Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi NÄME ÜÇIN ÝETGINJEK OGLANLARYŇ SESI ÜÝTGEÝÄR?
( 26 Ses Berme )

Salam hormatly lukman! Ýetginjek oglanlaryň sesiniň ýognamagy naçe yaşda başlap, naçe yaşda gutarýar? Sesiň inçe bolmagynyn sebäbi näme we oňa garşy çäreler barmy?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly lukman! Meniň 15 ýaşly oglumyň sesiniň üýtgeýändigini duýýaryn: ol käwagt ýogyn, käwagt inçe bolýar, käwagtlar bolsa gyrylýar. Ýetginjeklikde şeýle bolýandygy barada men bir ýerde okapdym. Bu dogrudan hem şeýlemi we onuň sebäbi nämeden?

Saýtyň okyjysy.

 

Jynsy taýdan ýetişmek döwri durmuşyň çylşyrymly pursatlarynyň biridir. Psihiki taýdan bu döwürde bolup geçýän üýtgemelere döz gelmek kynçylyk döredip, ulularyň goldawyny talap edip biler. Bu döwürde çagalar ýetginjeklik döwrüne gadam basyp, jynsy taýdan ýetişmek hadysalaryna degişli dürli üýgemeleri başdan geçirýärler. Oglanlar üçin şeýle jynsy üýtgemeleriň biri hem – sesiniň üýtgemegidir. Köp oglanlarda sesiniň üýtgemeleri adamlar bilen gatnaşykda oňaýsyzlyk döredip, çekinjeňlik, utançlyk duýgusyny döredip biljek sebäp bolýar.

Ses nädip döreýär?

Döş kapasasynyň hereketlenmegi bilen biz dem alyp, howany öýkenlere düşürýäris. Ses gasynlary (golosowyýe swýazki) howany geçirmek üçin bu pursat açyk bolýarlar. Howa göýberlende, ses gasynlarynyň ýanyndan geçip (ol wagt olar ol diýen açylmadyk), olaryň yrgyldamagyny ýüze çykarýarlar. Bu yrgyldylar hem sesi döredýärler. Dörän ses ony güýçlendiriji agzalar bolan döş kapasasyndan, bokurdakdan, burun-damak çäginden geçip gidip, diliň, kentlewügiň, dişleriň, aşaky äňiň kömegi bilen sözleýiş äheňine öwrülýändir. Bu fiziologiki hadysalaryň hemmesi beýnide ýerleşýän sözleme merkeziniň gözegçilik etmeginde amala aşyrylýar.

Birmeňzeş sesli çagalar

Kiçi çagalaryň bokurdagy we ses gasynlary uly bolman, olar inçe sesleri çykarýarlar. Çagalarda howa akymy ses gasynlaryny tutuş yrgyldatman, diňe olaryň gyrasyny yrgyldadýar. Aýdymçylarda şeýle sese falset ses diýilýär.

Köplenç ýagdaýlarda kiçijik oglanjygyň sesini gyzjagazyň sesinden tapawutlandyryp hem bolmaýar. Tebigat näme sebäpden şeýle etdikä? Çagajyklaryň howpsuzlygy üçin. Inçe sesler uzak aralyga eşidilip, ene-atalara öz çagalaryna gözegçilik etmäge we howply ýagdaýlar dörände kömege gelmäge mümkinçilik berýär.

Näme üçin ses üýtgeýär?

Çagalar ösdügiçe, bokurdak bilen ses gasynlary hem ösýär.10-12 ýaşlarda biz oglanlar bilen gyzlaryň sesiniň aratapawudyny duýup başlaýarys. Sebäbi ses gasynlary üýtgäp, oglanlarda onuň uzynlygy 16,5 mm. deň bolsa, gyzlarda ösüş yza galyp, ses gasynlarynyň uzynlygy 15 mm. barabar bolýar.

13-14 ýaşda, jynsy taýdan ýetişme döwri başlanyp, sesiň üýtgemegini jyns gormonlary amala aşyrýarlar. Oglanlaryň ses gasynlary galyňlaşyp, sesiň hem ýognamagyna sebäp bolýar. Hut şu döwürde hem ses üýtgeýär: inçe we ýogyn sesleriň gezekleşmegi bolup geçýär. Sesiň üýtgemeginiň hemmeler üçin birwagtda başlanmaýandygyny bellemelidir. Sesiň üýtgemeginiň 11 ýaşda başlandygy ýa-da birinji gezek 18 ýaşda syn edilendigi baradaky maglumatlar hem bellidir.

Sesiň üýtgemegi näçe wagt dowam edýär?

Bu döwürde sesiň üýtgäp, ýola goýulmagy üçin ortaça, 2-5 aý gerek bolýar. Ýöne her kim üçin ol dürli wagtlarda tamamlanyp bilýändir. Eger sesiň üýtgäp durmagy uzak ýyllara dowam etse ýa-da ol aslynda bolup geçmese, elbetde endokrin üýtgemeleri anyklamagyň zerurlygy ýüze çykyp biler.

Hut oglanlarda bolşy ýaly, gyzlaryň hem sesiniň üýtgemegi bolup geçýändir. Gyzlaryň bokurdagynyň, oglanlar bilen deňeşdirlende, ol diýen ösmeýänligi sebäpli, olaryň sesiniň üýtgemegi dowamly bolup, üýtgeýiş häsiýeti hem tapawutlanýandyr.

Sesiňize aýawly bolmaly döwür

Sesiniň üýtgäp durmagy, ýogyn çykmagy, birden hem inçelmegi, elbetde ýetginjek oglany uly ünjä goýýar. Bu hadysanyň sebäbini düşündirip, onuň basym geçýändigini ýetginjege aýtmalydyr. Bu döwürde oglanyň aýdym aýtma synanşygy hem başa barman biler. Eger oglan gaty gygyryp, öz sesini üýtgetmäge synanyşsa, ses gasynlaryny şikeslendirmäge sebäp döredip biler. Şikeslenen ses gasynlarynda düwünler döräp, sesiň gyryljyk bolmagyna getirip bilýändir. Ses gasynlaryna aýawly çemeleşip, gaty gygyrmazlyk, gaty ses bilen aýdym aýtmazlyk, ýuwaş gürleme bu düwünleriň aýrylyp, sesiň dikeldilmegine ýardam berip biler. Agyr nerw dartgynlylygy hem bu döwürde sesiň ýitmegine getirip biler. Eger şeýle oňaýsyzlyk dörän bolsa, oglanjygy logoped ýa-da foniatr lukmanyna görkezmelidir.

Ösýän ses gasynlarynyň köp gany talap edýändigi sebäpli, bu döwürde bokurdak gyzyl reňkli bolup biler. Eger dümewleme ýagdaýynyň başga alamatlary bolmasa, bejergini başlamagyň geregi ýokdur. Sebäbi ulanyljak dermanlar sesiň üýtgeme hadysasyny haýalladyp bilerler.

Ýogsa-da...

Garrylyk döwründe hem sesiň ýene üýtgeýändigi barada maglumat bar. Erkek bedeninde jyns gormonlarynyň peselýändigi sebäpli ses gasynlary ýukalyp, erkek adamynyň sesiniň inçelmegine getirýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#18 Berdişka. 2016-01-18 00:29
Dürli sesli adamlaryň bolmagy olary tanamak üçin tebigatyň döreden bolmagy hem mümkin. Telefonda gepleşeniňde tanyşlaryň soraman sesiden tanamaklary ýakymly. Emma sesiň azajyk üýtgese olardan goşmaça soraga garaşaý.
Sitata
 
 
#17 Ýigit. 2015-09-19 01:08
Gowy aýdym aýdýan aýdymçylary diňläniňde bir hili kemsinýärsiň. Olaryň bahasyna ýetip bolmadyk bokurdagynyň tebigatyň olara beren uly peşgeşidigine ynanýarsyň. Ol ýakymly ajaýyp sesli aýdymçylaryň owazy dünýäni bezeýär ahyryn.
Sitata
 
 
#16 Myrat 2015-08-30 09:53
Hormatly lukman jogap ýazaýyñ.indi aydum aydyp bilerinmi
Sitata
 
 
#15 Myrat 2015-08-29 08:43
Sabyrsyzlyk bilen garasyan jogabynyza
Sitata
 
 
#14 Myrat 2015-08-28 12:44
kän sorag berýänimi bagyslañ.Bilýan Aýdym aytmak bilen baglanšykly bilýän zatlaryñyz bar bolsa aýdyp beräýiñ.Gaýrat ediñ Lukman!
Sitata
 
 
#13 Myrat 2015-08-28 12:41
Hormatly Lukman.men indi aydym aytsam bolarmyka?ýa da geljekde aýdym aýdamda ýene -de gaýtalanyp bilermikä.
Sitata
 
 
#12 Myrat 2015-08-27 13:13
Aýyrlýan bolsa bolýala
Sitata
 
 
#11 Myrat 2015-08-27 08:12
Sag bolun lukman Allajan išiñizde ustunlik agzybirlik jan saglyk saglyk arzuw etyan size.
Sitata
 
 
#10 Lukman 2015-08-27 01:54
Myrat!
Gygyrma netijesinde ses gasynlaryna agram düşüp, bokurdagyňyzyň agyrmasynyň hem sebäbiniň şodugyny belläsim gelýär.Eger Siz öň haýallan aýdym aýdýan bolsaňyz, ýokary çekimli owazlary ýerine ýetirmegi ýuwaş-ýuwaşdan, ses gasynlaryny türgenleşdirip geçseňiz dogry bolardy.Aslynda, bokurdakdan çykýan sesiň owadan we owazly bolmagy üçin belli düzgünlere eýerip, ýörite maşklar we usullar bilen tanyşmak zerurdyr.Olar wokal sapaklarynda öwredilýär. Ýöne zor salnan bokurdagyň agyrysyny we ses tarlarynyň ýagdaýyny kadalaşdyrmak üçin birnäçe peýdaly maslahaty höwes bilen berip bilerin:
-Biraz bokurdaga dynç beriň. Aýdym aýtmaň, hatda 2-3 gün pyşyrdap hem geplemäň.Beýle etmek kyn bolsa-da, ses gasynlarynyň we bokurdagyň nemli örtüginiň dikeldilmegine ýardam berer.
-Kösükli(imbir) we çopantelpek goşulan çaýlary, bal we limon bölejikleri we oňa biraz konýak (ýa-da çakyr) goşulan çaýy, gyzgyn süýde atylan bal bilen mesgeli garyndyny kabul ediň.
-Otlardan taýynlanan gaýnatmalar bilen bokurdagyňyzy çaýkaň, günde 2 gezek 5 min. dowamlylykda bug bilen dem alyň.
- Sesi dikeltmekde ter hren kökünden taýynlanan çaý hem gowy kömek edýär.Onuň üçin onuň köküniň bir bölegini kesip, üstüne bir stakan gaýnan suw guýmaly.Mylaýym bolandan soň,nahardan öň 1 nahar çemçeden kabul etmeli.
Eger bokurdak agyrylary we ses bilen bagly kynçylyklar 4-5 günden geçmese, lukmanyň maslahatyny almak zerurlygy ýüze çykýar.Bokurdagyň, badam şekilli mäzleriň sowuklama hadysalarynyň döräp biljekdigini hem ýatda saklamalydyr.
Sitata
 
 
#9 Myrat 2015-08-26 21:29
Gayrat ediñ lukman bu meni gorka goýýa bokurdagymdaky agyry aýyrlmazmyka nämeden bolyarka.Aýyrar ýaly peýdaly maslahatlarynyzy aýdaýsañyz.Haýs etýan.Aýdym aýdyp ýören adamyñ sesi birden birhili bolsa Aýdymça ondan beter er.bet zat ýokmuka diýýärin.
Sitata
 
 
#8 Myrat 2015-08-26 13:12
Sabyrsyzlyk bilen garasyan jogabynyza.
Sitata
 
 
#7 Myrat 2015-08-26 13:11
Hormatly lukman.men 17 ýašymda.Özüm Dutar calyp aydym aydyaryn.sul wagta cenli aydymy hayaljak aydyardym.2 ay bäri gaty ses bilen aydyp basladym.bir hepde öñ çekimli aydymlary aydyaryn.5 gün öñ gatyrak gygyrdym welin šondan bäri bokurdagymyñ çep tarapy ýuwdynamda birhili cekilip agyryp gityar.gürlesemem dem alamdada bildiryär.bu nämedenkä?.ýene de bir zat sorasym gelyar.Aydymy näçe ýašdan soñ gygyryp aytmaly.bokurdagymdaky agyry aýyrlyp gidermika?bokurdagy gaýnap duran etmek üçin,owadan etmek üçin nähili dermanlary maslahat berýäniz.
Sitata
 
 
#6 Orazaly. 2015-08-17 01:51
Ýaşlygymdan geplänimde, aýratyn hem aýal-gyzlar bilen bir hili utanýaryn. Dogrymy aýtsam geplänimde doňuz horguran ýaly. Operasiýa bilen oňaryp bolýan bolsa şoňa razy bolardym.
Sitata
 
 
#5 Togta. 2015-07-03 00:21
Beýleki bir duýgular ýaly sesi haýsy ýaşyňa garamazdan aýap saklamak möhümdir. Çakyndan artyk gygyryp ýa-da güleniňde ses gasynlarynyň kada gelmegi üçin belli bir wagt gerek bolýar.
Sitata
 
 
#4 Talyp. 2015-06-09 02:16
Aýal sesli erkek, erkek sesli aýal bilen gepleşeniňde ýaramaz täsir döredýär. Beýle ýagdaý belkäm ses agzalarynyň kadaly ösmän (anomaliýa) emele getirýän netijesi bolaýmasa.
Sitata
 
 
#3 Tebigatçi. 2015-05-22 01:19
Ýigriminji asyrda owadan, ýakymly sesli aýdymçylar köp boldy ahyryn. Näme indi olar ýalylar ýüze çykmaýar ýa-da ol hem ekologiýanyň zaýalanmagy bilen baglymyka?
Sitata
 
 
#2 Meýlis. 2015-05-03 23:59
Owadan ses erkegede, aýalada ýüz görki ýaly gerekmikä diýýärin. Aýal-gyz owadan ýakymly ses bilen gepläninde özem owadan bolan ýaly bolaýýar.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-05-02 00:56
Aýdym aýdýan mylaýym sesli aýdymçylaryň ses gasynjyklaryna jynsy gormonlar täsir edmeýärmikä ýa-da olar özgermeli wagtynda ösmedikmikä ýa-da ses gasynjyklaryndan howanyň geçişi beýleki adamlaryňkydan tapawutlymyka? Häzirä gowy seli aýdymçylar iki-ýeke. Olaryň aglabasynyň sesi jynsy üýtgemeleri başyndan geçirýän ýaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele