Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy AÝTEREK-GÜNTEREK, GYZLAR, HAÝSY SPORT GEREK?
( 46 Ses Berme )

Güneşli tomus günleriň biri tamamlanyp barýardy. Kakam bilen oglan jigilerim daşarda, goňşularymyz bilen üýşüp futbol oýnaýardylar. Men bolsa olaryň oýnuny penjireden synlap otyrdym. Ynha, oglan doganym Myrat topy derwezä saldy. Meniň kakamyň Myrada buýsanýandygyny yüzünden bilip bolýardy. Kakam Myradyň kiçiliginden sport bilen meşgullanmasyny gollaýardy we onuň futbol oýunçysy bolup ýetişmegini isleýärdi. Meniň bu şadyýan pursady synlap damagym doldy, çunki meniň hem kiçiligimden futbol oýnamana höwesim bardy. Ýöne kakam meniň gyz maşgaladygym üçin rugsat bermeýärdi. Kakam maňa: "Gyz öýde, oglan düzde" bolmaly diýip her sapar käýinýärdi. Şeylelik bilen meniň sport baradaky arzuwlarym puç boldy.

Kakamyň bu meselede goldaw berman, islegime garşy çykmaklygy meni ynjydypdy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen men kakamyň bu kararyna düşünüp başlapdym.

Gyzlaryň sporta gatnaşmak islegi we jemgyýetçilik düşünjeleri

Biziň jemgyýetimizde gyz maşgalanyň sporta gatnaşmagyna garşy bir näçe böwütler bar. Ilki bilen,  aýal maşgalanyň sporta gatnaşma gadaganlygynyň gözbaşy aýal maşgalalaryň namysyny gorama zerurlygyndan gaýdýandyr. Jemgyýetde bar bolan ynanja görä, aýal maşgalanyň erkekleriň öňünde ylgap ýa-da maşk etmesi aýalyň mertebesine zeper ýetirip bilyär.

"Sport" diýen sözi diňe uly sport bilen meşgullanýan aýal-gyzlara degişli bolman, eýsem ýönekey gündelik dürmuşda edilýän hereketleri, meselem, türgenleşmek, maşk etmek we ylgamak ýaly hereketleri hem göz öňüne tutýandyr.

Aýal maşgala belli bir sport toparyna goşulanda, tälimçiniň aýal maşgalalaryň bedenine ýakyn galtaşmagy halanylanok. Aýal maşgalalaryň açyk ýa-da bedeniniň şekillerini belli edýän sport egin-eşigini geýmegi we şeylelik bilen onuň bedeniniň synlanma esbabyna öwrülmegi maşgalasynda utanma duýgusyny döredýär diýip hasaplanýar. Egerde aýal maşgala ahlak we däp-dessurlaryň sebäbi bilen döredilen çyzykdan çykaýsa, ol öz yzzatyny däl-de, eýsem öz maşgalasynyň jemgyýetdäki ar-namysyny howpa salýar diýip hasaplanylýar.

Biz, türkmen jemgyýeti, aslyýetinde öz adatlarymyza örän bagly millet. Türkmen adatlary aýal maşgalanyň bedeniniň jemgyýetde nirede, haçan we nähili görünmelidigini içine alýan "beden tertibi" düzgünlerine baglydyr we ondan daşa çykmagy adamlar tarapyndan ýazgarylýar. Türkmen däp-dessurlaryna we adatlaryna görä,  aýal we gyz maşgalalar fiziki, ruhy we duýgy taýdan "ejiz jyns" diyip hasap edilýär. Ondan başga-da, aýal-gyzlara ýuwaş gylykly, mesaýy hereketli obraz degişli edilýär. Şu sebäplerden türkmen jemgyýeti gyzlaryň gyz hereketlerini, oglanlaryň bolsa oglan hereketlerini etmesini ündeýär. Sport bolsa käte  aýal maşgalalaryň hereketlerine büs-bütin garşy gelýän hereketleriň edilmegini talap edip bilýär (meselem, derlemek, bökmek, şagalaňly bolmak). Şol sebäpli aýal maşgalalaryň sporta gatnaşyp, erkek oglanlara mahsus bolan hereketlerini görkezmekligi türkmeniň kabul eden "zenanlyk durkuna" gabat gelmeýär.

XXI asyrdaki üýtgeşmeler

Taryha göz aýlanymyzda, 1896-njy ýylda geçirlen Olimpiýa oýunlaryna ýekejede aýal maşgala gatnaşmady. Günbatar ýurtlaryndan aýal-gyzlar ilkinji sapar 1900-nji ýylda Fransiýada geçirlen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdyrlar. Bu Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ýaryşyjylaryn diňe 2,2%-i aýal maşgala bolupdyr (997 ýaryşyjylaryň bary-ýogy 22 sanysy aýal ýaryşyjylarydy). 1980-nji ýyla çenli dünýewi ýurtlardan dine Türkiýanyň aýal-gyzlary Olimpiýa oýunlarynda bäsleşmek mümkinçiligine eýe boldular. 1936-njy ýylda geçirlen Olimpiýa oýunlaryna bolsa, Türkiýadan sportda basleşmek üçin iki sany gyz maşgala gatnaşýar we olar musulman dünýäsiniň ilkinji aýal ýaryşjylary hasap edilýär.

Türkmenistan ilkinji sapar 1996-njy ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmana hukuk gazandy we 13 sany zenan ýaryşyjylaryny ugratdy (4 sany atletçi, 4 sany dzýudoçy, 1 sany tüpeň atyjy, 3 sany ýüzüji, 1 sany stol tennisçisi). 2012-nji ýylda Londonda geçirlen Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan jemi 3 sany aýal we 7 sany erkek ýaryşyjy gatnaşmana hukuk gazanypdyr.

2012-nji ýyla çenli, sport çäresine degişli düzgünlerinde aýal maşgalalaryň sport eşiginde tirsegi we dyzy ýapyk bolmaly däl diýen kanun bardy. Ýöne 2012-nji ýylda ilkinji bolup FIFA (Halkara Futbol Federasiýasy) tarapyndan sport çäreleriň dowamynda dini däpler boýunça aýallaryň ýüzüne ýapynja dakylmasyna rugsat berildi. Wagtyň geçmegi bilen sportuň başga görnüşlerinde hem (woleýbol, ylgama we ş. m.) ýüz ýapynjasynyň dakylmagyna rugsat berildi. Şol sebäpli Katar, Bruneýa, Saud Arabystan 2012-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna ilkinji sapar aýal atletlaryny iberdi.

Däp-dessurlarda bar bolan aýal maşgalanyň kabul edilen häsiýetnamasynyň XXI asyrda sport bilen meşgullanýan aýallar tarapyndan özgerdilmegi, aýal atletikaçylaryň özlerini sport dünýäsinde äşgär edip bilýändigini görkezýär. Aýallaryň fiziki başarnygynyň ösmegi we sporta gatnaşyp bilmek baradaky çäklendiriji düşünjelerini we jynsy böwetleri ýeňip geçme ukyplary, olaryň sporta has hem üns berip başlandyklarynyň aýdyn subutnamasy bolup durýar.

Ýöne meniň haýran galýan zadym: näme üçin halkara jemgyýetçiligi dinimize we däp-dessurymyza bolan garaýyşlaryny üýtgetse-de, biziň öz jemgyýetimiz türkmen aýal-gyzlarynyň sport bilen meşgullanmasyna bolan garaýyşlaryny üýtgedip bilenoklar? Näme üçin entek hem Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmasy babatda jemgyýetçilik köpçüliginde negatiw düşünje barka?

Sport we zenan saglygy

Wagtyň geçmegi bilen, meniň bilen garyndaş aýallaryň çaga doguranlaryndan soň semräp, semizlikden ejir çekip başlandyklary ünsümi çekip başlady. Meselem, meniň öz ejem we enem hem semizlik sebäpli gündelik durmuş üçin edýän hereketlerini çäklendiripdiler. Şol sebäpli hem olar artroza-artrit we yokary gan basyş keseline duçar boldular. Enemiň we ejemiň hemişe öz çagalaryna we agtyklaryna: "Aýagymy owkalap beräy" diyip, haýyş edişleri entek hem ýadymdan gidenok. Şulardan başgada, meniň otuz yaşly joram Bibiniň: "Men betnyşan bolup semräp gitdim" diyip aglap oturşy, meniň has hem çuňňur pikire batmagymyň sebäbi bolýardy.

Menin bularyň beýle hala ýetenlerine gaty nebsim agyrýardy we mende gorky döredýärdi. Aslynda bu bir tarapdan maňada bir sapakdy. Hemme zadyň hem bir çözgüdiniň bolşy ýaly, şunuň hem bir çözgüdiniň bardygyna öz ýanymdan ynanyp başladym. Gözleglerimiň soňunda, bu döreýän kynçylyklaryň çözgüdiniň sport bolup durýandygyna göz ýetirdim. Meniň pikir edişime görä, olar ýaşlykdan sport bilen meşgul bolma üns beren bolsalar, bu oňaýsyzlyklara duçar bolmazdylar. Wagtyň geçmegi bilen bu mesele meniň has hem ünsümi çekdi. Lukmançylyk çeşmeleriň bellemegine görä, gündelik maşklaryň geçirilmegi bedeniň göreşme ulgamynyň işlemegine we ruhy asudalygyna peýda getirýär. Semizligiň öňüni almakdan başga-da, maşklaryň kadaly geçirilmegi ruhy gamgynlylygyň öňüni alýar, aýbaşynyň öňýanynda döreýän ýagdaýyň alamatlaryny azaldýar.

Bu peýdalardan daşary, gündelik maşklar gartaşan adamlary hereketsizlikden döreýän akyl ýetirme näsazlyklaryndan halas edýär, olaryň huşuny we ünsüni gowlaşdyrýar. ABŞ-nyň Women’s Sports Foundation (Aýallar Sport Guramasy) bellemegine görä, sport bilen meşgul bolýan ýetginjek gyzlar, sport bilen meşgul bolmaýan gyzlar bilen deneşdirlende mekdebi üstünlik bilen tamamlaýarlar we olaryň özlerine bolan ynamy ýokary bolýar. Bellenilen delillerden sport bilen meşgul bolýan gyzlaryň has hem özüne bolan ynamynyň we hormatynyň artýandygy we ruhy gamgynlylygyň azalýandygy görülýär.

Men durmuşymyň şu böleginde, sportuň aýal-gyzlaryň saglygyna bolan peýdasy barada kän maglumat okadym we meniň bilimim, ýerlikli maglumatlardan habarly bolmagym maňa kakamy ynandyryp bilmegime ýardam berdi. Häzirki wagtda bolsa men bilen ejem ýoga hem-de aerobika gatnaşýarys we biz olaryň peýdalaryny gaty çalt duýup başladyk.
Makalada galdyrylan mowzuk okyjylaryň biziň jemgyýetimizdäki aýal-gyzlaryň sport işjeňligi bilen bagly meselelerine ünsüni çeker diýip tama edýärin.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Artykgül Ÿazmyradowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#11 Begli. 2016-06-20 00:00
Bizde soňky ýyllarda 35-40-dan geçen ýaş adamlaryň semizlige ulaşyp, bedroý sypata girýänleri az däl. Ahmiýetli çäreler bilen munuň öňi alynmasa bu halkyň sypatynyň harap bomagyna getirer. Şonuň üçin bedenterbiýe we sport çärelerini halas edijiler hökmünde derwaýys serişdeler ýaly durmuşa ornaşdyrmaly.
Sitata
 
 
#10 Türgen. 2016-02-21 00:23
Ýaşlaryň az sanlysyny diňe sport görkezijilerini mahabatlandyrmak üçin meşgullanmaga çekmän, eýsemde bolsa olaryň hemmesini saglyklaryny gowlandyrmak üçin bedenterbiýa hem-de sporta imrikdirmeli. Şeýle edilende saglyk babatynda gowy netijeler gazanmak mümkin bolardy.
Sitata
 
 
#9 Geňeş. 2016-02-10 02:21
Sen haýsy dine uýýan ýa-da gulluk edýän bolsaňam, köp üýtgeşiklikleri başdan geçirýän XXl asyrda çagalaryň islegini göz öňünde tutup, olaryň saglygy üçin meşgullanmak isleýän sportyna päsgel bermek ýalňyşmyka diýip hasaplaýaryn.
Sitata
 
 
#8 Gartaşan. 2016-02-05 19:00
Dogrymy aýtsam, aýal-gyzyň öz bedenine görä gatnaşmaly, ýagny meşgullanmaly sporty bar ahyryn. Käbir ýurtlarda bolyşy ýaly hemme ýerik burnuňy sokup ýörmäň geregi ýokmyka diýýärin. Çepiksiçe aýal-gyzlaryň göreşe, boksa, atyşyga we şuňa meňzeş gödek görnüşlere gatnaşmaklary hökman hem däl ahyryn.
Sitata
 
 
#7 Aýal. 2016-01-28 00:59
Hormatly Tesbirçiler! Bagyşlaň weli, peşeden pil ýasajak bolmasaňyzlaň. Türkmen erkekleriniň aňy köne adatyň täsirinden saplanyp bilenok diýsek ýalňyşmazmykak diýýärin! Olaryň bar pikirleri bir zat... Ýürekden sportyň peýdasyna düşünýän, söýýän, saglygy hakynda alada edýän adama türgenleşik mahalynda haýsy jynsa degişlidigi ýadyňa düşenok. Sowetler döwründe gyz- gelinler oglanlar bilen bir sport zalynda sportyň dürli görnişleri bilen meşgullanyp, türgenleşik geçirerdiler. Höwes bilen gatnaşylardy. Şeýle bir gyzygylardy weli gyzdygyňam, oglandygyňam ýadyňa düşenok. Aýl maşgalaň üstüne böküp ýörenem ýok, seni masgaralajak bolýanam ýok. Esasy zat seniň niýetiň, päliň düzüw, kalbyň arassa bolmaly. Soňky jümleler biziň köp erkeklerimizde ýok. Şolaryň çykaran nowsanlyklary: "ogram özüni osar, orramsy hem özüni osar" diýilip ýöne ýerden aýdylan däldir.
Sitata
 
 
#6 Kazo 2016-01-27 19:58
Makala gozgalýan mesele meniñ pikirimçe erbet däl. Sagdyk-yaşaýa bolan höwesdir. Aýal maşgalanyñ sport bilen meşgullanmagy biziñ milli däp dessurymyza, dinimize gabat gelmeýär diýilýän pikirler dogry däl diýip hasap edýärin. Sebäbi dinimizde hem däp-dessurlarymyzda aýal maşgala sport bilen meşgullanmaly diýlen kada ýok,ýöne ýarym-ýalañaç ýada dar geýinmeli däl diýlen kada bar. Şonuñ üçin diñe zenanlar üçin aýratyn sport zallar açylsa, zenanlarymyzam köçede däpp-dessurymyza we dinimize gabat gelýän geýimlerde sprot geýimlerini ýany bilen sport zala alyp barsalar gowy bolar. Eger şeýle edilse hiç kimem zenanlaryñ sprot bilen meşgullanmagyna garşy bolmaz hemem ters düşünjelerem bolmaz diyip pikir edýärin.
Sitata
 
 
#5 Iññeçi 2016-01-27 03:23
Quoting Okyjy.:
Be-e beý diýdiňizow! Tesbirji Iňňeçi! Biziň milletimiz bir asyra golaý ýaşap gelýär diýsek boljak. Daşky sypatlarynda köp, köp üýtgeşmeler boldy. Aýal maşgalalatyň häzirki geýýän eşikleri geçen asyryň altmyşynjy, segseninji ýyllarda geýýän eşiklerinden düýpgöter tapawutda: dar, gyz-gelinleriň bedeniniň beýgini, pesini aýdyň görkezýär. Ýöne biziň esasan hem aglaba erkek adamlaryň aňynda regres, ýagny öňe gidişlik ýok diýsek boljak. Siziň pikiriňizçe şu gidişimize gitsek, moralnyý ewolýusiýa bolmak üçin ýene näçe asyr gerek bolarka!?


Hakykatdanam ÿagdaÿy gowylyga üÿtgedesi gelÿän 5 adam üÿšüp bile išleseler 5 milliony 15 ÿyldada üÿtgedip bilÿär. Asyr gerek däl, pikir bilen hakyky isleg gerek.
Sitata
 
 
#4 Okyjy. 2016-01-26 23:38
Be-e beý diýdiňizow! Tesbirji Iňňeçi! Biziň milletimiz bir asyra golaý ýaşap gelýär diýsek boljak. Daşky sypatlarynda köp, köp üýtgeşmeler boldy. Aýal maşgalalatyň häzirki geýýän eşikleri geçen asyryň altmyşynjy, segseninji ýyllarda geýýän eşiklerinden düýpgöter tapawutda: dar, gyz-gelinleriň bedeniniň beýgini, pesini aýdyň görkezýär. Ýöne biziň esasan hem aglaba erkek adamlaryň aňynda regres, ýagny öňe gidişlik ýok diýsek boljak. Siziň pikiriňizçe şu gidişimize gitsek, moralnyý ewolýusiýa bolmak üçin ýene näçe asyr gerek bolarka!?
Sitata
 
 
#3 Iññeçi 2016-01-26 19:17
"...bedeniniň şekillerini belli edýän sport egin-eşigini geýmegi we şeylelik bilen onuň bedeniniň synlanma esbabyna öwrülmegi.."

Ÿörite gyzlar üçin türgenlešik zallary açylmaly, ÿa-da aÿra wagtlarda salmaly. Erkeklerimiz ÿeterlik derejede moralnyÿ ewolyusiÿany doly geçmedi, taÿÿar däl.
Sitata
 
 
#2 Gadam. 2016-01-26 00:17
Mowzuk örän degerli gozgalan mesele. Dogrymy atsam, şu döwrüň "agysyny aglaýar" diýäýmeli. Ýaşlaryň arasynda şu hereketsizlik dowam etse, olaryň sypatyny ýaşlary boýünça takyklamak aňsat düşmese gerek.
Sitata
 
 
#1 Guljemal_Han 2016-01-25 14:59
Hawa, men-hem kakama: "Kaka, tansa gatnayin" diyip yuzlenem-de ol mana: "Gyz halyna gyz sachina, oyde otur!" diyipdi...Gyz bolmak kyn...kop zatdan, esasan hem peydali zatlardan, galmali bolarsyn...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele