Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi EL TELEFONYNY EDEPLI ULANMAGYŇ DÜZGÜNLERI
( 22 Ses Berme )

Köpçülikde el telefonda gürleşende özüni ker bilen gürleşýän ýaly alyp barýanlara duşmadygymyz ýok bolsa gerek. Şeýle ýagdaýlarda köpümiz ýylgyryp oňýan bolsak, köpümiziň rahatlygymyz bozulýandyr. Köpümiz biygtyýar ol kişiniň gürrüňlerine ünsümizi berýändiris. Köpümiz bolsa içimizden zeýrenýändiris. "Ker bilen gürleşýän" adam bolsa töwereginden bihabar gürrüňini dowam etdirýändir.

Aramyzda näçämiz şeýle wakalardan täsirlenip, öz telefonda gürleşme ýollarymyzy derňewden geçirýärkäk? Näçämiz özümizi telefon ulanmakda kämil diýip hasaplaýarkak? Eýsem, siz telefon ulanmagyň hem öz edebi düzgünleriniň (etika) bardygyndan habarlymysyňyz?

Häzirki zamanda telefon gürrüňdeşlikleri arkaly adamlar köplenç gödekligini we edepsizligini ýüze çykarýarlar. Emma şunuň şeýle bolmasy dogry däl. Adamlaryň köpüsiniň edýän ýalňyşlyklaryny gaýtalamazdan ozal aşakdaky kadalary okap, öz-özüňize sorag beriň: "Men şulary berjaý edýärinmi?"

► Jemgyýetçilik ýerlerinde telefon ulananaňyzda ses badyňyzy peseldiň.

Telefon arkaly gürleşeniňizde, siziň daş-töweregiňizdäki adamlar size on ädimden ýakyn durmaly däldir. Şonuň üçin awtobusa, otla ýa-da uçara gireňizde telefon ulanmakdan gaça duruň. Sebäbi töweregiňizdäki adamlara jaňyňyzyň sesi ýa-da edýän gürrüňiňiz päsgel berip biler.

Haçanda teatrda, restoranda, keselhanada ýa-da uçarda "Telefon ulanmak gadagan" bildirişli tagtajygy göreniňizde, haýal etmän telefonyňyzy sessiz düzgüne goýuň. Telefon ulanmagyň edebine görä, bildiriş tagtajygy bolmadyk ýagdaýynda-da kinoteatrlara, restoranlara we şuňa meňzeş ýerlere girilende telefonlar sessiz düzgüne goýulmalydyr.

Gürrüňiňiziň eşdilip bilinjek ýerlerinde (işde, okuwda, supermarket dukanlarda) şahsy gürrüňleri etmekden saklanyň. Onuň deregine il içinde gürrüň edip bolýan mowzuklar barada gürrüňleşiň.

Haçan-da telefon arkaly gürleşeňizde ajyksaňyzam, suwsasaňyzam iýip-içmekden daş duruň.

Adamlar bilen ýüzbe-ýüz gürleşeniňizde telefonyňyza gelýän jaňlara jogap bermekden gaça duruň we telefonyňyzy derrew sessiz düzgüne geçiriň. Emma siz gyssagly bir jaňa garaşyp duran bolsaňyz, onda gürrüňdeşiňiziň razylygy bilen jaňy açyp bilersiňiz.

Edil gelýän jaňlar ýaly, gelýän sms hatlaryňyzy hem gürrüňdeşiňiziň ýanynda açyp okamaň. Gyssagly bolaýan yagdaýynda, bir-iki agyz gürrüňdeşiňize düşündireniňizden soň, onuň razylygy bilen kän wagt eglemän okap, jogap berip bilersiňiz.

Eger-de siz kinoteatra ýa-da teatra gelen bolsaňyz girmezden ozal telefonyňyzyň ekranynyň ýagtylygyny peseldiň. Sebäbi jaň ýa-da sms geläýen ýagdaýynda-da gapdalyňyzdakylaryň ünsüni çekmän jogap berip bilersiňiz.

Ulag sürýän mahalyňyzda jaň geläýen ýagdaýynda iň gowusy, ulagyňyzy ýoluň gyrasynda saklap, soňra jaňa jogap bermekdir. Eger-de siz bir wagtda ulag sürüp we nauşnikler arkaly gürleşseňiz, onda hem özüňiziň hem-de daş-töweregiňizdäki adamlaryň janlaryna howp salyp bilersiňiz.

Telefonda gürleşeniňizde gürrüňdeşiňiziň size jogap bermegi üçin gürrüňiňiziň arasyna maý salyp gürleşiň. Eger-de siz gürrüňiňizi kesmän yzygiderli gürleseňiz, onda bu hormatsyzlygy we gürrüňdeşiňiziň pikirlerine üns bermeýänligiňizi görkezer.

Hiç-haçan jaň edýän adamyňyzy jaňyňyzyň kesileni ýa-da jaň edeňizde düşmänligiňiz üçin günäkärlemäň. Sebabi beýle ýagdaýlara jaň edýän adamyňyz däl-de, telefon operatorlary günäkar bolup biler.

Dost, garyndaş ýa-da nätanyş bilen gürleşýän wagtyňyz ünsüňizi telefonyňyzdan daşary hiç zada bölmäň. Meselem, telefonda gürleşýän wagtyň telewizora seretmek, telefonda gürleşýän wagtyň telefonyňdaky başga zatlar bilen meşgullanmak we ş.m.

Internet profiliňize edebi kadalara laýyk gelmeýän suratlary çap etmekden esewan boluň. Sebäbi siz Internet arkaly jaň edeniňizde, jaň edýäniňiziň ekranynyň ýüzünde siziň profiliňizdäki suratyňyz çykýar. Eger-de siz Internetde dostuňyz ýa-da joraňyz bilen bile düşen suratyňyzy goýjak bolsaňyz, onda etika görä siz ilki onuň razylygyny soraň. Sebäbi käbir adamlar öz şahsy durmuşlaryny gizlin saklamak isleýärler.

Biz jemgyýetçilik ýerlerinde el telefonlarynda gürleşenimizde haýsy kadalar gödek bozulýar? Haýsy gülküli, gynançly wakalara duş gelýärsiňiz?

Makalanyň awtory: Leýli Annageldiýewa

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Bähbit. 2017-05-26 10:13
Kör adamynyň idelgili ýa-da taýakly gezip ýörüşi ýaly indi birnäçe ýaşlar hem otursa tursa, şol el telefonlaryny gerek bolsa bolmasa, ýüzüni galdyrman oýnap ýörmeleri şol körleri ýatlatýar. Onuň esasy sebäbem ol telefony ulanmagyň medeniýetini bilmezlikden gelip çykýar.
Sitata
 
 
#6 Bally. 2016-12-08 00:02
El telefonsyz ýaşap ýörenlere telpek goýaýmaly boldy. Indi ulagda, köçede geplesen wagtynda öz sähbetdeşini masgaraçylygyň aňry ujy bolan sözler bilen ýüküni ýetirip barýan ýaşlara duş gelýärsiň we bialaç kelläňi ýaýkaýarsyň. Şonda bolsa kelesaňlygyň nämelere getirýändigine göz ýetirýärsiň.
Sitata
 
 
#5 Wepa. 2016-07-19 22:17
Şu wagt adamlara el telefonyny gadagan edäýseň Hudaý görkezmesin, türkmenleriň aýdyşy ýaly " ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar" bolaýmasa...
Sitata
 
 
#4 Gartaşan. 2016-07-11 00:22
Wagt hemme zady öz ýerine goýýar. Belki, ýyllar geçer, adamlar tehnologiýanyň adamlar üçin döredýän ajaýyp guralyny medeniýetli ulanmagy ýola goýarlar. Howada, onuň üçn ata-eneleriň we mekdebiň uly tagallasy bolmaly.
Sitata
 
 
#3 Alyn 2016-07-06 02:55
Quoting Bilesigeliji:
bagyshlan bu makalan saglyk b.n name baglanshygy barka?! Goniden goni saglyk b.n baglanshykly makalalar yazylsa has hem maksada layyk (netijeler) bolarmyka diyyan!

Bu makalanyñ psihalogiýa bilen baglansygy bar, añ-bilim bilen baglansykly
Sitata
 
 
#2 Bilesigeliji 2016-07-04 17:27
bagyshlan bu makalan saglyk b.n name baglanshygy barka?! Goniden goni saglyk b.n baglanshykly makalalar yazylsa has hem maksada layyk (netijeler) bolarmyka diyyan!
Sitata
 
 
#1 ogulgurban 2016-07-03 01:27
Dogrudanda hazir el telefonlarynyn ulanylysyny goreninde on nadip onuldyka diyyarsin. Men arada saherden oba gaytmak ucin taksa mundim.Masynda gidip baryarkam aydym dinlap dymyp gitmek men ucin lezzetli zadyn biri. Onsan surijin gapdalynada bir yas oglan mundi.Yany bir ugradyk welin ol oglan birine jan etdi. Suruji dessine aydymy yapdy.Ol dessine habarlasar welin acaryn oydendirda. Yone yrym sagatlyk yoly yanky oglanyn hymy symysyny dinlap gelmeli bolaydyk.Ol oglana ne men ne beylekiler hic zat diyman saklandgyk.Yone mena iciden kop zat diydim. Beylekilerem seyledirle. Ol hereketi mena gaty edepsizlik gordum. Indem telefon barada gurrun acylsa sony aydyp beryan gulkunjirak edip. Indiki seyle hereket etjeklen biri dusunsede bir peyda diyyan.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele