Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy "BEDENIŇ GÖRKÜNI ALÝAN, AÝALLARY ALADA GOÝÝAN..."
( 23 Ses Berme )

Bu ýagdaý hemme aýallarda duş gelýär diýýärler. Ony aýallaryň ikilenç jynsy alamatyna degişli edip, bolmaly adaty ýagdaý hasaplaýarlar. Ýöne bedende ol alamatyň bolmazlygy üçin her aýal elinde baryny edýär. Elbetde, gürrüň sellýulit barada gidýär. Eýsem sellýulit näme we ondan dynmak mümkinmikä?

Deriasty ýag gatlagynyň (gipodermanyň) zeperlenmegine sellýulit diýilýär. Gan aýlanyşygynyň we limfanyň (beden suwuklygy) haýallamagy gipodermada suwuklygyň saklanmagyna getirýär. Bu bolsa ýag öýjükleriniň daşynda çişginliligi emele getirip, olarda ýaglaryň we zäherleriň toplanmagyna sebäp bolýar. Bedeniň zeperlenen ýerlerinde hemme alyş-çalyş ýagdaýlary bozulyp, ýag öýjükleriniň daşynda birleşdiriji dokumanyň we düwünleriň emele gelmegine getirýär. Olar öz gezeginde gan we limfa damarlaryny basyp, alyş-çalyş ýagdaýlarynyň bozulmalaryny has hem beterleşdirýär.

Biri-birine bagly ýagdaýlaryň saklanmagy ahyrsoňy, "pyrtykal gabygyny" – deriniň üstünde büdür-südürlikleri döredýär.

Sellýulite getirýän sebäpler dürli-dürlidir. Ol sebäpler adatça durmuşymyzdaky endiklerden gelip çykýandyr. Sebäpleriň esaslarynda nädogry iýmitlenme, az hereketlilik, stressler we ýaramaz endikler ýatandyr. Iýmitlenme bilen bagly kynçylyklar kabul edilýän önümleriň mukdaryna däl-de, onuň hiline baglydyr. Sellýulitli adamlaryň esasan hem düzümi peýdaly maddalara garyp, çalt taýynlanýan iýmit önümlerine ýykgyn edýändikleri subut edildi. Ol önümler ýaglara, şekere, himiki goşundylara baý bolýarlar. Köp mukdarda ulanylýan emeli reňkleýjiler, iýmit goşundylary bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryny has hem beterleşdirip bilýär.

Bedeniň uýgunlaşma ulgamyndaky näsazlyklary dokumalaryň zeperlenmegine we suwuklygyň saklanmagyna getirýär.

Onuň netijesinde bolsa bedeniň agramy köpelip, wena we limfa damarlary gowşaýandyr.

Iýmitde doýgun ýaglaryň köp kabul edilmegi sellýulitiň emele gelmegini has hem çaltlaşdyrýandyr. Bu mesele has hem iýmitde doýgun ýaglary köp kabul edýän ýurtlarda, meselem Fransiýada uly ünsi özüne çekýändir.

Sellýulitli adamy tapmasy kyn bolan Ýaponiýada bolsa, ilat diňe düzümi doýgun däl ýaglary iýmitde kabul edýändirler.

Sagdyn iýmitlenmegiň esasyny düzýän täze gök önümler we ir-iýmişler, däne we kösükli önümler köp adamlaryň iýmitlenmesinde soňky ýerleri eýeleýändir.

Bu esasy mikroelementleriň ýetmezçiligine, natriý-kaliý minerallarynyň deňagramlylygynyň ýitmegine we beden dokumalarynda durgunlylyk ýagdaýlarynyň döremegine getirýär. Dogry iýmitlenmäniň düzgünlerini bilmezlik köp berhizleriň ýalňyş ulanylmagyna sebäp bolýar.

Bu bolsa sellýuliti has hem beterleşdirýär. Aýallar berhizi näçe uzak tutduklaryça, şonça-da bedeniň ýokarky böleginiň (bilden ýokarsy) horlanmasy bolup geçýändir. Ýöne soňundan olar ýene agramlaryny alanlarynda, butlary we ýanbaşlary gaýtadan ýognama bilen bolýandyr.

Kadaly tutulan berhizleriň bedeniň agramyny üýtgedip, şonuň esasynda onuň görnüşini hem üýtgedýändir. Onuň ýaly ýagdaýlardan soň beden armyt görnüşde bolýandyr. Barlaglaryň bellemegine görä, aýallaryň takmynan ýarysy we erkek adamlaryň ¼ bölegi ýylda iki we ondan hem kän gezek dürli berhizlerden peýdalanýandyrlar.

Berhiz tutma meselesi esasan-da ýetginjeklik döwründe has köp duş gelýändir. Ýetginjek gyzjagazlaryň 80%-e golaýy kadaly ýagdaýda berhize oturyp, bedenlerinde alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmagyna esas döredýärler.

Az hereketlilik we oturymly ýaşaýyş düzgüni hem sellýulitiň sebäpleri bolup bilýär diýip hasaplaýarlar. Az hereketlilik gan aýlanşygynyň bozulmagy, ýüzleý dem almak, limfanyň haýal akmagyna, içegede durgunlylyk ýagdaýlary ýaly saglyga täsir edýän dürli kynçylyklara getirip bilýändir. Uzak wagt oturmak butlara we ýanbaşa basyş edip, ganyň aýlanmagyna päsgelçilik döredýändir. Bedeniň bu böleklerine edilýän basyş dokumalaryň kislorod we peýdaly maddalar bilen üpjünçiligini kynlaşdyryp, ýarylan damarlardan ganyň we limfanyň dokumalara siňmegine sebäp bolýandyr. Bu bolsa sellýulitiň döremeginiň başlangyç tapgyryny emele getirýändir.

Azhereketliligi aradan aýyrmak üçin ulanylýan hemme fiziki maşklaryň sellýulitiň bejergisi bolup bilmeýänligini biz bilmelidiris.

Aýaklarda dartgynlylyk döredýän sportuň köp görnüşleri (uly tennis, ýeňil atletika, basketbol, woleýbol) bogunlaryň hereketliligi sebäpli wena damarlaryna agram salyp, keseli beterleşdirip biler.

Suwda ýüzme, lyžaly sport, pyýada ýöremek, welosiped sürmek tersine, sellýulitiň bejergisinde gowy netijeleri berip biler. Ýöne fiziki maşklaryň görnüşini we dowamlylygyny her adam üçin aýry kesgitlemelidir.

Häzirki zaman lukmançylyk edebiýatynyň seljermesi köp awtorlaryň pikiriniň deňdigini mälim edýär: sellýulitiň döremegi gormonal üýtgemä baglydyr.

Ýetginjeklik döwri, göwrelilik, aýbaşydan galma döwri, göwreliligiň öňüni alma üçin gormon serişdeleriniň kabul edilmegi sellýulite getirip biljek döwürlerdir.

Bu ýagdaýlarda, aýal jyns gormonlarynyň bedende agdyklyk etmegi sellýulite sebäp bolup biler.

Boston şäheriniň lukmançylyk merkezinde geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, sorag edilenleriň içinde sellýulit ýetginjeklik döwründe - 12%, göwrelilikde - 20%, aýbaşydan galma döwürde - 25%, gormonal gerdejikleri kabul edilenden soň - 20%ýagdaýlarda ýüze çykypdyr.

Gadeni barlaghanasynyň maglumatyna görä, sellýulit aýallaryň 64%-de gan aýlanyşynyň bozulmagy netijesinde, 54%-de azhereketlilik sebäpli, 50%-de bolsa semizlik sebäpli döräpdir.

Barlaglaryň bellemegine görä, sellýulitiň emele gelmeginde, kofe we çaýda saklanýan kofeiniň hem täsiri uludyr. Kofein beden üçin esasy minerallaryň, esasan hem demriň özleşmegini kynlaşdyrýar, adrenaliniň köp işläp çykmagyna sebäp bolýar. Adrenaliniň emele gelmegi bedende suw çalşygyny sazlaýjy böwreküsti mäzleriň işine agram salýar. Mäziň işiniň bozulmagy we adrenaliniň kadadan köp emele gelmegi natriý-kaliý deňagramlylygyny bozup, sellýulitiň döremegine esas bolup biler.

Çilimiň köp çekilmegi hem bedeniň durkuny üýtgedip biler. Sebäbi çilimdäki nikotin kislorody baglap, onuň öýjükler bilen sarp edilşini peseldýändir. Bedende kislorod çalşygynyň bozulmagy sellýulitiň döremegine ýene bir sebäp bolup bilýandir.

Sellýulitiň döremegine oňaýsyz, dar aýakgabyň, dar eşigiň geýilmegi, guşaklaryň dakylmagy, bedeni gysyp duran içki eşikleriň geýilmegi hem sebäp bolup bilýär. Sebäbi uzak wagt gysylmalar, gysylma ýeriň ýokarsynda we aşagynda suwuklygyň ýygnanmagyna, gan aýlanşygyň kynlaşmagyna getirip biler.

Sellýulitiň bejergisi lukman tarapyndan bellenip, zeperlenmäniň ýagdaýyna baglylykda tapgyrlaýyn geçirilýändir.

Hemme bejeriş çäreleri aşakdakylara bölüp bolýandyr:

1. Taýýarlaýjy çäreler – zeperlenen ýerdäki üýtgän dokumalary dargatmaga kömek edýär. Ol çärelere apparat (wakuum) owkalamasy, el bilen owkalama, ultrases tolkunlary, kwant( görünýän gyzyl we infragyzyl şöhlelenmeler) bejergisi degişlidir.

Taýýarlaýjy çäreler dokumalary esasy bejeriş çärelerine taýynlaýandyr. Mundan başga-da, esasy usullaryň täsirini güýçlendirmäge kömek berýändir.

2. Esasy bejeriş usullary ýag öýjükleriniň sanyny azaltmaga gönükdirilendir. Ol usullaryň içinde iki usul has giňden ulanylýar:

2.1 Ozon bilen bejergi – Bu usula "italýan usuly" hem diýilýär. Kislorod – ozon garyndylarynyň deriasty gatlaga goýberilmegi, ozonirlenen geller we kremler bilen edilýän owkalamalar bilen utgaşdyrylanda ýokary netijeleri berýändir.

Bejergi tapgyryndan soň deridäki "pyrtykal gabygy" alamaty aýrylyp, deri has çeýeleşip, ýüzi düzlenýär. Deri astyndaky ýag gatlagy bolsa has hem gataýandyr.

2.2 Mezoterapiýa – derman serişdelerini uly bolmadyk mukdarda deriniň içine goýbermek arkaly netije gazanmakdyr. Bejergi netijeleri dermanlaryň täsiri bilen hem-de biologiki işjeň nokatlaryň gyjyndyrylmagy arkaly gazanylýar.

Mezoterapiýada prokain, piroksikam, disinon, ribomunal, trental, hofitol, miakalsin ýaly belli serişdeler bilen birlikde, embrioblast, triak, lipodistrofin ýaly ýörite derman serişdelerinden peýdalanylýar.

Dermanlar el bilen dürli usullar arkaly (aýratyn sançmalar, üznüksiz goýbermeler görnüşi) ýa-da ýörite awtomatiki inžektorlaryň kömegi bilen goýberilip, lukmandan ýörite taýýarlygy talap edýändir.

Sellýulitiň bejergisinde drenažleýji (çykaryjy) usullar hem ulanylýar. Ol bejeriş usullary dokumalardan artyk suwuklyklaryň we zäherleriň çykarylmagyny gazanyp, bejeriş tapgyrynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr. Bu usullaryň iki görnüşi giňden ulanylýar:

2.3 Talassoterapiýa – deňiz suwotlary bilen bejergi geçirmek usulydyr. Bejergide suwotlaryň utgaşmasyndan ýasalan ýapgylaryň tebigy bejeriş häsiýetleri ulanylýar.

Sellýulitiň dürli derejeli ýüze çykmalarynda zeperlenen ýeri dürli ýapgylara "dolama" usuly gowy netijeleri berýär.

Ýag gatlagyny azaltmak üçin kofeinden, gyzyl ajy burçdan, pyrtykaldan we suwotlaryň garyndysyndan ýasalan gyzgyn gel ulanylsa, damarlaryň we deriniň arassalanmagy we deriniň çeýeligi üçin narpyzdan, kamforadan, suwotlardan, karite ýagyndan ybarat serişde ulanylýar.

Ýapgylara dolamak tapgyrlaýyn we kadaly geçirilmelidir.

2.4 Basyş bilen bejergi (pnewmomassaž) bu bejeriş usulynda kompýuterler arkaly gözegçilik edilýän, ýörite serişde (korset) göwrä geýdirilip, limfatiki ulgama gysylan howa arkaly täsir edilýändir. Şunuň ýaly bejeriş myşsalaryň işini tizleşdirme arkaly limfanyň hereketini kadalaşdyryp, bedeniň suwuklyklardan, ýagyň dargamagy netijesinde emele gelýän önümlerinden arassalanmagyna kömek edýär.

Bejergi geçirlende ýörite ädikler geýdirilip, olara hem howa goýberilýär. Şeýle edilende basyşlaryň tapawudy gazanylyp, bedenden artyk suwuklyklary çykarmaga şert döreýändir.

Sellýulite bejergi geçirmegiň gerekligi babatda käbir alymlaryň arasynda jedeller gidýär.

Alymlaryň bir topary oňa kesel höküminde garap, bejerginiň gerekdigini ündeseler, beýleki topary sellýulite aýallaryň bedenine mahsus alamat höküminde garaýarlar.

Alymlaryň dürli pikirlerine garamazdan, her zenan maşgalanyň näzik, owadan görünmek islegi tebigydyr. Bu islegi kanagatlandyrmak bolsa aýallaryň özüne bagly bolşy ýaly, häzirki zaman kosmetologiýasynyň ösüş aýratynlyklaryna hem juda bagly bolup durýandyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Şepagat uýasy. 2014-05-28 20:09
Soňky ýyllarda lukmançylyk ylmy sellýulita köp üns berip ugrady,ýöne limfa we gan bilen baglanşylykly geçýän ýagdaý bolansoň bejergi ýagdaýlary aňsat dälmikä diýýärin.
Sitata
 
 
#5 Nurulla. 2014-05-22 08:59
Erkeklerde duş gelýär weli bu aýallarda örän köp ýaýran. Belli bir üýtgeşmeler bilen gormonlaryň täsirinden döreýärmikä diýýärin.
Sitata
 
 
#4 Nepes. 2014-05-18 01:28
Aýallaryň agzyndan girýän bele bu. Sebäbi bu zamanda aýal-gyzlar owadanlyga ýykgyn eden bolsalarda köp biri-birine gabat gelmeýän iýmitleri köp iýip betgelşiklige ýüz urýarlar.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2014-05-14 02:17
Hormatly Lukman! Siziň şu berýän maglumatlaryňyz meni geň galdyrdy. Eger bu kesel bolsa onda birinji gezek okaýşym. Köp sag boluň.
Sitata
 
 
#2 Tylla. 2014-05-13 00:32
Iýmitleriň hili, az hereketlilik, ýaramaz endikler bu keseli aýallaryň hemrasyna öwräýdi öýdýän.
Sitata
 
 
#1 Nowruz. 2014-05-10 01:05
Aýratynam aýallary kyn, çykgynsyz ýagdaýa salýan nerse, özüňe döz gelip bejergä wagtynda ýüz urmaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele