Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy AÝBAŞYNYŇ ÖŇ ÝANYNDA ÝÜZE ÇYKÝAN KYNÇYLYKLAR (PREDMENSTRUAL SINDROMY)
( 14 Ses Berme )

... Hemişe şähdiaçyk, mylaýym bolup görünýän Gözeliň bu gün hemme zat gaharyny getirýärdi. Ol jorasy Jahana demi-demine sygman, janygyp gürrüň berýärdi:

-Şu gün hiç keýpim ýok. Düýn ýadap öýe özümi atdym. Adamym ýagdaýymy hem soramady. Göwni bir ýaly. Çagalarym hem diýenimi edenok. Üstesine işde-de edenim ugruna bolanok. Başlyk işler bilen howlukdyryp alyp barýar. Hemme zadyň üstüne, kelläm agyryp, endam-janym kül owram bolup barýar. Duran görgüçilikdä...

Öz jorasyny gowy tanaýan Jahan ýylgyrdy-da:

-Bolýala Gözel, köşeşsene. Juda beýle hemme zat erbet hem däl ahyryn. Hemme zat düzeler.

Ýogsa-da, seniň aýbaşyň başlanmagyna näçe gün galdy?- diýip, duýdansyz soragy berdi.

-Aýbaşymy? 3-4 günden gelmeli. Näme üçin soradyň?- diýip, Gözel gözüni tegeledi...

Aýbaşynyň öň ýanynda ýüze çykýan kynçylyklar özünde umumy alamatlar toplumyny jemläp, köp agzalaryň we ulgamlaryň işiniň bozulmagyna getirýär.

Aýbaşy halkasynyň ikinji döwründe ýa-da onuň başlanmagyna 4 - 7 gün galanda bildirip başlaýar.

Ginekolog lukmanlaryň aýtmagyna görä, aýbaşynyň öň ýanynda çykýan kynçylyklar, esasy, ginekologiki we dürli beden agzalarynyň kesellerinden ejir çekýän, işleri ýaramaz faktorlar bilen baglanşykly aýallarda ýüze çykýar.

Bu kynçylyklaryň ýüze çykmagy ylmy taýdan entek doly öwrenilen däldir. Olaryň sebäbi babatda birnäçe teoriýalar bardyr. Iň ýaýran düşündirişleriň biri – bu gormonal üýtgeşmeleriň getirýän ýagdaýydyr.

Bedendäki estrogen we gestagen gormonlarynyň gatnaşygynyň bozulmagy: estrogeniň köpelmegi,gestageniň azalmagy bolup geçýär. Şonuň netijesinde, bedende natriý duzlary saklanýar, olar suwy çekip alýar. Bu bolsa dürli agzalarda, şol sanda beýnide hem suwuň ýygnanmagyna getirýär, agyrylar we başga alamatlar döreýär.

Estrogeniň köpelmegi bolsa, süýt mäzleriniň çişmegi bilen bilelikde, onuň agyrmagynyň hem sebäbi bolýar.

Kynçylyklaryň merkezi nerw ulgamynyň üýtgemegi bilen düşündirilmegi has hem ýerlikli hasaplanýar. Şol döwürde, jyns gormonlary bilen bilelikde, keýpiň üýtgemegini sazlaýan  melatonin işläp çykaryjy gormonynyň hem mukdary üýtgeýändir. Aýalyň keýpiniň üýtgemegi, duýdansyz keýpsizligi, gaharjaňlygyň ýüze çykmagy şonuň bilen düşündirilýändir.

Şol döwürde prolaktin gormonynyň ýokarlanmagy netijesinde, içegeleriň ýellenmegi, süýt mäzleriniň gatamagy bolup geçýär. Prostoglandinleriň (dokumalardaky biologiki aktiw maddalar) mukdarynyň üýtgemegi bolsa, nerw ulgamynyň işiniň üýtgemeginiň (nerw dartgynlylygy, kelle agyry, lapykeçlik) ýene bir sebäbi bolup durýandyr.

Aýbaşynyň öň ýanynda ýüze çykýan kynçylyklaryň esasy alamatlary:

Garnyň aşagynda çekiji agyrylar, süýt mäzleriniň dolup agyrmagy, eliň, aýagyň çişmegi, suwsuzlyk, ýürek agyrylaryň döremegi, baş aýlanma, ýürek bulanma, ys almanyň ýitileşmegi, bedeniň gyzgynynyň galmagy, üşütme, işdäsizlik, käwagt bolsa tersine işdäniň açylmagy.

Merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulanlygynyň alamatlary: 

Birden keýpiň gaçmagy, gaharjaňlyk, aglaklyk, ýadyň ýaramazlaşmagy, ukynyň bozulmagy, jynsy höwesiň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy.

Bu ýagdaýy öwrenip, R. M. Lakrits, aýbaşynyň başlanmagyna 4 - 5 gün galanda, aýallaryň psiho-emosional ýagdaýynyň üýtgeýşi barada gyzykly maglumatlary berýär.

Şol  döwürde aýallaryň 27%-i ownuk jenaýat işleri bilen tutulypdyr, 26%-i ýol-ulag hadysalaryna uçrapdyrlar, 29%-i gaýragoýulmasyz ýagdaýda keselhanalara düşüpdir.

Okuwçylaryň, talyplaryň hem şol döwürde okuwa ýetişikligi peselýändir.

Aýbaşynyň öň ýanynda, aýallarda köriçege bilen düşmek 33%-e, peşew çykaryş ýollarynyň ýiti keselleri 31%, ýiti respirator keseller bilen keselleme 30% artýandyr. Edil hem şol döwürde psihiki keselleriň ýitileşmegi ýüze çykyp bilýändir.

Aýbaşynyň öň ýanynda ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin maslahatlar:

  1. Degişli lukmanlara ýüz tutuň:
    • ginekologa – aýal jyns gormonlarynyň mukdaryny kesgitläp, bejergi bellär ýaly;
    • psihonewrolog – psiho-emosianal kynçylyklary babatda maslahat berer ýaly;
    • endokrinolog – aýbaşy kynçylyklary galkan şekilli mäziň üýtgemelerinde has hem köp ýüze çykýar.
  2. Bu kynçylyklaryň ýüze çykyşyna we onuň uzaklygyna baglylykda, her aýal peýdaly dermany saýlap alyp, alamatlaryň başlanýan wagtyndan 2-3 gün öň kabul edip biler:
    • Güýçli agyrylarda size no-spa, baralgin, spazmolgon, nurofen, trimol gowy kömek eder;
    • Agyrylary göwreliligiň öňüni almak üçin kabul edilýän gormonal serişdeler hem gowy aýyrýar;
    • Gestagen gormonlaryň ýetmezçiligi, aýbaşy halkasynyň 2 döwründe olary (norkolut, dýufaston) kabul etmek bilen bejeriýär. Prolaktin gormonynyň yokary derejesi parlodel bilen bejerilyär. Degişli bejergini size ginekolog lukman  bellemelidir;
    • Wegetatiw nerw ulgamynyň işini kadalaşdyrmaga belloid ýa-da bellataminal gowy kömek eder;
    • Merkezi nerw ulgamynyň işini sazlamakda tawegil, dimedrol, seduksen, diazepam ulanyp bilner;
    • Prostoglandinleriň işjeňligini naproksen, indometasin peseldip biler;
    • Aýbaşy kynçylyklaryny bejermekde derman otlardan ýasalan mastodionyň spirt erginini ulanýarlar. Bu dermany 30 damjadan günde 2 gezek, 3-6 aýlap kabul edip bolýar.
  3. Iýmitlenmegiň käbir kada-düzgünleri berjaý edilmelidir:
    • Çaý, kofe içmegiňizi azaldyň;
    • Kabul edilýän suwuklygyň umumy mukdaryny (ýöne 1,5 litrden az bolmaly däl) çäklendiriň;
    • Duzy az peýdalanyň;
    • Düzüminde kaliý saklaýan önümleri az kabul etjek boluň: kişmiş,kartoşka, guradylan erik;
    • Şokolady az iýiň: ol ýürek urmany çaltlandyrýar;
    • Ýagly önümleri az iýiň;
    • Öz iýmitiňizden ajy önümleri aýyryň, alkogol içgileri kabul etmäň, çilim çekmäni azaldyň;
    • Aýbaşy başlanmagyna 1 hepde galanda, düzüminde kalsiý bar bolan iýmitleri iýiň: kelem, ýaşyl turp, ysmanak, petruşka;
    • Düzüminde A, E we B topary saklaýan poliwitaminleri kabul ediň;
    • Deňiz önümlerinde, dänede, hozda saklanýan magniý peýdalydyr. Ol siziň ýadawlygyňyzy, gaharjaňlygyňyzy aýrar;
    • Nerw ulgamyny köşeşdiriji serişdeler hem gowy kömek edýär: pişik dyrnagy, bal garylan bir käse süýt, narpyzly çaý. Narpyz bedeniň alyş-çalyş işini kadalaşdyryp, köşeşdiriji we agyrsyzlandyryjy häsiýete eýedir;
    • Klýukwa siresi hem buşukdyryjy serişde bolup, bedeni artyk suwdan arassalaýar;
    • Malinanyň ýapragyndan taýynlanan içgi güýçli aýbaşy gan akmalarynda gowy kömek edýär.
  4. Aýbaşynyň öň ýanynda we başlandan soň köpräk dynç alyň, wagtynda ýatyň. Ýelejiredilen jaýda ýatmaga çalşyň.
  5. Aýbaşy günleri hammama gitmekden saklanyň. Hammamyň ýokary temperaturasy agyryň döremegine, aýbaşynyň uzalmagyna, gan akmanyň köpelmegine getirip biler. Bu ýagdaýyň döremegi, ýatgynyň miomasyndan, endometriozdan ejir çekýän aýallar üçin has howplydyr.
  6. Günde agşam we irden sowuk we ýyly suwy gezekleşdirip, suwa düşüň. Aýbaşy dartgynlylygyny, 15 minut çopantelpek, narpyz garylan ýyly wannany kabul etmek hem aýryp biler.

Bejergiler yzygider 2-3 aý geçirlenden soň, 1-2 aý arakesme edilip, aýal lukmanlar tarapyndan kadaly gözegçilikde saklanmalydyr. Alamatlaryň gowşamagy bilen, derman serişdeleriniň mukdary hem azaldylyp, bejerginiň arakesmeleri uzaldylmalydyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 samira 2017-01-15 13:59
Aybasy wahtlarynda yuzune duwurtik cykya munyn bejergisi barmy
Sitata
 
 
#10 Saytyn okyjysy 2014-06-23 23:29
Salam. Men 22 yasymda durmusa entek cykamok. Aybasym gelende juda kop gan akya.dowamlylygy 5 gun. Kyncylyklary yuze cykaryar. Sebabi nameka?
Sitata
 
 
#9 Saytyn okyjysy 2014-06-23 23:24
Salam hormatly lukman!men kop gaz(osuryan) cykaryan.ol mende onaysyz halatlary yuze cykaryar.sebabi nameka?onuni alyp bolarmyka? Jogabynza garasyan. Sag bolun
Sitata
 
 
#8 Lukman 2014-02-09 23:24
Nagma!
Gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy netijesinde ganly bölünip çykmalaryň gelmegi ýüze çyksa hem,bu aýbaşynyň gelme tertibine täsirini ýetirmeýär.Seýrek ýagdaýlarda aýbaşynyň gelmeli wagty öňe süýşüp biler.Ýöne gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy bilen jynsy gatnaşygyň başlanyp,göwreliligiň döremegi netijesinde aýbaşynyň gelmezliginiň mümkindigini belläsim gelýär.Eger Siz göwreliligi meýilleşdirmeýän bolsaňyz, islenilmedik göwreliligiň öňüni alýan serişdeleri ulanmagyň zerurlygy ýüze çykýandyr.
Sitata
 
 
#7 nagma 2014-02-09 12:05
Salam lukman size soragym ba gyzlygy alynan gyzda aybasy bolyamyka su barada aydaysanyz hayys
Sitata
 
 
#6 jennet 2014-01-09 04:56
Name uchin aybashy agyryly bolyar her ay shol ahval. Hayysht lukman maslahat bering
Sitata
 
 
#5 jennet 2014-01-09 04:54
Sss
Sitata
 
 
#4 ayna 2013-12-14 00:39
Salam lukman! Size soragym bar. Mende widilenya diyen zat dyngysyz bar. Derman zat ichyan welin tasiri yok. Bu zyyanlymy. Ony yok etmek un nameler etsem bolar. Sizden uly hayysh jogap yazyn
Sitata
 
 
#3 Gowher.I.A 2013-07-27 15:47
Peýdaly maslahatyñyza minnetdar hormatly lukman!
Sitata
 
 
#2 Sag bolun! 2011-06-12 07:34
Kop sag bolun!
Şu mowzukdan koprak maglumat alsam sizden hoşal bolardym, eger-de yzygiderli goşmaça maglumatlary berip dursanyz.
Sitata
 
 
#1 Kösenýän zenan. 2011-02-01 03:37
Gaty peýdaly mowzuk.Görkezilen ýagdaýlary,alamatlary,biz zenan maşgalalaryň köpüsi başyndan geçirýär.Peýdaly,degerli maslahatynyz üçin köp sag bol LUKMAN JORA.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele