Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy BEÝIK ÖKJELI AÝAKGAPLARDAN ÝÜZ ÖWÜRMEK ÜÇIN 8 SEBÄP
( 35 Ses Berme )

Siz beýik ökjeli köwüşleri geýmegi halaýarsyňyzmy? Onda biz siziň dykgatyňyza ýetirýäris: beýik ökjeleriň saglygyňyza we göwräňizi sagdyn, dik tutmagyňyza zyýan ýetirmegi mümkin.

Biziň zenanlarymyz örän gaýduwsyz! Olar beýik ökjeli aýakgaplary geýip, hatda gazaply gyşda surçek ýollarda ýöremäge-de ukyply. Ýöne ýylyň haýsy paslydygyna garamazdan, beýik ökjeli ayakgaplar zenan saglygy üçin belli bir derejede howply bolup biler. Näme üçin şpilkalary seýrek, diňe toydur-baýramlara geýip, galan wagtlary ondan ýüz öwürmek ýerlikli bolarka?

1. Aşagy tekiz aýakgaplarda uzak gezelenç etmek mümkin. Özi hem aýaklaryňyzdaky gysyjy agyra we ýadawlylyga nalyş etmäge esas hem döremeýär. Aşagy tekiz, rahat aýakgaplary geýip, keýpine tebigata gezelenç ediň we lezzet alyň!

2. Beýik ökjeler aýaklaryňyzyň çişginliligine getirip biler. Aýaklaryňyzyň daş asylan ýaly bolup agralyp durmasyndan dynmak isleseniz, ökjesi beýik aýakgaplaryňyzy diňe toý-dabaralarda geýmek üçin niýetläp ýygnap goýuň! Şeýle eden ýagdaýyňyzda, her agşam şpilka köwüşleriňizi çykaranyňyzdan soň, aýaklaryňyzyň "gunt düşen" ýaly bolup sorkuldap durmasyndan dynarsyňyz.

3. Ökjesiz aýakgaplarda çalt ýöremek mümkin. Duralga ýa-da barmaly ýeriňe çalt ýetmek üçin howlugyp, emma bialaç öran haýaljak ädimläp gideniňize derek, şol artyk sarp edilen 15 minut wagtda kofe ýa-da çaýjagaz içip süňňüňizi ýeňledeniňiz has peýdaly bolar.

4. Beýik ökjeli aýakgaplar damar çekmesine sebäp bolup biler. Ökjeli aýakgaplary uzak wagtlap geýmekligiň, wagtyň geçmegi bilen saglygyňa zyýan ýetirmek howpy bar. Mysal üçin, ökjeli aýakgaplarda ýöreýän wagtyňda, aýaklaryň durşy nädogry ýagdaýda bolup, baldyr myşsalaryň dartylmagyna getirýar. Bu ýagdaý bolsa damar çekmäniň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

5. Beýik ökjeli aýakgaplar sellýulitiň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Şpilkalary yzygider geýmek, kadaly gan aýlanyşygynyň bozulmagyna eltýar. Şonuň netijesinde bolsa bedende sellýulit ýaly kynçylyklar peýda bolýar.

6. Aşagy tekiz aýakgaplarda ýöräp, dükanlara aýlanmakdan näçe diýseň lezzet alsa bolar. Dükanlara aýlanyp, göwün söýen zatlaryny saýlap-seçip satyn almak her bir zenan maşgalanyň söýgüli pişesi. Kellämizde "Bu şpilkada nädip durup ýa-da aýlanyp borka? Çaltrak öýe baryp köwşümi çykarsam, aýaklam hezil bir etse" diýen pikirler bolmasa, biz has göwnejaý söwda ederis. Onda-da, aýaklarymyza tekiz we rahat aýakgaplary geýip, howlukman dükanlara aýlansak, has peýdaly we ýerine düşen söwdany ederis. Netijede – biziň aýaklarymyz agyrmaýar we yadamaýar, dükanlara aýlanma biziň göwnümizi göterdi we biz özümize diňe gerekli zatlary aldyk.

7. Beýik ökjeli aýakgaplar göwräniň sagdyn, dik durmagyna ýaramaz täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle aýakgaplary yzygider geýmek oňurga we oňurganyň görnüşiniň üýtgemesi bilen bagly kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýar.

8. Beýik ökjeli aýakgaplar – ýygy döreýän kellagyrynyň sebäbi bolup biler. Belli bolşy ýaly, biziň bedenimizdäki ähli zatlar biri-biri bilen aýrylmaz baglydyr. Ökjelerimizde biziň ähli içki agzalarymyzyň ýagdaýyna jogap berip, örän işeňňir hereket edýän nokatlar yerleşendir. Ine beýik ökjeli aýakgaplar bolsa, şol nokatlaryň kelle beýnisine yzygider iberip duran impulslaryny tijendirip durýar. Ýöne dogry, emaý bilen geçirilen owkalama bilen kellagyryny aýryp hem bolýar. Şpilkalar bolsa dogry gan aýlanşygyny bozýar, bu bolsa beýni damarlaryna öz täsirini bildirýär. Siz ökjesi beýik aýakgaplary näçe ýygy geýdigiňizçe, şonça-da gan aýlanşygynyň kadasy bozulyp, kellagyry ýüze çykyp biler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Talyp. 2016-02-21 01:32
Gaty dogry beläpdir Kösenýän tesbirçi. Beýik ökjeli köwşi geýip, 8 sagat işleýän gelin-gyzlar aýaklaryň warikoz keseliniň döremeginiň töwekgelçilik topary degişlimikä diýýärin.
Sitata
 
 
#9 Kösenýän. 2016-01-01 01:50
Ýaşlyk etmäň, ýaş gyz-gelinler saglygyňyzy, aýratyn hem aýaklaryňyzy, oňurga sütüniňizi goraň! Häzir ýaşlykda bilmersiňiz. Ýaşyňyz orta ýaşdan geçensoň bilersiňiz, ýöne soň giç bolar.
Sitata
 
 
#8 borda 2015-11-02 07:46
Bagyşlaň welin, zenanlar, haýsy bir erkek adama owadan görünjek? Sizi diňe daşky sypatyňyz üçin söýüleniňizi isleýärsiňizmi eýsem?
Sitata
 
 
#7 Lukman. 2015-04-09 02:20
Ol aýakgaplar syrdam owadan geýinen zenanlaryň görküne görkä goşýar diýip biljek. Toý-meýlisde olaryň ol aýakgapda bolmaklary örän ýerlikli. Köp geýip ýörmek saýtda ýazylyşy ýaly zyýandan başga zat däl.
Sitata
 
 
#6 Merjen. 2015-03-31 02:08
Erkeklere owadan görünjek bolup aýal-gyzlar nähili jezany boýnuna alýarlar. Erkekler ony bilsediler. Olara şonuň ýaly aýakgaby sanlyja wagt geýdirseň özlerini dowzaha taşlanan ýaly duýmazlarmy eýsem!
Sitata
 
 
#5 Meýlis. 2015-03-10 16:28
Uzyn ökjeli köwüşde köp gezýän zenanyň ýatgysy aşak süýşensoň onda dokuz aý ýatjak çagajygyň ýagdaýyny göz öňüne bir getirip görüň.
Sitata
 
 
#4 Şemsi. 2015-03-01 00:24
Näme diýseňde beýik okjeli aýakgaplaryň durmuşda öz ýeri bar. Olar häzirki wagtda we geljekde hem ulanylýar. Oňa owadanlyk serişdesi höküminde garaýan-aýal gyz zyýanly zat ýaly garamaz. Çilimkeşe çilim taşladyp bolmaýyşy ýaly bir zatda.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-02-21 23:22
Häzirki döwürde Türkmenistanda ýokary okuw jaýlarynda okaýan gyzlaryň köpüsi beýik ökjeli köwüşli okuwa gelýärler. Olar ony owadanlyk üçin geýýärlermikä ýa-da ýokardan berilen buýrukmyka? Hany 6-8 sagatlap şol köwüşde gez. Başga dert hem gerek däl. Güzaplyk.
Sitata
 
 
#2 Müsür. 2015-02-18 00:48
Örän öňlerden belli bolan uzyn ökjeli aýakgaplar dogrymy aýtsam, aýal-gyzlara jeza üçin tapylan ýaly. Onda ýöräp barýan käbirleri suwly ýabyň üstüne atylan maýyşgak paýapyldan barýana çalym edýär. Owadan görünmek üçin nämeler geýylmeýär.
Sitata
 
 
#1 Okyjy lukman. 2015-02-17 01:07
Beýik ökjeli köwüşleriň bedenimize getirip biljek ýaramaz täsiri örän dogry bellenipdir. Aýaklaryň biziň her birimiziň ikinji "ýüregimizdigini" ýadymyzdan çykarmaly däl. Ony ýaş, juwan wagtymyz äsgermezlik edip, biparh garasak, orta ýaşdan geçeňsoň aşaky daýanyç ulgamynyň ýagny aýaklaryňyzyň, oňurga bilen baglanyşykly keselleriň ýüze çykjakdygy iki uçly däldir. keselleriň
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele