Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy ERKEKLER WE AÝALLAR: 10 ESASY AÝRATYNLYK ÝA-DA AÝALLARA DÜŞÜNMEGIŇ SYRLARY
( 56 Ses Berme )

Aýallaryň we erkekleriň fiziologiki aýratynlyklary diňe önelgelilik ulgamy bilen çäklenmeýär. Görlüp oturylsa, jynslaryň reňkleri we yslary kabul edişi, garaňkyda görme, pikirlenme ukyplylygy diýseň tapawutlanýar eken. Geliň, bu tapawutlyklara belli bir tertipde seredip geçeliň.

1. BEÝNI

Erkek adam, düzgün bolşy ýaly, bir meseläni çözmek üçin ünsüni jemlemäge ukyply bolsa, aýallar birnäçe meseläni, bir wagtda çözmäge ukyplydyrlar. Onuň sebäbi beýniniň gurluş aýratynlygyndadyr: aýallarda beýniniň sag we çep ýarym şarlaryny nerw süýümleriniň köp mukdary birleşdirýändir. Erkeklerden tapawutlylykda, aýallarda gepleme merkezleriniň beýniniň iki ýarym şarlarynda hem ýerleşýändigi sebäpli, olara daşary ýurt dillerini öwrenme ýeňil düşýär. Ýöne giňişlikde ugur tapma ukyplylygy boýunça aýallaryň erkek adamlardan has yza galýandygyny bolsa boýuň almalydyr.

2. BEDEN ÇEÝELIGI

Aýallaryň boýun oňurgasy çeýe bolýar. Şol sebäpden, aýallara yzyna seretmek üçin diňe kellesini öwürme ýeterlik bolsa, erkekler onuň üçin bütün göwresini öwürmeli bolýar.

3. DERI

Aýallaryň derisi bilen deňeşdirlende, erkekleriň derisi has galyň bolup, onuň ýüzünde ýgyrtlar gowy görünýär. Ýöne aýallaryň derisi has öň hem garraýandyr. Bu hadysa ýaş bilen bagly üýtgemeleriň täsiri bilen düşündirilýändir. 35 ýaşdan soň deriniň kollagen süýümleriniň emele gelşine peýdaly täsir edýän estrogen gormonynyň derejesi peselýändir. Edil şol sebäpden hem, ýokary hilli kremleri ulanma we kosmetolog lukmanynyň maslahatyny alma, aýallaryň öz sözüni gögertmek üçin edýän hereketi bolman, gözel keşbini saklamak ugrundaky aladasy bolup durýandyr.

4. REŇK SAÝGARMA UKYBY

Erkekler bu ugurda ukyply saýylyp bilinmez. Onuň hem öz fiziologiki sebäpleri bardyr. Aýallar hemme reňkleriň dürli öwüşgininiň 100. mln-dan gowrak görnüşini saýgarmaga ukyply bolan halatynda, erkekler köplenç ýaşyl bilen gyzyl reňkiň tapawudyny hem kesgitlemäge ukypsyz bolýarlar (ýogsa-da, aýallarda daltonizm-reňkleri saýgaryp bilmezlik keseli duş gelmeýär). Oňa seretmezden, erkek adamlar has ownuk ýazuwa hem düşünip, garaňkyda aýdyň görmäge ukyplydyrlar.

5. YS DUÝMA

Aýallar dürli yslary alyp, olary dogry kesgitlemäge ukyplydyrlar. Şonuň üçin hem, aýallaryň dürli hoşboý ysly atyrlary, bedeni idetmek üçin niýetlenen ýaglardyr, ýakymly yslary berýän şemleri halamagy ýöne ýerden däldir. Edil şonuň üçin hem, aýallar erkekler tarapyndan ulanylan joraplaryň çem gelen ýere zyňylmagyny halamaýarlar.

6. JYNSY GATNAŞYKLAR

Geň bolup görünse-de, erkek we aýal jyns agzalarynyň arasynda belli bir meňzeşlik bardyr. Kinnik (klitor) we ujyt birmeňzeş gurluşa eýedir-ikisinde hen sütün, pürçük, kellejik we soňkyny örtýän deri gasyny bardyr. Ýöne aýallara seksual keýpi (orgazm) almak üçin, erkekler bilen deňeşdirlende, 5 esse köp wagt gerek bolýandyr.

7. JYNS GORMONLARY

Aýal ýumurtgalyklary bedende bolup geçýän üýtgemelere jogap berýän gormony-estrogeny işläp çykarýarlar. Erkek adamyň bedeninde hem bu gormon işläp çykarylsa-da, onuň mukdary azdyr. Estrogeniň köp peýdaly taraplary bardyr: ol bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyryp, deriniň we nerw ulgamynyň işine oňaýly täsirini ýetirýändir. Ondan başga-da, ol agyr holesteriniň derejesini peseldip, süňklerde kalsiý mineralynyň toplanmagyna ýardam berýändir. Häzir derman serişdeleriniň önümçiliginde, tebigy görnüşe meňzeş estrogen öndürilip, belli bir tertip bilen kabul edilende, aýbaşy halkasynyň gününe mahsus gormonyň mukdary bilen bedeni upjün etmäge ukyplydyr.

8. GENETIKI AÝRATYNLYKLAR

Erkek adamlaryň jynsy hromosomlarynda aýallardan tapawutlylykda iki däl-de, bir X-hromosomanyň saklanýandygy sebäpli, olarda nesil yzarlaýan keseller ýygy duş gelýändir. Zeperlenen X-hromosoma gemofiliýa (gan durmazlyk), daltonizm we saç düşme keselleriniň döremeginiň sebäbi bolup durýandyrlar.

9. ALKOGOLY KABUL ETME

Aýallaryň alkogol içgileri kabul edip bilmezliginde asla olaryň günäsi ýokdur. Aýal bedeninde alkogoly özleşdirýän ferment bolan- alkogoldegidrogenaza az mukdarda işlenilip çykarylýandyr. Ýöne alkogola bolan garaşlylyk hem aýallarda has seýrek döreýändir.

10. ÝÜREK SAGLYGY

Gan damarlaryny goraýan estrogen gormonynyň täsiri bilen aýallar uzak ýaşaýarlar. Aýbaşydan galma döwri gelip ýetýänçä, aýallar beýnä gan inme, ýürek infarkty ýaly ýürek-damar ulgamynyň howply keselleri bilen seýrek keselleýärler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Bilesigeliji. 2015-09-17 02:12
10-nji tesbirçi Okyjy! Pikirlenip, pikirlenip soragyňa jogap tapmadym. Bilesim gelýär. Aýdaýyňda!
Sitata
 
 
#11 Suratçy. 2014-04-13 22:53
7-nji tesbiri ýazan okyjy men hem siz bilen pikirdeş. Dogry belläpsiňiz.
Sitata
 
 
#10 Okyjy. 2014-03-17 02:11
Ýene bir zady: aýal maşgalanyň garyn boşlugynyň daşky gurşaw bilen arabaglanşygynyň barlygyny belläp geçmeli. Haýsy ýerden garyn boşlugyna düşüp boljak? Pikirleniň!
Sitata
 
 
#9 Rahat 2014-03-14 01:02
Biraz giç jogaplaýanam welin...Menem Lukman shol dini ynanja salgylanyp shol soragy berdim. Aslynda Allatagala Adamatany ilki döredipdir yzyndanam siziñ aýdyshyñyz ýaly çep gapyrgasyndan Howenäni döredipdir diýip gürrüñler bar. Men muña shüwhelenemok sebäbi muny çynmy ýalanmy asla subut etmek müñkindäl.
Ýöne meni ýenede bir Erkek bilen Aýalyñ ikisiniñ arasyndaky bir aýratynlyk gyzyklandyrýar. Olam Erkekleñ bokurdagynda kekirdek bolýar Aýal mashgalada kekerdek bolmaýar.Muny medsina nähili düshübdirýärka? Ýöne dini çeshmelerde muny düshündirýän ýörite hekaýa bar.Bu hekaýata köpümiz bilýän bolsak gerek.
Sitata
 
 
#8 Parahat 2014-03-13 01:32
Men-ä Lukman aganyň Rahatyň tesbirine ýazan pikirlerini iňkär edýärin. Muny ertekä döndürdiňizle!
Sitata
 
 
#7 Okyjy. 2014-03-12 02:24
Men-ä makalanyň birnäçe punktlary bilen ylalaşamok, aýratynlyk diýip hem hasap edemok. Aýallaryň rek saýlama, ys alma, garaňkyda görme, pikirlenme ukyplarynyň ýokarylygyny gündelik durmuşuň täsiri esasynda aýallara, erkeklere deň berilen duýgularyň türgenleşmeginiň netijesi diýip hasap edýärin. Meselem, garaňkyda görmek ukybynyň artyklygyny alsak, eneler her çagany ulaltjak bolup, garaňky gijede bir-de çyra ýaksa ýakýar ýa-da ýakanok, näçe gezek turýar, onuň sanyny aýdyp bilmersiňiz. Aýal gözi garaňkylyga türgenleşýär. Erkekler ilki agşam kelläni goýýarlar, ýagtylansoň hem turýarlar. Nahar bişirme-ys alyşyny, tikin tikme-reňk saýgarşyny ösdürýär. Erkek adamlaryň arasynda hem şol duýgulary ösen aşpezlere, suratçylara... gabat gelinýär ahyryn. Aýratynlygyň sebäbi türgrnleşmezlik diýip hasap edýärin.
Sitata
 
 
#6 Lukman 2014-03-11 02:45
Rahat!
Aýallaryň hem, erkekleriň hem gapyrga sanynda tapawut ýok.Ýöne dini çeşmelerden biziň bilşimiz ýaly, aýal maşgalanyň erkek adamynyň gapyrgasyndan döredilendigi barada maglumatlar bar. Aýal kethudalyk etmez ýaly kelleden hem däl.Ony kemsitmezlik üçin aýakdan hem däl.Ol erkegiň gapdalynda bolar ýaly- onuň göwresiniň gapdalyndan,onuň goragynda bolar ýaly-eliniň aşagyndan,ony söýer ýaly-çep, ýörek tarapky aşaky gapyrgadan ýasalypdyr.Siz bu barada nähili pikirde?
Sitata
 
 
#5 Rahat 2014-03-10 17:36
Erkekler we Aýallaryñ ýenede käbir tapawudy , Aýallaryñ Erkeklerden bir gapyrgasy kem diýýäler shol çynmyka Lukmanlar? (Çep gapyrgada bir gapyrga kem diýýäler)
Sitata
 
 
#4 Gerçek 2014-03-09 09:39
Zenanlaryñ çalt dil öwrenmeklerine geñ galýardym asyl bir emmasy bar ekendä
Sitata
 
 
#3 Torum. 2014-03-09 00:01
Göwnüme bolmasa erkeklere garanyňda aýallara köp gowylyk berilen ýaly. Aýtsaň alkogoly kabul etme we ýürek saglygy ýagdaýynda aýallara berilen beden üýtgeşikligi örän artykmaç.
Sitata
 
 
#2 Tokar. 2014-03-08 13:16
Aýallaryň ys seljerişine geň galyp, olaryň duýgurlygyny ysgow itler bilen deňeşdirerdim welin mundan gelip çykdow bu...
Sitata
 
 
#1 Duýgur. 2014-03-08 02:51
Egerde şu saýtda ýazylan örän bilmesi wajyp bolan zatlary okap, aýallar we erkekler gowy bilseler, olaryň biri-birinden göwni galmasyna hem-de ýerliksiz gybatlaryň azalmagyna getirerdi.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele