Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy MASTIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI
( 3 Ses Berme )

Ýaňy-ýakynda ene bolan Maýa gürrüň berýär: – "Birinji dogumdan soň aýal maşgalaň öňünde gaty kän kynçylyklar döreýär. Olaryň biri hem bäbegi iýmitlendirmek, ýagny, emdirmek. Çagam emip başlandan soň göwsümiň emzikleri jaýyrlyp, ýara bolup başlady. Her gezek emdirjek bolsam çydap bolmaýan agyrylar biýnjalyk edip başlady. Öýdäkilere "özüni oňarmaýan" ýaly görünmejek bolup, utanyp ilkibaşda aýtmajak boldum. Emma agyrylar galmandy. Göwsümde gaty emele gelmeler we çişler döräp başlady. Gijelerine beden gyzgynym 38-den geçýärdi. Üstesine-de, bäbegimiň içi geçip başlady. Indi men gorkup başladym. Öýdäkiler bilen maslahat edip, lukmana ýüz tutmaly boldum. Lukman meni süýt mäzleriniň ultrases barlagyna ýollady. Barlaglaryň netijesi boýunça mende mastitiň abssedirlenen görnüşi anyklanyldy. Sada dilde aýdaňda, süýt mäzlerinde iriňli ojak emele gelipdir. "Siz irräk ýüz tutan bolsaňyz bular ýaly ýagdaý ýüze çykmazdy. Ol ojagy operatiw ýol bilen aýyrmaly bolarys" – diýip lukman aýtdy. Men öz-özümi şu ýagdaýa eltenime gaty gowy düşünýädim. Utanjymdan hassa bolanyma ökündim".

Mastit näme?

Mastit – kesel dörediji ýokançlyklaryň täsiri netijesinde süýt mäzleriniň gaýnaglama hadysasydyr. Bu kesel çaga emdirýän aýal maşgalalaryň ortaça 16%-de duş gelip, soňky ýyllarda geçirilýän öňüni alyş çäreleri netijesiz bolup durýandyr. Kesel ilkinji gezek emdirmäge başlan hem-de dogry emdirmegiň usullaryny bilmän, bäbege süýt mäzleriniň emzigini ýalňyş berýän aýal maşgalalarda ýygy duş gelýär. Ýalňyş emdirlende göwüsdäki süýt doly çykyp bilmän durgunlyk emele gelip başlaýar. Bu bolsa keseliň döremegine getirýän ilkinji sebäpdir. Bu kesele başgaça "emdirýän aýallaryň keseli" hem diýýärler.

Mastitiň sebäpleri

Köplenç mastiti stafilokokk ýokançlyklary döredýärler. Emma aýal maşgalanyň bedeninde başga ýokançlykly ojaklaryň bolmagy ( dem alyş, jyns agzalarynyň, peşew çykaryş ulgamyň, agyz boşlugynyň ýokançly keselleri) hem bu keseliň döremeginiň sebäbi bolup biler. Köp halatlarda kesel içege taýajyklarynyň täsiri bilen hem döräp bilýändir. Ýokançlyklar süýt mäzlerine gan we limfa damarlarynyň üsti bilen düşýär.

Köplenç mastit mäzdäki süýdüň durgunlygynyň döremegi (laktostaz) netijesinde emele gelýär. Durgunlaşan süýt kesel dörediji bakteriýalara köpelmek we keseli ýaýradyp gaýnaglama, iriňleme hadysasyna getirmek üçin örän gowy gurşawdyr.

Emdirmeýän aýal maşgalada hem seýrek ýagdaýlarda mastit keseliniň döremegi syn edilip, onuň sebäplerine aşakdaky ýagdaýlar degişli edilip bilner:

► Bedeniň goraglylyk ulgamynyň pes bolmagy;

Göwüsde operasiýalaryň geçirilmegi (plastika);

Ýokanç keseliň ýokuşmagy;

Süýt mäziniň şikes almagy;

Göwsüň sowuklamagy;

Içki eşigiň darlygy we oňaýsyzlygy;

Hapa suw howdanlarynda suwa düşmek;

Witamin ýetmezçiligi.

Mastitiň görnüşleri

Lukmançylykda mastit keseli gaýnaglama hadysasynyň häsiýetine görä birnäçe görnüşlerde ýüze çykýandyr:

1. Seroz / infiltratiw / iriňli mastit. Bu görnüşler yzygiderli emele gelip, süýt mäzinde gaýnaglama hadysasynyň ilkibaşda çişginlik, soň gatamak, ahyrynda iriňli ojagyň döremegi bilen üýtgemegini häsiýetlendirýär.

2. Abssedirleýji mastitde süýt mäzinde içi iriňli gaýnaglama ojagy döreýär. Ojagyň çäkleri aýdyň bolansoň, lukman onuň ölçegini we görnüşini anyklap biler.

3. Flegmonozly mastitde zeperlenen ojagyň belli bir çägi bolman, ol süýt mäziniň dokumasyna tutuşlaýyn ýaýraýar.

4. Gangrenoz mastit örän seýrek duş gelýär. Kesel bejerilmän uzaga çekende ýa-da beden immuniteti peselen ýagdaýynda süýt mäziniň dokumasynda nekrotiki hadysalar (dargama) döräp başlaýar.

Mastitiň alamatlary

Dogumdan soňky döwürde mastit has ýygy duş gelýär. Şonuň üçin ony "dogumdan soňky ýiti mastit" diýip atlandyrýarlar. Bu hadysa süýt mäzinde agyryly, dykyz we aýdyň çäklenen gatan ýerleriň emele gelmegi, gatan ýeriň derisiniň gyzarmagy we ellenende gyzgynlygyň bolmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy bilen ýüze çykýar.

Eger özwagtynda çäre görülmese, onda gaýnaglama güýçlenip agyry has artýar, göwüs ulalýar, derisi has gyzgyn bolýar. Çagany emdiren wagty güýçli agyrylar aýal maşgalany bimaza edip, süýdüň düzüminde gan ýa-da iriň garyndylary görnüp başlaýar.

Ýaňy doglan çagalaryň mastiti

Dogumdan soňky döwürde ejesiniň jyns gormonynyň bäbegiň bedeninde saklanmagy sebäpli çagada hem, jynsyna garamazdan mastit döräp biler. Ýaňy doglan çagalaryň mastiti süýt mäzleriniň çişmegi we emzikden suwuklygyň bölünip çykmagy bilen häsiýetlenýär. Bu ýagdaýda hiç hili lukmançylyk kömegi zerur däldir we 3-4 günden bäbegiň süýt mäzleri öňki derejesine gelýändir.

Ýöne iriňli gaýnaglama hadysasynyň döräp, iriňli ojagyň döremegine getirmegi hirurgiki bejerginiň geçirilmegini talap edip bilýändir.

Anyklaýyş çäreleri

Mastit keseliniň alamatlary süýt mäzleri gözden geçirlip barlananda hem aýdyňlaşdyrylyp bilinýändir. Şeýle hem, zeperlenen süýt mäzi tarapynda goltukasty limfa düwünleriniň ulalmagy syn edilip bilner.

Süýt mäzleriniň USB-gy gaýnaglamanyň häsiýetini, iriňli ojagyň we dargama sezewar bolan dokumalaryň ölçegini anyklamaga kömek edýär.

Güman edilme bolan halatlarynda, USB-yň gözegçiligi bilen süýt mäziniň zeperlenen ojagynyň gistologiki barlagy geçirilýär. Bakteriologiki ekişi geçirmek üçin zeperlenen süýt mäziniň süýdi hem barlanylýar.

Mastit keseliniň bejergisi

Mastitiň alamatlaryny özünde anyklan aýal maşgala bäbegini emdirmegi dowam etmek we keseliň beterleşmeginiň öňüni almak üçin gijikdirmän mammolog lukmanyna ýüz tutmalydyr.

Mastitiň başlangyç (seroz we infiltratiw) tapgyrlarynda bejergi çäreleri geçirlip, täsiri boýunça giň gerimli antibiotik serişdeleri bellenilýär. Seroz mastiti şeýle bejergiden 2-3 gün soň geçýän bolsa, gaýnaglama gatylyklaryň aýrylmagy üçin 7 güne golaý wagt gerekdir. Bedeniň zäherlenme ýagdaýy dörän halatynda degişli erginleri (elektrolitler, glýukoza) damardan göýberme bejergisi geçirilýär. Süýdüň köp mukdarda bölünip çykmagy bellenilende, onuň çykyşy derman serişdeleri bilen togtadylýar.

Mastitiň iriňli görnüşleri hirurgiki bejergini talap edip, iriňli ojagy açmakdan we ony arassalamakdan ybaratdyr.

Mastitiň beterlemegi göwüsden emdirmegi bes etmek üçin (sag göwüsden hem) görkezme bolup durýandyr. Çünki gaýnaglama netijesinde üýtgän süýt çaganyň iýmit siňdiriş agzalarynyň işiniň bozulmagynyň we disbakteriozyň döremeginiň sebäpleri bolup bilýändir. Bejergi esasynda berlen antibiotik serişdesi hem çaga üçin howply bolup bilýändir.

Mastitiň döremeginiň öňüni alyş çäreleri

♦ Göwüsde süýdüň durgunlylygynyň döremeginiň öňüni almak: çagany kadaly emdirmek we soňundan süýdi sagyp aýyrmak, her emdirmede göwüsleri çalşyp emdirmek;

Çagany dogry emdirmek (çaga göwsüň emzigi daşyndaky areolasy bilen bile berilmeli), emzikleri şikeslenmelerden, jaýryklaryň döremeginden goramak, göwsi arassa saklamak, emdirmezden öň elleri ýuwmak;

Aýal bedenindäki hemme ýokançly ojaklary bejermäge çalyşmak, immun ulgamyny taplandyrmak.

Awtor: Emir Aliýew

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele