Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi JYNSY TERBIÝE HAÇAN BAŞLANMALY?
( 28 Ses Berme )

"Eje sen meni dükandan hem almansyň öýdýän. Hiç hili dükan dagam ýok, çagalar ýatgyda ulalýar ekeni. Men şu gün mekdepde eşitdim" diýip, meniň 10 ýaşly oglum uly bir açyşy habar berýän ýaly, maňa çynlakaý äheňde habar berdi. Hawa, bu maglumat oňa uly açyşy aňladýardy, men bolsam öz döreden aldawymy nädip aklajagymy bilmän, adamymyň ýüzüne seretdim. Eger birnäçe wagt öň berlen soraga men hakykata ýakyn jogap tapan bolsam, bu wagt beýle oňaýsyzlyk duýmazdym we oglumyň ynamyndan gaçmazdym..."

"Sen – oglanjyk, a sen – gyzjagaz!"

Türkmen maşgalalarynda ösýän oglanjygyň we gyzjagazyň jynsy jähtden maşgalada we jemgyýetde özüni alyp barmagyň kadalary çagalykdan terbiýelenýär. Oňa başgaça, gender häsiýetlendirmeleri diýilýär.

Gyzjagaz ulalyp uly gyza öwrülmeli, soň bir maşgalanyň gelni bolmaly. Ony mylakatly, sabyrly, hemme öý hojalygyň hysyrdyly işlerinden baş alyp çykmany başarjak maşgala höküminde, onuň geljegini nazara alyp terbiýeleýärler.

Türkmen maşgalasynda oglanjyk – döwletliligiň başy. Ol ene-atasynyň binýady, maşgalanyň geljegi. Oglanjyk mert, özdiýenli, geljekde maşgalabaşy bolmaga kömek etjek häsiýetleri özünde jemlejek şahsyýet bolup ýetişmeli.

Ene-atanyň maşgalada, öý hojalygynda gyzjagaza we oglanjyga berýän terbiýesiniň şu meýillere görä aýratynlykly bolýandygy hemmämize mälimdir.

Jynsy terbiýe haçan berlip başlamaly?

Köp ene-atalar (köp türkmen maşgalalarynda oňa aslada üns berlenok) jynsy terbiýe jynsy kämillik döwri başlanandan soň berlip başlanmaly diýip pikir edýärler. Bu nädogrymyka diýip pikir edýärin. Dogry, 6-7 ýaşly çagaňyza kitaby açyp jyns agzalarynyň gurluşy barada düşündiriş bermegiň geregi ýokdur. Ýöne seksual terbiýäniň umumy ruhy terbiýäniň bir bölegi bolup durýandygyny we jynsy terbiýede çaganyň her ýaşy üçin öz aýratynlyklarynyň bardygyny bolsa bilmek peýdalymyka diýýärin.

3-6 ýaş

Kiçijik oglanjyklarda ilkinji ereksiýanyň döremegi syn edilýär. Takmynan 3 ýaşa çenli çagalarda utanma duýgusy bolmaýar. Şu ýaşda olarda jynsy agzalaryna bolan gyzyklanma döreýär. Eger çagaňyzyň öz daşky jyns agzalaryny elläp synlaýandygyny görseňiz, ony utandyrmaň. Çagajyk utanç hereket edýändigini bilmeýär, şonuň üçin onuň ünsüni oýnawaç oýnama ýa-da multfilm görmek bilen sowma dogry bolar.

5 ýaşdan soň çagalarda, has hem oglanjykda garşydaş jynsa bolan gyzyklanma döräp başlaýar, ol beden gurluşynyň aýratynlyklaryna üns bermäge çalyşýar. Çagalar bagynda meýdan edilýän gaba (gorşoga) Nazarjyk bilen bir ýerde oturan Aýnajyk, öz daşky jyns agzalarynyň deň däldigi barada çaga soragyny ejesine berip biler. Şeýle soraglaryň döremegi bilen siziň çagaňyza jynsy terbiýäni başlamagyň wagtynyň gelendigini bilmelidir. "Bilemok", "Gyzjagaz bir utanmaly, seretmeli hem däl" diýen ýaly jogaplaryňyzyň çaganyň özüçe ýalan many çykarmagyny mejbur edip biler. "Oglanjyklar we gyzjagazlar aýry ýerden buşugýarlar. Oglanjyklarda jüllüjek bar, gyzjagazlarda bolsa güljagaz" diýen ýaly hakykata ýakyn maglumat bermek çaga üçin düşnükli bolarmyka diýip pikir edýärin.

Görşümiz ýaly, edil 6 ýaşdan soň çagalarda jynsyna görä (oglanjyk ýa-da gyzjagaz) özüni kabul etmek başarnygy döreýär. Oglanjyk özüniň kakasyna meňzeşdigini, gyzjagaz bolsa ejesine meňzeşdigini aňlamaga ukyply bolýar. Çaganyň nireden alynýandygy barada gyzyklanma hem edil şu ýaşda döräp başlaýar.

Ýene bir möhüm bellemeli zat. Jynsy terbiýäniň başynda çagalary beden arassaçylygyny saklamagyň düzgünlerine öwrenişdirmek möhümdir: suwa düşürmek, arlyklary çalyşmak, daşky jyns agzalary kadaly ýuwmak (has hem gyzjagazlar üçin möhüm), çaga ulalandan soň hajathana kagyzyny ulanmagy we daşky jyns agzalara idetmegi, içki eşikleri çalyşmagy öwretmek. Bu gigiýeniki düzgünlere uýgunlaşma geljekde jyns agzalarynyň sowuklama kesellerinden goranmaga kömek edip biler.

10-12 ýaş

Bu döwürde jynsy taýdan ýetişmegiň ilkinji alamatlary peýda bolup başlaýar: goltukda we daşky jyns agzalarda gyl örtüginiň döremegi, gyzlarda süýt mäzleriniň ulalyp başlamagy. Oglanlarda döreýän gijeki "şeýtan oýnamalar" (pollýusiýa) – ygtyýarsyz dölüň bölünip çykmalary, olarda howatyrly duýgularyň döremeginiň sebäbi bolup biler. Beýle halatda bu ýagdaýyň howply däldiginiň kakasy tarapyndan düşündirilmegi zerurdyr.

Bu döwürde aýbaşylaryň başlanmagy, bu barada habarsyz gyzjagazda saglygy babatda gorkynyň döremegine getirip biler. Aýbaşynyň sebäpleri, ol döwürde özüňi alyp barmagyň we arassaçylyk çäreleriň möhümligi barada anyk maglumat bermek enäniň paýyna düşýändir. Aýbaşylary bellemek üçin kalendaryň tutulmagyny, onuň bozulmalarynda ginekolog lukmana ýüz tutulmalaryň gerekdigini gyzjagaz bilmelidir.

“Çagalar nirden emele gelýär?” diýen sorag 5 ýaşda bir äheňde, 10-12 ýaşda bolsa eýýäm başga äheňde berlip biler. 10-12 ýaşly çaga mekdepde deň-duşlaryndan, teleýaýlymlardan, kinofilmlerden belli bir maglumaty alyp, özüçe düşünip biler. Eger şeýle sorag berilse, gyzaryp we utanyp erteki otarmagyň geregi ýokmuka diýip pikir edýärin. Çagada entek ululara mahsus seksual hyýallar ýok, oňa diňe umumy maglumat alma ýeterlik. Bu soraga takmynan şeýle jogap bermek (meniň pikirimçe) ýeterlikmikä diýýärin: "Eje we kaka biri-birini gowy görende, kaka ejä kiçijik tohum öýjügini berýär we ejäniň içinde kiçijik çagajyk ösüp, wagty gelende çykýar". Bu maglumat oňa ýeterlik, çaga dogrumynyň tehnikasynyň gürrüň berilmegini ol sizden talap etmez.

13-15 ýaş

Bedende möwç alýan gormonal üýtgeşmeler jynsy islegiň, jynslaryň biri-birine bolan gyzyklanmasynyň ösmegine getirip bilýär. Ýetginjek özüniň şahsyýet höküminde görülmegini isleýär. Bu döwür ene-atalaryň has ünsli, çagasyna ýakyn bolmagyny talap edýär. Bu meselede ene-atalardan soň, mekdebiň berjek kömegi hem wajypdyr.

Gynansak hem, biziň ýetginjeklerimiziň köpüsiniň öz jynsy anatomiýasyny bilmezligi, şonuň ýaly-da göwreliligiň döremegi üçin şertleriň aýdylyp geçilmezligi jynsy gatnaşyklaryň ir başlanmagyna we islenilmedik, ýetginjeklik göwreliliginiň ýüze çykmagynyň sebäbi bolýar. Aýal lukmany höküminde men 15 ýaşly gyzjagazlar bilen gürrüňdeşlik geçirimde, olaryň jyns agzalary barada bilimleriniň ýoklugyny bilip geň galypdym. Näme üçin olara mekdep dersi ýürek ulgamy, böwrekler barada maglumar berip, jyns agzalary barada maglumat bermeýär? Öz jynsy we önelgelilik ulgamynyň fiziologiki işini bilmeýän ýetginjek göwrelilikden goranyp bilermi? Jynsy gatnaşyklaryň jogapkärçiligine düşünip bilermi? Bu meselede kim esasy işleri geçirmeli – lukmanlarmy ýa-da mugallymlar?

Meniň pikirimçe, 15-16 ýaşdan soň ene-ata ýetginjek çagasyna abortyň saglyk üçin howplulygy, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň bardygy barada maglumat bermeli. Maglumat alan ýetginjek pikirlenip, öz hereketlerine dogry baha bermäge mümkinçilik alýamyka diýip pikir edýärin, bilmezlik – hemişe ýerliksiz islegi, ýalňyşlyklary döredýär.

Çaganyň terbiýesi, edil şonuň ýaly-da jynsy terbiýesi ene-ata bilen ýakynlygy, ynamlylygy, takatlylygy, ünsi talap edýär. Bu babatda ilkinji maslahatçylar köçe, nätanyş adamlar bolman, maşgala we mekdep bolmalydyr.

Awtor: Hatyja Babaýewa, ginekolog wraçy

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Kakaly 2017-07-03 21:45
Jyns terbiýesini mekdepde alynyp barylsa çagalar üçin gowy bolardy. Ol ýerde umumy bir kollektiwde çaga ony adaty bir sapak hökmünde kabul eder. Eje, kaka öwretjek bolanda özüňiz pikir ediň: çagada aşa utanjaňlyk ýüze çykýar we düşünişmek kyn bolýa.
Sitata
 
 
#9 Hemra 2017-06-19 19:54
Quoting Betje:

demamogiya! "Hany ata babalarymyz....blah blah blah ahlak, terbiye sheyle beyle". Halkara tejribeden owrenmeli. Ahlak diyip gygyryp yorenigmi bilen 17 yashlyny, eli telefonnly, okuwsyz, ishsiz saklap bolanok. Mugallymlaryng roli bar. Bok hem bilenoklar, ene atalarda NOL bilim. Sen bolsa maglumatlary gizlap gyzlygy saklajakmyshyng.


Goyun gechinem oz ayagyndan asyalar men bu yerde artykmach zat yazamok herkim oz pikirini yazmana haky bar. Dogry tankyt edenine sag bol tankyt bolmasa osusem yok diyleni.
Sitata
 
 
#8 Hemra 2017-06-19 19:49
Quoting Betje:


Turkmenistan musulmak yurduna hachan owruldika?

Sen name oz dininem bilenokmy?
Sitata
 
 
#7 Betje 2017-06-19 01:25
Quoting Hemra:
15-16 yashlarda gyzlara abordyn saglyk un howpludygyny onuni alys serisdelerinin bardygyny aytmalymysh Lukman sizin pikirinizche dine gowrelilikden goranmagyn yoluny owretmeli hany gyzlyk dusunje hany ahlak hany terbiye.


demamogiya! "Hany ata babalarymyz....blah blah blah ahlak, terbiye sheyle beyle". Halkara tejribeden owrenmeli. Ahlak diyip gygyryp yorenigmi bilen 17 yashlyny, eli telefonnly, okuwsyz, ishsiz saklap bolanok. Mugallymlaryng roli bar. Bok hem bilenoklar, ene atalarda NOL bilim. Sen bolsa maglumatlary gizlap gyzlygy saklajakmyshyng.
Sitata
 
 
#6 Betje 2017-06-19 01:20
Quoting Hemra:
göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň bardygy barada maglumat bermeli

Shu yeri bn ylalashmayan henin durmusha chykmadyk gyza gowreliligin onuni alysh serisdesi nama gerek jynsy taydan terbiyelande gyzlyk perdesini goramalydygynyn deregine gowreliligin onuni alysh serisdelerini owretmek yerliksiz bolaymasa edil bu yeri yetginjek gyzlara degisli dalmika diyyan. Bashgaca goz bn garasak bu gyzlyk dusunjanin yokdugyny anladyan yaly.



Sen turkmen yertginjek gyzlarynyg (16-18) edip yoren zatlaryndan habaryng barmy? Kitapdan dal. Gyzlyk dushunjani doktora baryp almaly dal. Ony ene ata owretmeli.
Sitata
 
 
#5 Betje 2017-06-19 01:18
Quoting Okyjy:
Menem tesbirçi Hemranyň pikirleri bilen ylalaşýaryn.Gyzlyk, ahlak, abraý diýen düşünjeleri ýere gömdüler öýdýän. Ol hakynda terbiýe bermegi soňky orunlara geçirildi. Saýtdaky maslahatlar musulman halkyna degişli däl diýip hasaplaýaryn. Ol Ýewropaly, umuman daşary ýurtly gyzlara degişli.



Turkmenistan musulmak yurduna hachan owruldika?
Sitata
 
 
#4 Okyjy 2017-06-18 12:11
Menem tesbirçi Hemranyň pikirleri bilen ylalaşýaryn.Gyzlyk, ahlak, abraý diýen düşünjeleri ýere gömdüler öýdýän. Ol hakynda terbiýe bermegi soňky orunlara geçirildi. Saýtdaky maslahatlar musulman halkyna degişli däl diýip hasaplaýaryn. Ol Ýewropaly, umuman daşary ýurtly gyzlara degişli.
Sitata
 
 
#3 Hemra 2017-06-17 18:26
15-16 yashlarda gyzlara abordyn saglyk un howpludygyny onuni alys serisdelerinin bardygyny aytmalymysh Lukman sizin pikirinizche dine gowrelilikden goranmagyn yoluny owretmeli hany gyzlyk dusunje hany ahlak hany terbiye.
Sitata
 
 
#2 Hemra 2017-06-17 18:19
göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň bardygy barada maglumat bermeli

Shu yeri bn ylalashmayan henin durmusha chykmadyk gyza gowreliligin onuni alysh serisdesi nama gerek jynsy taydan terbiyelande gyzlyk perdesini goramalydygynyn deregine gowreliligin onuni alysh serisdelerini owretmek yerliksiz bolaymasa edil bu yeri yetginjek gyzlara degisli dalmika diyyan. Bashgaca goz bn garasak bu gyzlyk dusunjanin yokdugyny anladyan yaly.
Sitata
 
 
#1 Ýaşuly 2017-06-15 16:35
Jynsy duýgularyny pynhan syr ýaly asyrlar boýy saklap ýören halkda ol terbiýäni köpçülikleýin öwretmek islendik netijäni berjegi nägümana bolaýmasa! Meniň diýjek bolýanyňm,ony çagalara ýaşyna görä aýry-aýrylykda kalbyna guýmak netije berermikä diýýärin.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele