Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Bedeni sagaldyjy maşklar PYÝADA ÝÖREMEGIŇ PEÝDASY
( 9 Ses Berme )

Gadym döwürlerde adam ýabany haýwanlary awlanda, ir-iýmişleri ýygnanda, köp ýöremeli bolýardy, käte uzakly gün aýak üstünde bolmaly bolýardy. Emma mälim bolşy ýaly, ýaltalyk – ösüşiň (progressiň) herekete getirijisidir. Adam akyl taýdan ösdügiçe, işlemezligiň hem iň kämil ýollaryny oýlap tapyp, az hereketlenip başlady. Biziň günlerimizde tehnika enjamlarynyň we serişdeleriniň güýçli depgin bilen ösmegi adamlaryň az hereketlenmegine mümkinçilik döredýär. Awtoulaglar, kir ýuwujy maşynlar, tozan sorujylar, tehniki serişdeleriň pult arkaly dolandyrylmagy, umuman, sanasaň sanap oturmaly. Ýöne bularyň bary adamlaryň durmuşyny ýeňilletmek bilen, onuň saglygyna belli bir derejede zyýan hem berýändir. Sebäbi adamlar az hereket edýärler, bu bolsa kem-kemden saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin-de, biz pyýada ýöremekligiň peýdasy barada şu makalany siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Pyýada ýöremek saglygy, bedeni, ruhy berkitmegiň iň ýeňil we iň howpsuz usulydyr. Pyýada ýöremek bedeniň  has oňat we netijeli işlemegine, rahatlanmagyna ýardam berýär. Adamlar pyýada ýöränlerinde, gündeki gaýgy-aladalardan daşlaşýar, güýjüni tiz dikeldýär. Ýürek we damarlar berkeýär hem-de olaryň işi has gowulaşýar. Ýöreýän adamlarda ähli bar bolan keselleriň döremek töwekgelligi peselýär, olaryň immuniteti ýokarlanýar. Pyýada ýöremegiň netijesinde süňkler we bogunlar bekeýär, gan bedende has oňat aýlanyp başlaýar. Bedeniňizdäki artykmaç ýaglar ýok bolup gidýärler, zäherli maddalar bolsa der bilen bedenden çykýarlar. Köp keselleriň sebäbi bolan holesteriniň hem mukdary azalýar.

Üns beren bolsaňyz, adam gaharlananda ýa-da tolgunanda, ol iki ýana  ýöräp başlaýar we az-kem köşeşýär. Pyýada ýöremek dartgynlygy, göwnüçökgünligi hem aradan aýyrýar. Nerw ulgamy köşeşýär, ýokary dartgynly işden has rahat ýagdaýa gelýär. Netijede, aňymyz has durlanýar, pikirlenmek we belli bir kararlara gelmek aňsatlaşýar.

Şonuň üçin-de, has köp ýöremeklige çalşyň. Siz gat jaýlarda ýaşaýan bolsaňyz, aşak we ýokaryk münmeli ýa-da düşmeli bolsaňyz, lifte garaşyp durmaň. Basgançaklardan ýokaryk galyp we aşak düşüp hereket etseňiz, saglygyňyzy berkidersiňiz. Garaž, hereket etmäge, köpräk pyýada ýöremäge mümkinçilik tapsaňyz, elden bermäň. Dükana, bazara, işe we beýleki ýerlere mümkin boldugyndan pyýada gatnaň. Günüň dowamynda azyndan bir sagat pyýada ýöräň!

Ukymyzyň rahat, ynjalykly bolmagy üçin ýöremegiň peýdasy uludyr. Agşamlaryna gezelenje çykanyňyzda, otaglaryňyzyň penjirelerini açyşdyryň. Şemalladylan salkyn otagda  ýatmak has ýakymly bolýar.

Pyýada ýöremek ählimiz üçin elýeterdir. Bedeniň fiziki taýdan gözelligini saklamakda-da ol örän ähmiýetlidir. Iň esasy zatlaryň biri - ýöremegi gündelik endigimize öwrüp bolýar.

Ýüregi türgenleşdirmekde hem ýöremegiň ornuny tutup biljek zat ýok. Adam näçe köp ýörese, ol şonça-da sagdyn bolýar: ýürek, öýken, gan aýlanyş has gowy işleýär, myşsalaryň tonusy artýar. Semiz adamlar ýöränlerinde, bir sagadyň dowamynda ep-esli koloriýalary ýitirýärler. Agramyňyzy azaltmak isleseňiz, ädim ölçeýji enjamy ulansaňyz bolýar. Bu ýönekeýje gural özüňizi oňat fiziki görnüşde saklamaga kömek edýär. Hemişe ädimleriňizi sanap, siz geçen aralygyňyza, işjeňlik derejäňize, ýakylan kaloriýalara gözegçilik edip bilersiňiz. Bu enjamyň  käbir  görnüşlerinde agzalan zatlaryň hasaby öz-özünden awtomatiki gözegçilik edilýär, netijede çykarylýar.

Elbetde, adam özüne zerur bolan zatlar üçin ýöremeli bolýar: öý işleri, nahar taýýarlamak, gap-gaçlary ýuwmak, zir-zibilleri dökmek we ş.m. Emma bu ýeterlikli  bolmaýar. Lukmanlar günde 10.000 ädim ýöremegi maslahat berýärler. Bu 8 killometre golaýdyr. Diýmek, gündeki öý işleriňizi edip ýöremegiňizden artyk azyndan 30 minut ýöremeli.

Ýöräp barýarkaňyz, 2 metr öňe serediň. Elleriňizi gowşagyň, olaryň bedeniňize degmezligine üns beriň, hereketleriň bolsa öňe we yza bolmagyny gazanyň. Garnyňyzy içiňize çekiň, ýöne ol dem alşyňyza päsgel bermesin. Guýruk myşsalaryňyzy ýygnaň, sebäbi ýöräniňizde, oňurga sütüniňize zyýan ýetmez we has köp kaloriýalar ýakylar. Kelläňizi dik tutuň, eginleriňizi 85-90° epiň. Ýöräp barýarkaňyz, butlaryňyz hem hereketde bolmalydyr.

Arassa howada gezelenç etmegiň berýän peýdasy:

  • iş we dynç almak üçin kuwwatlandyrýar;
  • ýüregiň täç görnüşli damarlarynyň  şikeslenmeginiň öňüni alýar;
  • dartgynlylygy aýyrýar;
  • agramyňyzyň kada laýyk bolmagyna ýardam berýär;
  • muskulaturany berkidýär;
  • ýokary gan basyşyň öňüni alýar we bejerýär;
  • gandaky şekeriň derejesine gözegçilik edýär;
  • süňkleriň inçelmeginiň öňüni alýar;
  • aňsat uklamaga we rahat ýatmaga kömek edýär.

Sagdyn durmuş endiklerini wagyz ediji belli Pol Bregg pyýada ýöremegi "fiziki maşklaryň şasy" hasaplaýardy. Ol hiç bir fiziki maşklaryň muskulaturanyň sazlaşygyny, gan aýlanyşynyň kämilligini, ýokary işjeňligi, bedeniň ähli agzalarynyň we ulgamlarynyň sagdynlygyny ýöremekdäki ýaly üpjün edip bilmeýändigini nygtaýar.

Gadymy pelsepeçiler pyýada ýöremegiň diňe bedeni janlandyrman, eýsem akyl we ruhy sazlaşygyny işjeňleşdirýändigini belleýärdiler. Adam ýöräp barýarka, kellesine ajaýyp pikirler gelýär. Platon we Aristotel aýratyn, täsin mekdepleri döredip, söhbetdeşlikleri we leksiýalary ýöräp barylýarka geçirýärdiler. Şol döwrüň beren ajaýyp şahslary bu hakykaty tassyklaýarlar.

Pyýada ýöremegiň peýdalydygyna diňe gadymy grekler göz ýetirmändiler. Belli bolşy ýaly, şu gün uzak ýaşamakda Ýaponiýa birinjiligi eýeleýär, sebäbi ol ýerde sagdyn iýmitlenmä we yzygider hereket edilmegine uly ähmiýet berýärler. Ýaponiýalylaryň köpüsi "Günde – 10 müň ädim" atly şygara eýerýärler. Özlerine mahsus bolan erjellik we tertiplilik bilen, olaryň köpüsi günde pyýada geçmeli ädimlerini sanaýarlar. Ýaponiýaly işewürler nerw dartgynlygynyň öňüni almak üçin ýokary derejeli kynçylykly şertlerde pyýada ýöreýärler. Fudziýama dagyna galmak – iň giňden ýaýran pyýada geçilmeli ýoldur.

Uly aralyklary ýöräp geçmek aňsat däldir. Şonda-da bir ädimi adip, siz özüňizi oňat duýýandygyňyza göz ýetirersiňiz. Pol Bregg ýaly, siz hem her ädimiňizde "saglyk", "güýç-kuwwat", "ýigitlik" ýaly "jadyly sözleri" aýtsaňyz, ýoly geçmek ýeňilleşýär.

Bir sagatdan az ýöreýän erkek adamlara garanyňda, günüň dowamynda bir sagatdan artyk pyýada ýöreýän erkek adamlarda ýüregiň işemiýa keseli bäş esse az duş gelýär.

Adamlar awtoulagy sürüp başlan ilkinji günlerinden köplenç semreýärler, olaryň ýürek-damar ulgamynyň işi bozulýar. Ulag sürmegi taşlamaly däl, ýöne günüň dowamynda pyýada ýöremegiň aladasyny etmeli. Ähli ýerlere ulagly gitmegi endik edinen bolsaňyzam, golaý aralyklara, dükana, zir-zibil dökmäge, seýilgähe pyýada ýöräň. Howa ýagynsyz, salkyn, arassa bolan günleri, işe ýa-da beýleki ýerlere ulagyňyzy goýup, pyýada gidiň. Bu size diňe gowy täsirini ýetirer, şähdiňizi açar, özüňizi duýuşyňyzy gowulandyrar.

Semiz adamlaryň "duşenbe güni berhiz tutup başlajak" diýşi ýaly, ýaltarak adamlar hem "ertirden başlap ir bilen pyýada ýörejek" diýýärler. Ýöne käwagt bu ýerine ýetirilmäm galýar. Siz az-azdan, gysgarak aralyklary pyýada geçip başlasaňyz, özüňizi duýşuňyzyň gowulanýandygyna göz ýetirseňiz. Soňra siziň uzak ýerlere hem pyýada gidesiňiz geler. Netijede, bu siziň iň gowy, saglyga peýdaly endikleriňiziň birine öwrüler.

Dogry iýmitlenme, arassa howa we pyýada ýöremek siziň bedeniňizi, ruhuňyzy sagdyn, pikirleriňizi ýagty we aýdyň eder!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Heserli. 2014-07-07 00:37
Nähili düşündirjek? Bu pyýada ýöremezlik siwilizasiýanyň netijesimi ýa-da adamlaryň özüne kast etmegimi?
Aýhow şäheriň içinde çagalardan we pensionerlerden başga pyýada gezýän ýoga.
Sitata
 
 
#8 Tälimçi. 2014-06-30 01:33
Pyýada ýöremegiň saglyk üçin uly peýdasy hakynda mydama lukmanlar düşündiriş berýärler, köplenç habar beriş serişdeleri dyngysyz ýazýarlar. Şeýle bolsa-da ýyldan- ýyla pyýada gezýänleriň sany azalýar. Şol sebäpli kesellileriň sany artýar, uly adamlaryň aýratyn hem ýaşlaryň arasynda semizleri köpelýär. Meniň pikirimçe düşünesi gelmeýän adamlaryň uly garynlylaryny işe kabul etmeli däl, harby gulluga alman hem-de olara awtomobil sürmäni gadagan etmeli.
Sitata
 
 
#7 Şäher ýaşaýjysy. 2014-06-25 02:11
Döwranyň ýazanlaryny iki elläp gollaýaryn. Aýratyn biziň şäherlerimizde gapdal ýollaryny (trotuar) uly awtomobil ýoluna öwürdiler. Şol sebäpli ol ýerden pyýada ýöremek örän howply. Bu esasan hem köçe ýol hereketine gözegçilik edýän guramalaryň geleňsizligi we işlerini jogapkärsiz alyp barýandyllarynyň nettijesi.
Sitata
 
 
#6 Talyp gyz. 2014-05-31 01:36
Waheý senem okyjy! Pyýada ýöremek üçin ýol hantama. Hiç kim indi pyýada ýöränok. Hemme kişi maşynly. Köçäniň pyýadalar üçin niýetlenen gapdal ýoly giňiräk bolsa, ulaglylar pyýada ýöreýänleri gysyp çykardy. Utanç, haýa, sylanşyk galmady. Maşynlaryny üstüňden sürjek bolup durlar.
Sitata
 
 
#5 Okyjy. 2014-05-30 00:09
Käbir ýurtlarda ýörüte pyýada ýöremek üçin şäherde haýsy hem bolsa bir näçe köçäni awtomobil gatnamaz ýaly ýapýarlar. Onsoň hem tigir sürmek üçin aýratyn ýollar edilýär. Bizde bu zatlar hakynda ýöne arzuw edäýmek galýar. Ol ýagdaýlar saglygyň girewi ahyryn.
Sitata
 
 
#4 Oglan. 2014-05-23 02:31
Saýtda azylanlar hakynda diňe gowy zatlar aýdyp biljek. Ýöne pyýada ýöremegiň peýdasyna düşünseler-de köp adamlar durmuşda parhsyzlyk edip ýaltalygyň girewine düşýärler. Ol bolsa ýaramaz netijeler berýär.
Sitata
 
 
#3 Yhlas 2014-01-28 02:33
Pyýada ýöremeklik sagdyn durmuş ýörelgesi barada ündewiň esasy "şahalarynyň" biri. Ýöne köpümiz Ýa-ha şoňa düşünemizok, ýa-da ýaltalyk edýäris. Okyjy Döwran gaty dogry belläpdir.
Sitata
 
 
#2 Jeren 2011-08-31 01:11
Dowran gowy aytdyn!
Sitata
 
 
#1 Döwran. Yzygiderli okyjy. 2011-08-27 01:56
Gündelik durmuşda gerek, örän peýdaly makala. Şular ýaly durmuşy makalalaryň „höwri“ köp bolsun. Dogrudan hem köçede gidip barýarkaň, pyýada ýolagçylara gaty az duşulýar. Duşanlaryň hem aýal maşgala ýa-da oglan-uşak. Köçäniň gapdal ýollary boş, tersine köçelerde awtoulaglar gaýda-gaýmalaşyk, yzy üzülenok. Kä ýerlerde köçe gapdal ýollaryndan hem arkaýyn ýörär ýaly däl. Üstüňden sürüşip gelýärler. Sürüjileriň nirä gyssanýanlaryny biler ýaly däl. Köçe gapdal ýollary hem şaýolyna öwrildi. Oňa seredýän ýok.
Köp sürüjiler zir-zibillerini awtoulagyndan çykaryp zibilhana taşlap gidýärler. Öň diňe erkek adamlardy, indi aýallar hem oňa goşuldy. Köpümiz, özümizi aýasak, az hereket etsek, gepiň gysgasy, süňňümizi gyzdyrmasak, derlemesek, saglyk üçin gowydyr öýdýärler. Hemmesi saglyga zyýan. Şoňa düşünmeýärler.
Tagamlyja, kuwwatlyja iýmitleri iýip, diwanyň üstüne geçip, telewizor görmäge gyşaryp, ýatyp galýarlar. Hemme kuwwatlyklar ýaga „öwrülýär“. Şeýdip hem adamyň özi ýürek agyra, infarkta, başga damar kesellerine „dalaşgärlik“ edýär.
Pyýada ýöremegiň peýdasy giňişleýin, hemmetaraplaýyn beýan edilipdir. Okap, düşünip her kim özüne erk edip, çykdaýjysyz maslahaty ýokarda bellenilşi ýaly ýerine ýetirse, köp kesellerden özüni halas ederdi. Keseli bejerenden, öňüni alan ýagşy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele