Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi POLLÝUSIÝA ÝA-DA "ŞEÝTAN OÝNAMA" NÄME?
( 23 Ses Berme )

Megerem, "pollusiýa" sözüniň näme aňladýandygyny hemme erkek adamlar bilmeýän hem bolsa, bu ýagdaýy jynsy kämilleşme döwründen soň olaryň köpüsi başyndan geçiren bolmagy mümkin. Türkmençilikde, esasan hem ýetginjekleri oňaýsyzlyga salýan bu ýagdaýy "şeýtan oýnama" diýip hem atlandyrýarlar.

Pollýusiýa – bu ýetginjeklerde we erkek adamlarda, jynsy gatnaşyga we masturbasiýa bagly bolmazdan tohumlyk suwuklygynyň ygtyýarsyz bölünip çykmagydyr. Erkek adamlarda pollýusiýa köplenç gijelerine ýüze çykyp, erotiki häsiýetli düýşleriň görülmegi bilen utgaşýandyr.

Ilkinji döreýän pollýusiýalar ýetginjekleriň kämillik ýaşyna (12-15 ýaş) ýetmegi bilen başlanyp, düýbünden käbir erkek adamlarda 50-60 ýaşda geçip gidýändir. Bu fiziologiki hadysa kada bolup, ondan howatyr almagyň ýa-da utanmagyň geregi ýokdur. Tohumlyk suwuklygyň ygtyýarsyz bölünip çykmagynyň ýygylygy her adamda dürli bolup, ol ençeme ýagdaýlara (beden gurluşy, saglyk we ýaşaýyş ýagdaýy, seksual höwesi) bagly bolup durýandyr. Hepdede 1-2 gezekden 2-3 aýda 1-2 gezek bolup geçýän pollýusiýa kada hasaplanýandyr. Juda ýygy döreýän pollusiýalar erkek adamynyň ýokary seksual işjeňliginden (satiriazis) habar berip biler.

Pollýusiýa näme üçin bolup geçýär?

Ýokarda bellenilip geçilşi ýaly, pollýusiýa kada hasaplanyp, jynsy agzalaryň kadaly işleýändigini aňladýan hadysa bolup durýandyr. Başgaça aýdylanda, pollýusiýa – kadaly jynsy gatnaşyklary bolmadyk ýagdaýda, jynsy gormonlaryň ýokarlanmagyna garşy gönükdirilen bedeniň goraglylyk uýgunlaşmasy bolup durýandyr.

Gündizki pollýusiýalar

Gündizki pollýusiýalar esasan ýetginjek oglanlarda ýüze çykýar. Bu ýagdaýyň döremegi ýetginjeklerde jynsy gormonlaryň derejesiniň ýokary bolmagy, şonuň ýaly-da, ýokary seksual işjeňliginiň dyňzap durmagy bilen düşündirilip bilner. Olaryň ýüze çykmagy adaty sebäpler: erotiki gyjyndyrmalar (öpüşmeler, gujaklaşma, ýalaňaç teniň görülmegi) netijesinde hem, şonuň ýaly-da, güýçli duýgular, fiziki maşklary ýerine ýetirme ýaly adaty bolmadyk sebäpler netijesinde hem bolup biler.

Gijeki pollýusiýalar

Gije ýüze çykýan pollýusiýalar iň ýygy duş gelýän görnüşdir. Barlaglar gijeki pollýusiýalaryň dürli derejede erkek adamlaryň 83%-de bolup geçýändigini äşgär edýär. 20 ýaşdan soň gijeki pollýusiýalar seýrekleşip, 30 ýaşdan soň bu seýrekleşme has hem ýokarlanýandyr. Bu hadysa tohumlyk suwuklygynyň kadaly çykarylyp durulmagyny amala aşyryp, jynsy gatnaşykdan saklanma bilen bagly döreýän oňaýsyz duýgulary ýeňip geçmäge kömek edýändir.

Dürli sebäplere görä, dowamly wagt jynsy gatnaşyklary geçirmeýän erkek adamlar üçin pollýusiýa jynsy agzalarda ýygnanan döli aýyrmanyň usuly bolup durýandyr. Wagtal-wagtal, gije döreýän pollýusiýa saglyk üçin howpsyzdyr. Ol wagtlaýyn jynsy gatnaşyklaryň öwezini dolup, olaryň başlanmagy bilen ýitip gidýändir.

Pollýusiýalaryň ýygylaşmagy nämäni aňladýar?

Eger pollýusiýalaryň ýüze çykmagy ýygylaşan (kadaly jynsy gatnaşyklaryň geçirilýändigine garamazdan, her gün ýa-da günde birnäçe gezek dörese) halatynda, bu seksual bozulmalaryň döreýändiginden habar berip, seksopatolog lukmanynyň maslahatyny talap edýändir.

Ýygy döreýän pollýusiýalaryň öňüni almakda we bejermekde ýaşaýyş düzgünini kadalaşdyrmak hökmanydyr:

► Irden turup, sowuk suwly duş kabul etmeli;

Juda ýumşak düşekde ýatmakdan saklanmaly;

Gije köp geýinmän, basyrynman ýatmaly;

Alkogol içgileri içmekden saklanmaly;

Öýlänlik we agşamlyk nahardan soň ýöremeli, hereket etmeli;

Agşamlyk nahary az mukdarda kabul etmeli;

Lukmanyň maslahaty bilen, pollýusiýalaryň ýüze çykmagy kesilýänçä, dermanhanalarda taýyn görnüşde satylýan demriň we bromuň serişdelerini kabul etmeli.

Lukmançylyk edebiýatynda "pollýusiýa" sözi aýal seksuallygyny häsiýetlendirmekde hem ulanylyp, jynsy gatnaşyk bilen bagly bolmazdan, dürli gyjyndyrmalaryň täsiri bilen bartolin mäzlerinden we jynshanadan bölünip çykýan suwuklygyň gelmegi aňladylýar. Şeýle "pollýusiýalar" köplenç kadaly jynsy gatnaşyklary alyp barmaýan aýallarda syn edilýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Myraly 2016-08-20 09:21
Pollýusiýa, onaniz, masturbasiýa-bular bedende deňagramlylygy saklamak üçin berilen duýgylar we hereketlerdir, olary başdan geçirmedik erkegi ýa-da aýaly tapmarsyň. Bu ýerde bedeniň sagatlygynyň hem möhüm orny bardyr.
Sitata
 
 
#8 Berdaş. 2016-02-22 00:16
Tohumlyk suwuklygyň wagtal-wagtal akyp durmazlygy üçin öz wagtynda öýlenmeli. Giç öýlenseň bedeniň başga agzalaryna hem peýdaly däldir weli, jyns organlaryna hasam zyýanlymyka diýýärin.
Sitata
 
 
#7 Ýigit. 2015-11-22 01:40
"Şeýtan oýnama" diýilişi ýaly şol wagtda biri seni oýadaýsa neşekeşiň elinden neşesini alan ýaly bolaýýar. Tebigatyň beren ýakymly duýgusy bolup dursa gowyda.
Sitata
 
 
#6 Ýazly. 2015-09-30 13:38
Pollýusiýa ýaş oglan döwrüňde örän ýakymly duýgy. Bir erbet zady eşigiňi hapalaýarsyň. Şonuň bilen birlikde hem ulularyň öňünde utançlyk döredýär.
Sitata
 
 
#5 Seýran. 2015-08-25 23:12
Ýaş oglanda bolup geçýän tohumlyk suwunyň akmak ýagdaýy bilen ony utandyrman, oňa onyň kadaly ýagdaýdygyny düşündirmeli. Şeýle edilse onuň psihikasy üçin hem peýdaly bolardy we pollusiýanyň ýygylaşan ýagdaýynda lukmanyň saýtda görkezen düzgünlerini berjaý etmegi üçin hem gowy bolardy.
Sitata
 
 
#4 Saparly. 2015-08-01 23:42
Hormatly Lukman! Oglanlarda bolup geçýän pollýusiýa hakynda giňden gowy ýazanda bolsaňyz aýal-gyzlarda-da bolýan ýagdaý barada takyk ýazsaňyz minnrtdar bolardyk.
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2015-07-30 01:43
Hormatly tesbirçi Ak Welsapar. Siziň bellikleriňiz, düzedişleriňiz gaty ýerlikli. Ýöne saýtyň maksady türkmen dilini öwretmek, ösdürmek bolman, adyndan belli bolşy ýaly türkmen okyjylaryň saglyk baradaky düşünjelerini artdyrmak, gözýetimlerini giňeltmekmikä diýip pikir edýärin. Ýöne dil ugrunyň ussatlary öz kömeklerini gaýgarman saýta ýardam berseler biziň garyplaşan edebi dilimiziň "golundan" çekilerdi. Biz okyjylar köpçüligi hem size örän minnetdar bolardyk.
Sitata
 
 
#2 Lukman 2015-07-30 00:54
Ak Welsapar!
Beren düzedişleriňiz üçin minnetdarlygymy bildirýän.Ýöne 5-nji bellik babatda düşündiriş beresim gelýär.
Haçan aýalda kadaly jynsy gatnaşyklary bolman biler?
-eger aýal ýa-da adamsy (söýgülisi, gatnaşyk saklaýan bir adamsy) kesel bolsa;
-olaryň biri uzak wagt başga ýerlere giden bolsa;
-jübütleriň biri tussaghanada saklanýan bolsa;
-jübütleriň arasynda dowamly wagt düşünişmezlik, tersleşme bolup geçen bolsa (durmuşda ýygy bolýan ahwalat).
Dürli-dürli adamlar bilen,tertipsiz jynsy gatnaşyklary alyp barýan aýallarda (halk arasynda "lolylar" hem diýilýär)fiziologiki aýratynlyklara görä "pollusiýalary" başdan geçirmäge esas hem,maý hem bolanok.
Sitata
 
 
#1 Ak Welsapar 2015-07-29 22:53
1)"...sowuk suwly duş kabul etmeli" däl, "...sowuk duş almaly";

2) "Agşamlyk nahary az mukdarda kabul etmeli" däl, ”Agşamlyk nahary az iýmeli”;

3)"Alkogol içgileri" däl, "Alkogolly içgileri";

4)"...demriň we bromuň serişdelerini kabul etmeli" däl, ”…düzüminde demir we brom bolan dermanlary içmeli”;

5)"Şeýle "pollýusiýalar" köplenç kadaly jynsy gatnaşyklary alyp barmaýan aýallarda syn edilýär" däl, ”Şeýle "pollýusiýalar" köplenç tertipsiz jynsy gatnaşyklary alyp barýan aýallarda duş gelýär.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele