Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi
( 29 Ses Berme )

Maral hemişe ýuwaş, adamyň diýenini edýän çagady. Ol ejesine kömek edýärdi, hiç wagt atasyna we enesine gaýtargy bermeýärdi. Maralyň kakasy ýokdy. Şonuň üçin ol özüni ösdürmegiň we ýaşaýşa pul gazanmagyň ejesine näderejede agyr düşýändigine gowy düşünýärdi. Başlangyç mekdebi Maral bäşlik bahalar bilen tamamlady. Soňra gowy bahalar bilen dördünjini, örän kynçylyk ýagdaýda bäşinji synpy gutardy. Altynjy synpa geçende Maral sapaklaryna taýýarlanman başlady, dokuzynjy synp okuwçylary bilen gatnaşyk etmek üçin mekdepdäki sapaklardan gaçyp başlady. Mekdepden soň "sapaklarymy öýde taýýarlaýan" diýip ejesini aldap, özünden has uly ýaşly gyzlar bilen gezelenje gidip başlady. Ýedinji synpda Maral özünden dört ýaş uly oglan bilen duşuşyp başlady. Ol okuwyna üns bermän, hemme derslerden diňe üçlük bahalary alýardy. Ol sazçylyk mekdebindäki okuwyny taşlady, enesine we atasyna kömek etmegini hem goýdy. Ol ejesinden gymmat bahaly el telefonyny alyp bermegi talap edýardi we mekdebe gitmekden boýun towlaýardy. Dokuzynjy synpda okap ýörkä ejesi Maralda çilim tapdy, şondan soň ony joralary bilen gezelenje goýbermän öýde saklady. Gyz öýden gaçyp, ogrynça gijeki oturylyşyga gitdi. Oglandyr-gyzlar daşarda çilim çekip durkalar, olary polisiýa işgärleri sakladylar. Netijede, Maraly on alty ýaşda polisiýa bölüminde hasaba aldylar.

 
( 27 Ses Berme )

Salam hormatly lukman! Ýetginjek oglanlaryň sesiniň ýognamagy naçe yaşda başlap, naçe yaşda gutarýar? Sesiň inçe bolmagynyn sebäbi näme we oňa garşy çäreler barmy?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly lukman! Meniň 15 ýaşly oglumyň sesiniň üýtgeýändigini duýýaryn: ol käwagt ýogyn, käwagt inçe bolýar, käwagtlar bolsa gyrylýar. Ýetginjeklikde şeýle bolýandygy barada men bir ýerde okapdym. Bu dogrudan hem şeýlemi we onuň sebäbi nämeden?

Saýtyň okyjysy.

 
( 34 Ses Berme )

Jyns taýdan kämilleşme döwründe bolup geçýän esasy üýtgeşmelerden başga, ýetginjek gyzlar we oglanlar öz deň-duşlarynyň öz daşky keşplerine bolan garaýyşlaryny üýtgedýändiklerini belläp başlaýarlar. Çünki syratly we görmegeý keşp – özüňe ünsi çekmegiň we garşydaş jyns tarapdan halanyp saýlanmagyň bir usuly bolup durýar ahyryn.

Beden gurluşynyň üýtgemegi

Ýetginjeklik döwründe direg-hereketlendiriş ulgamynyň myşsalara garanyňda uly depginde ösýändigi sebäpli, ýetginjek oglanlaryň beden gurluşynda tagaşyksyzlyk duýlup bilner.

 
( 24 Ses Berme )

9-14 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde "geçiş" ýa-da "özgermeler" döwri başlanýar.

Bu döwür jynsy taýdan kämilleşme diýlip atlandyrylýp, şol wagt ýetginjegiň bedeninde birnäçe fiziologik we psihologik üýtgeşmeler bolup geçýär:

► sesiň üýtgemegi;

deri we ýag mäzleri has işjeňleşýär. Şol sebäpli hem, ýetginjegiň ýüzünde örgün we düwürtikler döreýär;

goltukda we daşky jyns agzalarynda gyl örtügi çykyp başlaýar. Oglanlaryň ýüzünde we döşünde tüý örtügi ösýär. Tüýüň köp ýa-da az çykmagy nesil yzarlaýjylyk we endokrin faktorlara bagly bolýar.

 
( 17 Ses Berme )

Megerem, çaga terbiýesi biziň durmuşymyzda ýerine ýetirmeli bolýan wezipelerimiziň iň jogapkärlisi we çylşyrymlysy bolsa gerek. Köp derejede bu ýagdaý döwrüň özgermegi bilen baglanşyklydyr. Biziň çagalarymyz häli-şindi düşünmesi kyn bolan meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, ata-enelere bolsa olary düşündirmek kyn düşýär. Çaga terbiýesi bilen meşgullanýan adamlaryň köpüsi, uly adamlar bilen bagly meseleleri, şol sanda söýgi we jynsy gatnaşyklar baradaky gürrüňi çagalar bilen alyp barmagyň zerurlygy ýok diýip hasaplaýarlar. Belki siz ol pikir bilen razylaşýansyňyz, ýöne siz entek oýlanýançaňyz, çagaňyzyň özüni gyzyklandyrýan soraglaryň jogabyny telewideniýe arkaly, kinofilmlerden, žurnallardan, internetden ýa-da mekdep dostlaryndan almagy mümkindir. Bu ýagdaýda bolsa ata-ene çagasyna dogry maglumat bermek mümkinçiligini ýitirýär, onuň başga ýerden alan maglumatlarynyň durmuşda ulanylmagy bolsa, siziň maşgala gymmatlyklaryňyz, ahlak prinsipleriňiz bilen gabat gelmezligi ähtimaldyr.

 
( 26 Ses Berme )

Ýetginjeklik döwründe bedende dürli üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýag we der mäzleri has işjeňleşýär. Gyzlaryň her aý aýbaşysy gelip başlaýar. Bu döwürde şahsy arassaçylyga aýratyn uly üns berip, aşakdaky ýönekeý maslahatlary berjaý etmek möhümdir:

Her gün daşky jyns agzalaryňyzy mylaýym suw bilen ýuwuň.