Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi TÜRKMEN ÝETGINJEKLERI: KYNÇYLYKLAR WE MÜMKINÇILIKLER
( 21 Ses Berme )

Ýene-de diýdiler: "Ulalyp ýaşyň
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň"
"Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler,
Günäňi geçerler, ogul!" diýdiler.
"Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,
Döşüňe mynasyp bolgun diýdiler".

Hawa, gyzlaryň gurjak, oglanlaryň bolsa aşyk oýnamasyny goýbolsun edýän ýetginjeklik döwri bilen tanyş dälimiz ýok bolsa gerek. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bellemegine göra, 10-19 ýaş aralygyndaky gyzlary we oglanlary ýetginjek diýip hasap etmek bolar. Adamyň durmuş basgançaklarynyň (çagalyk, ýetginjeklik, ýigitlik, garrylyk) her biriniň hem özüne ýetesi ruhy, fiziki we sosial hupbatlary bolýar. Ylaýtada, ýetginjeklik döwri iň agyr geçýäni diýlip hasaplanylýar. Çünki bu döwürde ynsan çagalykdan ymykly çykyp, jogapkärçiliklerden doly, şahyryň aýdyşy ýaly, ýalňyşlyklarynyň bagyşlanmasy bes edilip, her adiminiň derňeljek ululyk dünýäsine gadam basýar.

Dünýä ýüzünde ýetginjekler ýaşaýan ýurtlarynyň ýerleşýän ýerine, medeniýetine, dinine we jemgyýetçilik gurluşyna laýyklykda, dürli kynçylyklar, şol sanda hem mümkinçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Men hem häzirki döwürde öz türkmen ýetginjeklerimiziň durmuşynda gabat gelýän esasy nogsanlyklarynyň hem-de olaryň bagtyýar geljegi üçin döredilýän şertleriň üstünde durup geçerin.

 

KYNÇYLYKLAR

► Daşky görk – türkmen ýetginjekleriniň ilkinji hötdesinden gelmeli bolýan kynçylygy – boý-syratlary diýsek ýalňyşmarys. Gyzlar kosmetika we şaý-sepler bilen özlerini bezeseler, oglanlar hem saçlaryna we egin-başlaryna dykgatly timar bermäge çalyşýarlar. Ýetginjekleriň dürli meşhur markaly egin-eşiklere, atyrlara, goşar sagatlaryna, elektroniki enjamlara gyzmaklary olaryň okuwdan ünsleriniň bölünmegine, özaralarynda owadan (bet) görünmekde bäsleşigiň döremegine, galyberse-de, maşgalalarynda maddy taýdan ynjalyksyzlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär.

Halamak & Halanmak – bu häsiýet diňe bir türkmen ýetginjeklerine däl, eýsem ähli milletlerdäki ýetginjeklere hem degişlidir. Ýetginjek ýaşlaryň daşky görklerine timar bermegine hem köplenç garşydaş jynsly boýdaşlaryna ýaranmak islegi sebäp bolýar. Ilkinji söýgi, ilkinji "salam hatlar" hem şu möwsümde başlanýar. Bu gylyklaryň ýetginjekleriň ruhy sagdynlygyna we jemgyýetimizdäki kadalara näsaz gelýän taraplary bolsa, ýetginjekleriň gije duşuşmaklary, maşgalalaryna ýalan sözlemekleri, kähalatlarda bolsa olaryň özara oýlanşyksyz, jogapkärçiliksiz gatnaşyklarynyň islenilmedik göwrelilige getirmesi bolup durýandyr.

Zyýanly endikler – bu endikler 10-20 ýyl mundan öň diňe oglanlara mahsus bolan bolsa, indi gynansakda, gyzlara hem degişli edip bolýandyr. Ýurdumyzda neşe serişdelerine garşy berk göreşilýändigine garamazdan, täze we geň zatlary barlap görmäge hyjuwly ýigdekçeler çilim, nas, çakyr ýaly bedene we adamyň jemgyýetdäki abraýyna zyýan berýän endikleri ele almaga has ýakyn bolýarlar.

Deň-duşlaryň täsiri – hemme ýerde bolşy ýaly, türkmen ýetginjek gyz-oglanlar iň uly täsiri boýdaşlaryndan alýarlar. Maşgaladan daşlaşyp, deň-duşlary bilen has köp wagt geçirmäge, has köp syr alşyp-berişmäge başlaýarlar. Bu bolsa ýetginjek bilen hossarlarynyň arasynda ýygy-ýygydan gapma-garşylyklaryň döremegine alyp barýar. Emma türkmençilikde häli-häzire çenli çagalaryň geljegi maşgalanyň şertlerine we kadalaryna bagly bolýar. Şuňa mysal edip aşakdakylary belläp bileris:

→ ýetginjekleriň orta mekdepden soňra okuwlaryny dowam etmegi;

ir ýa-da giç durmuş gurmasy;

nirede we nähili wezipelerde işlemegini çözmek.

Erksizlik – türkmen ýetginjekleriniň iň uly meseleleriniň biri hem erksizlik häsiýeti bolsa gerek. Bu aýgytly döwürde ýetginjekleriň öz geljekleri barada (jemgyýetde öz ornuňy tapmak, hünär edinmek, pugta maksatlar gurmak) oýlanşykly we dogry karara gelmekleri zerur bolup durýar. Ýöne köp zatlaryň maşgala ýagdaýlarynyň çäklerinde ýerine ýetirilýändigi sebäpli, ýetginjekler köplenç umytsyzlyk, perwaýsyzlyk, erksizlik astynda galýarlar we maşgalanyň gelen kararlaryna tabyn bolmaly bolýarlar.

Maşgalada düşünişmezlikler – biziň türkmen halkymyzyň çaga terbiýelemekde aňyrdan gelýän ajaýyp ýollary we düzgünleri bar. Bu düzgünleriň köpüsi (edep-ekram, zähmet çekmegi öwretmek, ogul-gyzy durmuş gurýançalar göz astynda saklamak we şm) gadymy türkmen medeniýeti we däp-dessurlary bilen baglanşykly. Emma zamananyň üýtgemegi bilen çaga terbiýesi hem täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Onuň üçin bolsa ene-atalaryň bu ugurda peýdalanyp biljek teleýaýlymlaryny, kitaplaryny, çärelerini gurnamak zerur bolup durýar. Ýurdumyzda şeýle mümkinçilikleriň kemçilik etmesi ýetginjekleriň we ene-atalaryň arasynda uly gapma-garşylyklary döredip, ýetginjekleriň ruhy taýdan ene-atadan, maşgaladan daşlaşmagyna getirip bilýär.

 

MÜMKINÇILIKLER

► Internet – bilşimiz ýaly, döwletimizde akylly el telefonlaryny ulanmak diňe bir ulularyň däl, eýsem ýetginjekleriň arasynda hem günsaýyn ýaýbaňlanýar. Bu bolsa ýetginjeklerimize internet arkaly bütin dünýädäki hadysalar bilen birlikde, öz gyzyklanýan mowzuklary hakynda hem maglumatlar almaga mümkinçilik berýär. Netijede ýetginjekleriň dünýägaraýşy giňäp, olara dürli ugurlardan gapylar açylýar. Mundan başga-da, sosial media ulgamlaryny ýerlikli ulanmak ýetginjekleriň erkin pikirlenmek, pikir alyşmak, çekeleşmek, dostlaşmak, okamak, ýazmak, dil öwrenmek ýaly birnäçe ukyplarynyň kämilleşmegine itergi berýär.

Sport – Türkmenistanda barha artýan sport desgalary we sporta döwlet tarapyndan berilýän uly orny ýetginjekleriň hem durmuşyna ýaramly täsirini ýetirýär. Häzirki wagta ýetginjekler sportuň birnäçe ugurlary bilen kynçylyksyz meşgul bolup bilýärler. Bu bolsa diňe beden saglygyny berkitmän, ruhy saglyga hem juda peýdalydyr.

Nusgalar – ýetginjekleriň dünýäsinde nusga alarlyk adamlaryň derejesi örän belentdir. Ýetginjeklerde şöhratly we mertebeli adamlardan görelde almaga ymtylmaklyk has hem güýçli bolýar. Döwrümizde ýurtda sany artýan ýokary bilimli, kärine ussat, işi şowly kişileri göz öňüne tutsak, olar ýetginjeklerimize hem nusga bolup hyzmat edýärler. Olar köp ýetginjeklere höwes we umyt berip, olaryň arzuwlaryny amala aşyrmaklaryna uly goşant goşýarlar.

Ýetginjeklere degişli meseleleriň aglabasynyň olaryň bilogiki ösüşi bilen baglanyşykly bolany üçin, dünýäniň hiç bir ýurdunda hem ýetginjekleriň köpüsi, ýetginjeklik döwrüni durnukly ýa-da parahat geçirmeýärler. Emma ýokarda belläp geçişimiz ýaly, her ýurduň öz gurluş ulgamyna we kanunlaryna laýyklykda ýetginjeklere bu döwürde maşgala, okuw we hökümet tarapyndan gollaw bermek üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Şol sanda Türkmenistanda hem ene-atalar özleri üçin geçirilýän ýygnaklardan peýdalanyp bilerler. Çagalarynyň mugallymlary bilen aragatnaşykda bolmagy hem, ene-atalara ýetginjeklere has oňat düşünmäge kömek eder. Galyberse-de, ene-atalar Internet ulanmagy öwrenip, onuň üsti bilen özlerine gerek bolan islendik maglumaty ýa-da kömegi tapyp bilerler. Ýetginjekler hem öz gezeginde www.saglyk.info, www.yashlyk.info ýaly türkmen dilindäki web saýtlaryndan peýdalanmak arkaly dünýägaraýyş gerimlerini giňeldip, öz ýetginjeklik döwürleriniň hubpatlaryny hem has aňsatlaşdyryp bilerler.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Makalanyň awtory: Maya Amanowa

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2 / 3 /
Kerim Gurbannepesow “Wesýetler boýunça”


 

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Girman. 2017-05-20 01:06
Ýetginjekler üçin oňat mümkinçilik döretmek babatynda bizde olar üçin internet we sport gurnawlarynyň töleglerini arzan, elýeterli edilse maksada laýyk bolardy.
Sitata
 
 
#8 Gurbanaly 2017-03-01 00:31
Ata-eneleriň we olary gurşap alýan adamlaryň terbiýesi ýetginjekler üçin deňi-taýy bolmaýan terbiýedir. Ýöne onuň ýetmezçiligi mekdep terbiýesini hem püçüwe çykarýar. Mekdep okuwynyň 11 synpa göterilmegi terbiýe jogapkärçiligini has hem möhüm edip goýýar.
Sitata
 
 
#7 Betje 2016-07-08 20:43
Turkmen yashlary hachan jynsy isleglerini kanagatlandyryp durmush meseleleri bilen gyzyklanjaklar. Dashary yurtda okayan vurtdakylara goyun diyarler dashary yurdakylar hem Iphonly goyunlar. Bashga tapawutlandyryp bolanok.
Sitata
 
 
#6 Senem. 2016-06-18 00:11
Ýetginjekleriň türkmen maşgalasynda az-owlagy bolaýmasa köpüsiniň maşgalanyň göz astynda saklanmagy talaba laýyk diýip hasap etmek bolar. Sebäbi olar entek özbaşdak pikir etmäge we degerli durmuş meselelerine garamaga gowşak bolýarlar. Käwagt olaryň bir-iki sany terbiýesiz boýdaşlarynyň täsirine düşmegi ata-ene we mekdep üçinem güzaplyga öwrülýär.
Sitata
 
 
#5 Awtor 2016-06-16 09:11
@Synçy Siz bilen doly ylalaşýan. Men makalada ýurdumyzdaky ýetginjekler barada mümkin boldugyça umumy maglumat bermäge synanyşdym. Ýaşlarymyzyň ösen döwletleriniň ýaşlaryna garanyňda köp tarapdan has passiwdigi ýalaňaç hakykat, emma hut şonuň üçinem biz entek ösen döwletleriň hatarynda däl. Biziň paýymyza düşýäni elimizdäki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, gelejege gowy umytlar bilen gadam urmak.
Sitata
 
 
#4 Synçy 2016-06-16 01:17
Makalaňyz üçin minnetdar!

Eger men dogry düşünen bolsam, awtoryň aýtmagyna görä, ýurduň içinde özünde hyjuw bolan adam üçin okamaga, öwrenmäge we ösmäge mümkinçilikler bar. Bolup biler, emma hemme ýaşlar beýle pikir edenoklar. Olaryň köpüsinde ösmek we öwrenmek üçin motiw ýok. Daşary ýurtdaky ýaşlara seredeniňde olaryň öňe gitmek, bir zatlara ýetmek, durmuşda we jemgyýetde öz ornuny tapmak we pugtalandyrmak üçin okaýandyklaryny görüp bilersiňiz (elbetde, hemmesi däl).
Makala-da bellenilip geçişi ýaly, Türkmenistanda çaganyň geljegi köplenç maşgalanyň içinde çözülýär. Belli bir ýagdaýlarda bu çaga üçin gowy ýa-da erbet bolup biler. Eger çaganyň öz geljegi barada oýlanmalary ene-atasynyňky bilen deň gelse aýratyn problema ýüze çykman biler. Eger tersine bolsa, onda bärde mesele ýüze çykýar.
Şonuň üçin çaga köplenç öz garaşsyzlygyny we öz durmuşy üçin jogapkärdigini duýanok, ene-atasynyň puly bilen alyp bilmejek galasy ýokdur öýdüp pikir edýär. Men türkmen däp-dessurlaryny gowy görýärin, çünki men türkmen jemgyýetinde öňüp ösdim, emma däp-dessurlarymyzyň käbirleri ýaşlarymyza özbaşdaklygy duýmaga böwet bolup bilýär.

Şeýle hem, eger Wkontakte sosial ulgamyndaky käbir toparlardaky (gruppalardaky) teswirlerden many çykarsak, biziň ýaşlarymyz nirede wagtlaryny geçirjeklerini bilenoklar. Olaryň pikiriçe ýurduň içinde gidere ýer ýok.
Sitata
 
 
#3 Talyp. 2016-06-15 18:15
Şu döwürde osýän tehnologiýanyň netijesinde ýetginjekler üçin uly mümkinçilikler açyldy. Ýöne meseläniň esasy tarapy olar ol tehnologiýadan özlerine zerur, akylly başly ulanmagy başarsalar, kynçylyksyz köp zady özleşdirip bilerdiler.
Sitata
 
 
#2 Cherkez 2016-06-15 04:42
Iň howplysy hem özüňe nädogry ýerlerden/adamlardan syrdaş gözlärsiň...
Sitata
 
 
#1 Okuwçy. 2016-06-14 00:27
Makalaňyz üçin sag boluň!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele