Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi ÝETGINJEKLER DÜNÝÄSI: DAŞKY KEŞBIŇ ÜÝTGEMEGI
( 34 Ses Berme )

Jyns taýdan kämilleşme döwründe bolup geçýän esasy üýtgeşmelerden başga, ýetginjek gyzlar we oglanlar öz deň-duşlarynyň öz daşky keşplerine bolan garaýyşlaryny üýtgedýändiklerini belläp başlaýarlar. Çünki syratly we görmegeý keşp – özüňe ünsi çekmegiň we garşydaş jyns tarapdan halanyp saýlanmagyň bir usuly bolup durýar ahyryn.

Beden gurluşynyň üýtgemegi

Ýetginjeklik döwründe direg-hereketlendiriş ulgamynyň myşsalara garanyňda uly depginde ösýändigi sebäpli, ýetginjek oglanlaryň beden gurluşynda tagaşyksyzlyk duýlup bilner.

Ýetginjek oglanlar bu döwürde beden myşsalaryny ösdürmek üçin we dostlaryna, esasanda gyzlara batyr ýigit höküminde görünmeklik maksady bilen trenažor zalyna gatnap başlaýarlar. Bu türgenleşikleriň netijeli bolmagy üçin siz tälim berýän türgeniňiz bilen maslahatlaşyp, beden myşsalarynyň haýsy toparlarynyň üstünde işlemeklik babatda peýdaly görkezmeleri alyp bilersiňiz.

Ýetginjek oglanlary myşsalary ösdürip, syratly, daýaw görünme islegi alada goýsa, gyzlar öz beden agramlary barada has hem aladalanýarlar. Sorag etmeleriň görkezişi ýaly, okuwçy gyzlaryň agramynyň kadadan üýtgemändigine garamazdan, olaryň 22-33%-i horlanmak islegini bildirýärler Bedende bolup geçýän endokrin üýtgeşmeleri netijesinde, ýag gatlagynyň we myşsalaryň agramy ýokarlanyp, köp gyzlaryň, esasan hem 13-15 ýaş aralygynda bedeniniň biraz "tegelenmegi", butlaryň, ýanbaşyň ýognamagy mümkindir. Eger sizde beden syratyňyzy gowulandyrmak islegi dörän bolsa, onda bedeniň belli bir bölegini düzetmek üçin niýetlenen fiziki maşklar topary bilen meşgullanyp bolar. Meselem, tigir sürmek butlaryň inçelmegine kömek edip bilse, suwda ýüzme hemme beden myşsalarynyň çeýeligini gazanmaga mümkinçilik döredip bilýändir.

Kadaly agram ugrunda göreş

Eger gyz uzyn ýa-da iri süňkli bolsa, onuň agramy boýy gysga we göwresi kiçiräk bolan boýdaşlaryndan uly bolar. Ondan başga-da, gyzyň agramynyň aýbaşynyň öňsyrasyndaky günler ýokarlanyp bilýändigini ýatda saklamalydyr.

Köp gyzlar hakykatda artykmaç agramlary bolmasa-da, agram almaklykdan gorkup, berhiz tutýarlar. Her kaloriýany hasaplamak, özüňiziň halaýan önümleriňizi iýmekden saklanmak, olar barada gijelerine arzuw etmeklik- beden üçin stress bolup, beden emeli açlykdan goranmak üçin ýene agram almaga başlaýar. Üznüksiz berhiz tutmalar, ýaşaýyş üçin zerur iýmitiň mukdaryndan hem ýüz döndürme, beden üçin howply bolan anoreksiýa (tapdan düşme) keseliniň döremegine getirip biler. Beden agramynyň kadadan peseldilmeginiň bedende ýüze çykyp biljek ençeme bozulmalaryň (aýbaşynyň kesilmegi, iýmit-siňdiriş agzalaryň keselleri) sebäbi bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.

Köp adamlar horlanmak isleseler, diňe günde iýýän iýmitleriniň sanyny azaldýarlar. Kabul edilýän iýmitden alynýan kuwwatlylyk çeşmesiniň mukdary bilen hereket etmeler netijesinde olary sarp etme derejesi deň gelmedik ýagdaýynda, artykmaç agramyň ýüze çykmagy mümkindir. Gyzlaryň diňe bu ýönekeý düzgüni özleşdirip ýatda saklamagy zerurdyr.

Eger siz hakykatdan hem özüňizde artykmaç agramlylyk bilen bagly kynçylyklary duýýan bolsaňyz, berhiz öwreniji lukmanlar bilen maslahatlaşmak peýdaly bolup biler.

Bedendäki gyl örtügi

Çagalykdan ýetginjeklige geçýän döwürden başlap, oglanlaryň we gyzlaryň bedenleriniň dürli böleklerinde gyl örtügi emele gelip başlaýar:

► Erkekler üçin ýüzündäki gyl örtügini syrmak köp ýurtlarda däpdir, başga ýerlerde bolsa sakgal ösdürmek- paýhasyň we buýsanjyň alamatydyr. Murty we sakgaly ösdürip-ösdürmezlik – her adamyň öz işidir. Esasy zat siziň özüňizi rahat duýma duýgyňyzdyr.

Gyzlaryň aglaba bölegi goltuklarynyň aşagynda, gasyklarynda we aýaklarynda ösýän gyl örtügi barada alada edýärler. Gyzlar olardan dynmak üçin ýörite päkiden ýa-da kremden peýdalanýarlar, epilýasiýanyň dürli usullaryny ulanýarlar, başgalary bolsa saçlara degmezligi dogry hasaplaýarlar.

Köp medenýetlerde oglan sakgaldyr murtuny syrýan bolsa, ol jynsy kämillige ýeten diýip hasaplanylýar.

Deriniň ýagdaýy

Düwürtik – ähli ýetginjekleri alada goýýan kynçylykdyr, şonuň üçin:

♦ Deriniň arassaçylygyna üns beriň- ony hapalanmadan goramak üçin ýuzüňiziň we bedeniňiziň derisini arassa saklaň. Has gowy arassalamak üçin ýörite gellerden, sabynlardan ýa-da arassalaýjy losýonlardan peýdalanmak bolar.

Deriňizi artyk hem guratmaň, ýagny ol özüniň tebigy goranyş ýag gatlagyny ýitirip, başga deri bilen bagly kynçylyklaryň hem ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Eger sizi deri bilen bagly kynçylyklar gaty aladalandyrýan bolsa, wagt ýitirmaň dermatolog lukmanyna ýüz tutuň.

Içki geýim

Içki geýimi dogry saýlamak saglyk üçin wajyp bolup, biziň özümizi rahat düýşymyz hem oňa bagly bolup durýandyr.

Dogry saýlanan içki geýimiň nesil öndürme agzalarynyň saglygyny goramaga kömek edýändigine üns bermek gerekdir:

• Ýetginjek oglanlara mydama suwa düşme üçin niýetlenen içki geýimi (plawka) geýmek maslahat berilmeýär. Saglygy goramak üçin, ýetginjek ýigitlere adaty we tebigy önümlerden tikilen içki geýim geýmek peýdalydyr. Şonuň bilen birlik-de, içki geýimi saklaýan rezin gaty bir jebis hem bolmaly däldir.

Gyzlara saglyk bilen bagly kynçylyklary döredip biljek "stringi" ýygy-ýygydan geýmek maslahat berilmeýär. Eger siz olary geýmek isleseňiz, olar tebigy matadan tikilen hem-de siziň ölçegiňize laýyk bolsun (kiçi bolmasyn!) we eger mümkin bolsa ony 6 sagatdan uzak geýmeden saklanyň.

Göwüslik (býusgalter/lifçik) gyzlaryň geýim-gejiminiň bir möhüm bölegi bolup durýar. Ölçegi we görnüşi laýyk bolan göwüsligi saýlamak has hem zerurdyr. Onuň üçin, göwüsligin rezini geçýän ýerden, döş kapasasynyň aýlawyny ölçemek üçin "santimetr" ölçeg lentasyny ulanyň, soňra ol sana "5" goşuň. Soňra döş kapasasynyň aýlawyny göwüsleriň üstünden ölçäň. Eger alnan sanlaryň ikisi hem deň bolsa, onda 0 ölçegli "AA" göwüslik gerek, eger ölçegleriň tapawudy "1" bolsa, onda ölçegi 1 (A), "2" bolsa, ölçegi 2 (B), "3" bolsa ölçegi 3 (C) göwüslik gerekdir.

Göwüsligi ölçegi we görnüşi boýunça dogry saýlamak, onuň daşky owadanlygyndan has hem wajypdyr. Süýt mäziniň saglygy – gyzyň göwüsliginiň rahatlygyna we göwüsligiň süýt mäzlerinde kadaly gan aýlanşygyny saklamaga zyýan ýetirmezligine baglydyr.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Moshshy 2014-03-04 22:23
Gyzlara budun yaglaryny ayyrmak nama gerek?! Gaytam gyz diyyanin etli-ganly bolsa gowu, men ucin-a.
Sitata
 
 
#6 meylis 2014-02-24 21:28
Nadip semrap bilerin lukman
Sitata
 
 
#5 meylis 2014-02-24 21:27
Lukman meni gyzyklandyryan soraglan biri bolan: nadip semrap bilerin?
Sitata
 
 
#4 Mälik 2014-02-21 14:38
Sagbol lukman mena yuzumden cykya hemmezat ulandym yone tasir etyan derman yok meni gaygy gam gusa basyrya su dürutikler il yuze cykasyn gelenak su yuzun bilen gyzlar bakmanada utanyañam
Sitata
 
 
#3 Ýaşuly 2014-02-20 01:45
Kelläňe gelen zatlary geýip, dakyşdyryp ýörmän uly durmuş tejribesi bolan adamlar bilen, gerek bolsa lukmanlar bilen maslahatlaşmaly. Daşky keşbiňi owadan saklap bilmek adama tebigatdan berilen peşgeş.
Sitata
 
 
#2 Ýetginjek gyz. 2014-02-14 01:02
Tüýs meni gyzyklandyrýan meseleler. Makalaňyz üçin sag boluň!
Sitata
 
 
#1 Gerçek 2014-02-13 23:01
Ýaş ýetginjekleri gyzyklandyryp biläýjek soraglaryñ üstünde durupsyñyz.
Ýaşlaryñ köpüsi şu zatlardan habarsyzda
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele