Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi OKUW SYNAGLARYNA NÄHILI TAÝYNLANMALY?
( 55 Ses Berme )

Her bir ekzamen, gutardyş ýa-da okuw jaýlaryna giriş synagy bolsun – alnan bilimleriň berkliginiň synagy bolup, tabşyrýanyň ýaşyna we eýeleýän derejesine garamazdan adam üçin stress ýagdaýy döredýär. Soragnamany çekmezden öň birinji ýylyň talyby hem, 40 ýaşly ylymdar hem tolgunýar. Köplenç aljyraňňylyk öz güýjüňe ynamsyzlyk bilen bagly bolýar, özüňe ynamly bolmak hem öz gezeginde taýýarlygyň derejesine bagly bolýar.

Öňüňde maksat goýmaly

Möwzuklary özleşdirmegiň iň amatly usuly – okuw synaglaryna taýýarlanmagyň maksadyny göz öňünde tutmakdyr. Gowy baha almagy maksat edinen bolsaňyz, onda çynlakaý çemeleşmeler zerurdyr. Taýýarlanmazdan öň soraglaryň sanawyny eliňdäki öň okalan leksiýalar bilen deňeşdirip barlamak gerekdir. Leksiýada ýetmedik soraglaryň jogaplaryny kitapdan tapyp bellemek, nämäniň nirede ýerleşýänini bellik etmek möhümdir, sebäbi soňundan gözleýşe wagt ýitirmän, şol wagt açyp okamak wagty tygşytlap bilýär.

Emma ders seni gyzyklandyrmaýan bolsa, birnäçe günüň döwamynda taýýarlanyp, gowy baha alyp bilerin diýip çak etmek asla akmaklyk bolup biler. Netije: öz mümkinçiligiňe pähimli baha berip, maksada tarap okgunly hereket etmekdir. "Bäş" bahany almak üçin dersi düýpli öwrenmek ýa-da "üçlük" baha üçin kitaplara göz gezdirmek – düýbünden aýry iki sany strategiýadyr.

Taýýarlygy gowşak ýerden başlamalydyr

Köplenç okuw synagyna taýýarlanýan okuwçylar soragnamalary eline alyp, tertip boýunça birinji soragdan başlap, yzygiderli taýýarlanýarlar. Emma bu ýagdaýda ähli soraglaryň soňuna çenli okalyp ýetişilmezligi mümkindir. Synaglarda bolsa köplenç ýekeje gezek okalmadyk soraglaryň düşýän ýagdaýlary seýrek däl ahyryn. Şunuň oňaýly çözgüdi – taýýarlygy gowşak bilýän soraglaryňdan başlamakdyr.

Soraglara göz gezdirip, name barada düşünjäň bardygyny, nämäni sen asla bilmeýändigiňi anyklamak zerurdyr.

Öwrenişiň dürli görnüşlerini ulanmaly

Mowzugy ýönekeý okap bolar. Okap, bellikleriňizi gyra çykaryp bolar. Okap, konspekt ýazyp hem bolar. Emma iň amatlysy: her bir sorag üçin aýry kagyz alyp, ona bellikleri, shemalary, wakalary, meşhur atlary, formulalary, düzgünleri belläp ýazmakdyr. Meňzeşlik boýunça baglanşyklary deňeşdirip görmeli. Mysal üçin, tehniki termin seniň dostuň familiýasyna ýa-da daýzaň ýaşaýan köçesiniň adyna meňzeşdir, şundan peýdalan. Okuw synagyndan öň bu belliklere seredişdirip, aňsatlyk bilen mowzugy gaýtalap bilersiň.

"3-4-5" usuly näme?

Bu usulyň awtory psiholog A. Pronin bolup, onuň manysy şundan ybaratdyr:

Synaga çenli döwri (hepde, aý, ýarym ýyl) üçe bölmeli. Mysal üçin bir aý galan bolsa, ilkinji 10 günüň dowamynda, egerde saňa üçlük baha almak ýeterlik bolsa, sen ähli maglumatyň ujypsyz bölegini özleşdirmeli. Indiki 10 günüň döwamynda bilimiňi artdyrmak üçin, köpräk maglumaty okamagyň ugruna çykmaly. Soňky 10 günüň dowamynda, iň gowy baha üçin bilimiňi kämilleşdirmek maksadyň bilen taýýarlanma göz öňüne tutulýar.

Maglumatlary meýilnama boýunça özleşdirme we olary gaýtalap durma mümkinçiligi bu usulyň artykmaçlygy bolup durýandyr.

Ýat tutma usuly

Mowzugy näçe okasaň hem, oňa düşünmeýän wagtlaryň az bolanok. Onda okuw maglumatlaryny ýat tutmaly bolýar.

Ýat tutmagyň hem öz düzgünleri bar:

ýat tutmaly ýerini okap, yzyndan gaýtalamaly;

ýene 2 sekuntdan, 4 sekuntdan gaýtalap durmaly;

ýene 10 minutdan gaýtalamaly;

2-3 sagatdan gaýtalamaly;

► 2 gün, 5 gün geçenden soň hem gaýtalamaly (ýatkeşliligiň dowamly görnüşini berkitmek üçin).

Bilimiňi daşyňdan ýa-da içiňden okap gaýtalamagyň tapawudy barmy?

Psihologlaryň bellemegine görä, içiňden okap gaýtalamagyň netijesi pesdir. Göwnüňe bilýän ýaly bolsaň hem, köplenç synag wagty üzlem-saplam aýdylan jogap eşidilýär. Daşyňdan jogabyň mazmunyny öz-özüňe aýdyp bermek, kagyzda beýan ediş meýilnamasyny düzmekden gowusy ýokdur. Bu ýagdaýda gepleýiş we hereket ediji ýat kömege gelýär.

Okuw synagyndan öňki taýynlyk

Synaga bir gün galanda köpräk dynç alyp, akyl we fiziki işi azaltmak maslahat berilýär. Gezelenç etmek hem peýdalydyr. Köpler synagdan öň gije-gündiz okap ýalňyşlyk edýärler. Netijede nerw dartgynlylygy döräp, kelle agralýar, ýatkeşlik peselýär. Şonuň üçin hem özüňe zor salman, iň gowusy irräkden ýatyp, ertesi şähdaçyk bolup oýanmakdyr.

Hemme taýýarlygyňy synag gününe goýmaly dälde, ondan bir gün öň eşikleriňi, el telefonyňy taýynlama, hemme gerekli resmi kagyzlary jemläp goýmak, bolgusyz ownuk zatlar üçin alada etmezlige kömek eder.

Synag güni tolgunmazlyk üçin näme etmeli?

Özüňe erk edip, tolgunman synagy tabşyrmak mümkin däl, sebäbi oňa geljegiň bagly bolýar. Emma stressiň derejesini peseldip, üstünlik gazanyp bolar.

→ Synaglardan öň rahatlandyryjy serişdeleri kabul etmek maslahat berilmeýär, sebäbi olar ukyçyllyga getirip, ünsüňi bölýär. Şonuň ýaly-da, kofe we çaýy köp içmekden saklanyň. Olar nerw ulgamynyň dartgynlylygyny ýokarlandyryp bilerler. Gowusy halaýan iýmitiňizden taýynlanan, ýeňil ertirlik ediniň. Ol siziň keýpiňizi galdyrar.

Gara şokolad pikirleniş hadysasyny güýçlendirýär. Irdenki maşkdan we duşdan soň, ertirlik wagty şokoladyň bir-iki bölejigini iýmek maslahat berilýär.

Okuw synagyna halaýan, özüňizi ykjam duýýan eşigiňizi geýip barmaly. Ol rahatlyk we gorag duýgusyny berýär. Synaga özüňe ýakyn adamlar bilen gitseň, olar ünsüňi sowmana kömek ederler.

Howsala düşmezlik üçin maşk kömek eder: ýuwaşlyk bilen 7-ä çenli sanap demiňi içiňe çekmeli, soňundan 7-ä çenli sanap demiňi saklamaly, soň ýene-de 7-ä çenli sanap haýallyk bilen demiňizi göýbermeli. Netijede adrenaliniň mukdary ganda peselip, ýürek urmalar haýallaýar.

Okuw synagynda özüňi nähili alyp barmaly?

Ekzamen wagty başga zat barada pikirlenmekden saklanmalydyr. Şowşuzlyga uçranyňda ýa-da synagdan geçeniňde nämeleriň bolup biljekdigi barada pikir ýöretmeleriň asla geregi ýokdur.

Soragnamany alyp, okanlaryňy arkaýyn ýada salyp we pikirleri jemläp, ýazyp başlama zerurdyr.

Ýatda sakla! Eger hiç maglumaty ýatlama başartmaýan bolsa hem, dymyp oturmakdan peýda ýokdur. Ondan ýalňyşlyk bilen jogap berip, gepläp oturanyň has gowydyr. Okuw synaglarynda diňe bilimiň dälde, özüň we seniň ýeňşe bolan erjelligiň synagdan geçýändigini unutma.

OKUW SYNAGLARYNDA ROWAÇLYK HEMRAŇ BOLSUN!

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#28 Oguz han adyndaky dowlet uniwersitetine girmek un nahili sapaklardan synag bolarka haysh aydayyn 2017-07-13 10:02
Sitata
 
 
#27 Oguz han adyndaky dowlet uniwersitetine girmek un nahili sapaklardan synag bolarka haysh aydayyn 2017-07-13 09:59
Dilnozautayeva@gmail com
Sitata
 
 
#26 Şamuhammet 2017-07-08 22:20
gayrat edin doganlar soragaryny tapyp bolmazmyka
Sitata
 
 
#25 Şamuhammet 2017-07-08 22:12
Mary welayatyndaky energetika inistutynyn soraglaryny tapyp bolmazmyka gecen yylkam bolya nahili geciriyandigini bilsem bolya
Sitata
 
 
#24 Batyr 2017-07-08 09:28
Ahal welayat Asgabat saherindaki ulag we aragatnasyk instuty barada maglumat gerek we nahili fakultetleri bar.
Sitata
 
 
#23 Selbi 2017-07-06 08:27
Turkmenistanyn dunya diller institutynda 1nji synag inlis dilisi nahili yagdayda tabshyrylyarka?
Sitata
 
 
#22 макс 2017-06-27 11:37
Mary welayatyndaky energetika institutyna girmek u.n egzamwnlaryn soraglary gerek
Sitata
 
 
#21 Azat 2017-06-21 16:31
Mana TDCA-na tabsyrmaly resmi is kagyzlary barada maglumat gerek.
Sitata
 
 
#20 islam 2017-04-22 02:26
dashoguz med uchilisha barada okuva girmek ucin maglumat gerek
Sitata
 
 
#19 Umyt 2017-03-24 11:13
2017-nji ýylda Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň hukuk fakultetinde birinji synag haysy dersden bolar. onsoň ikinji haysy ders bilip bolarmyka
Sitata
 
 
#18 ogulbabek 2017-02-11 06:19
Salam....soraglar alyp bolarmyka geçen ylky bolsnlary...
Sitata
 
 
#17 myrat 2016-11-18 23:36
Berekella
Sitata
 
 
#16 Annam 2016-07-12 21:25
Dine one
Sitata
 
 
#15 Gartaşan. 2016-06-13 00:55
Adamlar öz ömründe okuw synaglaryndan başga hem köp synaglary başdan geçirýärler. Olar adamynyň hususy şahsyýet bolup taplanmagynda uly möhüm orun tutýarlar.
Sitata
 
 
#14 Kasym 2016-04-29 18:02
Quoting talyp:
Dashoguz welayatynyn turkmen oba hojalyk institutynda nahili fakultetler bar bilip bolarmy?


1. Agronomçylyk (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa (oba hojalygynyň ekologiýasy); agrohimiýa we topragy öwreniş).

2. Maldarçylyk we weterinar lukmançylygy (hünär: weterinar lukmançylygy).

3. Gidromeliorasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy (hünärler: mirapçylyk (gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy); oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; gidromeliorasiýa (suw gorlary we dolandyrmak), tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy).

4. Pudak kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (hünär: oba hojalygynyň ykdysadyýeti).

5. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy (hünär: oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit).

6. Kompýuter tehnologiýasy (hünär: oba hojalygynda maglumat ulgamlary).
Sitata
 
 
#13 talyp 2016-04-29 17:03
Dashoguz welayatynyn turkmen oba hojalyk institutynda nahili fakultetler bar bilip bolarmy?
Sitata
 
 
#12 Kasym 2016-04-04 01:05
Quoting allanazar:
2016njy yylda tm dowlet lukmancylyk uniwersiteti haysy derslerden ekzamen bolar. Ekzamenin soraglaryny bilip bolarmy

Himiýa,biologiýa,jemgyyeti owrenish/taryh derslerinden bolýar.
Sitata
 
 
#11 allanazar 2016-04-03 17:53
2016njy yylda tm dowlet lukmancylyk uniwersiteti haysy derslerden ekzamen bolar. Ekzamenin soraglaryny bilip bolarmy
Sitata
 
 
#10 Gurban 2016-02-09 09:49
Salam lukman adamyn yatkesligini nadip osdurup bolar komek edip jogap berayin men kop okayan??
Sitata
 
 
#9 Arzuwly. 2016-01-30 02:08
Dalaşgär bolup, arzuwym şu okuw ýylynda amala aşyp, talyp bolsadym. Häzir-ä dünýede başga arzuwym ýok. Ýöne, näbileýindä, pikir edip otursaň,garantiýa ýok ýaly.
Sitata
 
 
#8 Nazar 2015-11-19 17:24
Okuw synaglaryna iki-üç bolup taýýarlansaň, biri-biriňe soraglar boýunça jogap berip, okanlaryňy gaýtalamak gowy netije berýär Her soragyň aýratynlykda öz jogabyny tapmak ýadyňda saklamak ýeňilligini döredýär.
Sitata
 
 
#7 Bibigül. 2015-09-26 02:00
Köp okap, synaga ynamly taýýarlanan bolsaňda esasy zat özüňde ynam bolmaly we ruhy taýdan belentlik duýmaly. Göwniçökgünlik seniň ýadyňy hem bulaşdyrýar.
Sitata
 
 
#6 Belli. 2015-08-24 00:03
Ol synaglar bedeniňde adrenaliniň çalt-çaltdan köpelip ýa-da azalyp durmasy bilen geçýär. Şonuň üçin özüňi elden bermän ukyňa, iýmitiňe, dynç almagyňa örän eserdeňlik bilen garamaly. Başga ýagdaýda oňatlyga garaşma.
Sitata
 
 
#5 Seýitli. 2015-08-11 22:29
Biz ýaş wagtymyzda okuw synaglary (ekzamen) örän ähmiýetli möhüm synaglardy. Häzirki wagtda aýdyp biljek däl, ýöne ol wagtlar talaplar güýçli bolansoň her bir dalaşgär ýa-da talyp bolsun öz başyndan jogapkärli synagy geçirerdi. Biz ony "galagoply" döwür diýibem atlandyrardyk.
Sitata
 
 
#4 Dalaşgär. 2015-08-10 00:26
Maslahatyňyz üçin minnetdar. Sag boluň.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele