Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Zenan saglygy "GÖZEL BARDYR, GÖZELLERDEN ZYÝADA..."
( 24 Ses Berme )

"Zeminiň görki – zenanlar" diýip ýöne ýere aýdylmandyr. Dogrudan hem, zenan gözelligini wasp etmage dil gerek. Şeýlede bolsa, zenanlar hasam owadan bolmak üçin dürli kosmetiki serişdeleri ulanýarlar. Şeýle usullary ulanma toplumyna makiaž diýlip (fransuz "maquillage" – täzeden reňk goýma), zenanlar üçin özlerini görkezmegin usuly diýip hasaplanylýar. Eger Aşgabadyň köçelerine gezelenç etseň, onda makiažsyz gyzlaryň azlygyna göz ýetirmek bolýar. Esasan hem, söwda merkezlerine gitsek, bezenip beslenen aýal-gyzlara gabat gelmek bolýar. Eger birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistanda, esasan şäher gyzlary kosmetiki serişdelerini ulanan bolsa, bu gün obalarda hem bu giňden ýaýran. Häzirki wagta bu babatda obaly gyzlaryň şäherli gyzlardan tapawudy barha azalýar.

Garward Uniwersitetiniň alymlarynyň barlaglaryna görä, makiaž ulanýan zenanlar töwerekdäkiler tarapyndan has ýakymly, özüne ynamly we akylly kabul edilýärler. Dürli ýurtlarda zenanlar dürli serişdeleri ulanýarlar. Olaryň ulanylmagy pasyllaryň çalşmagy bilen, şeýlede döwrüň geçmegi bilen üýtgeýar.

Taryha gezelenç...

Aslynda makiaž biziň döwrümiziň täzeligi däl. Taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä, Gadymy Müsürde zenanlar gözlerine sürme çalyp, dodaklaryny ýörite daşlaryň kömegi bilen gyzardypdyrlar. Gadymy Grek we Rim zenanlary hem bu babatda müsürlilerden kem galmandyrlar. Çeşmeleriň habar bermegine göra, grek we rim gözelleri gözlerine ýörite kömürleriň kömegi bilen sürme çalypdyrlar we tudyň suwuny dodaklaryny we ýaňaklaryny gyzartmak üçin ulanypdyrlar. Orta asyr Ýewropada bolsa aşa ak ýüzlilik barlylygyň, baýlygyň alamaty hasaplanypdyr. Zenanlar aşa akýüzliligi dürli usullaryň üsti bilen gazanypdyrlar. Şolaryň arasynda howply bolan, düzüminde myşýak saklaýan reňkler hem ulanylypdyr. Beýle serişderleriň howply bolmagyna garamazdan, aýal-gyzlar olary ulanmagy dowam etdiripdirler.

Kim nämäni halaýar?

Adamzadyň kämilleşmegi, tehnologiýanyň ösmegi bilen kosmetika senagaty hem görlüp-eşdilmedik derejede kämilleşdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dükanlarynda hödürlenýän kosmetiki serişdeleriniň dürliligi gözüňi gamaşdyrýar. Eger 2-3 ýyl mundan öň Türkmenistanda esasan Günbatardan we Orsýetden getirilen orta bahaly kosmetiki serişdeler ulanylsa, häzirki wagtda orta bahadan gymmadrak serişdeler hem meşhurlygy gazanyp başladylar. Zenanlar bu kosmetiki serişdeleriniň dürlüliliginden doly peýdalanýarlar. Makiažyn ulanylmagyny aýal-gyzlaryň ýaşaýan ýurtlary boýunça tapawutlandyrmak mümkin. Eger Günbatar ýurtlarynda zenanlaryň arasynda makiažyn ähli usullary meşhur bolsa, Aziýa ýurtlarynda tebigi gözellik has uly orun alýar. Tebigy gözelligi gazanmak üçin aziýaly zenanlaryň arasynda derini çyglandyrýan kremler we ýapgylar meşhur. Meselem, Parižde zenanlar doýgun reňkli pomadalary halaýarlar. Milanyň aýal-gyzlary bolsa erkeklerde höwes döredýan serişdeleri ulanmagy halaýarlar. Bu ýerde esasan saçlaryny saryýagyz reňklere boýap, kirpiklerini uzaldýarlar. Şeýle hem, milanly zenanlar gözlerini owadan etmek üçin dürli sürmeleri köp ulanýarlar. Tokialy zenanlar bolsa esasan ýaňaklaryny gyzardýan serişdeleri halaýarlar.

Türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda makiýažyň haýsy usullary meşhurlygy gazandylarka?

Görşümiz ýaly, dünýäniň bir çäginde köp ulanylýan kosmetiki serişde başga çäklerde beýle bir meşhur dal. Türkmen gyzlaryň arasynda haýsy kosmetiki serişdeler we makiýaž usullary meşhurlylygy gazandylarka? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin birnäçe türkmen ýaş gyzlaryndan soradym. Umuman aýdanyňda olaryň pikirleri köp babatda deň gelýärler. Gyzlaryň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda, şeýle hem beýleki öňki Sowet Ýurtlarynda "Kawkaz gözelligi" ülňüsi meşhurlygy gazanýar. "Kawkaz gözeliniň" üsti bilen uzyn gara saçly, ak ýüzli gyz suratlandyrýlýar. Bu gyz gözleriniň gözelligini tapawutlandyrmak üçin uzyn sürme çalýar we ýalan kirpik bilen kirpiklerini uzaldýar. Dodaklaryny tapawutlandyrmak üçin gyzgylt reňli pomadalary ulanýar. Uzyn dyrnaklaryna bolsa dürli reňkli laklary çalyp tapawutlandyrýar. Bu gyzyň gymmat eşigi, aşa beýik ökjeli köwşi onuň barly maşgaladandygyny aňladýar. Şeýle gyza köpçülikde üns bermän geçmek mümkin däl. Çünki, ol bütin durky bilen özüne töweregindäkileriň ünsüni çekýär. Türkmen ýaş gyzlar hem bu "Kawkaz gözeli" ülňüsine meňzemek üçin elinden gelenini edýärler. Bu babatda kosmetiki serişdeler hem köpçülikleýin ulanylýar.

Näme uçin türkmen zenanlarynyň arasynda beýle ülňüler meşhurlygy gazandylar?

Bu meselani doly anyklamak, öwrenmek üçin häzirki wagta maglumatlar ýeterlik däl. Meniň çaklamagyma göra, ýurdumyzda daşary ýurt medianyň täsiri gaty uly. Ýaşlarymyzyň arasynda Günbataryň, Orsýediň, Türkiýäniň teleýaýlymlary gaty meşhur. Bu teleýaýlymlardan hem türkmen ýaşlary gözelligiň belli standartlaryny ösdürip, oňa tarap ymtylýarlar diýip çaklaýaryn. Eger ýaş gyzlar bu sypatlarda owadanlygyň standartyny görseler, ýaş oglanlar öz söýer ýarlarynyň bolmaly sypatlarynyň standartlaryny ösdürýärler. Şeýlede, Internediň elýeterli bolmagy türkmen ýaşlarynyň beýleki milletleriň ýaşlarynyň endiklerine gözegçilik edip, olara ymtylmagyna getirdi diýsek bolýar. Bu babatda hem, ýaş gyzlarymyza kawkaz gözelleriniň endikleri has özüne çekiji bolmagy mümkin. Türkmen ýaşlary hem özleriniň durky, sypaty bilen özüne ünsi çekmegi isleýärler. Şeýle hem maşgalasynyň barlylyk derejesini görkezmek isleýärler. Elbetde, yaşlaryň bary şeýle diýsek ýalňyşarys, çünki bu meselede maşgala terbiýesi hem uly täsire eýedir. Eger gyzlara hossarlary kosmetiki serişdelerini ulanmagy rugsat bermeseler, onda medianyň tasiri örän ujypsyzdyr.

Her bir zenan gözel bolmak isleýär. Kosmetika serişdeleri hem bu babatda aýrylmaz kömek bolup durýar. Bu meselede kosmetiki serişdeleriň zyýanly taraplary barada hem unutmaly däldiris. Bu serişdeleriň düzümindäki zyýanly maddaly sanasaň sogaby bar. Muňa garamazdan, zenanlar olary ulanmagy dowam etdirýärler. Emma könelerimiziň aýdyşy ýaly, ilki bilen adamyň pikirleri gözel bolsa gowy. Adamyň içki dünýäsi owadan bolsa, bu onuň bütin durkuna täsirini ýetirip, onuň daşky keşbini hem bezeýändigini unutmaly däldiris.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

(Makalanyň ady – Magtymguly Pyragynyň şygyryndan parça)

Awtor: Çynar Meredowa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#12 Eziz 2017-01-31 23:41
"Owadan däl aýallar bolman, diňe ýalta aýallar bardyr" diýilip aýdylany örän dogry. Magtymguly Pragynyň ýazyşy ýaly: "Gözel bardyr sirke basar saçyny, artmaz, ýuwmaz tabagyny aşyny". Özüňde edehat we göwnejaý terbiýe hem bolmasa, ol zenanda ne aýallyk, ne gözellik.
Sitata
 
 
#11 Gartaşan. 2016-05-26 00:00
Makalanyň soňky setirlerini okanymda awtoryň ýazanlarynyň meniň pikirlerim bilen kybapdaşdygyna örän begendim. Birnäçesini hasap etmeseň aýal-gyzlarymyzyň köpüsi pul ýa-da zat hannaslygyndanmy nämemi içki gözel, owadan pikirlerini üýtgedip, daşky gözellik bilen ýaşajak bolsalar hem onuň uzaga çekmejekdigine düşünmezlik edýärler.
Sitata
 
 
#10 sada 2016-01-09 16:29
Ayal gyzlara kasmetikanyn zyyanly taraplarny we ulanmanyn duzginlerni ginden dusundirmeli
Sitata
 
 
#9 Serche 2016-01-06 17:33
Kawkaz stereotiplanan zenanlarin dashgy keshbinden bashga Turkmenistanda barbie gurjak yali yewropali kesbi (sari such, how, doli dodakli, inches billion) ybaratdyr. Gynansakda bu zamanada biz taze kolonizasiyaNi gechyaris. Bizin añymyz utgedilyar we biz oz turkmenchiligimizi bashga yurdun medenyeti we owadanlyk etalonlarindan pes goryaris.
Sitata
 
 
#8 Nazym. 2016-01-03 22:24
Gözelleriň hemmesi hem gözeldir weli gözellerden zyýadasyny göreniňde owadanlyk göwnüňe bolmasa diňe şonda ýygnanan ýaly bolup dur. Sebäbini bilmeseň hem tebigatyň oňa beýle gözelligi eçilenine begenýärsiň we haýran galýarsyň.
Sitata
 
 
#7 Gülsoltan. 2015-12-31 01:01
Ýöne ýaş gyzlaryň çakdan aşa gözel boljak boluşyp oňarsa oňarmasalar ýüzlerini, saçlaryny boýap ýörüşlerini göreniňde bir hili haýran galýarsyň. Zyýanly zatlar içinde saklaýan kosmetik serişdeler wagt geçmegi bilen olaryň saglyklaryna zyýan ýetirjekdigine düşünmeýärlermikä. Ýaşlygyň özüniň gözelden gözelligini inkär edip bolmaza.
Sitata
 
 
#6 Merdan. 2015-12-27 22:13
Şähere çykyp gözel gelin-gyzlary göreniňde ertekidäki erem bagynda gezip ýören kenizleri ýatlanyňy duýman galýarsyň. Menä haýran, owadan zenanlar bolmasa durmuşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getirmek hem kyn. Ýöne näme "söýgi gök islemez, uky ýassyk" diýip halk arasynda bolan pähime görä aýalyň akylly bolsa has hem owadan bolup görünäýýär.
Sitata
 
 
#5 Okyjy. 2015-12-25 01:33
Tesbirçi Synçy dogry belläpsiňiz. Hemme zatda çeniň, çakyň bolşy ýaly, wagtam bardyr. Ýaşajyk gyz-gelinlere makiýažyň zerurlygy ýok. Olaryň öz tebigy gözellikleri ýeterlik. Gaýtam ony gereginden artyk ulanyp, käsi masgarabazlara gaýra dur diýýär. Öňler kosmetiki serişdeleri ulanmagy orta ýaşa ýeten zenanlara maslahat berilerdi. Indi döwür üýtgedi. Hemme zada kaýyl bolaýmaly. Ulansaňam ýerlikli ulanmalymyka diýýärin.
Sitata
 
 
#4 Pirjan. 2015-12-20 22:02
Gözel gelinlerimiziň daşary ýurtlara, aýratyn hem Turkiýe eklenç üçin bosup gitmekleri arzuwyňy puç edýän zat. Biz näwagtdan bäri beýle owadançyl boldyk. Türk gözelleri bize gazanç üçin gelenoklara. Özümiziňkileri bolsa zir-zibile zyňylan hapalara öwürdigä. Ýadyňa oýuňa gelmejek ýagdaýlara bolup dur.
Sitata
 
 
#3 inkognito 2015-12-20 12:14
Hm. Eger biziň gyzlarymyz (zenanlarymyz) oglanlary özüne maýyl etmek üçin başga milletleriň gyzlaryna meňzejek bolýan bolsalar, onda biz, oglanlar, aldanyljak bolýanlara menzeýäris. Sebäp diýseňiz gyzlar özlerini "ýasama daşary ýurtlylara" öwürjek bolýarlar.
Biziň öz mediniýetimiz, taryhymyz, däp-dessurlarymyz barka başga milletlere meňzejek bolýarys.

Başga birine meňzemäge ymtylmak, bu özüňi öldürmekdir (c) Deýl Karnegi

Makalany okap soňuna ýetýänçäm ony aýal maşgala ýazandyr öýdüp pikir etmändim.

"Emma könelerimiziň aýdyşy ýaly, ilki bilen adamyň pikirleri gözel bolsa gowy. Adamyň içki dünýäsi owadan bolsa, bu onuň bütin durkuna täsirini ýetirip, onuň daşky keşbini hem bezeýändigini unutmaly däldiris." dogry belläp geçdiňiz.
Sitata
 
 
#2 Synçy. 2015-12-20 02:48
Owadanlyk hemme gyz-gelinleriň islegimikä diýsek, häzirki döwürde erkek adamlaryň hem kosmetologa gatnap, makiýaž ulanýanlaryna duşýarsyň. Ýöne tebigy gözellik diýen zadam bardyr. Kä gyzlar kosmetiki serişdäni şeýle bir gereginden artyk ulanýarlar weli, edil Barbara gurjagyň barda! Olara näme diýjek. Makiýažsyzlygy gowy diýdirýär. Şonuň üçinem hemme zatda bolşy ýaly, kosmetikany ulanmagyň hem çeni-çakyny bilmeli.
Sitata
 
 
#1 Ýazmyrat. 2015-12-17 22:40
Sowetler döwründe ýurt ýapyk bolansoň, aýal-gyzlar iş guraly ýaly ulanylansoň, olaryň bir barly maşgalalarda bolaýmasa, beýlekileri kosmetiki babatda örän az bilerdiler. Indi internetiň we halkara gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagy bilen mümkinçiliklere görä aýal-gyzlarymyzyň köpüsi, eýsemde bolsa obalarda hem owadanlaşyp ugradylar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele