Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy JYNSHANADAN BÖLÜNIP ÇYKMALAR: KADA WE BOZULMALAR
( 23 Ses Berme )

Aýal maşgalalaryň köpüsi jynhananyň hemişe gury bolmalydygy barada ynamly bolup, islendik bölünip çykmalara keselçiligiň alamaty höküminde seredýärler we olardan dynmagyň çärelerini gözleýärler. Olar belli häsiýetli bölünip çykmalaryň beden üçin edil tüýküligiň, göz ýaşynyň, ödüň we başga bölünip çykmalaryň adatylygy ýaly kadaly hadysa bolup durýandygyndan habarsyzdyrlar.

Başga tarapdan bolsa, jynshanadan bölünip çykmalaryň häsiýetiniň we mukdarynyň üýtgemeginiň jyns ulgamynyň keselleriniň alamatydygyny bilmelidir. Ginekolog lukmanyna wagtynda ýüz tutmak üçin, kada bilen döreýän keseliň arasyndaky araçägi kesgitläp bilmek möhümdir.

Jynshanadan kadaly bölünip çykmalar nähili bolmaly?

Jynshanadan kadaly bölünip çykmalaryň düzümini:

→ ýatgynyň boýunjygynyň mäzleriniň işläp çykarýan nemi;

ýatgynyň boýunjygynyň we jynshananyň nemli gatlagynyň öýjükleriniň gopmagy netijesinde dörän nemi;

jynshanada ýaşaýan bakteriýalar toplumy (laktobakteriýalar ýa-da Dederleýniň taýajyklary, streptokokklar, enterobakteriýalar, mikoplazma, ureaplazmalar, Candida toparynyň kömelejikleri) düzýändir.

Laktobakteriýalaryň işjeňligi netijesinde jynshanada hemişe turşy gurşaw saklanyp (PH 3,8-4,4), olar bölünip çykmalaryň ysynyň turşumtyl bolmagynyň sebäbi bolup biler (hemişe däl).

Jynsy taýdan ýetişmeden öň gyzjagazlarda bölünip çykmalar kadada bolmaýar. Jynsy taýdan kämilleşme döwri başlanandan soň (10-12 ýaş aralyk) jansyz gopan öýjükler we bakteriýalar bilen birleşýän ýatgynyň boýunjygynyň kanalynyň mäzlerinden nem bölünip çykýar. Jynshanany nemlendirip, bu bölünip çykmalar zyýanly bakteriýalaryň köpelmeginiň öňüni alýarlar we jynshananyň öz-özünden arassalanmagyna ýardam berýärler. Ilkinji bölünip çykmalar adatça az mukdarda, reňksiz ýa-da agymtyl, yssyz, kämahallar biraz bildirýän turşumtyl ysly bolýarlar.

Gyzjagazda birinji aýbaşynyň başlanmagy bilen bölünip çykmalaryň mukdary, reňki we häsiýeti aýbaşy halkasynyň döwrüne görä üýtgäp başlaýandyr.

28 günlik aýbaşy halkasynyň mysalynda kadanyň görnüşlerine syn edeliň.

Aýbaşy halkasynyň birinji döwri (aýbaşy gutarandan soňky 1-12 gün) – bölünip çykmalar az mukdarda, suwuk ýa-da nem görnüşli. Bir günde umumy mukdary 1-2 ml. barabar. Dury ýa-da agymtyl, käwagt biraz sarymtyl reňkli. Ysy – turşymtyl ýa-da yssyz.

Aýal öýjükleriniň emele gelýän döwri – owulýasiýa (aýbaşy gutarandan soňky 13-15 gün) – bölünip çykmalaryň mukdary köpelýär. Umumy mukdary bir günde 4 ml. çenli. Süýnýän nem görnüşinde bolup, dury ýa-da agymtyl, käwagt açyk gülgüne bolup biler.

► Aýbaşy halkasynyň ikinji döwri (15-16 gün – indiki aýbaşynyň başlanmagy) – bölünip çykmalar ýene azalýar, öz görnüşi boýunça kremi ýa-da kiseli ýadyňa salýar. Dury, agymtyl ýa-da çala sarymtyl reňkli bolup, çyrşalýan, goňrumtyl reňkli bölünip çykmalar aýbaşynyň başlanandygyndan habar berýändir.

Näme üçin bölünip çykmalar üýtgeýär?

Jynshanadan bölünip çykmalaryň häsiýeti gormonal täsirleriň netijesinde üýtgäp, belli bir bozulmany aňlatman hem biler. Meselem, aýal maşgalanyň durmuşa çykyp, jynsy gatnaşyklary geçirip başlamagy beden üçin gormonal stres bolup durýar. Täze, adamsynyň "kadaly bakteriýalaryna" öwrenişme bolup geçýänçä bölünip çykmalar köp mukdarda bolup, olaryň reňki üýtgeýändir.

Jynsy gatnaşyk hem bölünip çykmalaryň häsiýetini üýtgedýär. Jynsy oýandyrylma netijesinde jynshananyň gan damarlaryna ganyň gelmegi ýokarlanyp, jynshananyň nemlenmegine kömek edýändir. Bu ýagdaý jynshana ujydyň girmegini ýeňilleşdirip, jynsy gatnaşyklary jübütler üçin agyrsyz geçirmäge kömek edýändir. Goragsyz (prezerwatiwsiz) jynsy gatnaşyklardan soňky birnäçe sagatda jynshanadan bölünip çykmalar dury lagtajyklar görnüşde bolup, ak ýa-da sarymtyl reňke eýedirler. Gatnaşykdan soňky 6-8 sagatda bölünip çykmalaryň häsiýeti üýtgeýär: olar suwuk, ak reňkli we köp mukdara eýe bolýarlar. Eger jynsy gatnaşyklar prezerwatiwly geçirlen bolsa, az, goýy, krem görnüşli bolýarlar.

Göwreliligiň gormon serişdeleriniň kabul edilmegi hem bölünip çykmalaryň häsiýetini üýtgedýändir. Bu serişdeleriň owulýasiýany basyp ýatyrýandygy üçin, olar kabul edilýän döwründe bölünip çykmalaryň mukdary azalýandyr. Şuňa meňzeş ýagdaý dogrumdan soň, çaga emdirilýän döwründe hem dowam edýändir.

Göwreli aýallarda jynshana bölünip çykmalaryň köp bolmagy ýatgynyň we jynshananyň gan aýlanşygynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär. Göwreliligiň soňky möhletlerinde, dogumdan öň, ýatgynyň boýunjygyndan nemli dykynyň çykmagy hem bölünip çykmalaryň mukdaryny köpeldip bilýändir. Eger göwreli aýaly jynshanadan aşa köp çykýan suwuk bölünip çykmalar biynjalyk etse, lukmana ýüz tutmalydyr. Çünki olar wagtyndan öň gidýän çaganyň ýan suwlary hem bolup biler.

Dogrumdan soňky bölünip çykmalaryň (lohii) düzümini bolsa nemiň, ganyň we ýatgynyň nemli gatlagynyň gopan öýjükleriniň garyndysy emele getirip, olar lagta görnüşli, köp gelýän aýbaşyny ýadyňa salýandyr. Adatça olaryň bölünip çykmagy dogrumdan soň 1-2 aý dowam edýändir.

Aýbaşydan galma döwri başlanandan soň, aýalyň ömrüniň dowamynda jynshanadan bölünip çykmalar azalyp başlaýar we onuň düzümini esasan stafilokokklar hem-de streptokokklar düzýändir.

Bozulmalaryň alamatlary

Jynshana bölünip çykmalaryň häsiýetine baglylykda özbaşdak kesel kesgidini anyklamak mümkin däldir. Degişli barlaglary geçirmezden ony lukman hem anyklap bilmez. Ýöne dörän keselden habar berýän birnäçe alamatlary bilmek welin wajypdyr:

► Jynshanada öňaýsyzlygyň, awuşamanyň, gijilewigiň döremegi;

Sary, ak ýa-da ýaşylymtyl köpürjik görnüşli bölünip çykmalaryň döremegi;

Ak ýa-da sarymtyl süzme görnüşli bölejikleriň jyns agzalary gyjyndyrmagy;

Ýakymsyz balyk ysly, jynsy gyjynmada köpelýän bölünip çykmalar;

Kynçylykly peşew bölüp çykarma, garnyň aşagyndaky agyrylar bilen utgaşýan sarymtyl bölünip çykmalar;

Ýakymsyz ysly, gan gatyşykly goýy iriňli bölünip çykmalar;

Aýbaşy aralygy dörän ganly bölünip çykmalar;

Göwrelilik döwri dörän goňrumtyl ýa-da ganly bölünip çykmalar.

Öz bedeniňize ünsli bolup, lukmanyň kadaly gözegçiligini geçseňiz, jynshanadan ýakymsyz bölünip çykmalar sizi biynjalyk etmeýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Nuryagdy 2016-12-04 10:15
Quoting Serdar:
name gyzdanam dol cykyamay hahahayy goyunsana gyzdadabyr dol bolarmy onda gyz gyz bit birnin dolni alnyp bership gyzdan gowreli bolup bilermi wahahahayyyy gyzdan dol cykarmay

Bu makalada dök barada gürrüň edilenok. Zenan jynshanasyndan bölünip çykýan şirejik barada aýdylýar. Onsoňam güler ýaly zat ýok. Makalany doly we dogry okamagyňy haýyş edýän.
Sitata
 
 
#1 Serdar 2016-10-17 14:07
name gyzdanam dol cykyamay hahahayy goyunsana gyzdadabyr dol bolarmy onda gyz gyz bit birnin dolni alnyp bership gyzdan gowreli bolup bilermi wahahahayyyy gyzdan dol cykarmay
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele