Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi ÝETGINJEKLIK DÖWRÜNIŇ PSIHOLOGIÝASY. ÝETGINJEKLER NÄME ÜÇIN PAÝYŞ SÖZLEÝÄRLER?
( 30 Ses Berme )

Soňky döwürde ýetginjeklere degişli kynçylyklaryň häsiýeti hem üýtgemä ýykgyn edýär. Kynçylyk höküminde diňe bir neşekeşlik ýa-da arakhorluk ýaly meseleleri göz astyna almanymyzda, kompýuter oýunlaryna aşa gyzykma we gepleşikde paýyş sözleri ulanma ýaly kynçylyklara hem täze asyrymyz bizi duçar etdi. Eýsem, näme üçin ulularyň garşylygyna garamazdan, ýetginjekler üçin gepleşigiň ýaramaz görnüşini ulanma şeýle zerur bolup durýarka?

Haçanda çagalar ýetginjek ýaşa ýetenlerinde, olar isleseler-islemeseler öz söz baýlygyny paýyş sözlerden dolduryp dostlary bilen gepleşikde ulanyp başlaýarlar. Paýyş sözleriniň anygyna ýetmän, olar şol sözleri ulanmaga endik bolýarlar, emma ýetýän bolsalar hem, deň-duşlaryň arasynda bet, garaşsyz we hiç zatdan gorkmaýan uly adamlara meňzejek bolup ulanýarlar.

Ýetginjekler näme üçin paýyş sözleýärler?

► Ýetginjekler gadagan zatlara äsgermezlik bilen garap we paýyş sözleri ulanyp, ulularyň hataryna girmäge ymtylýarlar. Ýöne şeýle hereket olary başgalaryň gözünde birjikde "ulaltmaýar".

Köplenç ýetginjekler daş-töwereginden galmajak bolup paýyş sözleri ulanyp başlaýarlar we özleriniň şol sözlere endik bolanlaryny hem bilmän galýarlar.

Umuman, ýetginjekler biri bilen düşünişmezlik ýüze çykanda paýyş sözleri ulanýarlar.

Köplenç ýetginjekler paýyş sözleme bilen öz ýetmezçiliklerini we içki howsalalaryny, gorkularyny gizlemäge çalyşýarlar.

Aslynda şular ýetginjekleriň paýyş sözlemeleriniň hemme sebäpleri bolman, olaryň köpüsi şahsy ýagdaýlara bagly bolup, aýratyn çemeleşmeleri talap edýändir.

Ýetginjekler paýyş sözlemeleriň kömegi bilen öz ýigrençlerini, äsgermezçiliklerini ýa-da sözleriniň we pikirleriniň möhümligini görkezmäge synanyşýarlar, emma köplenç bu ýaşda söwünmegiň esasy maksady deň-duşlara deň bolup, olardan yza galmazlyk islegidir. Siz öz çagaňyz bilen bu ýagdaý barada söhbetdeşlik açyp, onuň bu ýaramaz häsiýetini duýandygyňyzy we özüňi terbiýeleme synanşygynyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygyny nygtamalysyňyz.

Çagaňyza öwüt-nesihat bermegiň deregine, gowsy haýsy ýagdaýlarda özüni söwünmeden saklamalydygyny düşündiriň, ýöne ony sapak beriji äheňde aýdaýmaň. Sebäbi ýetginjeklik "men-menligi" olaryň köpüsini ene-atalarynyň diýenleriniň tersine hereket etmäge mejbur edýär. Çagaňyza onuň şeýle ýaramaz sözlemeleriniň gelşiksiz bolup, okuwda ýa-da işde onuň abraýyny galdyrmajakdygyny bildiriň, ýöne onuň bu hereketiniň özüňize ýaramaýandygyny kän bir nygtamaň. Sebäbi soňundan ol bu gylygyny size garşy, öz talaplaryny amala aşyrmak üçin ulanyp biler.

Ýetginjekleriň paýyş sözlemelerine garşy näme etmeli?

Ene-atalar çagalarynyň paýyş sözlemelerine garşy hyjuwly garşylyk görkezmeli däl, emma gepleşikde ulanýandyklaryny hem gözden sypdyrmaly däl. Haçanda ene-atalar çagasynyň kim bilen gatnaşýanyna üns bermeseler, ýetginjekler çagalygyndan dogry terbiýe alyp gelýändiklerine garamazdan paýyş sözlerini birden ulanyp bilerler.

Meniň pikirimçe, ýetginjekler bu ýaramaz gylykdan özbaşdak çykyp bilmezler, sebäbi söwünmeklik hem arakhorluk ýaly ýaramaz endik bolup, onuň ýaýbaňlanmagynyň birnäçe tapgyry bardyr:

1. Ýetginjek paýyş sözlerini eşidende olara ýigrenç duýýar ýa-da eşiden paýyş sözleri üçin utanýar;

2. Käbir sebäpden paýyş sözleri ýetginjegiň bar bolan söz baýlygynyň bir bölegi bolup başlaýar;

3. Ýetginjek elmydama öz gepleşiginde paýyş sözlerini ulanyp başlaýar.

Ýetginjegiň paýyş sözlemeginiň öňüni almak üçin, ilki bilen ene-atalar öz gepleýişlerine üns bermeli. Ene-ata bilen çaganyň arasyndaky aragatnaşyk hemme taraplaýyn dogry bolmalydyr we haçanda çagaňyzyň söwünýänini eşiden badyňyza olara derrew käýinç berjek bolmaň. Eger-de çagalaryňyz siziň duýduryşlaryňyza garamazdan paýyş sözleri ulanmagy dowam etseler, onda olara sowalga berýän pul möçberini temmi görnüşinde azaldyň, kompýuter oýunlaryny oýnamana ýa-da daşyna dostlary bilen aýlanmagy gadagan ediň. Ene-atalaryň gahar-gazaby diňe çekinjeň we ýumşak gylykly çagalara täsir edip, olar ene-atasynyň gaharyny getirmezlik maksady bilen paýyş sözleri ulanýan dostlaryndan daşda durjak bolup çalyşýarlar. Emma köplenç, ene-atasy bilen ýakyn ysnyşygy bolmadyk ýetginjekleriň köpüsi öz edýän hereketleriniň esasynda ene-atalarynda döreýän gahar-gazaby görüp, öz ýanlaryndan begenip, özlerini "ýeňiji" hem saýyp bilerler. Olaryň käbiri öz içki garşylyklaryny bildirmek üçin söwünmegi dowam etseler, käbirleri käýinç almakdan gorkup, öýüň içinde söwünmegi bes etseler hem, daşynda, dostlarynyň ýanynda paýyş sözleri ulanmagy dowam edýärler.

Eger-de siz çagaňyza daşynda ýa-da öýde söwünmäniň adamlaryň göwünlerine degýändigine düşündirjek bolsaňyz, bu çagaňyzyň eline ýarylýan ok berip, "Haýyş edýän ýarma" diýeniňize deňdir, emma beýle diýme çagaňyzyň agzyndan çykýan paýyş sözleri diňläp durmaly diýildigi bolman, onuň deregine hiç kimiň paýyş sözlerini eşidesi gelmeýändigini düşündiriň. Eger-de düşündirişleriňize gulak asylman paýyş sözlemeler dowam edilse, onda temmi höküminde bir jaýa salyp, özüniň hereketleri barada dogry karara gelýänçä jaýdan çykmajakdygyny duýduryň.

Ýetginjek çagaňyz azgyrylyp gepleşende özüňi nähili alyp barmaly?

Bu ýagdaýda ilki bilen ýetginjekleriň söwünmesindäki ýaly, biz çagamyzyň nädip azgyrylýanyna däl-de, eýsem näme diýjek bolýanyna üns bermeli. Ýetginjekler köplenç öz güýçlerini ýa-da hereketiniň çäkliligini barlamak üçin ene-atalarynyň käýinçlerine ýa-da duýduryşlaryna azgyrylma bilen jogap berip bilýärler. Beýle ýagdaýda çagaňyza özüňiziň ony eşideniňizi bildiriň, ýöne öz kada-düzgünleriňizi berjaý ediň. Meselem, çagaňyza "Seniň kän zat diýjek bolýanyňdan men habardar, emma şu wagt şu gürrüňi bes edip, meniň diýenim bilen bolmaly bolarsyň" diýip, onuň bu ýagdaýdan mynasyp we göwnüne degilmän çykmagyna kömek berersiňiz.

Eger-de siz çaga ýa-da ýetginjek bilen hormatly sözleşseňiz, onda olar hem siz bilen özlerini hormatly alyp bararlar. Ýetginjeklere özlerini gödek alyp baryşlaryny ýa-da gödek gürleýşleri barada ýatladyp, duýduryş berip durmaly, sebäbi wagtyň geçmegi bilen olar siziň beren öwüt-nesihatlaryňyzy ýatdan çykarmaklary mümkin. Eger-de siz bu durumlara düşäýen ýagdaýyňyzda hem iň haýyrly usul, bu ýetginjek çagaňyza hiç hili duýgulary ulanmazdan, "Haçanda sen meniň bilen bu äheňde gürleşeňde, meni äsgermeýänligiň hakynda pikir döreýär we bu meniň göwnüme degip gynandyryp bilýär" diýip düşündirjek boluň ýa-da aýdyp geçişim ýaly, çagaňyzdan onuň size näme aýtjak bolanyny sorap, biljek boluň.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.info saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Beşer 2016-12-15 00:10
Her durmuş özüne görä paýyş sözleri ulanmaga itekleýär. Ol sözleri söwünç hökminde kabul etmän, ýaşlaryň birnäçesi sylaga mynasyp bolan ýaly nirede bolýanlygyna garamazdan magtanmak bilen ulanýarlar.
Sitata
 
 
#6 Gartaşan 2016-08-29 08:18
Ýaşlaryň olar ýaly özlerini alyp barmaklaryna ene-atalar, mekdep uly jogapkärçilikde bolmaly. Galybersede, köçede, köpçülik ýerlerinde polisiýa üns beräýmeli ýaly weli, olaryň hem gözleri görmeýär, gulaklary eşitmeýäne dönäýýär. Olaryň hem dilinde ýene şol sözler ahyryn.
Sitata
 
 
#5 Sona 2016-02-29 20:49
Oglanlara beýlede dursun, indi ýaş gyzlar hem gepleşik dilnde şeýle bir hapa sözleri ulanýarlar weli, isleseň-islemeseň oüa durmuşyň betbagtlygy diýip düşünäýmeli.
Sitata
 
 
#4 Musa. 2016-02-18 00:11
"Gazana ýanaşsaň garasy ýokar" diýilişi ýaly diňe bir öz çagaň aladasy bilen jemgyýete ýoň bolan ol geplemeden ony azat edip bolmazmyka diýýärin. Ondan saplanmak üçin bolsa, ýokardan aşak hemmeleriň tagallasy gerek.
Sitata
 
 
#3 Muhy. 2016-01-29 20:34
Käbir ýaşuly adamlar hem paýyş sözleri ulanýarlar weli, geň görmek bilen garaýarsyň we olaryň ýaşlykda alan terbiýesiniň kembaha bolanlygynyň netijesidir diýip düşünýärsiň. Erbet gylyk gözilginç bolýar.
Sitata
 
 
#2 Begli 2015-11-19 11:45
Hapa sözleri ulanýanlary jezalandyryp netije gazanyp bolmaz. Ol babatda jemgyýetiň akylly, başly adamlarynyň aýgytly, maksada laýyk bolan göreşi örän derwaýysdyr.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-09-27 23:04
Gepleşikde paýyş sözler şeýle bir durmuşa ornaşdy weli, ony indi ulularyň hem käbirleri kadaly gepleşik sözi ýaly kabul edýärler. Şu bolşuna yzygiderli dowam edip dursa soňabaka ol döwlet diline girmese razy bolaýmaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele