitmek üçin giňden ulanylýar. Köki miweli bu ösümlik mineral maddalara baý bolup, onuň düzüminde gury maddalar (13%), beloklar (2%), uglewodlar (8,4%), C, B1, B2 witaminler, organiki turşylyklar, efir ýaglary we glýukozidler bardyr. Dürli maddalara baý bolan turpy gyş aýlary we ýaz aýlarynyň başynda bedende witaminleriň we mineral duzlaryň ýetmezçiligini dolmak üçin ulanmak peýdalydyr. Onuň ýokançlyklara garşy göreşmek ukyby hem güýçlüdir.

 
( 22 Ses Berme )

Täze ýyl baýramy her bir adam üçin iň gyzykly, şowhunly baýramlaryň biridir. Her bir adam, her bir maşgala bu ajaýyp baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Täze ýyl golaýlanda, bazarlar, dükanlar alyjylardan dolýar. Täze ýyly naz-nygmatlardan doly saçak bilen garşylamak däbe öwrülendir. Şol sebäpli hem her birimiz iň oňat azyk önümlerini saýlap alýarys. Hut täze ýyl agşamynda saçagyň sahylyk bilen bezelişine, onda goýulýan tagamlara geljek ýylyň berekedi bagly hasaplanylýar. Hatda halkyň arasynda "Täze ýyly nädip garşylasaň, ony şonuň ýaly hem geçirersiň" diýen ýörgünli pikir hem bardyr.

 
( 16 Ses Berme )

Bal – dürli ösümlikleriň güllerinden ýygnalyp alynýan süýji nektar. Bal adamyň içki organlarynyň köpüsiniň işini kadalaşdyrýar, ganyň düzümini gowulandyrýar, bedeniň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrýar, ony wagtyndan öň garramakdan saklaýar.

Bal örän ýokumly serişdedir. Onuň esasy maddalary: uglewodlar, mineral maddalar, witaminler, fermentlerdir. Bir ýylyň dowamynda günde 20-50gr bal ulanylanda, ganyň düzümi gowulanýar, adamyň bedeninde maddalar alyş-çalşygy kadalaşýar. Balyň düzümine, esasan, beýleki önümlerde seýrek duş gelýän  fruktoza,witaminler, şeýle-de kaliý, magniý ýaly mineral maddalar girýär.

 
( 17 Ses Berme )

Adama ýaşamak üçin iýmitlenmek gerek. Sebäbi onuň bedeni kuwwatlylyk çeşmesine mätäç bolup, onuň öwezini iýmitiň hasabyna doldurmaly bolýar. Şeýle hem iýmit önümleri bedende dogry alyş-çalşa ýardam bermeli. Bu çylşyrymly alyş-çalyş işinde hökman deňagramlylyk saklanmalydyr. Onuň bozulan ýagdaýynda, ilki bilen agzalaryň işiniň üytgemegi ýüze çykyp, soňra bolsa keseller döräp başlaýarlar. Bedeniň içki gurşawyny sagdyn saklamak we ony goramak bilen ateroskleroz keseliniň, nerw-psihiki bozulmalaryň we newroz ýaly keselleriň öňüni almak, bedeniň ýokançlyklara durnuklylygyny ýokarlandyryp bolýar.

 
( 9 Ses Berme )

Portugal dilinde behi (aýwa) "marmelo" diyip terjime edilýär. Biziň uly höwes bilen iýýän marmeladymyzyň ady hem şu sözden gelip çykandyr.

Behi ýer togalagynyň 40-dan gowrak ýurdunda ösdürip ýetişdirilýär. Ekilýän meýdany boýunça iň köp hasaplanýan miwe bolup, onuň ekilýän ýerleri Türkiýede – 9800 ga, Özbekistanda – 7000 ga, Argentinada – 3200 ga, Azerbeýjanda – 3100 ga, Serbiýada – 2200 ga, Alžirde – 1800 ga, Ispaniýada – 1400 ga,  Orsýetde  1000 ga ýere barabardyr.