Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Makalalar Sagdyn durmuş Umumy TÄZE ÝYLY NÄHILI GARŞY ALMALY?
( 26 Ses Berme )

Hemmeler tarapyndan söýgüli Täze Ýyl baýramçylygy hem ýetip geldi we oňa ulular bilen birlikde çagalarda sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Garaşylýan baýramçylygyň dogrudan hem şowhunly geçmegi üçin, ony garşy almaga öňünden taýynlyk görülse jübtüne düşer. Bu meselede geliň, astrologlaryň berýän maslahatyny diňläp göreliň. Asmanda monjuk kimin ýylpyldaýan ýyldyzlardan gelip ýeten buýraja Goýunjygyň (Hytaý ýylsanawynda – gök agaç Geçi) – Täze 2015-nji Ýylyň simwolynyň, bize bolan hormatyny, rakyplylygyny, hemaýatyny gazanmagyň inçe syrlaryny bimäge çalşalyň. Baýramçylygyň bosagasynda, biz üçin öz öýmüzi bezemegiň, tagamlary taýynlamagyň we nirede hem-de kim bilen şatlygymyzy paýlaşmagyň düzgünlerini bilme diýseň peýdaly maglumat bolup durýandyr.

TÄZE ÝYLDA ÖÝLERI NÄHILI BEZEMELI?

Islendik baýramçylyga taýynlanma çäreleri, restoranyň zalydygyna ýa-da hususy ýaşaýyş öýüdigine garamazdan, elbetde, jaýyň içini bezeme işlerinden başlanýar. Goýnuň terje ýaşyl ösümlikleri, otlary gowy görýändigi sebäpli, bezeg çärelerinde bu esasy düzgüni göz öňüne tutmak gerekdir. Täze ýylda ýörgünli boljak gök we ýaşyl reňklere üns berip, olary gezekleşdirip ulanma, otag gök ösümlikleriniň dürli görnüşlerini otaga goýma, otaga girilýän bosaganyň ýokarsynda jaňjagaz asyp goýma Goýunjygyň göwnünden tursa gerek. Otagyň beseg işlerinde agaçdan ýasalan dürli şekiljikleri, surat üçin agaç gaplamalary ulanma hem tüýs jüpüne düşjek zatdyr. Ýöne bu zatlary aşa üýşürmän, öz çaky bilen goýup, bezelen otagdan lezzet almak wajypdyr. Diňe öz fantaziýaňyza eýeriň!

TÄZE ÝYL GIJESINDE NÄHILI GEÝINMELI?

Näme geýmeli? Biz adaty günler birnäçe gezek bu soragy özümize berýäris. Täze Ýyl gijesinde bolsa lybaslary saýlama soragyna ýaş gyzlar has hem çynlakaý çemeleşmelidir. Esasy ýatda saklamaly düzgün – tebigi süýümlerden dokalan matalardan tikilen lybaslary saýlaň. Köýnegiňiz bir reňkli bolup, ony hem bir görnüşli bezegler, aksessuarlar bilen geýmäge çalşyň.

Meniň pikirimçe, Goýun uly we köpsanly gaşly, zerli ýalpyldaýan matalary halamazmyka diýýärin. Şonuň üçin has ýumşak we elläniňde ýakymly kaşemirden, pombarhatdan tikilen köýnekleri we baganaly egin-eşikleri geýme oňa ýaramly bolar. Saçlaryňyzy ýylmaman, buýra edip, dürli görnüşde ýygnasaňyz bolsa, bu gijede Sizden gözel zenan hem bolmaýar.

TÄZE ÝYLY NIREDE GEÇIRMELI?

Täze Ýyl baýramçylygy üçin onuň belleniljek ýerini we bile oturjak adamlaryňyzy saýlama soragy has hem wajyp bolup, bu iki meseläniň çözgüdine Siziň keýpiňiz, baýramçylygyň dabaralygy we şowhunlylygy, ondan galjak ýatlama duýgularynyň äheňi baglydyr. Goýnuň ýuwaşlygyny, utanjaňlygyny, asudalygy halaýanlygyny göz öňüne tutup, baýramçylygy belleme hem şoňa görä gurnalsa dogry bolardy. Baýramçylyk maşgala agzalarynyň arasynda bellense Goýun üçin ýakymly bolar. Sebäbi ol öý haýwany we asudalygy örän halaýar. Baýramçylygyň has şowhunly geçmegi we maşgala agzalaryňyzyň ýüregini gyşdyrmazlyk maksady bilen öňünden şowhuny geçirmegiň meýilnamasyny düzüp taýynlansaňyz has hem gyzykly bolar. Maşgalaňyz bilen şäheriň daşyna çykyp, öz daçaňyzda baýramçylygy belleme has hem oňaýly çözgüt bolup durýandyr.

TÄZE ÝYL SAÇAGY

Täze Ýyl baýramçylygyny dürli näz-nygmatdan doly saçaksyz göz öňüne getirme asla mümkin hem däl. Goýna myhmansöýerligiňizi görkezmek üçin saçagyňyzda ter otlary goýma wajypdyr. Saçagy otlar bilen bezäp, dürli gök önümlerden taýynlanan işdäaçarlary, süýt önümleri (meselem, peýnir) goýsaňyz tüýs Goýnuň göwnünden turarsyňyz. Et önümlerini taýynlamakda aýratyn bir kesgitlikler bellenmese hem, meniň pikirimçe, Goýnuň göwnüne degmez ýaly, goýun eti saçakda goýulmasa dogry bolardymyka diýýärin. Naharlardan söň, has ýeňil bolan tagamly önümler (meselem, doňdurma) ýa-da ýöne ir-iýmişler saçaga äberilse Goýun üçin lezzetli bolar. Aýratyn hem onuň üçin ir-iýmiş şirelerini, morslary içme ýakymlydyr. Baýramçylyk tagamlaryny taýynlama möhüm hem bolsa, baýramçylygyň esasy manysy – ony adaty nahar iýişlige öwürmän, ony hemmeler üçin gyzykly we ýatdan çykmajak waka ýaly geçirmekdir.

BIRI-BIRIŇIZE GOWY ARZUWLARY EDIŇ!

Täze Ýyl jadyly ertekilerden gelen misli, hemme arzuw-islegleriňiziň, meýilleriňiziň amala aşýan çagydyr. Ýüregiňizi söýgä, töwerekdäki adamlara bolan hormata, ýakymly duýgulara açyp, biri-biriňize iň mylaýym, ýakymly, gowy arzuwlary ediň. Özüňizi adamlar üçin peýdaly işleri amala aşyrmaga taýynlaň. Şonda asudalygy, durnuklylygy halaýan buýraja, hoşniýetli Goýnuň Siziň hem arzuwlaryňyzy hökman ýerine ýetirjekdigine ynanaýyň.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#10 Dürli 2015-01-07 00:56
Täze ýyl gijesi göwnedegişen adamlar biri-birini bagyşlasalar we goýun janawer ýaly asuda, çydamlylygy ündeseler nähili ýakymly bolardy.
Sitata
 
 
#9 Gerçek 2015-01-06 14:28
Ýetip gelen Täze ýylda www.saglyk.info saýdynda hem öñkilerden-de peýdaly makalalaryñ köp bolmagyny arzuw edýärin, iň gowy arzuwlar bilen saýdyň gyzyklanyp okaýan okyjysy....
Sitata
 
 
#8 Meretli 2015-01-05 00:13
Dünýä halklarynyň hersinde öz adatlary boýunça täze ýyl baýramyny dürli-dürlülikde geçirýärler. Türkmenlerde ol esasan hem maşgala jebisligi bilen öz öýlerinde garşylanýar. Biri-birine baryp gutlap gaýtmak ol baýramçylyga aýratyn öwüşgin berýär.
Sitata
 
 
#7 Idealist 2015-01-04 01:39
Hormatly Adminstratorlar ! Sizin achyan Saglyk barada temalarynyzy howes bilen okayas.Yzy uzulmesin.Taze yylynyz gutly bolsun.Kop sagbolun !!!
Sitata
 
 
#6 Nedir 2015-01-04 00:52
Gelen ýyl dogrymyzy aýtsak, goýun ýaly asuda bolsunda! Ýogsa dünýäde bolýan galagopluklar, uruşlar, tehnogen betbagtçylyklar adamzady jaýa düşen sarygarynja ýaly gemirýärler.
Sitata
 
 
#5 Atsyz 2015-01-02 22:22
Bir ýaňzytmada aýdylyşy ýaly Allatagala adamlara ýüzlenip aýdanmyş diýýärler: "Men saglygy açlyda gizledim, emma siz ony doklukdan gözlediňiz". Şoňa görä täze ýyl gijesini aşa doklukda geçirjek bolman ruhy doklukda, lezzetlikde geçirdik.
Sitata
 
 
#4 Turan 2015-01-01 21:09
Täze ýyl baýramy baýramlaryň naýbaşysy ahyryn. Özümä onuň bilen aýallar baýramyny öz dogulan günümden hem gowy görýärin. Aýratynam ol baýramlaryň syýasy äheňi bolmaýandyklary üçin has hem gowy görýärin.
Sitata
 
 
#3 Mejnun. 2014-12-31 12:53
Nebsimiz agyrsada köp adamlar täze ýyl gijesini sygyr ýaly çendenaşa köp symyşlap geçirýärler. Sygyra köp iýsede semräp et-ýag ýygnaýar. Ýöne adamlar köp iýip diňe kesel ýygnaýarlar.
Sitata
 
 
#2 Okyjy 2014-12-31 01:01
Täze ýyl 2015-nji ýyl, birinjidenä kesgitli ýyl, ikinjidenem gowy janawer bolan goýun ýyly. Ol çydymlylygy we ýuwaşlygy bilen özge köp haýwanlardan tapawutlanýar. Türkmenlerde ýöne ýere aýdylmaýar " mesligi goýun göterer, onuňam hem garasy".
Sitata
 
 
#1 Nurana 2014-12-30 01:03
Köp aýdylýan söz "täze ýyly nähili garşylasaň, ol hem seniň üçin şolar ýaly bolar" diýilýär. Örän jaýdar aýdylan. Ony gowy şadyýan garşylamaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele