Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi SEKSTIŇ WE INTERNETDÄKI HOWPSUZLYK
( 39 Ses Berme )

Belli bolşy ýaly, sosial ulgamlarynyň aragatnaşyk serişdesi höküminde has elýeterli we amatly bolany üçin türkmen ýaşlarynyň arasynda olaryň meşhurlygy günsaýyn artýar. Häzirki wagta LINE biziň ýurdumyzda ulanylýan iň meşhur sosial ulgamlaryň biri bolup durýar. Onuň kömegi bilen ýaşlar diňe biri-biri barada maglumat alma bilen kanagatlanman, eýsem bilmezlikden geljekde özlerini howply ýagdaýlara saljak suratlaryny hem goýýarlar.

Tehnologiýalaryň ösmegi adamzadyň durmuşynda täze mümkinçilikleri we amatlyklary döredýär. Mysal üçin, geçen döwürlerde uzak ýerlere hat ugradyp onuň jogabyny almak üçin aýlar we ýyllar sarp edilýärdi. Internediň ösmegi hat iberip almak üçin sarp edilýän wagty birnäçe sekunda çenli azaltdy. Ýöne, hemme taýagyň iki ujynyň bolşy ýaly, bu mümkinçiligi betniýetli maksat bilen hem ulanyp bolýar. Sekstiň hem şuňa mysal bolup biler.

 

SEKSTIŇ NÄME?

Sekstiň diýlip, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň, ýagny, akylly telefonlaryň, elektron poçtanyň we sosial ulgamlaryň üsti bilen şahsy suratlaryň ýa-da içinde pynhan manyny saklaýan şahsy hatlaryň gönükdirilmegine aýdylýar. Sekstiň ýetginjekleriň arasynda has hem giňden ýaýrandyr.

Käbir ýetginjekler özüni ýalaňaç, ýarym ýalaňaç halda surata düşürip, dostlaryna, joralaryna ýa-da synpdaşlaryna ugradýarlar. Olaryň ýoldaşlary bolsa, öz gezeginde suratlary başgalar bilen paýlaşýarlar.

Sekstiň, siz zyýan çekýänçäňiz, hezil bir güýmenjä ýa-da oýna meňzäp biler. Siziň gizlin, pynhan suratlaryňyza jemgyýetiň örän basym wagtda eýe çykyp biljekdigi sekstiňyň esasy kynçylygy bolup durýar. Siziň şu gün dostuňyza ýa-da joraňyza ugradan suratyňyz ertir internetde ýaýrap biler. Netijede suratdaky oglan, gyz mekdepde gülkä galýar, yzyndan gybaty edilýär. Bu bolsa öz gezeginde ýetginjegiň öz deň-duşlaryndan çetleşmegine, gamgynlylyk ýagdaýyna düşmegine ýa-da öz janyna kast etmegine getirýär.

Sekstiňyň ýene bir ýaramaz taraplarynyň biri – bu ýetginjekleriň edýän hereketine doly düşünmän pedofillary jenaýata öjükdirmegidir. Ondan başga-da, käbir psihologlaryň çaklamalaryna görä, sekstiňe edil neşe serişdelerine höweslenşiň ýaly höweslenip bolýar: haçanda ýetginjekler internetde öz suratlaryny goýanlarynda, hemme suratlaryň arasynda özleriniň ýarym ýalaňaç düşen suratlarynyň has köp meşhurlyk gazanýandygyna iru-giç düşünýärler. Ulanyjylaryň bular ýaly suratlary goldamagy, olaryň has "açyk" suratlary goýmagyna itergi berýär. Haçanda islendik surat Internetde elýeter bolan mahaly onuň nusgalaryny doly pozup aýyryp bolanok diýen ýalydyr.

Şeýle hem "açyk" suratlaryň ýaýradylmagy pornografiýanyň ýaýradylmagy höküminde kanun tarapyndan yzarlanyp bilinýär.

Ene-atalar çagalarynyň "onlaýn" (Internetde) we "oflaýn" durmuşy bilen gyzyklanyp we Internet howpsuzlygy barada gürrüňdeş bolup, çagalarynyň geljegini gorap bilerler.

SEKSTIŇDEN GORANMAK ÜÇIN BIRNÄÇE MASLAHATLAR

► Geljegiňiz, başga adamyň geljegi barada pikir ediň. Okuwa girmek, iş tapmak maksatlaryňyzyň puja çykmagy mümkindir. Iş berijileriň suratlary aňsatlyk bilen Internetden tapyp biljekdigini unutmaň.

Internede suratyňyzy ýüklemezden öň pikir ediň: ony soň aýryp bolmazlygy ähtimal.

Internetdäki sahypaňyzyň içindäki zatlary görmäge çäklendirme goýuň. Hatda, siziň profilyňyzy diňe dostlaryňyz görüp bilýän hem bolsa, çäklendirmeler siziň profilyňyzdaky zatlaryň ýaýramajagyna güwä geçip bilýän däldir.

Siz üçin howply bolup biljek suratlardan öz adyňyz ýazylan heştegleri (англ. hashtag от hash – символ "решетка" + tag – тэг) pozuň.

Eger size haýsydyr bir maksat bilen şoňa meňzeş maglumaty, görnüşleri ugradýan bolsalar, onda olary pozuň we jogap bermäň. Sekstiňe garşy durmak barada maslahat almak üçin özüňizden uly we ynanýan adamyňyza ýüz tutuň.

Içinde seksual, jyns gatnaşyklara degişli manyny saklaýan maglumatlary döretmäň we ýaýratmaň. Eger siz öz geljegiňizi ýumurmak islemeýän bolsaňyz, onda şeýle hereket etmäň – şular ýaly serişdeleriň ýaýradylmagy kanun tarapyndan jezalandyrylyp biler.

Eger siz ýokarda aýdylyp geçilen maglumatlar, görnüşler, suratlar bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, onda polisiýa habar beriň. Siz ugradyjynyň pedofildygyny ýa-da däldigini bileňzok. Şeýlelik bilen siz jemgyýete peýda getirip bilersiňiz we geljekde onlaýn hujumleriň öňüni alyp bilersiňiz.

Makalanyň awtory: Hemra Nurmämmedow

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Gurban. 2015-12-09 02:20
Internetiň we onuň birnäçe saýtlarynyň döredilmegi durmuş talaplaryna kadaly bolmagyna garamazdan birnäçeler, aýratyn hem ýaşlaryň ony oýunjak ýaly edip ulanmaklary oňa bolan talaby puja çykarýar.
Sitata
 
 
#5 Nury. 2015-10-30 00:04
Maglumat örän ýerlikli we wajyp. Ýöne nebsimiz agyrsada birnäçe kemakyllaryň ýalňyş hereketleri netijesinde durmuşda näsazlyklara duçar bolýanlar bar ahyryn.
Sitata
 
 
#4 Okyjy. 2015-10-29 01:59
Hemra durmuşy meseläni gozgapdyr.Häzir ýaşlaryň, esasan hem ýetginjekleriň arasynda bu ýagdaý epidemiýa öwrüldidiýseň boljak. Olar şu günki gün bilen ýaşap bu zatlaryň soňuna seredenoklar ýa-da düşünenoklar. Tesbirçi Lekaryň pikirini iki elläp goldaýaryn.
Sitata
 
 
#3 Lekar 2015-10-29 01:05
Bah,Tüýs häzirki wagt üçin gerekli tema ekeni.Muny mekdepdeler uly klaslara okap bermeli.Wagyz nesihat hökmünde.
Sitata
 
 
#2 Iññeçi 2015-10-28 21:13
Hakykatdanam goranjak bolsañyz internetde šutaÿda (https://goo.gl/hcjiT0) görkezilen maglumatlara görä telefon programmalardan ulanyñ. LINE-da nirdeligiñ, telefonyñda bar nomerler/atlar, hemde internedy hödürleÿän kompaniÿalar girÿän çykÿan data görä ÿazÿan zatlaryñam okap bilinÿär. Üste-üstine telefondaky nomerlary/atlary üÿtgedibem bilÿärler. Beren salgymdaky maglumatlar boÿunça iñ howpsy/goragly programmalar Signal (jañlar üçin) Cryptocat (textlašmak üçin). Sekstiñ özi bir erbet zat däl, ÿöne nirde näme ÿazÿanyñyza bagly ))
Sitata
 
 
#1 msahetov 2015-10-28 17:22
ýerlikli tema gozgalypdyr, gowy hem düşündirlipdir
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele