Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Ýetginjekler dünýäsi
( 7 Ses Berme )

2005-nji ýylda men 9-njy klasdadym. Biz klasyň oglan-gyzlary bolup anatomiýaň jyns organlaryna niýetlenen sapagyna garaşýardyk. Emma oňa gezek gelende mugallym ol temaň üstünden böküp, yzyndaka geçdi – utandy. Şeýle sebӓplerden mende bu güne çenli jynsy bilimsizlik bar.

Birnӓçe ýyl geçeninden soň meniň jora mugallymym kellesini ýaýkap, uly klasdaky erkek okuwçylarynyň aýdyp berenlerini meň bilen paýlaşdy. Kiçi şӓherçeleriň 14-16 ýaşly türkmen oglanlary jynsy gatnaşykda tejribeli bolmak üçin we türkmen gyzlaryna "toýa çenli garaşmaly" diýip ӧwredilýӓndigi üçin, tenini satýan aýallara gidýӓn ekenler. Olaryň birnӓçesine bolsa jynsy aragatnaşyk arkaly geçýӓn keseller ýokuşypdyr. Sebӓbi prezerwatiwden ýa-da ony nähili ulanmalydygyndan habarsyz ekenler.

 
( 28 Ses Berme )

"Eje sen meni dükandan hem almansyň öýdýän. Hiç hili dükan dagam ýok, çagalar ýatgyda ulalýar ekeni. Men şu gün mekdepde eşitdim" diýip, meniň 10 ýaşly oglum uly bir açyşy habar berýän ýaly, maňa çynlakaý äheňde habar berdi. Hawa, bu maglumat oňa uly açyşy aňladýardy, men bolsam öz döreden aldawymy nädip aklajagymy bilmän, adamymyň ýüzüne seretdim. Eger birnäçe wagt öň berlen soraga men hakykata ýakyn jogap tapan bolsam, bu wagt beýle oňaýsyzlyk duýmazdym we oglumyň ynamyndan gaçmazdym..."

 
( 20 Ses Berme )

Ilçilikde häli-şindi: "Pylanyň ogly, gyzy ýa-da özi janyna kast edipdir" diýen ýaly gynançly habarlary eşdip durýarys. Eşden badymyza hem bolan ýagdaýa ynanman "nätdiňaý, pahyr bolmandyraý" ýaly geň galyjy we gynanç bildiriji sözleri aýdýarys. Göräýmäne sagat, hemme zatdan üpjün ýaşap ýören biriniň, beýle ýoly saýlap, ýaşaýyş bilen hoşlaşmagy gaty gynandyryjy ýagdaý. Ýurdumyzda öz janyna kast etmeklik barada anyk statistiki maglumat bolmasa hem, bu ýagdaýyň ýygy-ýygydan duş gelýändigini hemmämiz bilýändiris, görendiris ýa-da öz janyna kast etmek bilen ýogalan ýakyn garyndaşyňyzyň, goýup giden derdini çekip ýöreniňiz bardyr...

 
( 22 Ses Berme )

Köpçülikde el telefonda gürleşende özüni ker bilen gürleşýän ýaly alyp barýanlara duşmadygymyz ýok bolsa gerek. Şeýle ýagdaýlarda köpümiz ýylgyryp oňýan bolsak, köpümiziň rahatlygymyz bozulýandyr. Köpümiz biygtyýar ol kişiniň gürrüňlerine ünsümizi berýändiris. Köpümiz bolsa içimizden zeýrenýändiris. "Ker bilen gürleşýän" adam bolsa töwereginden bihabar gürrüňini dowam etdirýändir.

Aramyzda näçämiz şeýle wakalardan täsirlenip, öz telefonda gürleşme ýollarymyzy derňewden geçirýärkäk? Näçämiz özümizi telefon ulanmakda kämil diýip hasaplaýarkak? Eýsem, siz telefon ulanmagyň hem öz edebi düzgünleriniň (etika) bardygyndan habarlymysyňyz?

 
( 21 Ses Berme )

Ýene-de diýdiler: "Ulalyp ýaşyň
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň"
"Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler,
Günäňi geçerler, ogul!" diýdiler.
"Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,
Döşüňe mynasyp bolgun diýdiler".

Hawa, gyzlaryň gurjak, oglanlaryň bolsa aşyk oýnamasyny goýbolsun edýän ýetginjeklik döwri bilen tanyş dälimiz ýok bolsa gerek. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bellemegine göra, 10-19 ýaş aralygyndaky gyzlary we oglanlary ýetginjek diýip hasap etmek bolar. Adamyň durmuş basgançaklarynyň (çagalyk, ýetginjeklik, ýigitlik, garrylyk) her biriniň hem özüne ýetesi ruhy, fiziki we sosial hupbatlary bolýar. Ylaýtada, ýetginjeklik döwri iň agyr geçýäni diýlip hasaplanylýar. Çünki bu döwürde ynsan çagalykdan ymykly çykyp, jogapkärçiliklerden doly, şahyryň aýdyşy ýaly, ýalňyşlyklarynyň bagyşlanmasy bes edilip, her adiminiň derňeljek ululyk dünýäsine gadam basýar.

 
( 40 Ses Berme )

Belli bolşy ýaly, sosial ulgamlarynyň aragatnaşyk serişdesi höküminde has elýeterli we amatly bolany üçin türkmen ýaşlarynyň arasynda olaryň meşhurlygy günsaýyn artýar. Häzirki wagta LINE biziň ýurdumyzda ulanylýan iň meşhur sosial ulgamlaryň biri bolup durýar. Onuň kömegi bilen ýaşlar diňe biri-biri barada maglumat alma bilen kanagatlanman, eýsem bilmezlikden geljekde özlerini howply ýagdaýlara saljak suratlaryny hem goýýarlar.

Tehnologiýalaryň ösmegi adamzadyň durmuşynda täze mümkinçilikleri we amatlyklary döredýär. Mysal üçin, geçen döwürlerde uzak ýerlere hat ugradyp onuň jogabyny almak üçin aýlar we ýyllar sarp edilýärdi. Internediň ösmegi hat iberip almak üçin sarp edilýän wagty birnäçe sekunda çenli azaltdy. Ýöne, hemme taýagyň iki ujynyň bolşy ýaly, bu mümkinçiligi betniýetli maksat bilen hem ulanyp bolýar. Sekstiň hem şuňa mysal bolup biler.

 
( 32 Ses Berme )

Soňky döwürde ýetginjeklere degişli kynçylyklaryň häsiýeti hem üýtgemä ýykgyn edýär. Kynçylyk höküminde diňe bir neşekeşlik ýa-da arakhorluk ýaly meseleleri göz astyna almanymyzda, kompýuter oýunlaryna aşa gyzykma we gepleşikde paýyş sözleri ulanma ýaly kynçylyklara hem täze asyrymyz bizi duçar etdi. Eýsem, näme üçin ulularyň garşylygyna garamazdan, ýetginjekler üçin gepleşigiň ýaramaz görnüşini ulanma şeýle zerur bolup durýarka?

Haçanda çagalar ýetginjek ýaşa ýetenlerinde, olar isleseler-islemeseler öz söz baýlygyny paýyş sözlerden dolduryp dostlary bilen gepleşikde ulanyp başlaýarlar. Paýyş sözleriniň anygyna ýetmän, olar şol sözleri ulanmaga endik bolýarlar, emma ýetýän bolsalar hem, deň-duşlaryň arasynda bet, garaşsyz we hiç zatdan gorkmaýan uly adamlara meňzejek bolup ulanýarlar.

 
( 16 Ses Berme )

Siziň öz mekdebe geýen mekdep egin-eşigiňiz ýadyňyza düşýärmi? Belki, siziň ýadyňyza düşýändir, ýöne siz ony gowy görýärdiňizmi? Megerem, köplenç ýagdaýda siziň berjek jogabyňyz ýetginjekleriň berýän "ýok" diýen jogaby bilen deň bolar. Ýaşlar düzgünleri, berk tutulmagy we gözegçiligi halamaýarlar (seret makala "Ene-atalara maslahat: Çagany nädip ýaramaz toparlardan goramaly?"). Ýörite saýlanan mekdep eşigi – bu gözegçiligiň we terbiýelemegiň bir görnüşidir, şonuň üçin ýetginjekleriň köpüsi ony ýakmaga-da taýýar.

Siziň ýadyňyzdamy, öň rus we türkmen bölümlerinde okaýan okuwçylaryň ýörite mekdep eşigi meňzeşmidi? Rus bölüminde okaýan gyzlar üçin ýokarsy ak gysga köýnekdi (bluzka), türkmen bölüminde okaýan gyzlar bolsa uzyn ýaşyl köýnek, üstünden ak öňlük geýýärdiler. Oglanlar bolsa penjek geýýärdiler. Käbir mekdepler öz aýratyn egin-eşiklerini ulanýardylar. Mysal üçin, goýy gyzyl reňkdäki egin-eşik, ýaşyl reňkdäki matadan tikilen ýubkalar, kürtekçe we ak gysga köýnek ýa-da dörtburç suratly matadan tikilen ýubkalar we penjekler. Okuwçylaryň egin-eşigini görüp, çaganyň haýsy mekdepde okaýanyny we näçinji synpdadygyny aýdyp bolýardy.

 
( 55 Ses Berme )

Her bir ekzamen, gutardyş ýa-da okuw jaýlaryna giriş synagy bolsun – alnan bilimleriň berkliginiň synagy bolup, tabşyrýanyň ýaşyna we eýeleýän derejesine garamazdan adam üçin stress ýagdaýy döredýär. Soragnamany çekmezden öň birinji ýylyň talyby hem, 40 ýaşly ylymdar hem tolgunýar. Köplenç aljyraňňylyk öz güýjüňe ynamsyzlyk bilen bagly bolýar, özüňe ynamly bolmak hem öz gezeginde taýýarlygyň derejesine bagly bolýar.

 
( 25 Ses Berme )

Megerem, "pollusiýa" sözüniň näme aňladýandygyny hemme erkek adamlar bilmeýän hem bolsa, bu ýagdaýy jynsy kämilleşme döwründen soň olaryň köpüsi başyndan geçiren bolmagy mümkin. Türkmençilikde, esasan hem ýetginjekleri oňaýsyzlyga salýan bu ýagdaýy "şeýtan oýnama" diýip hem atlandyrýarlar.

Pollýusiýa – bu ýetginjeklerde we erkek adamlarda, jynsy gatnaşyga we masturbasiýa bagly bolmazdan tohumlyk suwuklygynyň ygtyýarsyz bölünip çykmagydyr. Erkek adamlarda pollýusiýa köplenç gijelerine ýüze çykyp, erotiki häsiýetli düýşleriň görülmegi bilen utgaşýandyr.