Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Naharyň dogry taýynlanmasy MIKROTOLKUNLY PEÇLERI ULANMAK ZYÝANSYZMYKA?
( 19 Ses Berme )

Häzirki döwürde adamzat ähli edýän işinde, hatda nahar taýynlamakda hem wagty tygşytlamaga ymtylýar. Adamlaryň öý hojalygynda indi hökmany enjam bolup galan mikrotolkunly peçleri günde bir näçe sapar, esasan hem nahar taýynlamak üçin ulanýarlar. Köpleri mikrotolkunly peçleriň zyýany we peýdaly taraplary barada soraglar iňkisä goýsa-da, ony peýdalanmakdan boýun gaçyrmak islemeýärler. Esasy mesele olaryň zyýanly täsirini azaldyp, peýdaly häsiýetlerinden dogry peýdalanmakdyr.

MIKROTOLKUNLY PEÇLER NÄHILI IŞLEÝÄRLER?

Mikrotolkunlar, edil beýleki ýagtylyk we radioşöhleleri ýaly, elektro magnetik energiýanyň bir görnüşi bolup durýarlar. Bu örän gysga we ýagtylygyň tizligi ýaly hereket edýän elektromagnit tolkunlardyr. Häzirki zaman döwrebap tehniki enjamlarda mikrotolkunlar mikrotolkunly peçlerde, şäherara we halkara telefon aragatnaşygynda, telewizýon gepleşikleri ýaýlyma çykarmakda, Internetiň ýerde we hemralaryň arasynda işlemegi üçin ulanylýar. Ýöne bize mikrotolkunlar ýörite öndürilen peçleri işledýän energiýa çeşmesi höküminde bellidir.

Her bir mikrotolkunly peçiň elektrik energiýasyny elektrik meýdanyna öwrüp işleme täsiri bardyr we ol azyk we suw molekulalaryna täsir edýändir. Bu elektrik meýdança iýmitiň içini gyzdyrýp, onuň gurluşyny üýtgetmäge ukyplydyr. Mikrotolkunlar iýmitiň we suwyň molekulalaryna täsir edip, olary sekuntda millionlarça gezek tiz aýlanmaga mejbur edýärler we netijede iýmiti gyzdyrýarlar. Emma bu hadysa iýmitiň molekulalaryny bozýar, olaryň fiziki häsiýetine zyýan ýetirýär. Başgaça aýdylanda, mikrotolkunly peçler şöhle ýaýratmagyň netijesinde azyk önümleriniň molekulýar gurluşyny üýtgedýärler we bozýarlar. Her bir tokdürtgije birikdirilen elektroenjam we tokdürtgiçleriň özleri, hatda elekrtik simleri geçýän diwarlar biziň saglygymyz üçin zyýanly elektromagnit meýdançalaryny döredýärler. Sebäbi adam bedeni tok geçiriji hasap edilip, elektromagnit meýdança onuň bedenine täsir edýändir.

ZYÝANLY TÄSIRI

Geliň barlaglara ýüzleneliň. 1992-nji ýylda ABŞ-da bu ugurda geçirilen ylmy-barlag işleri şeýle netijeleri görkezdi:

"Lukmançylyk nukdaýnazaryndan, milkrotolkunlaryň täsiri astynda galan molekulalar adam bedenine düşende, olaryň adamyň bedenine berýän peýdasyndan zyýany kändir. Mikrotolkunly peçlerinde bişirilen iýmitiň molekulalarynyň düzüminde mikrotolkunly energiýa bolýar. Bu energiýa adaty usullar bilen bişirilen iýmitiň düzüminde bolmaýar".

Doktor Hertel, milkrotolkunly peçlerde bişirilen naharyň molekulýar düzüminiň, şonuň bilen birlikde onuň ýaramlylyk häsiýetiniň hem üýtgeýändigini subut etdi. Bu barlag işi Şweýsariýanyň Federal Tehnologiya we Biohimiki Institutynyň doktory Bernard H. Blan bilen bilelikde geçirildi.

Ylmy-barlag işiniň dowamynda, ýagny bäş günüň dowamynda meýletinçiler indiki görkezilen azyk önümlerini açlyklaryna kabul etdiler:

1. çig süýt;

2. adaty usul arkaly gyzdyrylan süýt;

3. pasterizasiýa usulyny geçen süýt;

4. mikrotolkunly peçde gyzdyrylan, pasterizirlenen süýt;

5. ter gök önümleri;

6. adaty usul arkaly bişirilen ter gök önümleri;

7. adaty usul arkaly doňy çözülen gök önümleri;

8. mikrotolkunly peçde bişirlen ter gök önümleri.

Her iýmiti kabul etmekden öň we iýmitler kabul edilenden soň, dürli wagtyň dowamynda meýletinçileriň ganynyň barlagyny geçirdiler. Mikrotolkunly peçde gyzdyrylan iýmit kabul edilenden soň, barlaglar ganda gemoglobiniň derejesiniň peselýändigini, holesteriniň düzüminiň üýtgeýändigini, ganyň ak öýjükleriniň (limfositler) derejesiniň ýokarlanýandygyny äşgär etdi.

Şeýle-de, barlaglar mikrotolkunly peçleriň tebigatda bolmadyk täze baglanyşyklary, ýagny radiolitik baglanşyklary döredýändigini we olaryň biologiki dargama getirip bilme häsiýetiniň bardygyny subut etdi.1

ÖÝ HOJALYGYNDA KÖMEKÇI

Häzirki wagtda mikrotolkunly peçler ähli öýlerde bar diýseň hem boljak. Mikrotolkunly peçlerinde iýmit taýyarlamak örän amatly, çalt we olar energiýany tygşytly ulanmak nukdaýnazaryndan düşewüntli hasap edilýär. Mikrotolkunly peçler nahar bişirmek, nahar we içgileri gyzdyrmak üçin ulanylýar. Şeýle peçde nahar taýynlama, adaty peç bilen deňeşdirlende gözegçiligi az talap edýär. Siz wagt tutujyny gurup, naharyňyz taýyn bolýança hatda gezelenje çykyp hem bilýärsiňiz. Mikrotolkunly peçleri siziň naharyňyzy gyzdyrsa hem, aşhanany gyzdyrmaýar.

Üstesine, mikrotolkunly peçleriň energiýasynyň beýleki peçler we gaz plitalary bilen deňeşdireniňde, geçijilik ukyby has ýokary bolýar. Ondan tapawutlylykda, nahar bişirmek üçin ulanylýan adaty ýylylyk energiýasy haýallyk bilen naharyň içinden daşyna hereket edýär.

Siz mikrotolkunly peçleri wagtyňyzy tygşytlamak üçin adaty bişiriji peçleri bilen bilelikde ulanyp bilersiniz. Wagtyňyzyň çäkli wagty nahary taýynlap ýa-da taýyn nahary gyzdyryp bilersiniz. Şonuň bilen birlikde hem azygyň üsti bilen geçýän ýokançlyklaryň öňüni alarsyňyz, çünki bu peçlerde iýmit 5-600 C derejede gyzdyrylýandyr we bişirilýändir.

ÖNÜMIŇ ÝOKUMLYLYGYNY SAKLAMA PEÝDASY

Aýdylanlara garamazdan, mikrotolkunly peçleriň artykmaç taraplarynyň ýene biri bardyr: olar azyklaryň düzümindäki peýdaly witaminleriň we minerallaryň dargamagyna getirmeýärler. Witamin C we kaliý köplenç önümleriň gaýnadylmagy netijesinde ýitirilýär. A we E witaminler bolsa köplenç turşama netijesinde bozulýarlar.2 Käbir peýdaly goşulmalar, olary gyzdyrmak üçin ulanylýan peçleriň görnüşine garamazdan dargaýarlar meselem, witamin C olaryň biridir.

Şeýlelikde, bellenen ýaramsyz häsiýetlerine garamazdan, mikrotolkunly peçler nahary tiz bisirme we gyzdyrma, önümleriň peýdaly düzümini saklama babatda gaz ojaklaryndan ýaramly hasap edilýär.

GÖZ ÖŇÜNE TUTMALY MASLAHATLAR

Siz hökman mikrotolkunly peçlerinde bişirilen nahary bişirip bolandan soňra, doly bişip-bişmedigini barlap görmelisiňiz. Käwagtlar mikrotolkunly peçlerinde düzümindäki önümleri ownuk kesilmedik nahar doly bişmän hem biler. Mikrotolkunly peçde taýynlanan nahar saçaga sowadylyp berilse peýdaly bolar, sebäbi iýmitiň içindäki molekulalar nahar bişirilip bolýança "titremegini" dowam edýändir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
    Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

    Teswirlemeler  

     
    #8 Ýagşy. 2015-03-03 01:55
    Adam durmuşy üçin oňaýly täze çykýan tehnikalaryň ulanyp başlanandan olaryň zyýany hakynda hem ýazyp ugraýarlar. Öýjükli telefonlar halkynda hem edil şolar ýaly. Ynanjagyňy ýa-da ynanmajagyňy bilmän serim sazak bolýarsyň.
    Sitata
     
     
    #7 Janserek. 2015-02-20 00:20
    Bu döwürde adamlar ulanmasy ýeňil, peýdasy köp, dürli gurallary ulanmaga ýykgyn edýärler. Bu ýede hünärmenleriň, alymlaryň kesgitli sözleri bolup, biznes getirýän tehnikanyň adam saglygy üçin ýakymsyz täsiri (eger subut edilse)ulanylmagyna ýol bermeli dälmikä diýýärin.
    Sitata
     
     
    #6 Aýgül. 2015-02-10 01:49
    Bizä mikrotolkunly peç saglyga nähili täsir etsede, ýaş çagamyň süýdüni, taýýarlanan iýmitleri gyzdyrmak üçin ulanýarys. Hezil berýär, gowy enjam.
    Sitata
     
     
    #5 Beşer. 2015-02-07 00:01
    Bu peçleriň zyýanlydygyny ýa-da däldigini gowy bilmesekde bir zat welin belli, ol hem olaryň adamlaryň gündelik durmuşyna gowy ornaşandygy we ornaşýanlygydyr.
    Sitata
     
     
    #4 Öý hojalykçy. 2015-01-20 00:06
    Öňräk Sank-Peterburgda rus dilinde çykýan "Darýa" žurnalynyň mikrotolkunly peçler hakynda ýazanyny okadym weli, aýratyn hem çagalar üçin ulanmaga belli bir zyýanynyň bardygyny delilleri getirip ýazypdyr. Ondan soň olaryň peýdasy bir hili gümürtik ýaly bolup dyr.
    Sitata
     
     
    #3 Lukman 2015-01-19 23:29
    Hormatly okyjy!

    Ylmy-tehniki ösüşiň döreden telewizorlaryna, kompýuterlere, ykjam, mobil telefonlaryna we başga enjamlaryna mahsus peýdaly we ýaramaz häsiýetleriň degişli edilşi ýaly, bu makalada awtor hem mikrotolkunly peşleriň ýaramly we ýaramsyz tarapyny açyp görkezmäge ymtylýar.Maglumat bilen tanyşanyňyzdan soň, ony ulanjagyňyz ýa-da ulanmajagyňyz,elbetde, Siziň saýlawyňyz bolup durýandyr.
    Sitata
     
     
    #2 Okyjy. 2015-01-19 21:16
    Gyzyklanyp okadym, gaýtalap okadym. Başda zyýanly täsirini bellediňiz, ahyrynda tapylgysyz enjam höküminde ulanmagy maslahat berýärsiňiz. Aý, menä netije çykaryp bilmedim. Hojalykda ulanylanda zyýanlymy ýa-da zyýansyzmy? Arkaýyn ulanybermelimi!?
    Sitata
     
     
    #1 aman 2015-01-18 00:11
    Lukman, biz mikrotolkunly peji diñe öñ bişirilip goýlan iýmitleri gyzdyrmak üçin ulanýarys. Bu zyýanlymy?
    Sitata
     

    Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

    Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

    1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
    2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
    3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
    4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
    5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
    6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
    7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


    Goranma KODY
    Täzele