Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy LIMONLAR WE SÜÝT MÄZLERINIŇ SAGLYGY
( 30 Ses Berme )

Dartmouth-Hitchcock Norris Cotton Cancer Center (NCCC), rak keseli babatda iş alyp barýan, ABŞ-nyň esasy merkezleriniň biri bolan uly ylmy barlarglar, bilim we bejeriş merkezidir. NCCC jemgyýetçilik uçin niýetlenen täze maglumatlar kampaniýasynda, kitapçalarynda we plakatlarynda köpçüligi süýt mäziniň howply döremeleri, rak keseli barada habarly etmek maksady bilen limonyň şekilini ulandy.

Maglumatlar kampaniýasynyň esasy maksady – bilim derejesine garamazdan,jemgyýetiň ähli sosial gatlaklaryndan bolan aýal-gyzlary süýt mäzleriniň saglygyna gözegçilik etmekleriniň wajypdygyny ynandyrmakdyr.

NCCC-iň maglumatlar kampaniýasynda ulanylan bir plakatda 12 sany limon ýumurtga satylýan gabynyň içinde şekillendirilip görkezilýär. Her limon komputer grafikasynyň üsti bilen uýtgedilip, süýt mäziniň rak keseline mahsus bir alamaty aýdyň görkezýär. Göwüsdaki çiş – rak keseliniň ýeke-tak alamaty bolman, alamatlaryň sanawyna başga-da üýtgemeler girýändirler – meselem, deride peýda bolýan kiçijik çukurjyklar, deriniň gyzarmagy we gyzmagy, deriniň ýuzündäki ýarajyklar.

Süýt mäziniň rak keseli irki döwründe anyklanyp, kesel kesgidi bellenen aýal-gyzlaryň 98%-de bu keseli ýeňip geçme mümkin diýlip nygtalýar. Göwüsdäki howply döremeler ilkinji, ýaňy dörän döwründe tapylanda bejeriş çäreleri gaty agyr, tapdan düşüriji bolmaýarlar.

Lukmanlar 50 ýaşdan geçen aýallara hiç hili alamalary bolmazdan wagtly-wagtynda barlaglardan geçmegi maslahat berýärler. Maşgalasynda, göwüsdaki rak keseline duçar bolan agzalary bar bolan aýal maşgalalara ýa-da başgada töwekgellik toparyna girýän ýaş aýal-gyzlaryň barlaglardan ýygy geçip durmaklary maslahat berilýär.

30 ýaşdan geçen aýallara her aýda aýbaşydan soň, çep we sag göwüslerini aýnanyň öňünde üns bilen barlamak maslahat berilýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 jenap 2015-05-09 18:41
Turyamy
Sitata
 
 
#5 Lukman. 2015-02-17 01:50
Soňky döwürde ýygjamlaşan süýt mäzleriniň çişi lukmançylykda uly aladalar ýüze çykarýar. Keseliň köp ýagdaýda anyklanmagynyň gijikdirilmegi munuň esasy sebäbidir.
Sitata
 
 
#4 Zöhre. 2015-01-29 04:10
Bu keseliň emele gelmeginiň öňüni alyş, ýagny profilaktika çäreleri düşnükli berilse aýallar üçin uly gollanma bolardy.
Sitata
 
 
#3 Okyjy 2014-12-12 16:29
Düşnükli suratlar. Bu keseliň sebäpleri nämekä? Öňüni alyş çäreler nämeden ybaratka?
Sitata
 
 
#2 Gyz 2014-11-30 22:02
Bu zatlar barada mekdeplerde okatmaly. Ýogsam biziň aýal gyzlarymyz erbet kesel bolandan soň bilip galýarlar. Biziö aýal gyzlarymyz Internetden maglumat alanoklar diýp hasaplaýan. Şonuň uçin olaryň saglygy erkek oglanlaryň ellinden. Oglanlar bu barada maglumat ýaýratmaly, aýallaryna aýtmaly. Medeniýet uýtgemeli.
Sitata
 
 
#1 Lukman 2014-11-29 07:34
Saglygy goraýyşyň amaly ulgamyna örän peýdaly plakat. Halk köpçüligine aýdyň bolar ýaly saglyk edaralaryna ýaýratmaly. Belki, gyz-gelinler saglyklaryna eserdeň bolup,süýt mäzlerinde dörän ilkinji üýtgeşmelerde gijikdirmän lukmana ýüz tutup, bolup biljek howply,ejirli ýagdaýlaryň öňi alnar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele