Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi ÇAGANY ÝARAMAZ TOPARLARDAN NÄDIP GORAP SAKLAMALY? ENE-ATALARA MASLAHAT
( 29 Ses Berme )

Maral hemişe ýuwaş, adamyň diýenini edýän çagady. Ol ejesine kömek edýärdi, hiç wagt atasyna we enesine gaýtargy bermeýärdi. Maralyň kakasy ýokdy. Şonuň üçin ol özüni ösdürmegiň we ýaşaýşa pul gazanmagyň ejesine näderejede agyr düşýändigine gowy düşünýärdi. Başlangyç mekdebi Maral bäşlik bahalar bilen tamamlady. Soňra gowy bahalar bilen dördünjini, örän kynçylyk ýagdaýda bäşinji synpy gutardy. Altynjy synpa geçende Maral sapaklaryna taýýarlanman başlady, dokuzynjy synp okuwçylary bilen gatnaşyk etmek üçin mekdepdäki sapaklardan gaçyp başlady. Mekdepden soň "sapaklarymy öýde taýýarlaýan" diýip ejesini aldap, özünden has uly ýaşly gyzlar bilen gezelenje gidip başlady. Ýedinji synpda Maral özünden dört ýaş uly oglan bilen duşuşyp başlady. Ol okuwyna üns bermän, hemme derslerden diňe üçlük bahalary alýardy. Ol sazçylyk mekdebindäki okuwyny taşlady, enesine we atasyna kömek etmegini hem goýdy. Ol ejesinden gymmat bahaly el telefonyny alyp bermegi talap edýardi we mekdebe gitmekden boýun towlaýardy. Dokuzynjy synpda okap ýörkä ejesi Maralda çilim tapdy, şondan soň ony joralary bilen gezelenje goýbermän öýde saklady. Gyz öýden gaçyp, ogrynça gijeki oturylyşyga gitdi. Oglandyr-gyzlar daşarda çilim çekip durkalar, olary polisiýa işgärleri sakladylar. Netijede, Maraly on alty ýaşda polisiýa bölüminde hasaba aldylar.

Sizde "Ejesini hemişe üns berip diňleýän we öz maşgalasyny gowy görýän, mylaýym we şadyýan çaga näme bolduka?" diýen sorag ýüze çykyp biler. Bu soragyň jogaby çylşyrymly däl: Maral ýetginjeklik we kemala gelmeklik döwründe özlerini ýaramaz alyp barýan topara düşýär, ol ýerde oňa çilim çekmäni, gijelerine gezmegi we ene-atasyna yzgytsyz bolmaklygy öwretdiler. Wakanyň soňky netijelerine baha berip, Maralyň ejesiniň entek hem bagty işländigi, gyzynyň has hem radikal toparyň täsirine düşen halatynda wakanyň has hem pajygaly tamamlanyp biljekdigini bellemelidir.

Türkmenistanda ýetginjekleri terbiýelemek meselesi, mysal üçin, Russiýada ýa-da Ýewropada ýaly, juda ýiti mesele bolup durmaýar, sebäbi çagalar köp wagt maşgalanyň, garyndaşlaryň we goňşularyň gözegçiliginde saklanýarlar. Emma daşky garaşlylygyň bolmagynyň siziň çagaňyzyň başga ýetginjekleriň ýa-da ýetginjekler toparlarynyň täsirine düşmejekdigini aňlatmaýar. Şol sebäpden, çagalaryň kemala gelmek hadysalarynyň haýsy birinden geçýändigine we ýetginjek toparlaryň olara nähili täsir edýändigine garamak örän wajypdyr.

NÄME ÜÇIN ÝETGINJEKLER ÖZ TOPARLARYNY DÖREDÝÄRLER?

Ýetginjeklik ýaşy – adamyň bedeninde psihologik, şeýle hem fiziologik tarapdan üýtgeşmeleriň bolup geçýän döwri bolup, şol iki hadysa biri-birine baglydyr: ýetginjek öz bedenindäki üýtgeşmelere öwrenişýär we stresiň hem-de başga daşky gyjyndyryjylaryň hötdesinden gelmäge kömek edýän täze endikleri özünde emele getirýär.

Uly adamlar bilen deňeşdirlende, üç esasy sebäp boýunça ýetginjeklere resmilesdirilmedik toparlara birleşmek mahsusdyr:

► Söhbetdeşlik etmäge we düşünişmäge bolan zerurlyk. Ýaşlyk maksimalizmi – bu dünýä düşünmek üçin ýetginjegiň aňynyň talabyna laýyklykda ony ak we gara tarapa bölmegidir. Eger-de ýetginjek ene-atasy, başga uly adamlar tarapyndan düşünişmezlige gabat gelse, onda ol başga ýetginjekleriň arasynda goldaw gözleýär, bu bolsa köplenç ýagdaýda dürli taraplaryň toparlanmalarynyň döremegine getirýär.

Uly adamlaryň hemaýatlygyndan we göz astynda bolmaklygyndan çykmaga ymtylmak. Özleriniň men-menligini görkezmek maksady bilen ýetginjekler özleri üçin görelde bolýan, ýaşy boýunça has uly, adamyň diýenini etmeýän ýaşlar bilen birleşýärler. Netijede, düýnki diýen edýän oglanlar we gyzlar ýola getirip bolmaýan adamlara öwrülýärer we şeýlelikde, özbaşdak we erkin bolmaklyk üçin göreşe başlaýarlar.

Özleriniň gyzyklanmalarynyň bolmazlygy. Eger-de ýetginjek näme bilen meşgul boljagyny bilmese ýa-da oňa uly adamlar ýeterlik derejede üns bermeýän bolsalar, onda köçe olaryň mekdebi bolýar. Köçede ol özlerini gözleýän başga ýetginjeklere gabat gelýärler. Kimdir biri futbol oýnamakçy, kimdir biri futbol derwezesini döwmekçi.

NÄME ÜÇIN ÝETGINJEKLER TOPARLARYNDA ZAMUNLYK ÝÜZE ÇYKÝAR?

Türkmenistanda dürli resmi däl ýetginjekler toparlary bardyr: hippi, emo, gangsterler, geýmerler, çyraçylar we ş. m. Ýetginjekler üçin iň howply toparlar – hereketinde zamunlygy öz içine alýan toparlardyr. Mysal höküminde 90-njy ýyllarda Aşgabat etraplarynyň, mekdepleriň we liseýleriň arasynda bolup geçýän köçe uruşlaryny getirip bolar. Häzirki wagtda resmileşdirilen ýaşlar guramalarynyň we hereketiniň esasynda döreýän köpdürli toparlar bar, meselem, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy, tans ansambllar we sport toparlary. Çäklendirilmedik ýagdaýda Internete girmekligiň esasynda animeniň we emonyň tarapdarlary ýüze çykýar. Ýörgünli saz görnüşiniň üsti bilen ýaşlar sazyň dürli ugurlary bolan repi, roky we başgalary öwrenýärler. Şunuň ýaly ýagdaýda belli bir gymmatlyklary bolan ýaşlar hereketi emele gelýär.

Ýetginjekleriň güýji, aýratynam toparlarda, deň derejede gowa we ýaramaza gönükdirilip bilner.

Jemgyýet gurluşyna garşy gönükdirilen, barýan ugurlary nädogry bolan toparlarda kanuny bozulmalar köp bolýar. Şular ýaly toparlarda çilim çekmekligi, arak içmekligi we käwagt neşe etmekligi öwrenýärler. Açyk zamunlyk ýagdaýlara diskotekalarda we stadionlarda gabat gelmek mümkin. Şu günki gün Türkmenistanda mekdepara we etraplardaky uruşlar meselesi onçakly ýiti duranok, emma toparlaryň içinde zamunlygyň bardygyny bellemek gerek. Meselem, käbir ýetginjekler başgalaryň telefonlaryny we başga gymmat bahaly zatlaryny elinden alýarlar. Bir bölegiň bolçulykda ýaşap, beýleki bölegiň öz güýjüni görkezmegi bilen bagly bolan şular ýaly zamunlyk, baý we garyplaryň arasyndaky tapawutlylygy deňleşdirmek usuly hökmünde ulanylýar.

Şeýle hem, psihologlar häzirki zaman filmlerinde köp halatlarda fiziki zorlugyň görkezilýändigini belleýärler. Eger-de çaga wagtynyň köpüsini telewizoryň öňünde geçirip, onda hakykata laýyk bolmadyk uruş we başgalardan üstün çykmaklygy görkezýän sahnalary synlanynda, çaganyň hakykata bolan düşünjesi üýtgedilýär. Sebäbi häzirki filmlerde başga adamlaryň agyrysyna hiç kimiň ýüregi awamaýar. Meselem, doganlarynyň we aýal doganlarynyň, şeýle hem daşarda we mekdepde urşan ýagdaýynda töweregindäki adamlaryň biparhlygy. Bu bolsa ýetginjegiň özüni alyp barşynda kada öwrülýär. Netijede, çaga başga duýgudaşlyk bildirip bilmeýär we ýüze çykan meseläni güýç bilen çözmegi kada höküminde kabul edýär.

Ahyr soňunda, çaganyň özüne berýän bahasy pes bolsa, onda baştutana meňzemek islegi döreýär we özbaşdak pikirlenmek ukybyny ýitirýär. Ýetginjek öz gahar-gazabyny uruşmak arkaly ýa-da toparlanmak duýgusy bilen köşeşdirýär. Özüne dogry baha berip, pikirlenmäge ukyply çagalar: "Ýok. Sag boluň. Men siziň bilen gidip biljek däl" diýip bilerler. Şunuň ýaly ýetginjekler hödürlenýän neşäni ýa-da çilimi arkaýyn ret edip bilýärler. Olaryň öz pikirleri bar, olar "ejem ogly" diýerler diýen pikirden gorkmaýarlar.

TOPARA DÜŞMEZLIK ÝA-DA ONUŇ TÄSIRINI PESELTMEK ÜÇIN ÇAGAŇA NÄDIP KÖMEK ETMELI?

Ýetginjek, çagalyk ýyllaryna garanyňda, ýaşytdaşlarynyň täsirinden az derejede garaşlydyr. Ol psihologik taýdan doly kemala gelenok, şonuň üçin oňa has köp goldaw talap edilýär. Köplenç ýagdaýda erbet täsir öz-özünden, meselem, keýpiniň üýtgemeginde, egin-eşik geýme hilinde, özüni alyp barşynda ýüze çykýar.

Aşakdaky maslahatlar ene-atalara öz çagasyny daşky şeýle toparlaryň ýaramaz täsirinden goramaga kömek edip biler:

⇒ Çaganyň ähmiýetliligini ýokarlandyrmak. Ýetginjege onuň jemgyýetiň deň agzasydygyny, onuň pikirini uly adamlaryň diňleýändigini görkezmek wajypdyr. Bu psihologik taýdan onuň edýän hereketine has uly jogapkärçiligi goşar.

Çaganyň ýaramaz topardadygyny anyklamak. Ene-ata örän sabyrly we çagasynyň sapakdan daşary näme bilen meşgullanýandygyny, kim bilen aragatnaşyk saklaýandygyny, onuň gowy dostlarynyň kimdigini soraşdyryp bilmeli. Dostlaryny öýe çagyrmaly, olaryň ene-atalary bilen gürleşip görmeli.

Öz-özüňi hormatlamagy we "öz" çözgütleriňi kabul edip bilmek ukyplaryny terbiýelemek. Bu toparlarda zamunlygyň ýüze çykmagyndan gaça durmaga kömek eder, sebäbi çagada toparlanma mätäçlik duýgusy bolmaz.

Deň derejede oglanlar hem-de gyzlar ene-atanyň hoşamaýlygyna, söýgüsine, düşünişmekligine we üns bermegine mätäç. Çaganyň öýde arkaýyn ýaşap bilmegine, özüni erkin duýmagyna we özüniň "Men" diýmekligini terbiýeläp bilmegine ýagdaý döretmek ene-atalaryň borjudyr.

Dogry ugry we gymmatlyklary bermeli. Telewizoryň öňünde oturmaklygyň wagt möçberini çäklendirmeli, nämäniň gowudygyny we nämäniň ýaramazdygyny düşündirmeli, şahsy mysal bolup hyzmat etmeli.

Maral bilen bolan ýagdaýa seljerme bermäge synanşyp, ene-atalaryň çaga maddy gymmatlyklary bermäge çalşyp, ruhy gymmatlyklar barada ýatdan çykarýandygymyzy aýtmak möhümdir. Ýetginjekler adalatsyzlygy örän ýiti duýýarlar we onuň ýetmezçiliginiň öwezini özleri doldurjak bolýarlar. Ýetginjegi ýüzüş okuwyna ýa-da buzda typmagy öwretmek üçin türgenleşiklere ýazyp, imrikdiriň. Şularyň hemmesi uzak möhletleýin maýa goýumdyr, ol bolsa dogry terbiýelenen we daş-töweregine rakyp çagalar görnüşinde gaýdyp geler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Gartaşan 2016-08-20 04:54
Türkmenlerde şu döwürde käbir ata-enelerde, aýratyn hem aýallarda durmuşa onçakly gabat gelmeýän pikir bar. Ol hem özleriniň ýaşlykda ýetmezçilikde ýaşanlaryny çagalar başdan geçirmesinler diýip, olaryň ruhy dünýäsine üns bermän, diňe maddy ýagdaýynyň oňat bolmagy üçin alada edýärler. Bozulan çaga psihikasyny üýtgetmek soň uly kynçylyklary döredýär.
Sitata
 
 
#9 Begli. 2016-03-16 23:42
Ýaramaz gylykly aýal we göreldesiz çaga bilen ýaşan ýagdaýyňy kelläňi, agzyňy hatap ýaly açyp duran şiriň agzynda saklaýan kimin göräý.
Sitata
 
 
#8 Pirli. 2015-12-07 01:26
Türkmenlerde "gorkmasa sylamaz" diýilişi ýaly erbet adamlara goşulmazlygy üçin çaga ene-atasyndan, uly ýakynlaryndan çekinip durmasada bolmaz. Düşbüje çaga bolsa onda onuň kän bir zerurlygam ýok.
Sitata
 
 
#7 Ezizhan. 2015-11-05 00:03
Käbirleriň aýdyşy ýaly, çagalaryň bozulmasyna zamananyň üýtgemegi sebäp diýilsede bu ugurda esasy günäkär uly nesiliň adamlary. Olaryň biperwaýlygy bilen çagalar bozulýar. Şonuň bilen zamanada erbet tarapa üýtgäp dur.
Sitata
 
 
#6 Betdi. 2015-10-11 01:50
Näme ekseň şonam orarsyňda. Öz bedroý göreldäňi görkezip, haý-küş diýmäni oňarman, çaga terbiýesinde jylawy sypdyrsaň, üstüňe düwläp duran zalymy ýetişdirjegiň köre mälim ahyryn.
Sitata
 
 
#5 Merjen. 2015-09-06 01:46
Saýtda görkezilen Maralyň durmuşy öňemä bolandyr weli, häzir bir hili ýaşlaryň arasynda ýygy duşýan ýaly bolup dur. Ol bir jemgyýetiň bejermesi kyn bolan keselini ýadyňa salýar.
Sitata
 
 
#4 Kösenen. 2015-08-13 22:56
Çyraçylar diýen kelesaň ýa-da daş ýürek diýjekmi ýaşlaryň arasynda dörän toparlar adamlaryň gije dynç almalaryna urulan zarba bolaýdy. Olardan ýaňa uly köçeleriň gyrasynda ýaşaýan adamlara we dört aýakly jandarlara arkaýyn ýatmaga ýok.
Sitata
 
 
#3 Ogulmeňli. 2015-07-05 18:47
Çagany ýaramaz toparlardan gorap saklamak ata-eneleriň we mekdebiň gönüden-göni borjy bolup durýar. Iki tarapyň biriniň aladasynyň gowşamagy oňat netijä getirmejegi belli.
Sitata
 
 
#2 Keselli. 2015-07-04 00:11
Biziň häli-şindi eşidýän çyraçylar toparynyň maksady nämekä? Olar gije şäher rahat ukyda ýatyrka näme bilen meşgullanýarlarka? Olar belli-belli köçelerden il süýji ukuda ýatansoň, asuda şäheriň rahatlygyny bozup, ulaglarynyň güýüli signalyny basyp, magnitafonlarynyň sesini iň soňky nurbatyna burup, goh-galmagal bilen geçip gidýärler ýa-da köçeleriň burçunda üýşüp, jedelşeşip, soňundanam söwüşip dargaýarlar. Meniň pikirimçe olaryň maksatlary ýok. Uzyn gün işläp, zähmet çekip, surnugyp ýadan halkyň gije rahatlygyny bozmak üçin niýetlenen topar ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2015-07-03 09:44
Adam ömrüniň şu döwrüni her birimiz başymyzdan geçirýäris. Biziň ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz hem şu döwri başyndan geçirenler. Olaryň ýaşaýan döwründe ýetginjeklik problemasy göze dürtülip durmandyr. Sebäbi maşgalanyň ol agzalary hojalygy dolandyrmaga öz goşantlaryny goşyp, öz aladalary bilen gümra. Ýöne soňky ýyllarda ömrüň şu döwrüne aýratyn üns berilýär. Üns berildigiçe olaryň arasynda ýaramaz ýagdaýlar ýüze çykýar. Sebäbi olaryň aladalary, öňde goýan maksatlary ýok. Ene-atalar çagalaryny lälik, aýnadyp saklap, ýagdaýy bolmasada diýen zadyny ýeňillik bilen satyn alyp berýärler. Meniňem diýenim bolsa näme üçin emgenip, okaýyn, der döküp işläýin? Gepiň gysgasy mesçilik...
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele