Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn iýmitlenme we berhiz Bedeni sagaldyjy maşklar GÜNDE ORTAÇA BIR SAGAT MAŞK ETMEK, ÝÜREK KESELLERINIŇ DÖREME HOWPUNY PESELDIP BILER
( 23 Ses Berme )

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýürek-damar kesellerini öwreniş birleşigi, günde ortaça bir sagat maşk etmegiň ýa-da 30 minut güýçli depginde fiziki maşklary geçirmegiň ýürek-damar keselleriniň döreme howpuny 46% peseldip biljekdigini belleýär.

Her günde fiziki işjeňligi saklap, maşk etmek bilen siz lukmana ýüz tutmaklygynyň zerurlygyny peseldýärsiňiz.

Ýürek-damar keselleri senagat taýdan ösen ýurtlarda giňden ýaýran we maýyplyga sezewar edýän kesellerdir. Ylmy barlagçylar ýürek-damar keselleri kesgitlenenden soňky bäş ýyllyk döwürde ölüm howpunyň döreme töwekgelçiliginiň 30-50% ýokarlanýandygyny belleýärler.

Şwed alymlary 1997-nji ýylda ylmy barlag işlerini başlan wagtlarynda hiç hili ýürek-damar keseli bolmadyk sagdyn ýagny, ýürek-damar kesel kesgidi goýulmadyk, 20-90 ýaş aralygyndaky 39805 sany adamlary barlaglarda öwrendiler. Barlaglara gatnaşyjylaryň fiziki işjeňligine barlag işleriniň başynda baha berlip, işjeňlik derejesiniň ýürek-damar kesellerine getirmegini yzarladylar. Alymlar adam näçe fiziki işjeň bolsa, şonça hem ýürek-damar keselleri bilen kesellemegiň howpunyň pesdigini ýüze çykardylar.

Barlaglaryň netijeleri:

► Işden boş wagtlarynda has köp işjeňlik saklaýan barlag toparlarynda (günde bir sagada golaý maşk ýa-da ýarym sagat güýçli depgindäki maşk) ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň döremeginiň howpy 46% peseldi.

Fiziki işjeňlik erkeklere we aýallara deň derejede peýdaly.

Ýurek-damar kesellerine uçran adamlaryň ýaşlary uly, erkek adam, pes bilim derejeli, beden agramynyň we bil-but gatnaşygynyň san görkezijisi ýokary bolan diýip bellenilýär. Bu adamlaryň salyk ýagdaýy infarkt, süýji keseli, ýokary gan basyşy we ganynyň düzümünde ýokary holesteriniň derejesi ýaly ýagdaýlar bilen häsiýetlendirilýär.

"Fiziki işjeňlikden peýda gazanmak üçin marafon ýaryşlarynda ylgamagyň zerurçylygy ýok, hatda az mukdardaky işjeňlik hem size dürs täsirini ýetirip biler" diýip, Şwesiýanyň Uppsala Uniwersitetiniň ylmy işgäri Kasper Andersen belläp geçýär. "Fiziki işjeňlik öz gezeginde köp sanly ýürek keselleriniň sebäplerini azaldýar".

Ylmy-barlag işine gatnaşan adamlar özleriniň durmuş ýörelgeleri, fiziki işjeňligi, çilim çekmek we alkogol içgilerine bolan endikleri, dermanlary ulanyş ýagdaýlary barada maglumatlary öz içine alýan soragnamany doldurdylar. Ylmy barlagçylar barlaga gatnaşyjylaryň umumy fiziki işjeňligine seretdiler we boş wagtlary edýän hereketleriniň häsiýetnamasyny hem öwrendiler. Gatnaşyjylaryň boş wagtlarynda ýerine ýetirýän fiziki hereketleri üç topara bölündi: yeňil görnüşli (pyýada ýöremek), orta (bökmek ýa-da ýüzmek) we agyr görnüşli (ýaryşly sport oýunlary) fiziki işjeňlik.

"Günbatar döwletler az hereketli durmuş ýörelgelerini öňe sürýärler" diyip jenap Andersen belleýär. "Köp halatlarda ulagly gatnamagyň ýerine onuň sagdyn ýerini tutujysy yokluk edýär, köp binalarda basgançak tapmak gaty kyn we öýlerde telewizor we kompýuterler hereketsiz durmuş ýörelgelerini alyp barmagy höweslendirýärler. Gündelik durmuşymyzda pyýada ýöremegi, welosipedde gezmegi we basgançaklardan peýdalanmagy ýeňilleşdirmeklik we howpsuzlaşdyrmaklyk örän uly özgertme girizip biler. Biziň ylmy barlagymyz her bir adamyny daşary çykyp, her gün hereket etmäge höweslendirmä gönükdirilen bolmalydyr" diýip Andersen maslahat berýär.

Her hepdede 150 minutlyk ortaça agramly fiziki işjeňligi saklama, şonuň ýaly-da gan basyşyň we holesteriniň derejesini peseltmek isleýänler üçin hepdede 3-4 gezek 40 minut wagty maşklara sarp etmeklik maslahat berilýär.

ABŞ-da ýürek-damar keselleri ölümçiligiň esasy sebäbi bolup, ýylda 380000 adamyň ýogalmagyna getirýär. 5,7 milliona golaý amerikan raýatlarynda dowamly ýürek keselleri bar we olaryň ýarysyna golaýy kesel kesgitlenenden soň bäş ýylyň içinde ýogalýarlar.

Ulanylan WEB Salgy

Awtor: Yslam Weliýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Ylham. 2016-06-09 00:03
Bir näçeler çagasyny oňat geýdirip, tagamly iýdirip, hondan bärsi bolup, onuň bedeniniň terbiýesine örän az üns berýärler. Köp iýip, az hereketde bolýan çaga semräp ugraýar. Olary göreniňde kelläňi ýaýkaýmak galaýýar. Ol ata-eneler çaga ösdürmän, kesel ösdürýändiklerinden habarly bolsalara ne ýagşy!
Sitata
 
 
#3 Suwhan. 2016-02-07 23:01
Men birnäçe daşary ýurtlarda bolanymda skwerlerde, baglaryň içinde, ýanýodalarda ylgap ýören ýaşlara we gartaşan adamlara köp duş gelýärsim. Öňler duşulanam bolsa-da soňky ýyllar olar ýaly maşk edip, ylgap ýören adamlara bizde duşmak hyllalla boldy. Ýa-da bu hem durmuşyň haýsy hem bolsa bir tarapa üýtgedigi bolaýdymyka!
Sitata
 
 
#2 Mugallym. 2016-01-25 01:58
"Köpleri gyzyklandyrmak üçin gurulýan zat hiç kimi hem gyzyklandyrmaýar" diýip syýasatçynyň aýdyşy ýaly lozungalar bilen ýaşaman, Adamlaryň aýry-aýrylykda gyzygyp meşgullanmaly hereketlerine kömek berip, ýola goýulmagyny gazanmaly. Türgrnleşigiň aýry-aýry görnüşlerini adamlarda gyzyk döretmeli. Herehetden daşda bomak, durmuşdan daş bolmak dälmi näme?
Sitata
 
 
#1 Gartaşan. 2016-01-16 00:35
Awtomobilleriň durmuşa ymykly ornaşmagy, ekologiýa arassalygyna we adamlaryň saglygyna palta urulan ýaly etdi. Adamlar gipodinamiýa sebäpli we dem alyş agzalarynyň keselleriniň zamunlary bolmaklaryna az üns berilýär. Olar "gaflat ukusyndan açylyp", lukmançylygyň saglyk taglymatyna gulak gabartmasalar öz ýaşaýyşlaryna özleri badak atarlar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele