Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi MEN NAME ÜÇIN ÖZGERÝÄRIN?
( 24 Ses Berme )

9-14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde "geçiş" ýa-da "özgermeler" döwri başlanýar.

Bu döwür jynsy taýdan kämilleşme diýlip atlandyrylýp, şol wagt ýetginjegiň bedeninde birnäçe fiziologik we psihologik üýtgeşmeler bolup geçýär:

► sesiň üýtgemegi;

deri we ýag mäzleri has işjeňleşýär. Şol sebäpli hem, ýetginjegiň ýüzünde örgün we düwürtikler döreýär;

goltukda we daşky jyns agzalarynda gyl örtügi çykyp başlaýar. Oglanlaryň ýüzünde we döşünde tüý örtügi ösýär. Tüýüň köp ýa-da az çykmagy nesil yzarlaýjylyk we endokrin faktorlara bagly bolýar.

 

GYZLARDA:

süýt mäzleri (göwsi) ulalýar;

bilekleri dolmuşrak bolýar, bykynlary giňeýär, syraty aýal maşgalanyň syratyna meňzäp başlaýar ;

her aýda aýbaşy gelip başlaýar.

OGLANLARDA:

eginleri daýawlaşyp, elleri we aýaklary has güýçlenýär we olaryň myşsalary berkeýär;

jyns agzalarynda üýtgeme bolup, ujyt we ýumurtgajyklar ulalýar.

Ýetginjekde bolup geçýän şeýle üýtgeşmeler bedeniň nesil öndürmek işine taýynlanýandygyny görkezýär.

Jynsy taýdan ýetişmek döwründe ýetginjek oglan-gyzlary biynjalyk edýän soraglar ýüze çykyp biler.

Ýüzde çykýan düwürtikleri aýryp bolarmy?

Jynsy taýdan ýetişmek döwründe gormonal üýtgemeler netijesinde ýag mäzleriniň işjeňligi artýar. Bu hadysalar döwri tamamlanýança, ýüzde, boýunda we ýagyrnyda çykýan düwürtikler (olar "akne" diýlip atlandyrylýar) biýnjalyk edip, ýetginjegi alada goýup biler. Bu döwürde deriniň arassaçylygyna we sagdyn iýmitlenmege uly üns berilmelidir.

Düwürtikler aşa köp bolsa, onda dermatolog lukmana ýüz tutup, degişli bejergini geçirmelidir.

Bedenimde näme sebäpli ýakymsyz ys peýda boldy?

Jynsy taýdan ýetişmek döwründe der mäzleri has işjeňleşýär we deriň ysy hem güýçlenýär. Töwerekdäkileri we özüňizi ýakymsyz ys bilen biynjalyk etmezlik üçin, arassaçylyk düzgünlerini berjaý ediň, egin-eşikleriňizi hem ýygy-ýygydan ýuwmagy unutmaň.

ÝETGINJEK GYZDA ÝÜZE ÇYKJAK SORAGLAR:

Näme sebäpli ýaşytdaş joramyň göwsi meniňkiden ulyka?

Iki sany birmeňzeş sypatly adam bolmaýar. Her bir zenanyň öz syraty, ýüz keşbi we beýleki aýratynlyklary bolýar. Bu tebigy kanun göwsüň ululygyna hem degişli bolup, ol genetiki aýratynlyklara hem köp derejede baglydyr. Haýsysynyň has gowudygy barada belli netije çykarmak mümkin däl. Käte göwsüň biri beýlekisinden ulurak ýa-da kiçiräk hem bolup biler. Bu adatydyr.

Näçe ýaşda göwreli bolmak mümkin?

Gyzda aýbaşy başlandan soň, jyns gatnaşyk arkaly ol göwreli bolup biler. Ýöne beýle diýildigi, ýetginjek gyzyň psihologik, sosial taýdan ene bolmaga taýyndygyny aňlatmaýar.

Mende aýbaşy ilkinji gezek haçan başlanar?

Gyzlaryň köpüsinde ilkinji aýbaşy 12-13 ýaş aralygynda başlanýar. Käbir gyzlarda ol has ir (10-11 ýaş) ýa-da giç (16 ýaş) hem başlanyp biler.

Ilkinji aýbaşynyň boljagyny men öňünden duýarynmy?

Aýbaşydan öň hiç hili alamatlar bolman hem biler. Käbir halatlarda gyzlaryň garnynyň aşagy agyrýp, jynshanadan sülekeý görnüşli bölünip çykmalar bolup biler we göwüsleri biraz gatap, hiç bir sebäpsiz özüni alyp barşy we keýpi üýtgäp bilýändir.

Aýbaşy wagty köp gan gidýärmi?

Aýbaşy wagtynda köp gan gidýändigi göwnüňizedir. Adatça bir gije-gündüziň dowamynda 50-100 ml mukdarda gan ýitirilip bilner. Aýbaşy birinji gezek açylanda onuň biraz uzak dowam edip bilýändigini lukmanlar duýduryp bilerler. Biliňiz güýçli gelende, hökman ýetginjekler ginekologyna ýüzlenmelidir.

Aýal jyns öýjükleri tükenmeýärmi?

Gyzjagaz doglanda, onuň ýumurtgalygynda ýüz müňden hem gowrak jynsy öýjükler bolýar. Önelgelilik döwründe olaryň 450 golaýy ýetişýär. Ýaşy 50 golaýlan aýallarda bu öýjükleriň işlenilmegi ýumurtgalyklar tarapyndan bes edilýändir.

Ilkinji gezek aýbaşy başlansa men näme etmeli?

Aýbaşy ilkinji gezek gelip başlandan soň, birnäçe aýyň dowamynda ol şol bir wagt başlanmanam bilýär. Aýbaşy yzygider wagtly-wagtynda gelip başlanda-da, arasynda bir aý gelmeýän wagty bolup biler. Bu gorkuly däl. Emma aýbaşy iki aýlap bolmasa, bu barada ene-ataňyza we lukmana aýtmalydyr. Adatça, aýbaşy halkasy birinji bir ýylyň dowamynda kadalaşýandyr. Gyz jyns gatnaşygynda bolan bolsa, aýbaşynyň bolmazlygy göwreliligiň alamaty hem bolup biler.

Soňky aýbaşynyň haçan bolandygyny ýatdan çykarmaz ýaly näme etmeli?

Aýbaşy bolan günlerini bellemek üçin ýörite kalendar ýöredip, onuň başlan we gutaran günlerini belläň.

Bedeniň haçan ösüp we üýtgäp başlamalydygy size bagly bolmaýar.

Şonuň ýaly-da, ösüşi we üýtgeşmeleri siziň islegiňiz boýunça togtadyp ýa-da tizleşdirip hem bolýan däldir.

ÝETGINJEK OGLANDA ÝÜZE ÇYKÝAN SORAGLAR:

Näme üçin ýaşytdaş dostumyň ujydy meniňkiden uly?

Ujydyň görnüşi we ululygy tapawutly bolup biler. Emma bu aratapawut uly däldir. Ujyt gönelen (ereksiýa) wagtynda, hemmelerde hem ujyt takmynan birmeňzeş ululyga eýe bolýandyr.

Pollýusiýa näme?

Ýetginjek oglanlaryň köpüsi käte gijelerine pollýusiýa (gyjynma) bolanyny düýýarlar. Pollýusiýa-tohumyň öz-özünden dökülme ýagdaýy bolup, ol bedeni kadalaşdyryjy hadysa bolup durýandyr. Ýetginjeklik döwrüniň başlanmagy bilen, ýumurtgajyklarda önýän tohum öýjükleriniň sany has artýar. Jyns agzalaryndaky basyş hem ýokarlanýar. Şol basyşy peseltmek üçin bolsa pollýusiýa döreýär. Bu ýetginjeklik döwri üçin adaty hadysadyr.

Meniň dölüm haçan-da bolsa bir wagt gutaryp bilermi?

Bu babatda howatyrlanmagyň geregi ýok. Jyns taýdan ýetişip başlan döwründen başlap, erkegiň ýumurtgajyklary bir günüň dowamynda millionlarça erkeklik öýjüklerini (spermatozoidleri) işläp çykarýar.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#8 okyjy 2015-04-21 19:03
Salam hormatly lukman. Yetginjek oglanlarda sesin yognamagy nache yashda bashlap nache yashda gutaryar. Sesin inche bolmagynyn sebabi name? We careleri barmy? Soragymy jogapsyz goymazlygynyzy hayys edyarin!
Sitata
 
 
#7 Ýetginjek gyz 2014-01-16 03:02
Wah! Bu özgermeler bolmaly zat ekeni. Biz welin "keselledikmikän" diýip gorkup kabul edipdiris.6-8-nji synp okuwçylarynyň arasynda düşündiriş geçirilse, gorkman hemme özgermelere taýýar bolardylar. Bu özgermeler barada maglumat gaty az.
Sitata
 
 
#6 Kerim 2013-12-16 03:53
Kop Sag Bolun ! ! !
Sitata
 
 
#5 Lukman 2013-12-08 22:57
Kerim!
Siziň soragyňyzyň jogaby bilim pudagynyň ýolbaşçylaryndan talap edilse dogry bolarmyka diýýärin.Hakyna garanyňda,bu maglumatlar biologiýa dersiniň Adam bölüminde aýdylyp, düşündirilmelimikä diýip pikir edýärin.Köp mugallymlar jynsy ulgama we jynsy gatnaşyklara degişli maglumatlary okatmak, ýetginjeklerde oňa bolan gyzyklanma we wagtyndan öň isleg döreder diýip pikir edýärler.Bu islegi 14-18 ýaş aralygy tebigatyň özi olarda döredýär.Şol döwürde, olary dogry maglumatlar bilen habarly etme, olar üçin hem, jemgyýet üçin hem peýdaly bolardy.
Sitata
 
 
#4 Kerim 2013-12-08 15:59
Lukman köp sagbolun ! yone näme ücin shunun yaly bilinmeli zatlar,mekdep programmasyna salmayarkalar ?
Sitata
 
 
#3 Hurana 2013-12-05 00:07
Düşnüksiz soraglara jogap tapyp bereniňiz üçin köp sag boluň.
Sitata
 
 
#2 Ýetginjek oglan 2013-12-02 22:54
Ýerleşdiren maglumatyňyz üçin köp sag boluň. Öz bedenimde bolýan özgerişlere doly göz ýetirdim. Keselländirin öýdüp, gorkup ýördüm.
Sitata
 
 
#1 Bega 2013-12-02 20:48
Okuwçylara gerek maglumatlar...örän peýdaly maslahatlar.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele